“Saglyk” düşünjesi ähli ugurlar boýunça umumy ýagdaýlaryň jemlenen häzirki dünýäsinde özünde diňe bir milli däl, eýsem, adamzat ösüşiniň älumumy durmuş-ykdysady, medeni we ruhy ösüşini özünde jemleýjin giň möçberli syýasy ýagdaý bolup durýar. Bu ýörelge Aşgabatda geçirilýän Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň “Saglyk-2020” syýasatynyň çäginde Ýewropa ministrler maslahatynyň esasyny düzdi.
Bu syýasatda hemmetaraplaýyn we ähli derejedäki çözgütleri kabul etmäge jogapkär ýolbaşçylaryň bir ýere jemlenmegine bolan çagyryş bolup durýar. Sagdyn ýagdaýyň ýola goýulmagy boýunça tagallalara hökümetleriň we döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagy adamlaryň, halklaryň we geljekki nesilleriň sagdynlygynyň, abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen bilelikdäki işleriň aýgytlaýjy, oýlanyşykly we netijeli hereketleri has-da möhümdir.
Häzirki döwürde adam serişdeleri ulgamynda geljege strategik taýdan nazar aýlamazdan, islendik döwletiň öňdengörüjilikli syýasatyny kemala getirmek mümkin däldir. Hut şonuň üçin hem durmuş ulgamynyň esasyny düzýän toplumda milletiň saglygyny üpjün etmek ýagdaýy durýar. Munuň özi jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamy bilen berk baglanyşyklydyr. Onuň tejribesi döwrüň talaplaryna, daşky gurşawy goramagyň, ykdysady, ylym, bilim we medeni ösüşiň wezipeleri bilen utgaşýar.
Bu babatda Türkmenistan beýleki ýurtlara oňyn görelde görkezýär. Milletiň saglyk ýagdaýynyň onuň zähmete ukyplylygy bilen berk baglanyşyklydygy hem-de döwletiň ykdysady işjeňligine täsir edýändigi gürrüňsizdir. Şeýlelikde, türkmen döwletiniň öz raýatlarynyň saglygy baradaky aladasynyň esasynda diňe bir halk hojalygynyň gazananlaryny netijeli peýdalanmak däl-de, eýsem, ilkinji nobatda, her bir adamyň saglygyna, häzirki zaman lukmançylyk hyzmatyna, ilatyň her bir gatlagynyň ýokary hilli lukmançylyk kömeginiň giň görnüşlerine bolan hukugynyň üpjün edilmegi bolup durýar.
Şeýlelikde, saglygy goraýyş ulgamyndaky syýasy maksatnama döwletiň tutuşlygyna alnanda, durmuş syýasatynyň amala aşyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň durmuş syýasatynda baş maksat onuň ösüşi däl-de, eýsem, adamlar hakdaky alada esasy orun eýeleýär. Şunuň ýaly ynsanperwerlik ýörelgesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň häsiýetli aýratynlygydyr. Hormatly Prezidentimiziň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bu maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagy we döwlet Baştutanymyzyň onda eden netijeli çykyşy ýurdumyzda raýatlaryň saglygy bilen baglanyşykly meselelere ýokary derejede üns berlýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatynyň ikinji güni “Milli jogap çärelerini pugtalandyrmak: saglygy goraýyş ulgamy we köptaraplaýyn işler” mowzugyna bagyşlanar. Bu mejlisiň barşynda foruma gatnaşyjy döwletleriň strategik ýolbaşçylyk; ýokanç däl keseller boýunça milli meýilnamalary işläp taýýarlamak; monitoring we epidemiologik gözegçilik; saglygy goraýşyň işgär serişdeleri, raýatlyk jemgyýetiň gatnaşmagy we beýlekiler ýaly ugurlary boýunça degişli tejribeleri görkezer.
3-nji bölüm. Milli jogap çärelerini pugtalandyrmak: syýasy çözgütler, durmuşy jogapkärçilik we habarly bolmak
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş-ykdysady gurluşykda saglygy goraýşa kesgitli ornuň degişlidigini nygtady hem-de döwlet we jemgyýetçilik guramalaryny, edaralary, kärhanalary, guramalary adamlaryň işinde saglyklaryny goramagy upjün etmäge çagyrýar. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz saglyk meselelerine giň we toplumlaýyn çemeleşmeleri girizdi.
Şunda pudaklaýyn saglygy goraýyş syýasaty ulgamlaýyn öňüni alyş, häzirkizaman saglyk ülňülerini we lukmançylyk kömegini, saglygy goraýyş ulgamynda ýurdumyzdaky ýörelgeler bilen dünýäniň häzirki zaman tejribesiniň ýeten derejeleriniň sazlaşygyny, tutuşlygyna alnanda, durmuş derejesini gowulandyrmagyň wezipelerini nazara almak bilen, ilatyň saglygyny goramaga ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri ugur edinýän keselleriň öňüni alyş ulgamy ýaly möhüm ýagdaýlara daýanýar.
Döwlet we pudaklaýyn çäreleriň toplumynda keselleriň öňüni almak boýunça işleriň düýpli güýçlendirilmegine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kemala gelmegi we onuň höweslendirilmegi üçin şertleriň döredilmegine, “Saglyk ulgamyna bolan düşünjeleriň” kämilleşdirilmegine we ýaramaz endiklere garşy göreşilmegine, çagalaryň we ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň giňden ornaşdyrylmagyna saglygy goraýyşyň utgaşyklygyny bellemeli.
Şeýlelikde, maşgala lukmançylygy we bejeriş-hassahana ulgamy uly ösüşe eýe boldy. 1996-njy ýyldan başlap döwlet meýletin ätiýaçlandyrylmasy girizildi. Şu ýagdaýlar bilen bir hatarda, lukmançylyk ulgamynyň we derman senagatynyň, şol sanda bejeriş serişdeleriniň önümçiliginiň we ýerli çig mallaryň esasynda lukmançylk ähmiýetli önümleriň yzygiderli ösdürilmegine aýratyn üns berildi.
Sagdyn adamlaryň saglygyny goramak öňüni alyş çärelerini nazarlaýan “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň netijeli görkezijileriniň biridir. Häzirki döwürde lukmançylyk hyzmatlarynyň esasy bölegi ilata birinji derejede ýetirilýär, şeýle hem ilatyň saglygyny dikeltmek möhleti lukmançylyk tejribesine keselleriň öňüni almak boýunça häzirki zaman usullarynyň, anyklaýşyň we bejerişiň ornaşdyrylmagy netijesinde has-da gysgaldy. Ahyrky netijede bolsa adamlaryň ömrüniň dowamlylygy ýokarlandy.
“Saglyk” döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamy Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň gurluşygynyň hasabyna has-da kämilleşdirildi. Oňa laýyklykda, saglygy goraýşyň täze nusgasynyň ýörelgelerine laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň giň toplumy emele geldi. Bu ulgamda lukmançylyk hyzmatynyň netijeli görnüşlerini ornaşdyrmak, hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak arkaly ýokary görkezijilere ýetildi.
Ýurdumyzyň paýtagtynda we ähli welaýatlarda häzirki zaman hassahanalarynyň, ylmy-kliniki merkezleriniň, saglyk öýleriniň gurluşygy yzygiderli dowam edýär we dürli lukmançylyk edaralary hem-de sagaldyş-dynç alyş toplumlary enjamlaşdyrylyşy we dünýä derejesinde hödürleýän hyzmatlar görnüşi bilen düýpli döwrebaplaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitleriň saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine uly üns berýär. Obalarda etraplaryň, şäherleriň derejesinde täze etrap hassahanalary, Saglyk öýleri guruldy we ozal hereket edýänleri doly döwrebaplaşdyryldy. "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde Ahal welaýatynda täze bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň 14-si, Balkan welaýatynda 4-si, Daşoguz welaýatynda 12-si, Mary welaýatynda 22-si, Lebap welaýatynda bolsa 21-si guruldy.
Belli şypahanalar bolan Baýramaly, Berzeňňi, Mollagara, Arçman, şeýle hem Ýyly suw, Farap şypahanalarynyň durkunyň täzelenendigini we düýpli döwrebaplaşdyrylandygyny bellemeli. Olar dünýä ülňüleriniň ýokary tehnologiýaly hyzmatlary derejesine doly laýyk gelýän döwrebap, ähli amatlyklary özünde jemleýän şypahana merkezlerine öwrüldiler. Bary-ýogy birnäçe ýylyň dowamynda Hazaryň kenarynda saglygy goraýyş we dynç alyş ulgamynyň giň möçberli düzümi kemala geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek baradaky giň möçberli taslamasy durmuşa geçirilýär. Deňziň keranyndaky keselleriň öňüni alyş, bejeriş we anyklaýyş enjamlary bilen üpjün edilen häzirki zaman saglyk merkezleri, kaşaň myhmanhanalar we dynç alyş merkezleri deňiz şypahanasynyň halkara derejesine doly laýyk gelýär.
Ýurdumyzda döredilýän bejerişiň we sagaldyşyň täze şypahana ulgamy ilatyň saglygyny berkitmeginiň umumy düzüminiň netijeli bölegi bolup durýar we özünde döwletimiziň we daşary ýurtlaryň öňyn tejribelerini jemleýär. Bejerişi we sagaldyşy guramak nukdaýnazaryndan türkmen şypahanalary häzirki döwürde dünýä derejesine çykdy we lukmanylyk hyzmatlarynyň, ýurdumyzyň ajaýyp bejerijilik täsiri bolan serişdeleriniň gymmatlyklaryny ýokarlandyrýar.
Türkmen tebigatynyň dermanlyk otlaryndan we ösümliklerinden derman önümçiligi boýunça birnäçe kärhanalar açyldy. Dünýäniň iri lukmançylk merkezleri we ylmy-barlag edaralary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Şu ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda döwrebap Stomatologiýa merkezi we infuzion erginleri öndürýän derman kärhanasy açyldy hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça ylmy-kliniki merkeziň binalarynyň täze toplumynyň, Halkara lukmançylyk merkeziniň täze binasynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň okuw-ylmy merkeziniň gurluşygyna badalga berildi. Okuw-ylmy merkeziň döredilmegi keselleri anyklamagyň, nähoşlary bejermegiň we olaryň saglygyny dikeltmegiň, keselleriň öňüni almagyň täze usullaryny işläp taýýarlamak, ýurdumyzda täze dermanlyk serişdeleriniň we lukmançylyk önümleriniň öndürilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge mümkinçilik berer. Täze merkeziň işi lukmançylyk boýunça aň-düşünje we maglumatlary bermegiň ulgamynyň döredilmegine, ilatyň sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala getirilmeginiň işjeňleşdirilmegine ýardam berer.
Ýurdumyzda ýokanç keselleriň birnäçesiniň aradan aýrylandygy baradaky halkara sertifikatlar, şeýle hem türkmen lukmanlarynyň şu ugurda toplan tejribesiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitindäki ýurtlarda ýaýradylmagyna maslahat berilmegi Türkmenistanyň saglygy goramak bilen bagly wezipeleri berjaý etmekde gazanýan üstünlikleriniň ykrar edilýändigini aňladýar.
Milli Liderimiziň baştutanlyk etmeginde ýurdumyzda arassaçylyk- keselleriň öňüni almak boýunça oňyn netijeler gazanyldy. Türkmenistanyň Sanitariýa Kodeksiniň täze redaksiýasy, “Azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy hakynda”, “Radiasion howpsuzlyk hakynda”, “Agyz suwy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary we beýlekiler kabul edildi. Geçen ýyllarda ýurdumyzda drakunkulýozyň, poliomielitiň, gyzzyrmanyň eliminasiýasy gazanyldy, munuň özi degişli halkara sertifikatlary arkaly tassyklandy.
Häzirki wagtda türkmen döwleti sagdyn bedenli, ruhy we aň-düşünje taýdan kämil nesliň terbiýelenip ýetişdirilmegine gönükdirilen syýasaty ýöredýär. Soňky ýyllarda kabul edilen “Çaganyň emdirilmegini goramak we wagyz etmek hem-de çaga iýmitine degişli talaplar hakyndaky” Kanunyň hem-de “Türkmenistanyň 2011-2015-nji ýyllarda çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça Milli maksatnamasynyň” ähmiýeti örän uludyr.
Saglygy goraýyş ulgamynda täze lukmançylyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, ylmyň geljegine uly umyt baglanýan gazananlary esasynda berjaý edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň dünýäde has ösen döwlete öwrülmegine degerli ýardam berer. Ilatyň saglygyny goramak boýunça gazanylýan üstünlikler barada aýdylanda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň diňe bir has kämil enjamlardan ybarat bolmak bilen çäklenmän, häzirki döwürde hünärmenleriň taýýarlyk derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, bejerişiň täze, döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagy hem-de ýüz tutanlara dünýäniň lukmançylyk ylmyna laýyklykda ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň tutuş toplumynyň hödürlenmegi babatdaky talaplary hem öňe sürýändigini bellemek gerek.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda resminamalaryň elektron dolanyşygynyň ulgamyny döretmek maksady bilen, welaýatlaryň dolandyryş merkezleriniň we Aşgabat şäheriniň keselleri bejeriş-öňüni alyş edaralarynda resminamalaryň elektron dolanyşygy girizildi.
Ýokanç däl keseller (ÝDK) boýunça hyzmatlary hödürleýän ulgamlaryň düzümi pugtalandyrylýar, ÝDK öňüni alyş we oňa garşy göreşmek, şol sanda ýürek-damar kesellerini, ötüşen respiratorly, endokrin we serebrowaskulýar keselleri bejermek we ilkinji lukmançylyk kömeginiň derejesinde howply çişleri gijikdirmän anyklamak boýunça hyzmatlaryň toplumy kämilleşdirilýär. Has giňden ýaýran ýokanç däl keselleriň döremeginiň mümkinçiligi baradaky konsepsiýa kämilleşdirilýär, ylmy taýdan subut etmek arkaly, bulary ýüze çykarmagyň we korreksiýanyň täsirli we özboluşly skrining usullary işlenip taýýarlanýar. Esasy keselleri bejermegiň standart shemalary ornaşdyrylýar, hyzmat etmegiň hiline we howpsuzlygyna gözegçilik edýän ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly işe girişildi. ÝDK degişli meseleleri çözmek üçin integrirlenen lukmançylyk kömegine we lukmançylyk hyzmatlarynyň yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegine degişli ýörelgeler öňe sürülýär. Ýöriteleşdirilen edaralaryň – sagdyn durmuş ýörelgeleri boýunça merkezleriň, ötüşen keselliler üçin mekdepleriň ulgamy döredildi, bular ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilmegine degişli meseleleri utgaşdyrýarlar.
Ýokanç däl keselleriň öňüni almakda azyk önümleriniň we agyz suwunyň hiline we howpsuzlygyna gözegçilik edildmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, degişli kanunçylyk binýady pugtalandyryldy: “Azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy hakynda”, “Agyz suwy hakynda”, “Çaganyň emdirilmegini goramak we wagyz etmek hem-de çaga iýmitine degişli talaplar hakynda”, “Türkmenistanda azyk önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça sanitariýa gözegçiligini kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary we beýlekiler kabul edilddi. Ilaty arassalanan agyz suwy bilen üpjün etmegiň maksatnamasy hem-de “2013-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmeginiň milli maksatnamasy amala aşyrylýar. Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça Döwletara utgaşdyryjy komitet döredildi we degişli iş meýilnamalary tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, demir ýetmezçilikli animiýanyň öňüni almagyň maksatnamasyny netijeli, uzakmöhletleýin we yzygiderli amala aşyrmak maksady bilen, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň we UNISEF-iň arasynda unuň ýokumyny artdyrmak üçin demiri we foliý kislotasyny (premiksi) satyn almak hakynda uzakmöhletleýin ähtnama baglaşyldy.
Unuň fortifikasiýasy boýunça öňdeligi eýeleýändigi üçin 2011-nji ýylda Türkmenistan sylaglara mynasyp boldy, bular Ýewraziýa maslahatynda hem-de Degirmençilik pudagynyň işgärleriniň halkara assosiasiýasynyň sergisinde dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Azyklyk çig malynyň we azyk önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem bulara barlaghana arkaly gözegçilik etmek baradaky meseleler bilen baglylykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan azyk önümlerini öndürýän desgalara, azyk önümleriniň söwdasyna, jemgyýetçilik iýmitine, mekdebe çenli çagalar edaralaryna we mekdeplere döwlet gözegçiligi boýunça kadalaşdyryjy we usuly resminamalar kämilleşdirildi. Azyk önümleriniň hilini we howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi boýunça esasy düzgünler we kadalaşdyryjy resminamalar tassyklanyldy hem-de azyk önümleriniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyna we sertifikasiýasyna degişli meseleler boýunça kadalaşdyryjy we usuly resminamalar kämilleşdirildi.
“Türkmenistanda duzy tutuşlygyna ýodlaşdyrmak arkaly, ýoduň ýetmezçiligi sebäpli döreýän keselleriň öňüni almak baradaky” usuly görkezme hem-de monitoring, şeýle hem duzuň ýodlaşdyrylmagy, unuň demir we foliý kislotasy bilen baýlaşdyrylmagy boýunça barlaghana gözegçiligi baradaky usulyýetler işlenip taýýarlanyldy we tassyklandy.
Türkmenistanyň azyk önümleriniň bazaryna ýaramaz hilli azyk önümleriniň getirilmeginiň öňüni almak, döwlet gözegçilik we barlag edaralarynyň we gyzyklanma bildirýän beýleki edaralaryň özara ylalaşykly hereket etmegini amala aşyrmak maksady bilen, azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy boýunça monitoringiň umumy ulgamy döredildi. Azyk önümleriniň hiline dürli derejelerde: önümçilik, pudak we döwlet derejesinde gözegçilik edilýär.
Halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň çäklerinde hem-de azyk önümleri, olaryň hiline we howpsuzlygyna göwnejaý gözegçiligiň üpjün edilmegine degişli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen, 2013-nji ýylda Türkmenistan Kodeks Alimentarius FAO /BSGG Toparynyň agzalygyna goşuldy.
Jemgyýetde sagdyn iýmitlenmek we jemgyýetiň her bir raýatynyň sagdyn iýmitlenmegine degişli endikleri kämilleşdirmek bilen baglylykda giňişleýin düşündiriş işlerini geçirmek boýunça çäreleriň Pudagara meýilnamasy kabul edildi. Umumybilim berýän mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda sagdyn iýmitlenmek boýunça amala aşyrylýan çäreleriň çäklerinde, çagalaryň iýmitlenişiniň kadalary häzirki döwürdäki ylmy maglumatlara laýyklykda kämilleşdirildi. Sagdyn iýmite degişli dürli meseleler boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, duşuşyklary we çykyşlary guramak arkaly düşündiriş işleri yzygiderli ýagdaýda geçirilýär.
Çagany emdirmek boýunça maksatnama, “Çaga mähirli garaýan saglyk öýi baradaky başlangyçlar”, “Ene süýdüniň ýerine ulanylýan zatlary ýerlemek boýunça halkara düzgünleriň ýygyndysy” hem-de “Çaganyň emdirilmegini goramak we wagyz etmek hem-de çaga iýmitine degişli talaplar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny mundan beýläk-de amala aşyrylýar.
Sagdyn iýmitlenmek boýunça maşgala lukmanlary üçin usulyýet gollanmasy işlenip taýýarlanylýar. Iýmit önümlerini baýlaşdyryş işlerine yzygiderli gözegçiligi alyp barmak üçin statistika maglumatynyň döwlet ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, hasabat resminamalarynyň döwlet statistik taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde iýmit kafedrasyny açmak hem-de lukmançylyk orta mekdeplerinde bu hünär boýunça okadylmagyny ýola goýmak meselelerine garalýar.
“Saglyk” döwlet maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegiň çäklerinde ilatyň arasynda zyýanly endikleri aýyrmaga uly ähmiýet berilýär. Çilim çekmek hem şol zyýanly endikleriň biri bolup durýar.
2004-nji ýyldan bäri Türkmenistanda ähli jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edildi, nas atmak babatda şeýle düzgün girizildi. 2008-nji ýylyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň çäginde nasy öndürmek, getirmek we ýaýratmak gadagan edildi. 2011-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gol çekdi. 2012-nji ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllar döwür üçin temmäkä garşy göreşmek baradaky çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Hut şonda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň başlyklygynda temmäkä garşy göreşmek boýunça pudagara utgaşdyryjy komitet döredildi. Onuň düzümine ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň 18-siniň wekilleri girdiler. Komitetiň mejlislerinde jogapkär ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň çilimkeşlige garşy göreşmek, Türkmenistanyň uly ýaşly ilatyň arasynda çilimkeşligiň ýaýramak derejesini öwrenmek boýunça sanitar-aň-bilim işi babatda hasabatlary diňlenilýär, temmäki önümlerine täze döwlet standartlarynyň girizilmegi hem-de çilim gaplarynda piktogrammalaryň ýerleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem temmäki tüssesinden we temmäki önümlerini ulanmagyň täsirinden raýatlary goramak hakynda Türkmenistanyň Kanunyň taslamasy taýýarlanylýar. Häzirki wagtda bu taslama Türkmenistanyň Mejlisiniň iş komitetinde ara alnyp maslahatlaşylýar.
Ýokarda agzalan meýilnama hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Çarçuwaly konwensiýasynyň degişli maddalaryna laýyklykda, temmäki önümleriniň bölek-satuw nyrhy birnäçe esse ýokarlandyryldy, häzirki wagtda bu nyrhlar GDA ýurtlaryndan iň ýokary bahalar bolup durýar. Şeýle hem Türkmenistana getirilýän temmäki önümleriniň ählisine çilim çekmegiň adamyň saglygyna zyýan ýetirýändigi baradaky hökmany ýazgylar girizildi. Döwlet dilindäki şol ýazgylar çilimiň gabynyň meýdanynyň 40 göterimini eýeleýär. 2012-nji ýylyň fewralynda “Ynam” merkezleriniň 9-sy (Aşgabat şäherinde 4-si we welaýat merkezlerinde 5-si) döredildi. Isleg bildirýän islendik adam olarda zyýanly endiklerden el çekmek we çilimi taşlamak babatda hünärmenlerden maslahat alyp biler. Şeýle hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş baradaky habarlar merkeziniň hünärmenleri Sagdyn jemgyýeti goraýyş baradaky döwlet gullugy bilen bilelikde talyplaryň, umumybilim berýän mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň, fabrikleriň we zawodlaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň işgärleriniň arasynda zyýanly endikleriň öňüni almak boýunça yzygiderli düşündiriş işlerini geçirýärler.
Türkmenistanda uly ýaşly ilatyň arasynda çilim çekmek derejesiniň ýaýramagy boýunça barlaglary geçirmek üçin 2013-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleriniň missiýasy guraldy. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bilen bilelikde guralan işiň barşynda ýokanç däl keseller boýunça “STEPS” barlaglaryny amala aşyrmagyň jikme-jik meýilnamasy taýyarlanyldy. Çilim çekmek hem şol keselleriň döremeginiň howplarynyň biri bolup durýar. 2013-nji ýylyň sentýabrynda okuw maslahaty guraldy. Onda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleriniň ýardam bermeginde Türkmenistandan söhbetdeşlik geçirenleriň 36-sy we superwaýzerleriň 6-sy okadyldy. Okuw maslahatyna Moldowadan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan gelen hünärmenler hem gatnaşdylar. Olar öz ýurtlarynda şeýle barlaglar geçirmek üçin bilimleri aldylar. Barlaglar 2013-nji ýylyň 23-nji sentýabryndan 23-nji oktýabryna çenli tutuş Türkmenistan boýunça 3800 öý hojalyklarynyň arasynda geçirildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Statistika baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleriniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleriniň kömegi bilen taýýarlan maglumatlarynyň üstünde deslapky işlemek çäresi alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň lukmançylyk ylmyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamyny özgertmek işinde lukmançylyk ylmyna pudagy ýokary dünýä derejesine çykarmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan hereketlendiriji güýji hökmünde garaýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň kuwwaty iri saglygy goraýyş we ýöriteleşdirilen edaralaryň, derman senagaty kärhanalarynyň ylmy-kliniki we barlag merkezlerinden, şeýle hem lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň ylmy bölümlerinden ybaratdyr. 2010-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan bu ýokary okuw mekdebi diňe bir täze ajaýyp binagärlik toplumyna däl, eýsem, uniwersitetiň derejesine hem eýe boldy.
3 müň talyba niýetlenen Döwlet lukmançylyk uniwersiteti ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga saldamly goşant goşýar. Okuwlaryň netijeli bolmagy üçin öňdebaryjy okuw we interaktiw usullary, Internet serişdeleri hem-de telelukmançylygyň mümkinçilikleri ulanylýar. Talyplar paýtagtymyzdaky döwrebap lukmançylyk şäherjikleriniň ikisinde okuw-önümçilik tejribesini geçýärler. Olaryň düzümine lukmançylyk merkezleriniň 10-dan gowragy girýär.
Häzirki wagtda uniwersitetiň düzümine 8 fakultet we 52 kafedra, ylmy-kliniki, stomatologiýa okuw-önümçilik merkezi, ylmy-barlag merkezi, lukmançylyk biotehnologiýa, sport lukmançylygy merkezleri, maglumatlar-hasaplaýyş merkezi girýär.
Ýylsaýyn uniwersitetde hünärleriň hem-de okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sany artýar. 2011-nji ýylda bejeriş-öňüni alyş, pediatriýa, usulyýet-öňüni alyş, stomatologiýa we farmasewtika fakultetleriniň üstüne sport lukmançylygy fakulteti goşuldy. 2012-nji ýylda harby lukmançylyk fakulteti hem-de diplomdan soňky taýýarlaýyş we lukmanlary kämilleşdirmek fakultetleri işläp başlady. 2011-nji ýylda “Ýewropa Biznes Assambleýasy” halkara guramasy Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine “Ýewropa hili” halkara baýragyny gowşurdy, 2012-nji ýylda bolsa Döwlet lukmançylyk uniwersiteti Bütindünýä lukmançylyk bilimi federasiýasy tarapyndan “Awisennanyň direktoriýasy” Bütindünýä maglumatlar binýadyna girizildi.
Lukmançylyk we ylmy işgärleri taýýarlamak işiniň kämilleşdirilmegi, halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň abraýynyň artmagyna hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine goşulmagyna ýardam edýär.
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we daşary ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-kliniki merkezleriniň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk, şol sanda bilelikde ylmy işleri alyp barmak boýunça gatnaşyklar ýola goýuldy. Mysal üçin, lukmançylyk ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ýokary netijelerini nazara almak bilen, uniwersitetiň ähli fakultetleriniň okuw maksatnamalaryna, şeýle hem Diplomdan soňky taýýarlaýşyň hem-de lukmanlary kämilleşdirmegiň okuw maksatnamalaryna we ýaş alymlar üçin nemes dilini öwrenmek boýunça sapaklar girizildi.
Şunda lukmançylyk ylmyny ösdürmek, lukmanlaryň hünärini ýokarlandyrmak, olary taýýarlamagyň we gaýtadan taýýarlamagyň ulgamyny kämilleşdirmek türkmen lukmançylygynyň durmuş babatdaky ornuny güýçlendirmek bilen bilelikde alnyp barylýar. Munuň özi lukmançylyk aň-bilim we lukmançylyk maglumat ulgamyny döretmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşyklydyr.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, saglyk diňe 10 göterim derejede saglygy goraýyş ulgamynyň işi bilen baglanyşyklydyr, 20 göterim derejede ol nesilden-nesle geçmek ýagdaýlary bilen şertlendirilendir, şol derejede hem ol ekologiýa ýagdaýlary bilen kesgitlenilýär we 50 göterim derejede adamyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyna we onuň arassaçylyk, saglygy saklamak we berkitmek meseleleri babatda habarly bolmagyna baglydyr. Şundan saglygy berkitmek işiniň köp ugurly häsiýete eýedigi baradaky netijä gelmek bolýar. Ol diňe bir lukmançylyk-sanitariýa aň-bilimi bilen çäklenmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň endiklerini özleşdirmek, adamlaryň saglygyny aýawly saklamak, ýaşaýyş-durmuşyň hilini gowulandyrmak üçin degişli şertleri döretmek ugurlaryny hem öz içine alýar. Başgaça aýdylanda, bu babatda syýasy çözgütler möhümdir. Şol çözgütler bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan işlerinde öz aýdyň beýanyny tapýar. Milli Lilerimiz saglyk her bir adam, jemgyýet üçin örän wajyp meseledir, halkyň saglygy bolsa döwletiň uly baýlygydyr diýen ýörelgeden ugur alýar.
Döwlet Baştutanymyz jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň öňbaşçysy, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda ählihalk çäresiniň başyny başlaýjysy, lukmançylyk we tehnologik işiň ugrukdyryjysy, türkmen halkynyň ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň goraýjysy hökmünde ildeşlerimize şahsy görelde görkezýär.
Saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasaty, bir tarapdan, her bir adamyň öz saglygy üçin jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýan bolsa, beýleki bir tarapdan, döwlet munuň üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredýär hem-de hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Mysal üçin, saglygy goraýyş syýasaty daşky gurşawy goramak ulgamynda hem, ykdysadyýet we bilim, medeniýet we ruhyýet ulgamlarynda hem durmuşa geçirilýär. Bir söz bilen aýdylanda, bu syýasat adamlaryň doly derejeli beden hem-de ruhy saglygy üçin uly ähmiýete eýe bolan ähli ugurlarda amala aşyrylýar.
Şeýlelikde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Ilatyň saglygy we abadançylygy bolsa bu ösüşiň örän wajyp maksadydyr.