Ï Türkmenistan demokratiýa we halk häkimiýetliligi ugruna eýerýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan demokratiýa we halk häkimiýetliligi ugruna eýerýär

view-icon 8474
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlaryna çenli iki hepdeden sähel gowrak wagt galdy, ol türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň demokratik esaslaryny, halk häkimiýetililiginiň asyrlardan bäri dowam edip gelýän esaslaryny hem-de ýörelgelerini pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň ýurdumyzyň --Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gadam basmagy bilen öňde boljak saýlawlaryň häsiýeti kesgitlenilýär, şonuň üçin hem saýlawlar açyklyk we aýanlyk ýörelgelerini berk berjaý etmek bilen ýokary guramaçylyk we syýasy derejede geçirilmelidir.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, milli parlamentiň deputatlarynyň 15-nji dekabrda boljak saýlawlary boýunça çäre şu ýylyň 5-nji oktýabrynda resmi taýdan badalga aldy.

Saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar çäreleriň senenamalaýyn meýilnamasyny, okrug we uçastok saýlaw toparlary üçin gollanmany, saýlaw resminamalarynyň ýygyndysyny—býulletenleriň, saýlaw toparlarynyň agzalarynyň, dalaşgärleriň, milli we halkara synçylarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň şahadatnamalarynyň nusgalaryny, mejlisleriň teswirnamalaryny, beýleki iş resminamalaryny tassyklady. Mundan başga hem resminama dolanyşygynyň bir bitewi ulgamy girizildi, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri we synçylar üçin gollanmalar, beýleki birnäçe zerur resminamalar tassyklanyldy.

Öňde boljak saýlawlara taýýarlyk görmek we olary guramaçylykly geçirmek boýunça uly maksatnama dürli derejelerde çäreleriň örän giň sanawyny göz öňünde tutýar, şonda ilatyň arasynda düşündiriş işlerini geçirmäge möhüm orun berilýär.

Merkezi saýlaw topary tarapyndan uçastok saýlaw toparlarynyň düzümi tassyklanyldy. Etrap, şäher we uçastok toparlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de milli synçylar üçin tälim beriş okuwlary guraldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 60-njy maddasyna laýyklykda, 2008-nji ýyldan başlap, Mejlisiň düzümine saýlawçylaryň takmynan deň sany bilen ýerli saýlaw okruglary boýunça bäş ýyllyk möhlete saýlanylýan deputatlaryň 125-si girýär.

Şeýlelikde, Merkezi saýlaw toparynyň Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisine deputatlaryň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynyň 125-si, Aşgabat şäherinde 15-si, Ahal welaýatynda 15-si, Balkan welaýatynda 10-sy, Daşoguz welaýatynda 27-si, Lebap welaýatynda 28-si we Mary welaýatynda 30-sy döredildi. Hemişe bolşy ýaly, şol okruglaryň belgilenilişi, atlary, merkezleri we çäkleri hakyndaky maglumatlar merkezi hem-de welaýat gazetlerinde çap edilýär.

Syýasy partiýalaryň ikisiniň wekilleriniň milli parlamentarileriň mandatlary ugrunda bäsleşmegi 2013-nji ýylyň parlament saýlawlarynyň tapawutly alamatydyr. Geçen aýyň başyndan başlap saýlaw okruglarynyň ählisinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we 2012-nji ýylyň awgustynda döredilen Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň komitetleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň, şeýle hem raýatlar toparlarynyň ýygnaklary geçirildi, olaryň çäklerinde kanunçylyk edarasyna halkyň wekillerine has mynasyp dalaşgärler hödürlendi.

Dalaşgärleri hödürlemek tapgyry tamamlanandan soň, 16-njy noýabrda olary Mejlisiň deputatlygyna sese goýmak üçin bellige almak başlandy.

Ähli okruglarda bir orna dalaşgärleriň iki-üçüsi hödürlendi. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan saýlawlary geçirmegiň zerur şertleri bilen kesgitlenen, hödürlenýänler üçin deň hukuklary we mümkinçilikleri berýän saýlawlaryň bäsleşiklilik ýörelgelerine laýyk gelýär. Jemi alnanda 15-nji dekabrda boljak parlament saýlawlaryna kanunçylyk häkimiýetine eýe bolan ýokary wekilçilikli edara dalaşgärleriň 283-si gatnaşar.

Merkezi saýlaw toparynyň 21-nji noýabrda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, Demokratik partiýadan dalaşgärleriň 99-sy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 21 dalaşgär, Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşiginden 89 dalaşgär, Zenanlar birleşiginden 37 dalaşgär, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 22 dalaşgär, şeýle hem raýatlaryň toparlaryndan 15 dalaşgär bellige alyndy.

Şeýlelikde, saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň ilkinji iki tapgyrynyň, ýagny, deputatlary hödürlemegiň hem-de bellige almagyň Türkmenistanyň ulanylýan kanunçylygyna berk laýyklykda geçendigini we iň ýokary halkara strandartlaryna laýyk gelýän hakyky demokratik saýlawlary geçirmek üçin ygtybarly esasy taýýarlandygyny bellemek gerek.

Şu günler Merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanan iş tertibine laýyklykda wagyz ediş möwsümi başlandy. Dalaşgärleriň sanawlaryna, goşmaça maglumatlaryna we terjimehallaryna, özleri we olaryň ynanylan adamlary tarapyndan geçirilen duşuşyklaryň hasabatlaryna ýurdumyzyň ähli gazetleriniň tutuş sahypalary bagyşlanýar.

Deputatlyga dalaşgärler işjeň durmuş we raýat garaýyşlary bolan, uly hormatdan we abraýdan peýdalanýan adamlardyr. Olar dürli ýaşdaky, hünärdäki, milletlerden bolan wekillerdir, olary bir zat, saýlawçylaryň ynamy we umydy birleşdirýär.

Bellige alnan dalaşgärleriň hemmesine milli saýlaw kanunçylygyna we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda öz saýlawçylary, saýlaw okrugynyň çäklerinde ýerleşýän kärhanalaryň we guramalaryň wekilleri hem-de ýerli ýaşaýjylar bilen duşuşyklary guramak üçin, şeýle hem telewideniýede, radioda, habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berilýär. Şolaryň barşynda olar saýlawçylary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary hem-de ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň möçberli maksatnamalary çalt we netijeli durmuşa geçirmek boýunça teklipleri bilen tanyşdyryp bilerler. “Tegelek stollaryň” başynda ara alyp maslahatlaşmalary geçirmek üçin dalaşgärlere tele we radio ýaýlymlarda şert döredilýär.

Kanunçylyk häkimiýetine halk wekiline dalaşgärleriň hemmesi öz çykyşlarynda Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrjak hem-de halkymyzyň maddy-hal ýagdaýynyň ýokary derejesini üpjün etjek uly möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri dowam etdirmäge ähli tagallalary gönükdirmäge taýýardyklaryny aýdýarlar.

Kanunçylyga laýyklykda wagyz etmek saýlawlara çenli bir gije-gündiz öňünden bes ediler.

Kanun bilen bellenilen möhletlerde saýlaw uçastoklarynyň 2446-sy, şolardan 2413-si ýurdumyzda: 266-sy Aşgabat şäherinde, 338-si Ahal welaýatynda, 262-si Balkan welaýatynda, 472-si Daşoguz welaýatynda, 545-si Lebap welaýatynda, 530-sy Mary welaýatynda, 33-si Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredildi.

Ähli saýlaw uçastoklary häzirki zaman guramaçylyk tehnikasy, ses bermek üçin içi görnüp duran gutular, düşündiriş hem-de usulyýet edebiýaty, türkmen we rus dillerinde kadalaşdyryjy hem-de kanunçylyk namalarynyň ýazgylary bilen, aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edildi.

Saýlawlara milli synçylaryň 2500-den gowragynyň gatnaşmagy saýlaw çäresiniň açyklygyna we adalatlylygyna ýardam eder, olar üçin tälim beriji okuwlar geçirildi.

Halkara iş tejribesine we Türkmenistanyň täze Saýlaw kodeksine laýyklykda, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary hem-de syýasy partiýalary tarapyndan bellenen synçylar saýlaw toparlarynyň mejlislerine, saýlaw gutularynyň möhürlenişine gatnaşarlar, ses bermegiň başlanmagyndan öňürti saýlaw uçastoklarynda bolarlar, onuň barşyna, sesler sanalan mahaly, okrug boýunça saýlawlaryň netijeleri kesgitlenen we umumy jemler jemlenen mahaly oňa gatnaşarlar. Mundan başga hem olar bu möwsümiň guralyşynyň derejesine baha bererler, ýurdumyzda ulanylýan kanunçylygyň berjaý edilişini, raýatlaryň erk-islegini beýan etmeginiň doly erkinligini hem-de saýlawlaryň barşynyň aýanlygyny üpjün ederler.

Bäş ýyl mundan ozal geçirilen parlament saýlawlarynda bolşy ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky çärelere we gönüden-göni Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna gözegçiligi milli synçylardan başga hem türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça çaygyrylan ençeme daşary ýurtlardan we iri halkara guramalaryndan bolan halkara synçylary hem-de bilermenleri amala aşyrarlar.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylaryň topary ilkinji bolup Türkmenistana geldi, oňa GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň --Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary Wladimir Garkun ýolbaşçylyk edýär.

Wekiliýetiň agzalary Aşgabada gelip, Merkezi saýlaw toparynda duşuşyk geçirdiler, şol duşuşygyň barşynda olar Merkezi saýlaw toparynyň bellän çäreleriniň meýilnamasy, saýlaw okruglarynyň sanawy, olaryň çäkleri we uçastok saýlaw toparlarynyň düzümi, saýlaw resminamalarynyň nusgalary we tutuşlygyna alnanda, şu wagtyň dowamynda ýerlerde geçirilen işler bilen tanyşdyryldy.

Myhmanlar saýlaw möwsümine gözegçiligi amala aşyrýan toparyň işi üçin ähli zerur şertleriň bardygyny belläp, GDA-nyň synçylarynyň öz işini umumylykda kabul edilen halkara kadalarynyň we bu ugurdaky standartlaryň esasynda amala aşyrjakdygyny ynandyrdylar.

Ähli halkara synçylaryna degişli hukuk kadalary bilen kesgitlenilen ygtyýarlyklaryň çäklerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda saýlaw uçastoklaryna erkin baryp görmäge hem-de saýlawyň ähli tapgyrlaryna syn etmäge mümkinçilik berler.

2013-nji ýylyň saýlawlarynyň öňüsyrasynda saýlaw ulgamynda Türkmenistan bilen abraýly halkara guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mese-mälim işjeňleşendigini belläp geçmeli, halkara bilermenleriniň we maslahatçylarynyň gatnaşmagynda yzygiderli esasda geçirilýän seminarlar we tälim alyş okuwlary muňa şaýatlyk edýär.

Bu babatda BMG-niň Ösüş maksatnamasy /BMG ÖM/ bilen hyzmatdaşlyk nusga alarlykdyr, onuň bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar “Türkmenistanda saýlaw ulgamyny we işini kämilleşdirmek” atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde diňe soňky aýda dalaşgär zenanlaryň parlament saýlawlaryna gatnaşmagynyň halkara tejribesi hem- de parlament saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň we ony geçirmegiň barşyny beýan etmekde habar beriş serişdeleriniň iş tejribesi ýaly möhüm temalar boýunça tälim alyş okuwlaryny geçirdi.

Soňky aýlarda geçirilen uly, dartgynly iş saýlawlaryň öň ýanyndaky işjeň ýagdaýa geçen, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçirilýän möwsümiň häsiýeti ýurdumyzyň deputatlarynyň täze çagyrylyşynyň göni saýlawlarynyň milli saýlaw kanunçylygyna we halkara hukugynyň kadalaryna berk laýyklykda geçiriljekdigine berk ynam döredýär.

15-nji dekabrda ýurdumyzyň durmuşyna örän işjeň gatnaşýan saýlawçylaryň nobatdaky parlamentiň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlygyna has mynasyp dalaşgärlere ses berjekdiklerine ikirjiňlenmese bolar. Hut şolara, halkyň saýlanlaryna ýakyn bäş ýylda kanun çykaryjylyk işi bilen baglanyşykly wezipeleriň giň toparyny çözmek wezipesi degişlidir, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, onuň esasy maksady özüniň hakyky gülläp ösüş döwrüne gadam uran Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşi üçin ygtybarly kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmekden ybaratdyr.