Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa ministrler maslahatynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa ministrler maslahatynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy

view-icon 853
(Aşgabat, 2013-nji ýylyň 3-nji dekabry)

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Hanymlar we jenaplar!


Siziň ähliňizi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň “Saglyk-2020” syýasatynyň çäginde geçirilýän Ýewropa ministrler maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýäryn. Bu wekilçilikli çäräniň Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilmegine ýurdumyza bolan hormatyň, onuň adamlaryň saglygyny goramak ulgamyndaky hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň, bu möhüm ulgamda wezipeleriň hem-de maksatlaryň umumylygynyň subutnamasynyň nyşany hökmünde garaýarys.

Ýokanç däl keselleriň öňüni almak meselesi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň alyp barýan işiniň ileri tutýan meseleleriniň biridir. Bu işiň wajyplygy 2011-nji ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli maslahatynyň Syýasy jarnamasynyň düzgünnamalarynda tassyk edildi. Şunuň bilen baglylykda, bu resminamanyň kadalarynyň durmuşa geçirilmegini alyp barýan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň işine ýokary baha berýärin.

Tutuş Ýewropada saglygy goraýşyň gowulandyrylmagynyň geljekki meselelerini ugur edinýän “Saglyk-2020” täze Ýewropa saglygy goraýyş syýasatynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Hereket etmegiň şeýle giň möçberli innowasion meýilnamasy geljek ýyllarda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň strategik ugurlaryny kesgitlemek üçin esas bolup hyzmat edýär. Biz şu maslahatyň barşynda garalýan meseleleriň biziň işimize kuwwatly itregi berjekdigine, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek işinde täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýarys.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Milletiň saglygy we onuň rowaçlygy ýurdumyzyň baş baýlygydyr. Häzirki döwürde Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ýurdumyzda birnäçe milli maksatnamalar -- “Saglyk” döwlet maksatnamasy, “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasy”, “2011-2015-nji ýyllarda Türkmenistanda derman senagatyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasy”, “Türkmenistanyň sagaldyş-şypahana gullugyny ösdürmek boýunça milli maksatnama”, “2011-2030-njy ýyllarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasy”, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy" işlenip taýýarlanyldy we olar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Durmuş ulgamyny durnukly ösdürmäge, şol sanda saglygy goraýşyň ösüşine döwletimiz ägirt uly serişdeler goýberýär. Şeýle hem munuň özi diňe bir täze lukmançylyk edaralarynyň gurluşygyna däl, eýsem, onuň guramaçylyk düzüminiň özgerdimegine gönükdirilýär. Durmuşa geçirilýän özgertmeler ýokary hilli lukmançylyk kömeginiň berilmeginiň has ýokary derejelerine geçilmegine mümkinçilik berýär. Ilkinji bölümleriň derejesinde edilýän hyzmatlaryň görnüşleri giňeldilýär, hassahanadan daşary ugurdaş netijeli we elýeterli ulgam döredildi. Innowasion tehnologiýalary, häzirki zaman anyklaýyş enjamalaryny ulanýan ýöriteleşdirilen hassahanalar ulgamynyň bolmagy, bejerişiň çylşyrymly görnüşlerini ýerine ýetirmäge, şeýle hem degişli gulluklaryň işini utgaşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzyň saglygyny goraýyş ulgamynda öňdebarjy tehnologiýalar giňden ulanylýar, munuň özi diňe bir häzirki zaman enjamlary bolman, eýsem, türkmen lukmanlarynyň hünär derejesiniň ýokarlanýandygynyň, bejerişiň täze usullarynyň ornaşdyrylýandygynyň we dünýä lukmançylyk ylmynda bar bolan ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň ähli görnüşleriniň näsaglara berilýändiginiň alamatydyr. Ýurdumyzyň hünärmenleri Ýewropanyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy lukmançylyk merkezlerinde hünärlerini yzygiderli kämilleşdirýärler.

Saglygy goraýyş-şypahana bejerişi we saglygy berkitmek ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ajaýyp tebigy şertler, düzümi boýunça seýrek gabat gelýän mineral suwlar köpsanly kesellerden saplanmaga, raýatlaryň saglygynyň berkidilmegine ýardam berýär.

Obany ösdürmegiň Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşynda oba ilatyna berilýän lukmançylyk kömeginiň hili ýokarlandy. Lukmançylyk edaralarynyň gurulmagy, olaryň durkunyň täzelenmegi we enjamlaşdyrylmagy bilen bir hatarda, olaryň maddy üpjünçiligi yzygiderli gowulanýar.

Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň çäklerinde ýokanç däl kesellere garşy göreşmäge aýratyn üns berilýär. “2011-2015-nji ýyllarda Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek strategiýasynda” keselleriň öňüni almak we olary öz wagtynda ýüze çykarmak boýunça çäreleriň güýçlendirilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki döwürde bu işler dowam edýär, BSSG-niň Ýewropa sebitleýin býurosynyň goldaw bermeginde 2014-2020-nji ýyllar üçin döwürde ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça milli strategiýa işlenip taýýarlanylýar. Ol iň öňdebaryjy halkara we sebitleýin tejribäni nazarlaýar.

Biziň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, töwekgelçilikli şertleri aradan aýyrmak arkaly ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, 2000-nji ýyldan başlap temmäkä garşy netijeli göreş ýaýbaňlandyryldy. Geçen asyryň 90-njy ýyllary bilen deňeşdirilende çilim çekýän adamlaryň sany azalyp, bu ugurda uly netijeleri gazandyk.

2011-nji ýylda Türkmenistan BSGG-niň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny tassyklady we BSGG-niň Ýewropa sebitleýin býurosy bilen bilelikde “2012-2016-njy ýyllarda temmäkä garşy göreş boýunça hereket etmegiň milli meýilnamasyny” işläp taýýarlady we ol häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biz bu ugurdaky işi dowam edýäris we Ýewropanyň temmäkiden azat çäk derejesine ýetmek üçin mynasyp goşant goşýarys. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň we temmäki önümlerini ulanmagyň täsirinden goramak hakyndaky” Kanun kabul edilmegine taýýarlanyldy.

Türkmenistanda sagdyn iýmitlenmek möhüm ugur hasaplanylýar. Şu ýyl “2013-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmeginiň milli maksatnamasy” kabul edildi. Bu maksatnama sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we tertibini ornaşdyrmaga, semizligiň azaldylmagyna we ýag ýygnamagyň öňüniň alynmagyna gönükdirilendir. Mikronutrient iýmit önümleriniň baýlaşdyrylmagy ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça iýmitlenmek meselesi bilen baglanyşykly möhüm şertleriň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyzda duzuň ýodlaşdyrylmagy, unuň demir we foliý kislotasy bilen baýlaşdyrylmagy ýaly döwlet tarapyndan iri öňüni alyş çäreleri durmuşa geçirilýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegi, ýaşlarda ýokary ahlak, ruhy gymmatlyklaryň kemala getirilmegi, olaryň iň gowy milli däpler esasynda terbiýelenmegi bilen baglanyşykly çäreler habar beriş serişdeleriniň möhüm wezipesi bolup durýar. Ýurdumyzda iýmitlenmek meseleleri, çilimkeşlige garşy göreş, ähli ilatyň arasynda sportuň we sagdyn durmuşa ýörlgesiniň wagyz edilmegi boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, “2011-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda sporty we bedenterbiýäni goldamak hem-de ösdürmek boýunça milli maksatnama” kabul edildi.

Häzirki döwürde bu işlere döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň hemmesi goşuldy, saglygy goraýyş ulgamynyň dürli maksatnamalary boýunça utgaşdyryjy komitetler döredildi. “Milletiň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy” atly şygar Türkmenistanda raýatlaryň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Şu günki maslahatyň barşynda Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Jarnamanyň kabul edilmegi “Saglyk-2020” syýasatynyň düzgünnamalarynyň jähetinde mundan beýläk-de biziň tagallalarymyzy birleşdirmek işinde möhüm ädim bolup durýar. Bu resminama ýokanç däl keselleriň ýaýramagyna garşy jogap çäreleriniň, Bütindünýä saglygy gorýayş guramasynyň temmäkä garşy göreş, ýokanç däl kesellere garşy çäreleriň mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagy, bu ulgamdaky milli syýasatlaryň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň durmuş ugrunyň ösdürilmegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň doly durmuşa geçirilmegi ugrundaky tagallalaryň işjeňleşdirilmegi ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Türkmenistan Jarnamanyň düzgünlerini hemmetaraplaýyn goldaýar hem-de milli we köptarpalaýyn derejedäki hyzmatdaşlary bilen bilelikde şeýle çäreleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmäge taýýardyr. Biziň bilelikde uly üstünliklere eýe boljakdygyma ynanýaryn.

Çykyşymyň ahyrynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosyna we Size, hanym, sebitleýin direktora bu wajyp maslahaty guramaga goşan uly goşandyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin we maslahata gatnaşyjylara netijeli işlemegi arzuw edýärin.

Üns berendigiňiz üçin sag boluň.