Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, käbir pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Gün tertibinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan meselelerine, obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary nukdaýnazarynda sebitlerdäki we paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýlaryna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabatyny diňledi. Ol sebitde işleriň ýagdaýy, geçirilýän agrotehniki çäreler, şeýle hem ilatyň durmuş - hal ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň barşy barada habar berdi. Häkim türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, täze şäheri bina etmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işler barada aýtdy. Hasabatyň çäklerinde Täze ýylyň baýram edilmegi mynasybetli baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada habar berildi.
Meýdanlardaky oba hojalyk işleri baradaky meselä ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça degişli agrotehniki çäreleriň hemmesiniň ýokary hilli geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. Çünki geljekki bol hasylyň ykbaly şu günlerde ak ekinlere edilýän idegiň hiline baglydyr. Täze şäheriň gurluşygy baradaky meseläni gozgap, milli Liderimiz göz öňünde tutulan işleriň hemmesiniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň, ilkinji nobatda bolsa, 1-nji sentýabra çenli umumybilim berýän mekdepleriň gurluşygyny tamamlap, ulanyşa tabşyrylyşynyň möhletine aýratyn üns bermek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere degip geçmek bilen, milli Liderimiz welaýatda ählihalk baýramçylygyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň, bazarlary türkmenistanlylaryň baýramçylyk saçaklaryna zerur bolan önümlerden doldurmagyň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Täze ýyl mynasybetli geçiriljek köpçülikleýin dabaralary ýokary derejede guramak babatda anyk görkezmeleri berdi.
Göni aragatnaşyk arkaly maslahat Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojämmedowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda welaýatda gowaçanyň ýerine beýleki ekinleri ekmek maksady bilen amala aşyrylýan agrotehniki çäreler barada hasabat berdi. Welaýatyň häkimi şeýle hem maldarçylyk hojalygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler hem-de Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli taýýarlyk işleriniň barşy barada habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, häkim Türkmenbaşy şäheriniň täze etraplarynda alnyp barylýan işler barada, şeýle hem welaýatyň gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýy barada aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, desgalaryň gurluşyklarynyň meýilleşdirilmegi "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda" kesgitlenen ilkinji nobatdaky wezipelere laýyklykda amala aşyrylmagynyň möhümdigini nygtady. Şunda umuman ýurdumyzyň hemme künjeklerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda desgalaryň gurluşygynyň ýokary hiliniň we öz wagtynda tamamlanmagynyň üpjün edilmegi esasy talap bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem bilim ulgamy üçin niýetlenen desgalarda gurluşyklaryň barşyna degişli gözegçiligi üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi hem-de bu işleriň bellenen tertipde we öz wagtynda ýerine ýetirilmegi barada görkezme berdi.
Oba hojalyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürimeginiň, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmeginiň obasenagat toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz welaýatyň häkimine bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz şeýle hem welaýatda Täze ýyl baýramçylygyna düýpli taýýarlanmagyň we dabaralaryň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çagyryldy. Ol häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalygynda agrotehniki çäreleri guramaçylyly geçirmek, şeýle hem sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Özbegistan Respublikasyna bolan resmi saparyň barşynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda goňşy ýurduň oba hojalyk tehnikalyryny ýerli toprak-howa şertlerinde synagdan geçirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak babatda görülýän çäreler barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän çäreleriň agrotehniki kadalara we häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini tabşyrdy. Şeýle hem döwlet baştutanymyz welaýatda desgalaryň gurluşygy, binalaryň ýokary hilli we öz wagtynda gurlup gutarylmagy bilen baglanyşykly wezipelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini nygtady.
Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew hasabatyny häzirki döwürde sebitiň oba hojalyk pudagynda durmuşa geçirilýän çäreler, bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan agrotehniki işler, şeýle hem welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy baradaky çykyşdan başlady. Mundan başga-da, häkim welaýatda milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän şanly baýramçylyklara görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynda möhüm çäre bolan agrotehniki işleriň geçirilişine ünsi çekip, onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalarda durmuşa geçirilýän çäreleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidigini hem-de gurluşygyň ýokary hiliniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz etraplaryň guramaçylyk meselesine degip geçmek bilen, D.Meredowy saglyk ýagdaýy sebäpli, Halaç etrabynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä häzirki wagtda “Lebapobahyzmat” önümçilik birleşiginiň baş direktorynyň orunbasary bolup işleýän A.Begliýewi bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, sebitiň gowaça meýdanlarynda pagtany iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, şeýle hem welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem ol welaýatda hereket edýän Bagt köşgüniň ýanynda gurulmagy meýilleşdirilýän döwrebap “Toý mekanynyň” taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz oba hojalygynda agrotehniki çäreleriň gruamaçylykly geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň girewidigini belläp, bu işlere örän jogapkärçilikli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini tabşyrdy. Sebitde şanly senelerimiz mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda olaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi.
Şeýle hem milli Liderimiz häzirki wagtda Mary welaýat gara ýollary ulanyş müdirliginiň başlygy bolup işleýän A.Durdyýewi Mary şäheriniň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine, Baýramaly şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bolsa A.Baýramowany bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çagyryldy. Ol obasenagat toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem mineral dökünleri saklamak üçin her biriniň göwrümi 1 müň tonna bolan ammarlaryň taslamalaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şeýle ammarlary gurmak göz öňünde tutulýar.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda seýilgähleri we seýilbaglaryny abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat bermek bilen, wise-premýer Awaza derýasynyň kenarlarynda oturdyljak dürli haýwanlaryň heýkelleriniň deslapky görnüşleri bilen tanyşdyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, mineral dökünleri saklamak üçin ammarlary gurmak meselesine ünsi çekdi. Oba hojalygyny hem-de tutuş obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek işinde olaryň möhüm ornuny belläp, döwlet Baştutanymyz hödürlenen taslamalary gutarnykly işlemegi tabşyrdy. Bu taslamalary amala aşyrmaga jogapkärli çemeleşmek bilen, ähli zatlara degerli üns berilmelidir. Şu maksatlarda bu işlere ähli degişli gulluklary çekmek gerek diýip, milli Liderimiz belledi.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň seýilgählerinde oturdylmagy göz öňünde tutulýan haýwanlaryň heýkelleriniň görnüşlerini gözden geçirip, hormatly Prezidentimiz olary umuman makullady hem-de haýwanlaryň şekilleriniň daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşyp, seýilgählere aýratyn gözelligi çaýmalydyr diýip belledi. Şeýlelikde, dynç alýanlar syýahatçylyk zolagynyň diňe bir arassa howasyndan we gözelliklerinden lezzet almak bilen çäklenmän, eýsem, estetiki taýdan kanagatlanma duýgusyna eýe bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowy çagyrdy. Ol paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, bu ýerde gurulýan desgalar, bar bolan awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek we gurmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde “Beýik Ýüpek ýolunyň ykdysady zolagyndaky şäherleriň bilelikdäki ösüşi” atly halkara maslahatynyň işine gatnaşylandygy barada habar berildi. Bu maslahat 28-29-njy noýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçy şäherinde geçirildi. Şäher häkiminiň habar berşi ýaly, maslahata 7 döwletiň wekilleri gatnaşdylar. Onda wideofilm görkezilip, onuň çäklerinde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşygy, milli maksatnamalary we ýewraziýa ykdysady, ulag-aragatnaşyk, gumanitar giňişligini döretmäge gönükdirilen ägirt uly transmilli taslamalary amala aşyrmagyň barşy hakynda giňişleýin maglumatlar berildi. XXI asyryň iri energetika taslamasy diýen ady alan Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr.
Aşgabat şäheriniň häkimi umumybilim berýän mekdepleriň gurluşygynyň barşy hakynda hem hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, şäheri we onuň düzümini ösdürmekde giň halkara hyzmatdaşlygynyň, bu ugurda dürli merkezler bilen özara gatnaşyklaryň ýola goýulmagy döwletiň şähergurluşyk syýasatyny amala aşyrmagyň möhüm we aýrylmaz şerti bolup durýar diýip belledi. Geçirilen maslahat halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde nobatdaky ädime öwrülip, şäherleriň döreýşiniň taryhyny, dünýä medeniýetini ösdürmekde olaryň eýeleýän ornuny öwrenmäge ägirt uly goşant goşar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
Umumybilim berýän mekdepleriň gurluşygyna dahylly meseläni gozgamak bilen, döwlet Baştutanymyz häkime degişli meselä berk gözgçilik etmegi tabşyrdy. Bilim ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek maksady bilen, ýurdumyzda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar diýip, milli Liderimiz döwletimiziň geljekde hem bilim ulgamyny ösdürmäge, ýaşlarymyzyň halkara ülňüleriniň derejesinde döwrebap bilim almagy üçin ähli şertleri döretmäge uly üns berjekdigini aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Wise-premýer gurluşyk pudagynda işleriň ýagdaýy hem-de Türkmenistanda durmuş-ykdysady maksatly desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy, şol sanda milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer Aşgabat şäheriniň ulag-kommunikasiýa düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň meýilnamalaryny amala aşyrmak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýol-gurluşyk ulgamynda amala aşyrylýan maksatnamanyň ilkinji nobatdaky wezipelerine ünsi çekmek bilen, paýtagtymyzda ýollary ýokary hilli döwrebaplaşdyrmagyň we gurmagyň, olary göwnejaý ulanyş ýagdaýynda saklamagyň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ýollary düýpli döwrebaplaşdyrmak babatda işlere jogapkärli çemeleşmek bilen bagly görkezmeleri berip, biziň baş maksadymyz adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy we işlemegi üçin oňaýly şertleri döretmek bolup durýandygyny aýratyn belläp, bu derejäni ýol-gurluşyk ulgamyndaky innowasiýalary hem tassyklamalydyr diýip nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewany çagyrdy. Ol ýurdumyzda 15-nji dekabrda geçiriljek milli parlamentiň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlygyň barşy barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, saýlawlaryň aýanlygyna halkara synçylary, şol sanda GDA-dan, ÝHHG-dan we Ýewroparlamentden bolan synçylar amala aşyrarlar. Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň tassyklan meýilnamasyna laýyklykda degişli çäreler, şol sanda ilatyň arasynda düşündiriş we wagyz işleri geçirilýär.
Aýdylan habary diňläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagy, ýurdumyzda hakyky halk häkimiýetliliginiň esaslarynyň pugtalandyrylmagy bilen baglylykda, Mejlisiň deputatlygyna boljak nobatdaky saýlawlaryň ähmiýetini nygtady. Gürrüňini dowam edip, milli Liderimiz bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň açyklyk, aýanlyk hem-de raýatlaryň öz pikirlerini erkin beýan edip bilmek ýörelgeleri esasynda Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga we umumy kabul edilen halkara ülňülerine laýyklykda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi.
Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowanyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol geçirilýän işler hakynda çykyş edip, Polşa Repsublikasynyň Warşawa sirkiniň saparyny Türkmenistanda guramak baradaky teklibi döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Wise-premýer Täze ýyly garşylamaga taýýarlyk görmegiň meseleleri we deigşli baýramçylyk maksatnamalary boýunça hem hasabat berdi. Baýramçylyk maksatnamasy ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň – estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda konsertlerden, teatr çykyşlaryndan, beýleki dürli medeni çärelerden ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Warşawa sirkiniň artistleriniň biziň ýurdumyza saparyny guramak baradaky teklibi makullap, sirk sungatynyň polýak ussatlarynyň çykyşy Täze ýyl baýramçylyk çärelerini has baýlaşdyrar we elbetde, ýaş türkmenistanlylaryň hem gyşky dynç alyş günlerinde ünsüni çeker diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz bu meseläni dowam etdirip, Täze ýyly garşylamak mynasybetli baýramçylyk maksatnamasyny taýýarlamaga, şol sanda baýramçylyga mahsus bezeg işlerine örän çynlakaý çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýetip gelýän mekdep dynç alyş günlerinde çagalaryň gyzykly medeni dynç alşy üçin ähli şertleri üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda daşary ýurtly meşhur estrada ýerine ýetirijileriň çykyşlaryny guramak boýunça işi işjeňleşdirmegiň gerekdigini, munuň özi türkmenistanlylara beýleki ýurtlaryň aýdym-saz sungaty bilen oňat tanyşmaga mümkinçilik berjekdigini we şunuň bilen birlikde halkara medeni gatnaşyklaryny pugtlanadyrmaga hyzmat etjekdigini hem belledi.
Soňra wideoşekilli iş maslahatyna döwlet Baştutanymyz ykdysady ulgamyň ministrliklerine we edaralaryna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewi çagyrdy. Ol özüne ynanylan düzümlerde alnyp barylýan işler, şol sanda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek maksadynda görülýän çäreler toplumy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Göni aragatnaşyk arkaly iş maslahatyna şol bir wagtda Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ş.Hümmedow çagyryldy. Ol öz gezeginde gözegçiligindäki edaralaryň işleri we olaryň işlerini kämilleşdirmek maksady bilen amala aşyrylýan anyk çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, maliýe we salgyt guramalarynyň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga degişli meseleleri hemişe gözegçilikde saklamalydygyna ýolbaşçysylaryň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem milli özgertmeler maksatnamalarynyň ýerine ýetrilişini hem-de salgytlaryň öz wagtynda tölenilmegini, býujet serişdeleriniň maksatlaýyn peýdalanylyşyny üpjün etmek boýunça gözegçiligi dowam etmegi tabşyrdy.
Salgyt ulgamynyň bazar gatnaşygyna geçiş şertlerinde ykdysadyýeti dolandyrmagyň kuwwatly guraly bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti salgyt salma ulgamynyň dogry guralmagynyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, salgyt gullugy edaralarynyň işlerini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere we Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijä bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowy çagyrdy. Wise-premýer gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy we amala aşyrylýan işler, şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny has-da döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge, energetika kuwwatyny amala aşyrmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etjek möhüm wezipeleriň birnäçesine ünsi çekdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz işgärleri wezipä bellemek baradaky meselä geçip, T.Perdaýewi “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygynyň geologiýa boýunça orunbasary wezipesine bellemek hakynda karara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara mähriban halkymyzyň abadançylygynyň hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.