Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 913
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, bilen baglanyşykly meselelere seredildi.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleriň Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk, goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda geçirilýän düýpli özgertmeleriň has-da derwaýysdygyny belledi.

Mejlisde Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, ozal berlen tabşyryklaryň berjaý edilişi, şeýle hem milli Liderimiz tarapyndan öňe sürlen we ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň göwnejaý gulluklary hem-de ýaşaýyşlary üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen harby özgertmeleriň barşy barada hasabat berdiler. Esasan-da, çykyş edenler döwrebap harby şäherçeleriň, serhet galalarynyň gurluşygynyň barşy, ýokary hünärli harby gullukçylaryň taýýarlygy, goşun düzümleriniň ygtyýaryna gelip gowşan ýörite tehnikalary degişli derejede saklamak we olary ulanmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada aýtdylar.

Ilki bilen şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işler, ýurdumyzda parahatçylykly we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhüm şerti bolan durnuklylyk ýagdaýyny saklamak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat berdi.

Howpsuzlyk geňeşiniň anyk we sazlaşykly işini üpjün etmek babatda ilkinji nobatdaky çäreleri kesgitlemek bilen, döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzy yhlasly zähmetleri arkaly berkidýän, türkmen halkynyň parahatçylykly we döredijilikli durmuşynyň esaslaryny pugtalandyrmak boýunça derwaýys köpugurly işi alyp barýan ähli düzümleriň işiniň utgaşdyrylmagynyň zerurdygyny belledi. Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Harby doktrinasynyň düzgünlerinden gelip çykýan wajyp wezipeleri kesgitlemek bilen, milli Liderimiz onuň düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi kanunçylygyň hem-de tertip-düzgüniň mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň goragynda durýan her bir adam üçin mukaddes borç bolup durýandygyny nygtady.

Soňra ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna Türkmenistanyň döwlet serhetlerindäki ýagdaýlar we mähriban Watanymyzyň mukaddes çäklerininden bikanun geçmek ýaly islendik çäreleriň öňüni almak maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Düzümiň öňünde durýan wezipeleriň örän derwaýysdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz türkmen serhetçileriniň Watanymyzyň we halkymyzyň öňündäki raýatlyk we harby borçlaryny ýerine ýetirip, mähriban topragyň parahatçylygynyň, asudalygynyň we durnuklylygynyň goragynda durmak bilen, harby borçlaryny nusgalyk derejede ýerine ýetirmelidiklerini belledi.

Şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň goranyş ukybyny hemmetaraplaýyn güýçlendirmäge, milli goşunymyzyň kuwwatyny artdyrmaga, harby gullukçylaryň ýokary derejeli gulluklary hem-de ýaşaýyşlary üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen harby özgertmeleriň çäklerinde gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler barada Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat berdi.

Bu ugur boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň möhümdigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň mundan beýläk-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn biýnadynyň kämilleşdirilmegine, harby gullukçylaryň hünäriniň ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem Watan goragçylarynyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagyna yzygiderli üns berjekdigini belledi.

Milli Harby doktrinanyň esasy ugurlary barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz onuň goranyş häsiýete eýe bolmalydygyny ýene bir ýola belledi. Şeýle hem oňyn bitaraplyk we parahatçylyksöýüjilik ýörelgelerine daýanýan Türkmenistanyň Harby doktrinasy Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegirmesizligini, diýmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi üçin has oňaýly şertleriň döredilmegini, türkmen halkynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň hemmesiniň durmuşa geçirilmegini baş maksat edinýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyz B.Amanowy Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyň rektory wezipesine bellemek baradaky Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda prokuratura edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunlarynyň ýerine ýetirilişine, jenaýat işleriniň, gyssagly-gözleg we barlag çäreleriniň alnyp barylyşynyň kanunçylygyna ýerine ýetirilýän gözegçilik işleri barada hasabat berdi.

Prokuratura işgärlerine ägirt uly jogapkärçiligiň degişlidigini bellemek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mundan beýläk-de işgärleriň seçilip alynşyna berk gözegçiilik etmegi tabşyrdy we olaryň Watanymyza halal, ak ýürek bilen hyzmat etmekde görelde bolmalydyklaryny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilşi, hususan-da, ýurtda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek we hukuk bozmalaryň öňüni almak, şol sanda ýurdumyzyň ulag ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň möçberlerini azaltmak ugrunda netijeli işler alyp barýan ýol gözegçilik gullugynyň işini utgaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikow hasabat berdi. Şeýle hem ministr döwlet Baştutanymyza düzüme degişli täze gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny görkezdi. Mundan başga-da ol Içeri işler ministrliginiň işgärleri üçin Aşgabat şäherinde ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup gutarylandygyny habar berip, hormatlyPrezidentimizden jaýlaryň açylyş dabarasyny geçirmäge ak pata bermegi haýyş etdi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň hasabatyny diňläp, hormatly Prezidentimiz kanunçylygyň, esasan-da, Bitaraplyk gününiň we hemmeleriň söýgüli baýramy bolan Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda tertip-düzgüniň berk berjaý edilmegi boýunça alnyp barylýan işlere örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalary, umuman oňlap, olara birnäçe düzedişleri girizdi we degişli teklipleri aýtdy. Düzümiň işgärleri üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryny Bitaraplyk baýramçylygyna gabatlap açyp ulanmaga bermegi tabşyrdy.

Içeri işler ministrliginiň gullukçylaryna ýurtda jemgyýetçilik durnuklylygyny we tertibi üpjün etmek, döwlet ösüşiniň möhüm wezipelerini üstnlikli ýerine ýetirmek işinde möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ministre birnäçe anyk görkezmeleri we tabşyryklary berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowa polisiýanyň general-maýory ýörite adyny bermek baradaky resminama gol çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň kazyýetleriniň işiniň netijeleri barada habar bermek bilen, adyl kazyýetiň raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramak boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Kazyýet edaralarynyň işgärlerine ýüklenen borjuň örän möhümdigini we jogapkärlidigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kazylar çözgüt kabul edenlerinde onuň netijeleriniň adam ykbaly bilen baglanyşyklydygyny hemişe ýatda saklamalydyrlar diýip belledi.

Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow öz gezeginde döwlet Baştutanymyzyň milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek, onuň işini umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna we Berkarar döwletitmiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm wezipelerine laýyk getirmek maksady bilen, ozal beren taşryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, adamlaryň bagtyýarlygyny we abadançylygyny esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň ilkinji nobatdaky maksatlaryna laýyk gelýän giň möçberli hukuk özgertmeleriniň çäklerinde işlenip taýýarlanylýan hukuknamalarynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew çykyş edip, özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişini, şol sanda gümrük gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçiriliýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň welaýatlarynda gümrük gullugynyň gurulmagy meýilleşdirilýän edara binalarynyň taslamalaryny görkezdi.

Daşary ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýän döwründe gümrük gullugyna möhüm ornuň degişlidigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz serhetden geçýän ähli harytlaryň we ýükleriň jikme-jik barlanmalydygyny, ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady blen, gadagan edilen harytlaryň ýurdumyza getirilmeginiň öňüniň alynmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz görkezilen taslamalaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ugurdaş binalardan edilýän talaplara laýyk gelmelidigini nygtap, olara birnäçe düzedişleri girizdi we bellikleri aýtdy.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş Döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow hasabat döwründe kontrabanda we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreleri güýçlendirmek babatda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Hususan-da, ýurumyzyň hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn çäreleriň netijesinde ýeňil eklenç gözläp, neşe söwdasyny baş goşan jenaýatçy toparyň ýüze çykarylandygy barada aýdyldy.

Harby we hukuk goraýjy düzümleriň mundan beýläk-de neşekeşligi ýok etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alyp barýan bilelikdäki tagallalaryny güýçlendirjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti ilat arasynda, ilkinji nobatda bolsa ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

“Neşekeşlige biziň aramyzda orun ýokdur, halkymyz hemişe kanuny bozup, neşe söwdasy bilen meşgullanýan, jemgyýetimize ägirt uly zyýan ýetirýän adamlary ýazgarypdyr” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna migrasiýa syýasatyny has netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2013-nji ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow hasabat berdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Halkara migrasiýa guramasynyň agzasy bolmagy gullugyň işgärleriniň buýsanjyny we işine bolan jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrandygyny aýratyn belledi. Ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Merkezi Aziýada Apatritleriň statusy hakyndaky konwensiýa goşulan ilkinji döwletdigini, şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken degişli Permanlaryna laýyklykda, ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan we raýatlygy bolmadyk adamlaryň müňlerçesiniň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilendigini nygtady.

“Ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlarynyň, duşuşyklarynyň, möhüm syýasy, ykdysady we medeni çäreleriň sanynyň soňky ýyllarda durnukly artýandygyny, Türkmenistana gelýän syýahatçylaryň sanynyň köpelýändigini nazara almak bilen, migrasiýa gullugynyň işgärlerine örän möhüm jogapkärçiligiň düşýändigini bellemeli” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu düzüm üçin işgärleriň seçilip alynmangyna we olaryň ýerli-ýerinde goýulmagyna toplumlaýyn çemeleşilmelidigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halkara migrasiýa guramasyna kabul edilmegi ýurdumyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine we öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlylygynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip belledi. Biziň ýurdumyz mundan beýläk-de dünýä bileleşiginiň öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň adamlaryň abadançylygynyň bähbidine hem-de durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigini nygtady.

Göçme mejlisi jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň binýatlaryny pugtalandyrmakda, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde kanunçylygy we tertip-düzgüni berkitmekde türkmenistanlylaryň abadan durmuşy we döredijilikli zähmeti üçin zerur şertleri döretmekde harby we hukuk goraýjy düzümlere möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Milli Liderimiziň belleýişi ýaly, döwletimiz mundan beýläk-de harby we hukuk goraýjy düzümleriň işini kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Watanymyzyň goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak meselelerini hemişe üns merkezinde saklar.

Harby we hukuk goraýj edaralarynyň ýolbaşçylaryna bildirilýän taraplaryň hatarynda özüniň gözegçilik edýän ulgamlaryndaky şahsy düzümlerde berk düzgün-tertibiň üpjün edilmegi, işgärleriň ýokary jogapkärçiligi we mukaddes borçlaryna wepalylygy ýaly ýörelgeler bar.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlamak bilen, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk we mähriban Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.