Ï Türkmenistanda dünýä lukmançylygynyň tejribeleri we gazananlary ara alnyp maslahatlaşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda dünýä lukmançylygynyň tejribeleri we gazananlary ara alnyp maslahatlaşylýar

view-icon 763
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Aşgabat maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün ir bilen türkmen paýtagtynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň “Saglyk-2020” syýasatynyň çäginde geçirilýän Ýewropa ministrler maslahaty öz işine başlady. Çäräni Türkmenistanyň hökümeti we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosy gurady. Halkara maslahatynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň, şeýle hem BSGG-nyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň wekilleri, bilermenleri, şol sanda saglygy goraýyş ministrleri, belli alymlary we beýleki hünärmenleri geldiler. Türkmen tarapyndan forumyň işine hökümet agzalary, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary, wekilleri, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, lukmançylyk edaralarynyň we beýlekileriň hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatyň açylyş dabarasyna daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Aşgabatda geçirilen bu duşuşygyň baş maksady ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek, özara peýdaly pikir alyşmak, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde tagallalary birleşdirmek üçin möhüm ugurlary kesgitlemek bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Aşgabatda şunuň ýaly wekilçilikli çäräniň geçirilmegi, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki belent abraýynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň we ýurduň her bir raýatynyň saglygy, abadançylygy hakyndaky aladany esasy ugur edinýän oňyn döredijilik syýasatynyň ählumumy goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem maslahat dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanýan üstünliklerine bolan uly gyzyklanmalaryny, milli Liderimiziň şu ugur boýunça sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşýan ägirt uly goşandynyň ählumumy ykrarnamasyny alamatlandyrýar.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgüne geldi. Bu ýerde milli Liderimizi BSGG-niň Ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň “Saglyk-2020” syýasatynyň çäginde geçirilýän Ýewropa ministrler maslahatyna gatnaşýan wekiliýetleriň baştutanlary garşyladylar.

Halkara forumyna gatnaşyjylaryň resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, Ruhyýet köşgüniň tegelek zalynda maslahatyň umumy mejlisi boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti zala barýar. Ol ýerde milli Liderimiz el çarpyşmalar bilen garşylanýar.

Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň dünýä derejesinde adamlaryň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak we halkara durmuşyna işjeň gatnaşmak bilen, häzirki zamanyň möhüm meselelerine degişli derwaýys başlangyçlary öňe sürýändigini belledi.

Biziň ýurdumyz bu ugurdaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ugur edinýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şu nükdaýnazardan ýurdumyz dürli derejede, hususan-da, häzirki we geljekki nesiller üçin möhüm ähmýieti bolan halkara guramalarynyň çäklerinde birnäçe meseleleri öňe sürýär we onuň çözgüdine işjeň gatnaşýar.

Şunda Türkmenistan diňe bir giň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen we ähli ýurtlaryň, halklaryň düýp bähbitlerine laýyk gelýän möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda birnäçe çäreleri amala aşyrýar diýip, milli Liderimiz belledi. Şu günki geçirilýän çäre hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Halkara Ýewropa ministrler maslahaty Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň “Saglyk-2020” syýasatynyň çäklerinde geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz BSGG-nyň kadalaryna laýyklykda, işjeň dilleriň biri hökmünde kabul edilen rus dilinde çykyş etmegi maksada laýyk hasaplaýandygyny aýtdy.

Maslahata gatnaşyjylary çäräniň açylmagy bilen gutlap, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu wekilçilikli çäräniň Aşgabatda geçirilmegine ýurdumyza bolan hormatyň, onuň adamlaryň saglygyny goramak ulgamyndaky hyzmatynyň ykrar edilmeginiň, bu möhüm ulgamda wezipeleriň hem-de maksatlaryň umumylygynyň subutnamasynyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.

Ýokanç däl keselleriň öňüni almak meselesi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň alyp barýan işiniň ileri tutýan meseleleriniň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu işiň wajyplygy 2011-nji ýylyň sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli maslahatynyň Syýasy jarnamasynyň düzgünnamalarynda tassyk edildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu resminamanyň kadalarynyň durmuşa geçirilmegini alyp barýan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň işine ýokary baha berdi.

Tutuş Ýewropada saglygy goraýşyň gowulandyrylmagynyň geljekki meselelerini ugur edinýän “Saglyk-2020” täze Ýewropa saglygy goraýyş syýasatynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Hereket etmegiň şeýlei giň möçberli innowasion meýilnamasy geljek ýyllarda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň strategik ugurlaryny kesgitlemek üçin esas bolup hyzmat edýär. Biz şu maslahatyň barşynda garalýan meseleleriň işimize kuwwatly itregi berjekdigine, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek işinde täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz diýip belledi.

Milletiň saglygy we rowaçlygy ýurdumyzyň baş baýlygydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Häzirki döwürde Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ýurdumyzda birnäçe maksatnamalaýyn çäreler, “Saglyk” döwlet maksatnamasy, “2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasy”, “2011-2015-nji ýyllarda Türkmenistanda derman senagatyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasy”, “Türkmenistanyň sagaldyş-şypahana gullugyny ösdürmek boýunça milli maksatnama”, “2011-2030-njy ýyllarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasy”, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy" işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Durmuş ulgamyny durnukly ösdürmäge, şol sanda saglygy goraýşyň ösüşine döwletimiz ägirt uly serişdeler goýberýär. Şeýle hem munuň özi diňe bir täze lukmançylyk edaralarynyň gurluşygyna däl, eýsem, onuň guramaçylyk düzüminiň özgerdimegine gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýişi ýaly, durmuşa geçirilýän özgertmeler ýokary hilli lukmançylyk kömeginiň berimeginiň has ýokary derejelerine geçilmegine ýardam berýär. Ilkinji bölümleriň derejesinde berilýän hyzmatlaryň görnüşleri giňeldilýär, hassahanadan daşary ugurdaş netijeli we elýeterli ulgam döredildi. Innowasion tehnologiýalary, häzirki zaman anyklaýyş enjamlaryny ulanýan ýöriteleşdirilen hassahanalar ulgamynyň bolmagy bejerişiň çylşyrymly görnüşlerini ýerine ýetirmäge, şeýle hem degişli gulluklaryň işini utgaşdyrmaga ýardam etdi.

Ýurdumyzyň saglygyny goraýyş ulgamynda öňdebarjy tehnologiýalaryň giňden ulanylýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz munuň özi diňe bir häzirki zaman enjamlary bolman, eýsem, türkmen lukmanlarynyň hünär derejesiniň ýokarlanýandygynyň, bejerişiň täze usullarynyň ornaşdyrylýandygynyň we dünýä lukmançylyk ylmynda bar bolan ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň ähli görnüşleriniň näsaglara berilýändiginiň alamatydygyny nygtady. Ýurdumyzyň hünärmenleri Ýewropanyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy lukmançylyk merkezlerinde hünärlerini yzygiderli kämilleşdirýärler.

Saglygy goraýyş-şypahana bejerişi we saglygy berkitmek ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Ajaýyp tebigy şertler, düzümi boýunça seýrek gabat gelýän mineral suwlar köpsanly kesellerden saplanmaga, raýatlaryň saglygynyň berkidilmegine ýardam berýär.

Obany ösdürmegiň Milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşynda oba ilatyna berilýän lukmançylyk kömeginiň hili ýokarlandy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Saglygy goraýyş edaralarynyň gurulmagy, olaryň durkunyň täzelenmegi we enjamlaşdyrylmagy bilen bir hatarda, olaryň maddy üpjünçiligi yzygiderli gowulanýar.

Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň çäklerinde ýokanç däl kesellere garşy göreşmäge aýratyn üns berilýär. “2011-2015-nji ýyllarda Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek strategiýasynda” keselleriň öňüni almak we olary öz wagtynda ýüze çykarmak boýunça çäreleriň güýçlendirilmegi göz öňünde tutulýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Häzirki döwürde bu işler dowam edýär, BSSG-niň Ýewropa sebitleýin býurosynyň goldaw bermeginde 2014-2020-nji ýyllar üçin döwürde ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça milli strategiýa işlenip taýýarlanylýar. Ol iň öňdebaryjy halkara we sebitleýin tejribäni nazarlaýar.

Şu jähetden döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, töwekgelçilikli şertleri aradan aýyrmak arkaly ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýlelikde, 2000-nji ýyldan başlap temmäkä garşy netijeli göreş ýaýbaňlandyryldy. Geçen asyryň 90-njy ýyllary bilen deňeşdirilende çilim çekýän adamlaryň sany azalyp, bu ugurda uly netijeleri gazandyk diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Türkmenistan BSGG-niň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny tassyklady we BSGG-niň Ýewropa sebitleýin býurosy bilen bilelikde “2012-2016-njy ýyllarda temmäkä garşy göreş boýunça hereket etmegiň milli meýilnamasyny” işläp taýýarlady we ol häzirki döwürde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Biz bu ugurdaky işi dowam edýäris we Ýewropanyň temmäkiden azat çäk derejesine ýetmek üçin mynasyp goşant goşýarys diýip, milli Liderimiz belledi. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň “Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň we temmäki önümlerini ulanmagyň täsirinden goramak hakyndaky” Kanun kabul edilmegine taýýarlanyldy.

Türkmenistanda sagdyn iýmitlenmegiň möhüm ugur hasaplanylýandygyny nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl “2013-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmeginiň milli maksatnamasynyň” kabul edilendigini aýtdy. Bu maksatnama sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we tertibini ornaşdyrmaga, semizligiň azaldylmagyna we ýag ýygnamagyň öňüniň alynmagyna gönükdirilendir. Mikronutrient iýmit önümleriniň baýlaşdyrylmagy ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça iýmitlenmek meselesi bilen baglanyşykly möhüm şertleriň biri bolup durýar. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ýurdumyzda duzuň ýodlaşdyrylmagy, unuň demir we foliý kislotasy bilen baýlaşdyrylmagy ýaly döwlet tarapyndan iri öňüni alyş çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz çykyşyny dowam etmek bilen, sagdyn durmuş ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegi, ýaşlarda ýokary ahlak, ruhy gymmatlyklaryň kemala getirilmegi, olaryň iň gowy milli däpler esasynda terbiýelenmegi bilen baglanyşykly çäreleriň habar beriş serişdeleriniň möhüm wezipesi bolup durýandygyny belledi. Ýurdumyzda iýmitlenmek meseleleri, çilimkeşlige garşy göreş, ähli ilatyň arasynda sportuň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegi boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Biziň ýurdumyzda “2011-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek boýunça milli maksatnama” kabul edildi.

Häzirki döwürde bu işlere döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň hemmesi goşuldy, saglygy goraýyş ulgamynyň dürli maksatnamalary boýunça utgaşdyryjy komitetler döredildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. “Milletiň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy” atly şygar Türkmenistanda raýatlaryň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Maslahata gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen, hormatly Prezidentimiz şu günki maslahatyň barşynda Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Jarnamanyň kabul edilmeginiň “Saglyk-2020” syýasatynyň düzgünnamalarynyň jähetinde mundan beýläk-de tagallalarymyzy birleşdirmek işinde möhüm ädim bolup durýandygyny belledi. Bu resminama ýokanç däl keselleriň ýaýramagyna garşy jogap çäreleriniň, Bütindünýä saglygy gorýayş guramasynyň temmäkä garşy göreş, ýokanç däl kesellere garşy çäreleriň mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagy, bu ulgamdaky milli syýasatlaryň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynyň durmuş ugrunyň ösdürilmegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň doly durmuşa geçirilmegi ugrundaky tagallalaryň işjeňleşdirilmegi ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Türkmenistan Jarnamanyň düzgünlerini hemmetaraplaýyn goldaýar hem-de milli we köptaraplaýyn derejedäki hyzmatdaşlary bilen bilelikde bu işleriň durmuşa geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmäge taýýardyr. Biziň bilelikde uly üstünliklere eýe boljakdygymyza ynanýaryn diýip, milli Lideriimz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosyna we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň direktoryna bu wajyp maslahaty guramaga goşan uly goşandy üçn minnetdarlyk bildirdi we maslahata gatnaşyjylara netijeli işlemeklerini arzuw etdi.

Milli Liderimiziň çykyşy üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra döwlet Baştutanymyz BSGG-niň Ýewropa sebitleýin býurosynyň direktory hanym Žužanna Ýakaba söz berdi.

Hormatly Prezidentimize we maslahata gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen, ýokary wezipeli myhman Aşgabatda bolmagynyň we ýokanç däl keselleriň öňüni almak hem-de olara gözegçilik etmek boýunça soňky ýyllarda gazanylan netijeleri ara alyp maslahatlaşmaga mümiknçilige eýe bolmagynyň, şeýle hem bu ulgamda ýakyn we uzak geljekdäki bilelikdäki tagallalara ygrarlydygyny tassyklamagynyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Hanym Žužanna Ýakab iki ýyl mundan ozal agza döwletleriň Moskwada ýokanç däl keseller boýunça biriniji ählumumy duşuşygynyň bolandygyny, Nýu-Ýorkda bolsa Ýokanç däl kesellere garşy göreş boýunça Syýasy jarnamanyň kabul edilendigini we Baku şäherinde hereket etmegiň degişli Ýewropa meýilnamasy hakynda ylalaşylandygyny belledi. Munuň özi “Saglyk-2020” saglygy goraýşyň täze Ýewropa syýasatyny işläp taýýarlamagyň barşynda we häzirki zaman talaplarynyň jähetinde bu ulgamdaky möhüm wezipeleriň çözgüdine gönükdirilendir. Şu iki günüň dowamynda Ýewropadaky ösüş döwründen bäri ýetilen derejelere syn etmek wezipesi durýar diýip, BSGG-niň Ýewropa sebitleýin býurosynyň ýolbaşçysy sözüni dowam etdi. Hususan-da, hereket etmegiň täze meýilnamalarynyň, ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça bilelikdäki işleriň netijesinde ýüze çykan täze ýörelgelere we hereketlere aýratyn ähmiýet berler. Şunuň bilen baglylykda, soňky onýyllyklaryň dowamynda bu ulgamda ýetilen sepgitleriň saklanmagynyň zerurdygy bellenildi.

Ýewropa sebitinde temmäki ulanylmagy baradaky mowzuga degip geçmek bilen, hanym Žužanna Ýakab BSGG-niň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň kabul edileni bäri birinji onýyllygyň tamamlanýandygyny we bu ugurda nähili üstünlikleriň gazanylandygy hem-de nähili hereketler edilmegi barada oýlanmalydygyny nygtady. BSGG-niň Ýewropa sebitleýin býurosynyň ýolbaşçysy bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgam boýunça alnyp barylýan işlere ygrarlydyklaryny aýratyn belledi. Belent mertebeli myhman maslahatyň bu ugurda möhüm tapgyra öwrüljekdigine we geljekde çilim çekýänleriň sanynyň has-da azalmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek mowzugyny dowam etmek bilen, hanym Žužanna Ýakab borçnamanyň wezipelerini geljekki meýilnamalaryň ugurlaryny ara alyp masahatlaşmaga wagtyň gelendigini belledi. Türkmenistanyň Prezidentine we Hökümetine bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, BSGG-niň Ýewropa sebit býurosynyň ýolbaşçysy maslahatyň maksatnamasy we onuň netijeleri boýunça kabul etmek meýilleşdirilýän Aşgabat Jarnamasynyň ulgamyň häzirki ýagdaýyny äşgär edýändigini nygtady.

Netijeli pikir alyşmak we maslahatyň gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bu günki çäräniň adamlaryň saglygyny gowulandyrmak ugrunda täze mümkinçilikleri döretmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek bilen, hanym Žužanna Ýakab Türkmenistanyň Prezidentine mähirli kabul edilendigi we maslahatyň taýýarlyk işlerine goldaw berendigi üçin hoşallyk bildirdi we maslahata gatnaşyjylara üstünlik arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz çuňňur many-mazmunly çykyşy üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň edarasynyň ýerine ýetiriji direktory Hans Troedssona söz berdi.

Belent mertebeli myhman özüniň çykyşynyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we foruma gatnaşyjylary Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň adyndan we onuň Baş direktory hanym Margaret Çeniň adyndan gutlady. Jenap Hans Troedsson milli Liderimize ýüzlenip, biziň ýurdumyzda Ýewropada ýokanç däl keselleriň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça ilkinji sebitleýin maslahatyň geçirilýändigi, has takygy Ýewropa sebitiniň şu künjünde geçirilýändigi we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi.

Ýokanç däl keselleriň meseleleriniň möhümdigini, çünki onuň hemmelere degişlidigini bellemek bilen, doktor Hans Troedsson ählumumy derejede ýokanç däl kesellere hereket etmegiň strategik ugry hakynda gazanylan şertnamada 2025-nji ýyla çenli şu kesel zerarly ýüze çykýan ölümi 25 göterime çenli azaltmaga bolan meýiller anyk beýan edilýär diýdi. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman ýokanç däl keseller bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdi ähli ulgamlaryň netijeli hereketlerini talap edýär diýip belledi.

Şu jähetden maslahatyň çäklerinde kabul ediljek Aşgabat Jarnamasynyň ähmiýetini nygtamak bilen, doktor Hans Troedsson ýurtlar tarapyndan işjeň hereketleriň zerurdygyny, şol sanda 2025-nji ýyl üçin milli maksatlary kesgitlemek, ýokanç däl keseller baradaky köpugurly milli syýasaty işläp taýýarlamak boýunça meýilnamalaryň zerurdygyny belledi. Bu barada aýtmak bilen, belent mertebeli myhman bu ulgamda ýerine ýetirilýän işler beýleki sebitler üçin nusgalyk bolup biler diýip belledi.

BSGG-niň edarasynyň Ýerine ýetiriji direktory geljek ýylda ýurtlaryň BMG-niň ýokanç däl keseller boýunça Syýasy jarnamasyna girizilen borçnamalary ýerine ýetirmekde gazanan üstünlikleri we ýeten derejesi barada çykyşlary taýýarlajakdygyny belledi. BMG-niň Baş Assambleýasy ýokanç däl kesellere gözegçilik etmek boýunça borçnamalara ähli liderleriň ygrarlydygyny tassyklamak üçin mümkinçilikleri berer diýip bellemek bilen, jenap Hans Troedsson şunlukda ýurtlaryň ýokanç däl kesellere degişli meseleleriň çözgüdinde üstünlik gazanyp başlandyklaryny belledi.

Belent mertebeli myhman aýdylanlary jemläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň diňe başlaýandygyny we entek köp işleriň ýerine ýetirilmelidigini nygtady.

BSGG-niň edarasynyň Ýerine ýetiriji direktoryna netijeli çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Estoniýa Respublikasynyň birinji hanymy Ewelin Ilwese söz berdi.

Türkmenistana we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna, bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi we paýtagtymyzda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, myhman şu gün özüniň bu maslahata resmi adam däl-de, lukman, ene we ýanýoldaş hökmünde gatnaşýandygyny hem-de bu meseleler boýunça iş salşandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hanym Ewelin Ilwes Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilimi boýunça lukmandygynyň we bu meseleleriň üstünde işleýändiginiň özüne mälimdigini nygtady.

Ýokanç däl keselleriň meselesi hem-de onuň derwaýyslygy barada aýtmak bilen, myhman bu kesele garşy göreşde üstünlik gazanmak üçin yzygiderli we toplumlaýyn çemeleşmeleriň zerurdygyny aýtdy.

Hanym Ewelin Ilwes çykyşynyň dowamynda adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýän çilimkeşlik we arakhorluk we nädogry iýmitlenmek meselelerine aýratyn ähmiýet berdi we düşündiriş çärelerini we jemgyýetçilik bilen geçirilýän işleri nazara almak arkaly bu meseleleriň çözgüdi boýunça utgaşykly çözgütleriň kabul edilmeginiň möhümdigini belledi.

Myhman çykyşynyň ahyrynda maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň möhümdigini ýene bir ýola aýdyp, öňde goýlan wezipeleriň her bir adamyň oňa düşünip we şahsy jogapkärlik çekmeginde berjaý edilip boljakdygyny belledi. Hanym Ewelin Ilwes çykyşyny tamamlap, maslahata gatnaşyjylara işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Estoniýanyň birinji hanymyna täsirli çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistan üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna agza bolmagyň, onuň işine gatnaşmagyň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny belledi. Biz BSGG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň geljegini aýdyň görýäris, soňky ýyllarda gazanylan ösüşlere ýokary baha berýäris, hyzmatdaşlar bilen birek-birege hormat goýulýan gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň möhümdigine anyk göz ýetirýäris diýip, milli Liderimiz belledi. Bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de netijeli ösdüriljekdigine ynam bildirip, döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamyndaky özara gatnaşyklaryň täze derejä çykarylmagynyň zerurdygyny nygtady.

Netijeli çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz foruma gatnaşyjylara üstünlik we ýokary netijeli işlemegi arzuw etdi hem-de olar bilen hoşlaşdy.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde BSGG-niň Ýewropa sebit býurosynyň direktory hanym Žužanna Ýakaby kabul etdi.

* * *

Şu gün, günüň biriniji ýarymynda BSGG-niň Ýewropa ministrler maslahaty öz işini paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda dowam etdi. Bu ýerde “Ýokanç däl keseller we olaryň ösüşi”, “Ýewropa temmäki tüssesinden azat” hem-de “Saglygy goraýş ulgamy üçin wehimler we mümkinçilikler” mejlisleri geçirildi.

Birinji mejlisde ýokanç däl keselleriň öňüni almak we sebitleýin bolşy ýaly, milli möçberde olara garşy göreşmek ulgamyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna we olary guramaga täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň goldaw bermeginde işlenip taýýarlanylan “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek arkaly lukmançylyk bilimi, soňky ýyllarda ýokanç däl keseleriň öňüni almak we olary bejermek boýunça gazanylan üstünlikler netijesinde Türkmenistanyň oňyn tejribe toplandygy bellenildi.

Ikinji mejlisiň barşynda temmäki ulanylmagyna garşy göreş, sebitleýin we ählumumy möçberde temmäkiniň we temmäki önümleriniň ýaýradylmagynyň azaldylmagyna gönükdirilen degişli strategiýalary we çäreleri işläp taýýarlamak ýaly derwaýys meseleler gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň esasyny düzdi. Şu jähetden Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagynyň we ilatyň arasynda, esasan-da ýaşlaryň arasynda ýaramaz endikleriň öňüni almagyň, döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny bellenildi. 2011-nji ýylda ýurdumyzyň BSGG-niň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny tassyklamagy möhüm ýagdaý bolup durýar. Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan 2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanda çilimkeşlige garşy göreş boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň kemala gelmegine gönükdirilen beýleki çäreler bilen bir hatarda, çilimkeşligiň öňüni almak boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär.

Üçünji mejlis lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliliginiň üpjün edilmegine, saglygy goraýş ulgamynyň ösdürilmegine, şeýle hem ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça netijeli çäreleriň gazanylmagyna bagyşlanyldy. Şu jähetden Türkmenistanyň şu ulgamdaky tejribeleri we ýeten derejesi maslahata gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde türkmenistanlylar ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän giň lukmançylyk hyzmatlaryna eýe boldular. Halkyň saglygy we abadançylygy hakyndaky alada, her bir raýatyň bähbidiniň goraglylygy täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürldi. Türkmen Lideriniň öňe sürýän özgertmeleriniň möhüm ugurlary we “Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini, ösdürmegini, şol sanda degişli düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyny, ýokary hünärli lukmanlaryň taýýarlanylmagyny nazarlaýar.

Şeýle hem mejlislerde forumyň netijeleri boýunça kabul edilmegi meýilleşdirilýän Aşgabat Jarnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ertir BSGG-niň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek býounça Ýewropa ministrler maslahaty “Saglyk-2020” syýasatynyň düzgünnamalarynyň jähetinde öz işini dowam eder.