Ï Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebit býurosynyň direktoryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Ýewropa sebit býurosynyň direktoryny kabul etdi

view-icon 728
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça BSGG-niň Ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň “Saglyk –2020” syýasatynyň çäginde geçirilýän Ýewropa ministrler maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit býurosynyň sebitleýin direktory hanym Žužanna Ýakaby kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyza mähirli kabul edilendigi we bu wajyp maslahatyň taýýarlygyna ýardam berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman köp ýyllaryň dowamynda ýurduň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden we Türkmenistan bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmegine ägirt uly şahsy goşant goşan türkmen Lideri bilen her gezekki duşuşyga örän şatdygyny belledi.

Ilatyň saglygyny goramakda ýurdumyzda gazanylan uly üstünliklere ýokary baha bermek bilen, Žužanna Ýakab munuň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň durmuş ulgamyny ugur edinýändiginiň we onuň halkyň bagtyýarlygy, saglygy we abadançylygy hakynda hemmetaraplaýyn aladany öz içine alýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, milli Lideriniň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň netijesinde, türkmenistanlylar häzirki zaman lukmançylyk hyzmatlarynyň giň ugruna eýe boldular. Ýurduň paýtagtynda we ähli welaýatlarynda döwrebap hassahanalar we iri bejeriş-anyklaýyş merkezleri guruldy. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň alnyp barylmagy, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi bilen baglanyşyklydyr hem-de bu türkmen jemgyýetiniň fiziki we ruhy taýdan sagdyn ösmegini şertlendirýär diýip, myhman belledi.

Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, BMG we onuň aýry-aýry düzümleri bilen hyzmatdaşlygy döwlet ösüşiniň, şol sanda adamlaryň saglygyny goramak we berkitmek ulgamyndaky möhüm maksatlaryna laýyk gelýändigini belledi. Şu jähetden Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi. Bu gurama bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda häzirki zaman lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça möhüm bilelikdäki taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz BSGG-niň ýokary wezipeli wekiline eneligi we çagalygy goramak ulgamynda guramanyň berýän goldawy we kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi we onuň azyk önümlerini baýlaşdyrmak, ilaty ýodlaşdyrylan duz we demir bilen baýlaşdyrylan un bilen üpjün etmek boýunça, şeýle hem çaga immunizasiýasy boýunça işjeň goldaw berilýändigini aýtdy, bu babatda Türkmenistana sebitde öňdäki ornuň berilýändigi bellenildi.

Çilimkeşlik ýaly ýaramaz endigi aradan aýyrmak, şeýle hem düwnük, gan-damar keselleri, diabet ýaly köp ýaýran ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olara garşy göreşmek boýunça bilelikdäki işiň birnäçe ugurlary gürrüňdeşligiň esasyny düzdi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu keselleriň netijeli bejerilmegi boýunça oňyn tejribe toplady.

Däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça guralan pikir alyşmalaryň çäklerinde 2010-2015-nji ýyllarda BMG-niň agentlikleri bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigi nygtaldy. Milli we sebitleýini derejede ýola goýlan gatnaşyklaryň giňeldilmegine we birnäçe möhüm ugurlarda, şol sanda saglygy goraýyş ulgamy üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine bolan özara gyzyklanmalar beýan edildi.

Biziň ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyň döwrüň talap edýän görnüşleriniň has netijeli ugrunyň gözlegi babatda başlangyçlary üçin hoşallyk bildirip, Žužanna Ýakab Aşgabatda şunuň ýaly wekilçilikli we sebitde ýokary derejeli çäräniň geçirilmeginiň munuň nobatdaky subutnamasydygy belledi. Şeýle hem ol Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistana bu möhüm ulgamdaky baý tejribesini hem-de täze işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardygyny nygtady.

Forumyň işine üstünlik arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek meselelerine bagyşlanan Ýewropa ministrler maslahytynyň diňe bir giň halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine däl, eýsem, saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirýän Türkmenistanyň abraýynyň ýokarlanmagyna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan ägirt uly üstünliklerini we ýeten derejesini wagyz etmäge oňyn täsir etjekdigine ýnam bildirdi.