Şu gün Aşgabatda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) “Saglyk- 2020” syýasatynyň çäginde ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň Ýewropa ministrleriniň maslahaty açylýar.
“Saglyk- 2020” Ýewropa syýasaty 2012-nji ýylyň sentýabr aýynda BSGG-niň Ýewropa sebit komitetiniň 62-nji mejlisinde kabul edildi. Döwlet dolandyryşynyň ähli ugurlarynyň adamyň ýaşaýşy üçin sagdyn gurşawy kämilleşdirmäge esaslanýan täze strategiýada habar beriş- wagyz işlerine we hökümet, jemgyýetçilik we şahsy derejelerde has işjeň hereketlere aýratyn ähmiýet berilýär. Munda esasy üns adamyň bütin ömrüniň dowamynda saglygyny berkitmäge, ýokary tehnologiýaly lukmançylyk kömegine sosial deňligi gazanmaga we jemgyýetçilik saglygy goraýşyň kuwwatyny güýçlendirmäge berilýär. Munda öňki ýyllara garanyňda öz saglygyňa we beýlekileriň saglygyna bolan jogapkärçilige degişlilikde hukuklaryň we mümkinçilikleriň has hem giňeldilmegi göz öňünde tutulýar.
Strategiaýada saglygy goraýyşdaky maýa goýumlaryň we saglygyň gadyrynyň bilinýän jemgyýetini döretmegiň zerurlygy esaslandyrylýar. Adamlaryň gowy saglygy ýurtlaryň ykdysady we durmuş ösüşi üçin juda zerurdyr – ynha, bu “ Saglyk-2020” syýasatynyň ýörelgesidir. Bu syýasat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň saglygy goraýyş özgertmeleriniň maksatnamasynyň özenine goýlan ýörelgeler bilen laýyk bolup, milletiň Lideri tarapyndan alnyp barylýan ähli durmuş syýasatyna doly gabat gelýär.
“Saglyk -2020” syýasatynyň esaslarynyň kabul edilmeginden bäri geçen bir ýylyň içinde Ýewropa sebitiniň ähli ýurtlarynda uly işler geçirildi, munuň bilen birlikde umumy meseleleriň we wezipeleriň çözülmegine täze çemeleşmeleriň gözlegi hem alnyp barylýar, bu işlere Aşgabatda häzirki wagtda geçirilýän ministrleriň maslahaty ýardam eder.
Saglygy goraýşyň meseleleri hemişe Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup, häzirki döwürde hem derwaýysdyr, bu ulgamyň uly tejribesi beýleki ýurtlaryň ünsüni çekdi we BSGG tarapyndan oňaýly pikirlere eýe bolmak bilen, esasy alamatlar hökmünde bu ulgamda deňsiz-taýsyz döwlet goldawynyň berilýändigi bellenilýär.
2-nji bölüm. Pulmonologik we diabetik gulluklar: täze usulyýetleriň esasynda toplumlaýyn çemeleşme we ösüş
Şu tapgyryň başdaky bölüminde gürrüň milli gulluklaryň ýagdaýy barada gitdi, olaryň ygtyýarlygyna has ýaýran ýokanç däl keselleriň (ÝDK) birinji hatarynda durýan ýürek-damar we onkologik keseller girýär. BSGG-niň maglumatlary boýunça her ýyl bu keseller zerarly dünýäde adamlaryň 25 million töweregi ýogalýar. Olardan soň respirator keseller (4,2 million) we süýji keseli (1,3 million) durýar. Keselleriň bu dört toparyna ÝDK- den bolan ähli ölüm ýagdaýlaryň takmynan 80 göterimi düşýär.
Hünärmenleriň çaklamasy boýunça XXI asyr ekologiýanyň düýpli üýtgemeleri zerarly öýken patologiýasynyň asyry bolmaly we keselleriň bu topary bütin dünýäde ýürek-damar ulgamynyň we täze döremeleriň patologiýasy bilen birinji ýeri bölüşer.
Pulmonologiýanyň (respirator lukmançylygyň) häzirki zaman düşündirişi ýokanç däl, allergiki we ýokarky we aşaky dem alyş ýollaryň onkologik kesellerini öz içine alýar.
Türkmenistanyň pulmonologik gullugynyň işinde gazanylan üstünlikler köp ýagdaýlarda saglygy goraýyş ulgamynyň durmuş taýdan esaslanýan, öňüni alyş lukmançylyga geçmegi bilen baglydyr, ol onuň jemgyýetçilik “serişde saklaýjy” ähmiýetliliginiň güýçlenmegi, şeýle hem lukmanlaryň taýýarlygynyň hil taýdan gowulandyrylmagy we ýurdumyzda alnyp barylýan anyklanyşyň we bejerişiň, çilime garşy işjeň göreşiň häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagy bilen häsiýetlenýär.
Ýurdumyzyň pulmonologiýa gullugynyň ösüşiniň häzirki zaman derejesi öz wagtyndaky çylşyrymly bolmadyk barlaglarda köp öýken-bronh keselleriniň öňüni almaga mümkinçiligi bardyr. Bu işler hem Türkmenistanyň pulmonologiýa gullugynyň ilkinji meselesi bolup durýar, ol Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana bilen milli derejede utgaşdyrylýar. Gullugyň iş ýerlerinde demografik, klimat-geografik we beýleki häsiýetli köpçülikleýin dürli-dürli faktorlary göz öňünde tutmak bilen, ýurduň welaýatlarynyň we etraplarynyň baş pulmonologlary utgaşdyrýar.
Pulmonologiýa gullugyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan 2011-2013-nji ýyllara döwür üçin “ Öýkeniň özboluşly däl kesellerine garşy göreşmegiň” strategiýasy işlenip düzüldi we kabul edildi. Bu ugruň maksady dem alyş agzalarynyň keselleriniň ilkinji, ikinji we üçünji öňüniň alnyşynyň, anyklanyşynyň we bejerilişiniň hil taýdan gowulandyrylmagy, bu ulgamda patologiýalaryň ýüze çykmagynyň ep-esli azalmagy, dem alyş agzalarynyň has ýaýran keselleri boýunça ylmy barlaglaryň ýola goýulmagy bolup durýar. Strategiýanyň baş bölegi birbada hemme ugurlary öz içine alýan maksatnamalaýyn çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmekdir.
Şu ugurda ylmy bilimleri ýokarlandyrmak üçin Fiziologiýa ylmy – kliniki merkezli hassahanada “ Pulmonologiýanyň wajyp meseleleri” okuw kurslary gurnaldy, olar maşgala lukmanlary, terapewtler we pulmonologlar üçin niýetlenendir. Bu okuwlaryň çäklerinde lukmanlar “Öýken saglygy boýunça amaly endikler” we “Öýkeniň we bronhial demgysmanyň obstruktiw keseliniň anyklanylyşy, bejerilişi we öňüniň alnyşy” ýaly ugurlary öwrenýärler, bu ugurlar BSGG-niň usuly gollanmalary esasynda işlenip taýýarlandy.
Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanada lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen ylmy-amaly maslahatlar yzygider geçirilýär, olara welaýat köpugurly hassahanalaryň lukmanlary gatnaşýar. Bu maslahatlara gatnaşyjylar we seminarlaryň diňleýjileri üçin pulmonologiýa işleri boýunça usuly görkezmeler we gözükdirmeler taýýarlanýar. Geçirilen çäreler işgärleriň hünärleriniň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegine mümkinçilik berdi. Bu meselä milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn uly üns berýär, hünär taýdan taýýarlykly işgärleriň ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň baş gorudygyny nygtaýar. Öýken-bronh kesellerini irki döwürde anyklamak maksady bilen, Aşgabat şäheriniň anyklaýyş merkezlerinde we welaýatlarda täze häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň ulanylyşy hem öz oňaýly netijelerini berdi.
Öýken-bronh ulgamynyň keselleriniň bejeriş işleriniň kämilleşmegine dünýä gazananlarynyň esasynda biziň tejribeli hünärmenlerimiz tarapyndan öýkeniň dowamly obstruktiw keselleriniň we bronhial dem gysmanyň, pnewmoniýalarda başlangyç antibakteriýal terapiýanyň, öýken arteriýal gipertoniýadaky bejerginiň, ýüregiň sag garynjygynyň diastoliki disfunksiýasynyň, öýkeniň dowamly obstruktiw keselinde ýürek ritminiň wariabelliginiň we bronhial demgysmanyň we şuňa meňzeşleriň bejerilişiniň işlenip düzülen öňdebaryjy usulyýetleriniň ýerli şertlerine degişlilikde ornaşdyrylmagy ýardam berdi.
Öýken-bronh patologiýalaryň ulgamynda barlaglaryň netijeleriniň toplumlaýyn ornaşdyrylmasy, anyklanyşyň we bejerişiň standartizasiýasy, häzirki zaman kliniki maslahatlaryň işlenip düzülmegi we saglygy goraýşyň ilkinji basgançagynda ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň ösüşi, lukmanlaryň biliminiň kämilleşdirilmegi we ilatyň aň-bilimi keselçiligi ep-esli peseltmäge mümkinçilik berdi. Subut ediji lukmançylygyň esasynda işlenip taýýarlanan täze usulyýetler we häzirki wagtda gullugyň özünde hereket edýänler, hakykatdan hem, diňe ýagdaýy gowulaşdyrman, eýsem, öýken keselli näsaglaryň ömrüni uzaldýar, olaryň dowamlylygynyň derejesini azaldýarlar.
Öňüni almagyň, anyklanyşyň we näsaglara heniz gospital döwre çenli tapgyrda lukmançylyk kömeginiň ösüşi, näsaglary bejermegiň usulyýetleriniň kämilleşdirilmegi, olaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy pulmonologik gullugynyň esasy meselesi bolupdy we häzirki gün hem derwaýyslygynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, respirator lukmançylyk ulgamynda öňüni almagyň orny ýokarlanýar. Sagdyn durmuş, sagdyn iýmitlenme, çilimi inkär etmek, sport – keselçiligiň azalmagyna we näsaglaryň sagalmagyna az bolmadyk ýardamy bolan ýagdaýlardyr. Şu şertler hökmany suratda dikeldiş işleriň hem-de işjeň wagyz etmegiň maksatnamasyna girýär.
Synyň indiki mowzugyna geçmek bilen, soňky döwürde ähli hünärleriň lukmanlarynyň endokrinologiýa bolan gyzyklanmasynyň ep-esli artandygyny bellemek gerek. Bu ilki bilen adamyň bedeninde endokrin ulgamynyň esasy orun eýeleýändigini, endokrinologiýada we lukmançylygyň beýleki ulgamlarynda anyklaýyş usullaryň giňden ulanylýandygy, köp endokrin keselleriniň gormon we gormonal serişdeler bilen üstünlikli bejerilmegi we bütin dünýäde endokrin keselleriniň ýygylaşandygy bilen şertlenendir.
Endokrinologiýa umumy biologik we umumy lukmançylyk dersi bolup durýar we endokrin patologiýa bütin bedeniň keselidir. Häzirki zaman endokrinologiýada has derwaýys meseleler we barlagyň möhüm ugurlary süýjüli diabet bilen baglydyr.
Ýokanç däl kesellere garşy göreşmegiň çäklerinde Türkmenistanda ýakyn geljek üçin niýetlenen endokrin kesellere garşy göreşmek boýunça milli strategiýa işlenilip taýýarlanylýar. Ol iýmitiň we durmuş ýörelgeleriniň has sagdyn stereotipleriniň gazanylmagyna, çilime garşy göreşe we munuň üsti bilen diabetde esasy dowamly keseller we ýagdaýlar bilen bagly bolan biwagt ölümiň peselmegine gönükdirilendir. Strategiýanyň maksady töwekgelçiligiň umumy faktorlaryna we onuň bilen bagly bolan adamlaryň durmuşyndaky üýtgemelere degişlidir, şunda ilkinji öňüniň alnyşyna esasy üns berilýär.
Paýtagtymyzda we sebitlerde gurlan häzirki zaman klinikalar we anyklaýyş merkezleriň hereket etmeginde we keselleri irki döwürde anyklamaga döredilen mümkinçilikleriň netijesinde soňky ýyllarda süýjüli diabet keseli, şeýle hem gipotalamo-gipofizar ulgamyň keselleri köpeldi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen türkmen duzunyň ýodlaşdyrylmagy baradaky maksatnama endemiki zob bilen göreş boýunça aýratyn wajyp öňüni alyş çäresi bolup durýar.
Ilkinji öňüni alyşdan başga-da Strategiýa ikinji öňüniň alnyşyna degişli bolan soraglar hem girizilen: süýji keseli bolan näsaglaryň irki ýüze çykarylmasy, bejerilmesi we dikeldişi. Bu strategiýa laýyklykda Türkmenistanyň endokrin keselleriniň anyklanylyşynyň, bejerilişiniň, hasaba alnyşynyň we öňüniň alnyşynyň gowulandyrylmagyna we täze usullarynyň ornaşdyrylmagyna, endokrin keselleriniň we olaryň gaýraüzülmeleriniň öňüniň alnyşyna, endokrinologiýa we diabetologiýa ulgamynda lukmanlaryň we orta lukmançylyk işgärleriniň hünärleriniň ýokarlanmagyna, endokrin keselleriniň öňüni almak boýunça ilat arasynda lukmançylyk bilimlerini wagyz etmäge gönükdirilen çäreler görüldi.
Olaryň biri hem gestasion diabet boýunça halkara taslamanyň işläp düzülmegidir. Onuň çäginde 2008-nji ýyldan şu wagta çenli Türkmenistanda nemes hünärmenleri bilen bilelikde göwreli aýallaryň skriningi (monitoringi) geçirilýär. Bu meseläniň wajyplygy gestasion diabetiň öz wagtynda ýüze çykarylmagy we bejerilmegi bolup durýar.
BSGG-niň klassifikasiýasy boýunça, gestasion diabet - bu göwrelilik döwründe ýüze çykarylan süýjüli diabet, şeýle hem glýukozada tolerantlygyň (beden tarapyndan glýukozanyň kabul edilmekliginiň) bozulmagydyr. Onuň sebäbi öýjükleriň öz insulinine duýujylygynyň peselmegi (insulinorezistentlik) bolup biler, ol göwreli aýalyň ganynda gormonlaryň köp mukdarda bolanlygyna bagly. Dogumdan soň, köplenç, ganda süýjüniň mukdary kadalaşýar. Ýöne göwrelilik döwründe diabetiň birinji we ikinji görnüşiniň ösmegini inkär etmeli däl. Bu keselleriň anyklaýyşy dogumdan soň amala aşyrylýar.
Göwreli aýallar paýtagtymyzyň Halkara lukmançylyk merkezleriniň müdirligi bolan “Ene mähri” merkezinde barlagdan geçýärler. Bu kliniki barlaglar iň ýokary Ýewropa ülňülerine laýyklykda geçirilýär we Türkmenistanda gestasion diabetiň ýaýraýyş derejesini we ösüşini synlamaga şert döredýär. Uglewod çalşygyň bozulmalary ýüze çykarylanda, lukman göwreliligiň oňaýly geçmegi we çaganyň sagdyn dogulmagy üçin ugrukdyryjy maslahatlary berýär.
Süýjüli diabet öz kökleri bilen sagdyn däl durmuş ýörelgelerine ýa-da oňaýsyz ekologiki we durmuş gurşawyna direýär, şeýlelikde, onuň sebäpleriniň öňüni alyp bolýar, şeýle hem irki döwürde ýüze çykarylmagyna we bejerilmegine mümkinçilik bar. Süýjüli diabet durmuş ýörelgeleri bilen bagly howply faktorlary özünde jemleýär: çilim çekmek, nädogry iýmitlenme, artykmaç agram we pes fiziki işjeňlik. Sagdyn däl iýmitlenme we pes fiziki işjeňlik ikinji görnüşli diabetiň esasy sepäpleri bolup durýar, dogry we sowatly meýilleşdirilen öňüni alyş çäreler durmuş obrazyna we howply faktorlaryň ýaýramagyna uly täsir edýärler.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýokanç däl keselleriň ösmeginiň howply faktorlaryna gözegçilik etmek çärelerini işläp düzmäge we olary amala aşyrmaga uly üns berilýär, hususan-da, çilim çekmeklige, arterial gan basyşa, semizlik we agramyň artmagyna, süýjüli diabetiň 2-nji görnüşli ýaly ýagdaýlara gözegçilik edilýär.
Süýjüli diabet milli saglygy goraýyş ulgamynyň iň gaýragoýulmasyz meseleleriniň biri bolup durýar, şol sebäpli köp sanly ylmy we kliniki barlaglar onuň ösmeginiň sebäplerine, mehanizmlerine we onuň ýüze çykmagynyň öňüni almak mümkinçiligine hem gönükdirilendir. Süýjüli diabet keseli bilen näsaglamagyň derejesini, diabetiň giçki gaýraüzülmeleriniň ýygylygyny peseltmek, we näsagyň durmuş hilini ýokarlandyrmak diňe endokrinologiýa gullugynyň ähli basgançaklarynyň degişli gurnalan ýagdaýynda amala aşyrmak mümkin. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýrugyna laýyklykda ýurdumyzyň endokrinologiýa gullugy boýunça guramaçylyk - usuly ýolbaşçylyk işi wezipe borjundan daşary baş endokrinologyň üstüne ýüklenendir.
Şeýle hem 2003-nji ýyldan başlap süýjüli diabetli näsaglary mugt we üznüksiz ýokary hilli arassalanan adam insulini, peroral antidiabetiki serişdeleri, şeýle hem şpris, iňňe, glýukometr bilen üpjün edilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu gün häzirkizaman saglygy goraýyş ulgamynyň ösmegi esasan-da innowasion tehnologiýalary işläp düzmekde we olary amaly saglygy goraýyşa girizmekde uly orun eýeleýär. Şeýle hem endokrinopatiýaly näsaglary barlamakda we ýokary täsirli bejeriş babatynda häzirki zaman işläp düzmeleri girizmek, dürli ýaşly sag adamlarda irki endokrinopatiýany ýüze çykarmak üçiň skrining barlaglary geçirmek, umumy lukman, endokrinolog-hünärmen üçin işiň öňaýly modellerini ulanmak häzirki döwürde näsaglaryň durmuş derejesini ýokarlandyrar, maýyplygy peselder we endokrin kesellerden ýüze çykýan ölümligiň öňüni alar. Şeýlelikde, bu babatda Halkara saglyk merkezlerinde Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana bilen bilelikde metaboliki sindromly näsaglarda arterial gipertoniýany öwrenmek boýunça ylmy işler alnyp barylýar.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde “Süýjüli diabet keseli anyklamagyň we bejerilişiniň standartlary”, şeýle hem lukman-talyplar we amaly saglygy goraýşyň lukmanlary üçin niýetlenen “Süýjüli diabet” atly okuw gollanma işlenip düzüldi, tassyklandy we tejribede ulanylýar.
Endokrinolog-lukmanlarynyň we lukmançylygyň başga ugurlary boýunça hünärmenleriň bilimini we hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedralarynda ýylda okuw kurslary geçirilýär.
Ýokanç däl keselleriň ösmek howpy ýokary bolan näsaglary we işjeň bejerilişe mätäçleri idemeklik işi uly orun eýeleýär. Türkmenistanda bular ýaly işi geçirmek üçin “Diabet mekdepleri” üstünlikli hereket edýärler, olar näsaglaryň durmuş ýörelgelerini üýtgetmek bilen, adamlarda oňaýly düşünjäni döredýärler, şeýle hem bellenen üýtgemelere laýyklykda kömek ediji durmuş goldawynyň döredilmegine ýardam berýärler. “Diabet mekdepleri” mydama hereket edýäň interaktiw söhbetdeşlik görnüşinde guralandyr, okadýanlaryň hem-de okaýanlaryň taýýarlygynyň ýöriteleşdirilen meýilnamasyny we gerekli maglumat üpjünçiligini özünde saklaýar.
Endokrinolog-lukmanlar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen endokrinolog-lukmany bilen bilelikde diabetiň meselleleri boýunça guralýan maslahatlara we seminarlara gatnaşýarlar, şeýle hem ýylda dürli ýurtlarda geçirilýän «Abadançylygyň hatyrasyna jebislik» atly Günorta Ýewropa diabetiki assosiasiýasynyň başlyklarynyň sammitine gatnaşýarlar.
Milli saglygy goraýşyň ilkinji basgançagynyň işi häzirki döwürde bejeriş-anyklaýyş işinde jemlenendir. Şol wagtyň özünde amalyýete häli-şindi saglygy berkitmäge we saklamaga, diabetiň we onuň howply faktorlarynyň öňüniň alynmagyna gönükdirilen çäreler girizilip durulýar. Dogry iýmitlenme, kadaly fiziki işjeňlik, agramy gözegçilikde saklamak insultyň, infarktyň, gipertoniýa keseliniň, osteohondrozyň we başga köp keselleriň öňüni almakda esas bolup durýandyr.
14-nji noýabrda Halkara diabet gününde, Aşgabatda hem, maşgala lukmanlary we endokrinolog-lukmanlary üçin Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde we Diabet mekdebinde ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär, olarda süýjüli diabetiň gaýraüzülmeleriniň öňüniň alynmagyna we bejerilmegine bagyşlanan nutuklar hödürlenýär.
Şeýle hem süýji keseline garşy göreşmek maksady bilen, ýöriteleşdirilen dükan açyldy. Şol dükandan süýjü keselli näsaglar üçin niýelenen azyk önümlerini almaga mümkinçilik bar.
Şeýle-de Aşgabat şäherinde täze Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana açylyşa taýynlanýar. Bu täze edarada laboratoriýalaryň birnäçesi ýerleşdiriler: kliniki, anyklaýyş we analiz. Olar ýörite trenažýorlary, fantomlary, kompýuterleri, beýleki gerekli enjamlary we okuw materialyny öz içine alýan öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylar. Bu subordinaturany geçýän talyplara, ýaş hünärmenlere -- lukman-internlere we kliniki ordinatorlara öz hünärini kämilleşdirmäge we ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary, şol sanda wirtual lukmançylygyndaky innowasion tehnologiýalary özleşdirmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de bu ýerde endokrinologiýa bölümi ýerleşer, munda näsaglara ýokary hünärli kömegi bermek üçin we şu meseleleriň derwaýys mepseleleri boýunça ylmy barlaglary geçirmek üçin ähli şertler dörediler.
Endokrinologik gullugynyň toplumlaýyn işleriniň esasy aspekti halkara we milli lukmançylyk jemgyýetleri we assosiasiýalary bilen ylmy aragatnaşyklaryň ösdürilmegi, bilelikdäki ylmy barlaglaryň geçirilmegi,ýurduň endokrinologlarynyň işini kämilleşdirmekde ylmy-usuly we amaly kömeginiň mundan beýläkki ýokarlanmasy bolup durýar. Bu işler endokrinologiýanyň okadylyşynyň öňdebaryjy usulyýetleriniň we maksatnamalarynyň ornaşdyrylmagynyň hasabyna lukmanlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň lukmançylygynyň hünär we etiki däpleriniň ösmegine ýardam berer.
Saglyga we abadançylyga diňe saglygy goraýşyň sektorynyň däl-de, eýsem jemgyýetiň her bir agzasynyň çözgütleriniň, hereketleriniň we syýasatynyň täsir edýändigi şübhesizdir. Saglygy goraýşyň milli ulgamynyň ösdürilmegine, bu ulgama maýa goýmaga we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkyň saglygynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşüniň düzüm bölekleriniň biri bolup durýandygy barada hemişe nygtaýar. Bu bolsa ýurdumyzda adamlaryň durmuş derejesiniň we saglygynyň ýokarlanmagy ugrunda ýagdaýy düýpgöter üýtgedýär.