Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 768
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleriniň birnäçesine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ýetip gelýän Türkmenistanyň milli baýramçylygynyň—Bitaraplyk gününiň giňden we dabaraly ýagdaýda belleniljekdigini aýtdy.

-- Biz ýurdumyzda bellenýän baýramlar mynasybetli beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen adamlaryň günäsini geçip, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys. Ýurdumyzyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli hem şunuň ýaly sahawatly çäräni geçirmek barada karara geldik. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky topar günä geçmek bilen bagly resminamalary taýýarlady diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz geçirilen iş hakynda hasabat bermek üçin bu toparyň başlygy— Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ol halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik däpleriniň häzirki döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini we eden etmişine ak ýürekden ökünip, toba gelen raýatlaryň günäsini geçmek çäresiniň asylly adata öwrülendigini belledi hem-de “Türkmenistanyň Milli baýramy, Bitaraplyk güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permanyň taýýarlanylan taslamasy hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu ýokary ynsanperwer däplerine eýerip, Bitaraplyk güni mynasybetli 630 raýatyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar baýramçylyk günleri öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna tabşyrdy. Biz şunuň ýaly sahawatly çäreleri geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaga mümkinçilik döredýäris diýip, milli Liderimiz nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu barada söz açyp, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine we beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berildi. Ol hormatly Prezidentimize ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hasaplaryna daşary ýurt pulundaky girdejileriň gelip gowuşmagynyň ýagdaýyna geçirilen seljerme işleriniň netijeleri hem-de käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýyna, olaryň döwlet býujetine salgytlar we tölegler boýunça bergilerine geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, wise-premýer “Tükmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa zawodynda ýylda 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürýän sehiň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin karz bermegiň meseleleri boýunça jikme-jik habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň himiýa senagaty üçin mineral çig mallarynyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini nygtady we “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa zawodynda ýylda 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürýän sehiň gurluşygyny maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly meseläni jikme-jik öwrenmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz göz öňünde tutulan işleriň ählisiniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetrilmegine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýerler A.Goçyýewe we B.Italmazowa anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy görkezijileriniň ösüşi durnukly saklanýar diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Goçyýewe ýüzlenip, geçirilýän işlere nägilelik bildirdi we gazanylan bu üstünliklerde wise-premýeriň hem-de onuň gözegçilik edýän, ýurdumyzyň maliýe hem-de ykdysady ýagdaýyna doly jogap berýän ykdysadyýet, maliýe we bank toplumyňyzyň ýolbaşçylarynyň uly bir goşandynyň ýokdugyny aýtdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki Orunbasarlarynyň öňde goýlan wezipeleri hem-de kabul edilen ösüş maksatnamalary ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary edýändigini bellemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti olaryň oňyn netijeleri gazanmaga uly goşant goşýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, ozal berlen tabşyryklaryň degişli derejede ýerine ýetirilmezligi, şol sanda wise-premýeriň gözegçilik edýän ministrliklerine we pudak edaralaryna ýaramaz ýolbaşçylyk etmegi sebäpli oňa nägilelik bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, parahorlygyň we beýleki ýaramaz ýagdaýlaryň ýüze çykarylandygy sebäpli, Baş döwlet salgyt gullugynyň ýolbaşçylaryny eýeleýän wezipelerinden boşatmaly boldy. Ýöne muňa garamazdan, şondan soň hem bu Gullugyň işi gowulanmady. Gullukda salgyt salynmagy netijesinde alynýan serişdeleriň gelip gowuşmagyna gözegçiligiň gowşadylandygyny, gelýän serişdeleriň derejesine baha bermekde hem ýalňyşlyga ýol berilýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň salgyt ulgamyny düýpli özgertmek barada öň berlen tabşyrygyň ýerine ýetirilmändigi sebäpli nägilelik bildirdi.

Salgyt ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlamagyň esasy wezipeleriň biri bolup durýandygyny belläp, milli Liderimiz bu ugurdaky işleriň hem talaba laýyk alnyp barylmaýandygyny aýtdy hem-de bu ugurda işleri dowam etmelidigini belledi. Häzirki döwürde bu Gulluga ýokary taýýarlykly, öz işini oňat bilýän, ak ýürekli hünärmenleriň zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça alnyp barylýan ähli işleri utgaşdyrmak Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar diýip belledi. Emma Ministrlik ýurdumyzy ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň öz wagtynda we talaba laýyk ýerine ýetirilmegine ýaramaz gözegçilik edýär diýip, milli Liderimiz ministrlik, hususan-da Obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamanyň, şeýle hem örän möhüm binalary we desgalary gurmagyň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine ýeterlik gözegçilik etmeýär diýip nygtady.

Ykdysadyýet we ösüş ministrligi dünýäniň we sebitiň ykdysadyýetiniň ýagdaýy bilen bagly ýüze çykýan dürli sebäplere görä ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän ýurdumyzyň ministrliklerine we pudak edaralaryna hem ýardam bermeýär diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy. Mysal üçin, welaýatlarda nusgalyk şäherçeleri gurmak baradaky kararyň kabul edilenine bir ýyla golaý wagt geçen hem bolsa, käbir welaýatlarda bu şäherçeleriň gurluşygyna şu wagta çenli hem başlanmandyr.

Maliýe ministrliginiň işi bilen bagly meseläni gozgap, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe ýagdaýynyň ýeterlik derejede seljerilmeýändigini, olaryň maliýe-hasabat beriş tertip-düzgünini gowulandyrmak we degişli resminamalary düzmegiň usullarynyň kämilleşdirilmeýändigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz maliýe taýdan bähbitli däl kärhanalary ýapmak boýunça zerur çäreleriň görülmeýändigini we kabul edilen durmuş maksatnamalarynyň doly möçberde, talaba laýyk maliýeleşdirilmegiň hem üpjün edilmeýäindigini belledi.

Döwlet kärhanalarynyň binýadynda paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, şeýle hem gymmatly kagyzlara nyrh kesmek we olaryň hasabyny ýöretmek boýunça işleriň göwnejaý alnyp barylmaýandygy kemçilikleriň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işine hem köp sanly nägilelikleriň bildirilýändigini aýtdy. Bu Ministrlikde pensiýalaryň möçberlerini hasaplamak we gaýtadan hasaplamak boýunça alnyp barylýan işlerde heniz ýalňyşlyklara ýol berilýär. Umuman, pensiýa ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler ýaramaz guralypdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Ýurdumyzyň bank ulgamyny ösdürmek boýunça hem zerur çäreler görülmeýär diýip döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler barada aýratyn durup geçdi. Hususan-da, ýurdumyzyň banklarynyň ileri tutulýan milli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge, ykdysadyýetimiziň önümçilik pudaklaryny karz serişdeleri bilen üpjün etmäge entek ýeterlik derejede gatnaşmaýandygy bellenildi. Banklar tarapyndan berlen karz serişdelerini bellenen möhletlerde gaýtarmak boýunça işler hem öz erkine goýberilipdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ýurdumyzda ykdysadyýet we maliýe toplumyna degişli ylmy institutlar döredildi diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi hem-de olaryň öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda, milli maksatnamalaryň ylmy esaslaryny taýýarlamaga, ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlaryny kesgitlemäge degişli meseleler bilen meşgullanmalydygyny aýtdy. Şeýle hem, bu institutlar ylmy-ykdysady çaklamalary we teklipleri hödürlemeli, ýurdumyzyň halkara zähmet bölünişiginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri taýýarlamaly. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini has bähbitli ugurlar boýunça ösdürmek we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň düzümini kämilleşdirmek boýunça hödürnamalary işläp taýýarlamak hem bu institutlaryň esasy wezipeleri bolup durýar. Emma muňa garamazdan, bu ugurdaky işler hem talaba laýyk alnyp barylmaýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow A.Goçyýewe ýüzlenip, onuň gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işinde entek köp sanly kemçilikler bardygyny, şol kemçilikleriň bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine, onuň hil görkezijilerine gönüden-göni ýaramaz täsir edýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrliklerň we pudak edaralaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe berk käýinç yglan etdi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berildi. Ol milli kanunçylygy has-da kämilleşdirmek boýunça parlamentiň işi, şeýle hem ýurdumyzda geçiriljek nobatdaky parlament saýlawlaryna görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Mejlisiň kanunçykaryjylyk işiniň döwlet syýasatyny hem-de ýurdumyzy hemmetaraplaýyn depginli ösdürmäge, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmegiň esasy guraly bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, 15-nji dekabrda Türkmenistanda örän möhüm syýasy çäre – Mejlisiň deputatlygyna saýlawlar geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu saýlawlaryň hem öňküler ýaly, birnäçe dalaşgärleriň gatnaşmagynda demokratiýa, hakyky bäsleşik, açyklyk we aýanlyk ýörelgelerine laýyklykda geçiriljekdigine ynam bildirdi. Saýlawlara ýerli synçylardan başga-da, daşary ýurtly synçylar hem çagyrldy. Şoňa görä-de, bu saýlawlar demokratik özgertmeleriň täze tapgyry hökmünde jemgyýetimiziň durmuşynda halk häkimiýetiniň ýörelgelerini amala aşyrmakda nobatdaky möhüm ädime öwrüler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow geçirilen iş hakynda habar berip, türkmen döwletiniň Baştutanynyň Birleşen Arap Emirliklerine 9-10-njy dekabrda meýilleşdirilen resmi saparyna taýýarlyk görmek meselesi boýunça hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylyň oktýabrynda ýola goýuldy. Häzirki günde döwletara hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýady dürli derejelerde gol çekilen resminamalaryň 28-sinden ybaratdyr. Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri oňyn syýasy gatnaşyklary, şol sanda abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürýärler. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk okgunly häsiýete eýedir, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň yzygiderli ösüşi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu babatda hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki komitete möhüm orun degişlidir, onuň işi netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýär. Şunuň bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn gumanitar-medeni gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň resmi saparyna gabatlanyp, Birleşen Arap Emirliklerinde ýurdumyzyň Medeniýet günleri açylar, indiki ýyl bolsa Türkmenistanda Birleşen Arap Emirlikleriniň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirildi.

Bellenip geçilişi ýaly, nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibine turuwbaşdan deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralan döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň ileri tutulýan meseleleri giriziler. Türkmenistanyň Prezidenti saparyň çäklerinde Dubaý şäherine hem baryp görer.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Birleşen Arap Emirlikleri bilen döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtady, şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze depgine we mazmuna eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň uly mümkinçiliklere eýe bolan Birleşen Arap Emirlikleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi hem maksat edinýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu barada söz açmak bilen, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň ýolunda täze möhüm ädim hökmünde Birleşen Arap Emirliklerine boljak resmi saparyň ähmiýetini nygtady.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 18 ýyllygyna bagyşlanylan halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk hakynda hem hasabat berdi, şol maslahat 11-nji dekabrda Aşgabatda bolar.

Bu babatda hormatly Prezidentimiz öz hemişelik Bitaraplyk derejesine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň mundan beýläk-de ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän sebitleýin we dünýä möçberinde oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň ýardam etjekdigini belläp, maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew energetika pudagyndaky işleriň ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer Türkmenistandan Owganystana iberilýän elektrik energiýasyna degişli alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Elektroenergetikanyň milli ykdysadyýetmiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energetika syýasatynyň Türkmenistanyň senagat, oba hojalyk, durmuş ulgamlarynyň isleglerini doly kanagatlandyrmaga, şonuň ýaly-da daşary ýurtlara ibermegiň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilendigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan Owganystana iberilýän elektrikenergiýasynyň meselelerine degip geçip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iň ýakyn goňşy bolmak bilen, ýurdumyzyň hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde birnäçe taslamalary, şol sanda owgan halkyny ýeňillikli esasda elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça ylalaşygy amala aşyrýandygyny nygtady. Türkmen hünärmenleri Owganystanyň çäklerinde möhüm ykdysady desgalaryň gurluşygyny alyp barýarlar.

Milli Liderimiz gürrüňini dowam edip, welaýatlarda energiýa tygşytlamagyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga ünsi jemledi. Ol energiýa desgalaryň birnäçesini abatlamagy we döwrebaplaşdyrmagy, önümçilige energiýa bilen üpjünçiligiň ýokary derejesini gazanmaga mümkinçilik berjek daşary ýurtlaryň energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy özünde jemleýär.

Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş edip, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzir welaýatlarda güýzlük däne ekinlerine ösüş suwy tutulyp, haşal otlara garşy işler alnyp barylýar. Işlenip taýýarlanan maksatnamalara laýyklykda, suwarymly ýerleri netijeli peýdalanmak, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, hojalygy ýöretmegiň täze usullaryny peýdalanmak boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.

Wise-premýer hasabatynyň çäginde “Daýhan hojalyklary üçin oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakyndaky” kararyň taslamasyny döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygyny özgertmek, dänäniň, pagtanyň we beýleki möhüm ekinleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak babatda döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleri takyk utgaşdyrmagyň we bu işe toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz oba hojalyk toplumynyň dürli ugurlaryna döwrebap tehnologiýalary we täze ylmy gazanylanlary ornaşdyrmak boýunça işleriň depginini artdyrmagy tabşyrdy. Şunda güýzlük dänä ideg edilende zerur bolan agrotehniki çäreleriň ählisini takyk berjaý etmegiň möhümdigi aýratyn bellenildi. Munuň özi geljek ýyl ak bugdaýyň bereketli hasylyny almagyň möhüm şerti bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen kararyň taslamasyny makullap we oňa gol çekip, ony ýerine ýetirmek bilen bagly birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy we ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe iri maýa goýum taslamalarynyň öňe ilerledilişi barada hasabat berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenen “Türkmenistanyň içerki sarp edijilerine 2014-nji ýylda nebit önümlerini paýlamak hakyndaky” kararyň taslamasy barada habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň eýe bolan baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmagyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady. Ol türkmen halkynyň abadançylygyny we gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan anyk wezipeleriň üstünde durup geçip, döwlet Baştutanymyz täze nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegi çaltlandyrmak babatda işleri işjeňleşdirmegiň, sebit we dünýä möçberinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň kuwwatly guraly bolan köpugurly gaz geçiriji düzümi ösdürmegiň zerurdygyny belledi. Nebiti we gazy gaýtadan işleýiji pudaklaryň kärhanalaryny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sarp edijileriniň isleg bildirýän önümleriniň giň görnüşlerini çykarýan täze önümçilikleri döretmegiň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Bu babatda energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyna, dünýäniň işewür toparlarynda degişli işleri alyp barmakda uly tejribesi bolan, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan abraýly halkara kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

“Türkmenistanyň içerki sarp edijilerine 2014-nji ýylda nebit önümlerini paýlamak hakyndaky” kararyň taslamasyna garap we ony oňlap, döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekdi. Şunda ýurdumyzda öndürilýän awtomobil benzininiň, dizel ýangyjynyň we uçar kerosininiň netijeli peýdalanylyşyny üpjün etmäge gönükdirilen bu kararyň takyk ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň möhümdigi aýratyn bellenildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem senagat pudagynyň edaralarynyň we kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanyň gurluşyk, energetika we senagat pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek, şeýle hem ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda giňden ulanylýan ýokary hilli demir-beton önümleriniň öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň garamagyndaky demir-beton önümlerini öndürýän zawodlaryň durkuny täzelemek barada bäsleşik yglan edildi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer bu işleriň ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda işleýän telekeçileriniň güýji bilen ýerine ýetirmegiň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Durkuny täzelemek işleriniň çäginde zawodlarda Germaniýa, Italiýa we Türkiýe ýaly ýurtlaryň öňdebaryjy tehnologiki enjamlaryny ornaşdyrmak, işleriň belli bir bölegini awtomatlaşdyrmak hem-de kärhanalary ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwrebap we ýokary tehnologiýaly senagaty, gaýtadan işleýän pudaklaryň ösen häzirki zaman düzümini döretmegiň, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleriň öndürilişiniň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmagyň türkmen döwletiniň ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlary bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň ünsüni senagat pudagynyň edaralarynyň we kärhanalarynyň öňünde durýan wajyp meselelere çekdi hem-de giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän taslamalary amala aşyrmaga ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň wekillerini has işjeň çekmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji P.Taganow ýurdumyzyň söwda ulgamyny guramaçylyk-ykdysady taýdan ösdürmek, söwda hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek, olaryň hilini gowulandyrmak hem-de bazarda haryt bolçulygyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, söwda edaralarynyň her ýyl artmagy netijesinde paýratyn-da, iri şäherlerde bölek-söwda ulgamynda düýpli özgerişlikler bolup geçýär. 2011-nji ýylda paýtagtymyzda “Altyn asyr” gündogar bazary ulanmaga berlip, ol azyk we senagat önümleri dükanlarynyň 2 müňden gowragyny, tekjeleriň 5 müňden gowragyny we beýleki söwda desgalarynyň onlarçasyny öz içine aldy. Geçen döwrüň içinde bu iri söwda toplumy alyjylaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy, bu bolsa onuň tutýan meýdanyny has-da giňeltmek üçin esas döredýär. Şu maksat bilen ýene-de 800-den gowrak dükanlaryň, beýleki söwda nokatlarynyň, şeýle hem ammar jaýlarynyň we “Altyn asyr” bazarynyň düzüminiň hyzmat edýän desgalarynyň onlarçasynyň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Ähli desgalaryň gurluşygyny dekabr aýynyň ahyryna çenli tamamlap, olary geljek ýylyň ýanwarynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, söwda ulgamyny dolandyrmagyň we nyrh syýasatynyň kämilleşdirmegiň, täze tehnologiýalaryň alyjylara hyzmat etmegiň görnüşleriniň köpdürlüligi, ýlkary derejesini üpjün edýän söwdanyň döwrebap görnüşleriniň ornaşdyrylmagy bu ulgamy ösdürmegiň esasy şertleri bolup durýar diýip belledi.

Ýetip gelýän Täze ýyl baýramy mynasybetli milli Liderimiz wise-premýerler P.Taganowa we A.Goçyýewe ýurdumyzyň dükanlarynda we bazarlarynda harytlaryň bahalaryny berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, Täze ýylyň öň ýanynda bahalaryň ýokarlanmagyna ýol bermezlik üçin ähli çäreleriň görülmegini talap etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda, Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň çäklerinde 28-29-njy noýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen Sport media-forumynyň ikinji tapgyrynyň netijeleri barada hasabat berdi. Bu duşuşyga dünýäniň 25 ýurdundan esasy habar beriş serişdeleriniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň wekilleri, bu ulgamdaky meşhur bilermenler gatnaşdylar.

Forumyň barşynda sport oýunlarynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işlemegi, habar beriş işiniň möhüm orny, olimpiýa oýunlaryny we iri sport ýaryşlaryny geçirmegiň iň gowy dünýä tejribesi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň sport žurnalistikasynyň hünärmenleri tejribe alyşdylar, Olimpiýa şäherçesinde gurulýan desgalar bilen ýakyndan tanyşdylar. Geçirilen media-forum Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly giň möçberli maglumat-mahabat işine hem kuwwatly itergi berdi.

Şeýle hem wise-premýer hasabatyň çäklerinde 2017-nji ýylda paýtagtymzyda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen baglylykda şu ýylyň 18-nji dekabrynda Olimpiýa şäherçesinde gurluşyk işleriniň barşynyň nobatdaky tapgyry bilen tanyşdyrylyş dabarasynyň boljakdygyny habar berdi. Bu dabara belli media hünärmenleri, esasy belli habar beriş serişdeleriniň wekilleri, iri halkara ýaryşlaryny guramakda uly tejribe toplan hünärmenler çagyrylar. Bu çäräniň geçirilmegi 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işlerine itergi berer. Şunuň bilen baglylykda wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu möhüm ähmietli çärä gatnaşmagyny haýyş etdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň diňe bir milli sport senanamasynda däl, eýsem, dünýä möçberinde hem iň ajaýyp we ýatdan çykmajak wakalaryň birine öwrülmelidigini belledi. Türkmen paýtagty özüni halkara olimpiýa hereketiniň işjeň guramaçysy hem-de gatnaşyjysy hökmünde görkezmegi başardy. Şoňa görä-de, bu ugurdaky işleri gowşamaýan depginde dowam etdirmek möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu köpugurly işiň dünýäniň giň möçberli sport çärelerini geçirmekde guramaçylyk tejribesini toplamakda, şeýle hem türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedigini belläp, milli olimpiýaçylary taýýarlamak işini güýçlendirmek hem-de tutuş türkmen sportunyň kuwwatyny artdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa döwlet Baştutanymyza gözegçilik edýän edaralarynyň Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görlüşi barada habar berdi.

Beýleki ministrlikler we pudak edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde medeniýet edaralary tarapyndan taýýarlanan baýramçylyk meýilnamasynyň çäklerinde Bitaraplyk gününiň hormatyna ýurdumyzyň konsertler, edebi sazly çykyşlar, maslahatlar, sergiler, sport we teatr toparlary, kinokonsert we dynç alyş merkezleri tarapyndan taýýarlanan beýleki medeni çäreler geçiriler.

Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň başy, däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylmagyndan başlanar. Munuň özi “Älem” medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança özboluşly bezeg berer, şol ýerden dabaralar bütin ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylar. Ýaş estrada ýerine ýetirijileriň we höwesjeň aýdymçylaryň arasynda geçirilýän “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry Täze ýylyň öňýanyndaky hepdäniň ajaýyp wakalarynyň birine öwrüler.

Baş dabaralar 31-nji dekabrda “Älem” medeni – dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçiriler. Bu ýerde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, meşhur döredijilik toparlarynyň we estrada aýdymçylarynyň we elbetde, şol günleriň gahrymanlary – Aýazbaba bilen Garpamygyň gatnaşmagynda uly baýramçylyk dabarasy bolup geçer. Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyk dabaralary mekdep okuwçylarynyň dynç alyş günlerinde-de dowam eder. Şol günleriň dowamynda çagalara dürli baýramçylyk çäreleri, teatr we sirk çykyşlary garaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitaraplyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň ählisiniň iň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şol dabaralar diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem ýurdumyzyň welaýatlarynda-da halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, iň oňat milli däpleriniň ýene-de bir gezek ýüze çykmasyna öwrülip, ýatda galyjy we gyzykly ajaýyp çärelere beslenmelidir.

Milli Liderimiz Täze ýyl dabaralaryna degişli meseleleriň, olaryň çeperçilik bezeginden başlap, tä baý mazmunyna çenli meýilnamalaryň baýramçylygyň bereketli türkmen toýuna mahsus ýagdaýda hemmelere, ilkinji nobatda, çagalara köp şatlygy, göwnaçyklygy we ýatdan çykmajak täsirleri sowgat etmegi üçin ähli guramaçyklyk meselelerine örän jogakärli we oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulaglar we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer Horwatiýa Respublikasyna 3-5-nji dekabrda bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi. Saparyň çäklerinde ýol-ulag ulgamynda işleýän iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar boldy, olar öz kärhanalarynyň işi bilen tanyşdyrdylar.

Hasabatyň barşynda Türkmenistanyň deňizçileri üçin şahsyýetnamalary taýýarlamak boýunça görülýän çäreler hakynda habar hem aýdyldy. Biometriki maglumatlary girizmek we goraglylygyň ýokary derejesi bilen şu resminamanyň harby gämilerden başga islendik gämide işleýän deňizçiler üçin göz öňünde tutulandygy bellenip geçildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşi üçin ulag pudagynyň kärhanalarynyň netijeli hem-de sazlaşykly işlemeginiň möhümdigi hakynda söz açyp, halkara ýük daşamakda we ýolagçy gatnatmakda deňiz ulagynyň önjeýli ornuny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe, peýdaly innowasion işläp taýýarlamalary alyşmagyň zerurdygyny nygtap, iň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen täze ýöriteleşdirilen gämileri satyn almagyň hasabyna Türkmenistanyň deňiz flotuny depginli ösdürmegiň möhümdigini aýratyn belledi, şol gämiler ýurdumyzyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň kuwwatyny ep-esli artdyrar.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň deňizçisiniň şahsyýetnamasy hakyndaky” kararyň taslamasyny makullap we oňa gol çekip, daşary ýurtlar bilen dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de türkmen deňizçileriniň beýleki ýurtlara erkin baryp görmegini üpjün etmek üçin halkara hukugynyň umumylykda ykrar edilen kadalaryna esaslanan şu resminamanyň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemlemek bilen, ýurdumyzda uly we möhüm baýram – Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramy baradaky meselä gaýdyp geldi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy bolup durýar. Biz Bitaraplygyň esasy ýörelgelerini yzygiderli durmuşa geçirip gelýäris we geljekde hem durmuşa geçireris. Bu ýörelgeler ählumumy howpsuzlyk ulgamyny goldamaga harby usullar arkaly däl-de, syýasy we diplomatik serişdeler arkaly ýardam bermekden, hiç bir harby we harby däl bileleşiklere goşulmazlykdan ybaratdyr. Şeýle hem, Bitaraplyk syýasatymyz ykdysadyýetimizi açyklyk ýörelgeleri esasynda ösdürmäge, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaş ýurtlarymyz bilen giň gerimli we deňhukukly gatnaşyklary alyp barmaga gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bu ýere ýygnananlary we olaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli halkyny ýetip gelýän uly baýram, Türkmenistanyň Milli baýramy – Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiz hemmelere berk jan saglyk, asuda, abadan we bagtyýar durmuş, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanmagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara rowaçlyk we alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.