Ï Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 713
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Daniele Boziony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowurdy.

Duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, diplomat Italiýa Respublikasynyň parahatçylyk, döredijilik we ösüş syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady.

Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, döwlet Baştutanymyz Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Jorjo Napolitano özüniň iň oňat arzuwlaryny aýtdy hem-de Türkmenistanyň hem öz tarapyndan Italiýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şol sanda soňky ýyllarda Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde, şeýle-de beýleki iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýändigini belledi.

Ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada özara gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň Baştutany we Italiýa Respublikasynyň doly ygtyýarly wekili türkmen-italýan gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda gazanylan ýokary derejesini kanagatlanmak bilen nygtadylar hem-de iki ýurduň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna gabat gelýän netijeli özara gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň örän işewür häsiýetini we ony ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp, diplomat şeýle netijeli özara gatnaşygyň Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly syýasaty netijesinde mümkin bolandygyny nygtady. Türkmen Lideriniň syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ýola goýmaga başlangyçlar arkaly çemeleşmegi soňky ýyllarda örän dürli ugurlar boýunça durmuşa geçirilen bilelikdäki köp möhüm taslamalaryň üstünlikli bolmagyny öňünden kesgitledi.

Döwletara gatnaşyklaryny has-da ýygjamlaşdyrmaga iki ýurduň özara meýillidigini tassyklap, döwlet Baştutanymyz we onuň myhmany hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Onuň esasy ugurlary hökmünde ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady ulgamy, ulag-aragatnaşyk toplumy, oba hojalygy we beýleki pudaklar görkezildi. Şeýle hem gumanitar ulgamda, hususan-da, ylymda, medeniýetde we bilimde, saglygy goraýyşda, şonuň ýaly-da syýahatçylyk pudagynda döwletara aragatnaşyklaryny işejeňleşdirmegiň we hemmtaraplaýyn çuňlaşdyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Aýratyn duşuşmaga wagt tapandygyna hem-de Italiýa Respublikasynyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesindäki işlerinde üstünlikleri arzuw edendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, jenap Daniele Bozio däp bolan hoşniýetli gatnaşyklary depginli ösdürmäge hem-de iki dostlukly halklaryň bähbiitlerine gabat gelýän hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge tarap alnan ugry dowam etmäge öz tarapyndan ýardam etjekdigine türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdy.