Türkmenistan häzirki zaman bäsleşige ukyply ykdysadyýeti kemala getirip, gyzyklanýan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen, şol sanda Ýakyn
Gündogaryň has ösen ýurtlary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär. Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Arap Emirliklerine öňde boljak resmi sapary mynasybetli häzirki gysgaça synda bu dostlukly ýurduň ykdysady modeliniň käbir aýratynlyklaryny belläp geçeliň, şol sapar gürrüňsiz suratda Türkmenistanyň dünýäniň hojalyk aragatnaşyklarynyň ulgamyna goşulyşmagyna täze möhüm itergi berer.
Birleşen Arap Emirlikleri häzirki wagtda maýa goýumlarynyň we söwdanyň baý hem-de esasy dünýä merkezleriniň biri hasaplanýar, muňa ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryny ösdürmekde çäksiz mümkinçilikleriň bolmagyna mümkinçilik berýän Pars aýlagynyň ýurtlarynyň arasynda amatly geografiki ýagdaýy hem-de özüne çekiji köpdürlüligi we tekizliklerden daglara çenli, çöllüklerden bütin dünýä meşhur deňiz suwa düşülýän ýerlerine çenli tebigy landşaftlarynyň köpdürlüligi ýardam edýär.
Bu ýurt gündogarda Oman aýlagynyň we günbatarda hem-de demirgazyk-günbatarda Pars aýlagynyň kenar ýakasynyň ep-esli bölegini eýeleýär. Birleşen Arap Emirlikleri köpdürli landşaftlara baýlygy netijesinde diňe bir ekologiýa taýdan köpdürlüligi bilen däl, eýsem, syýahatçylyk işewürliginiň gülläp ösmegi üçin uly binýadyň barldgy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde dynç almaga ýa-da iş saparyna gelendigine garamazdan, islendik syýahatça wagtyny gyzykly geçirmegi üçin köpsanly mümkinçilikler garaşýar.
Bu ýerde ilatyň ösüşiniň örän ýokary görkezijileriniň bardygy, şeýle hem ilatyň jan başyna soňky ýyllaryň dowamynda bazaryň ösüşine laýyk gelýän ýokary satyn alyjylyk ukybynyň bardygy Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysady mümkinçilikleriniň aýdyň görkezijileri bolup durýar.
Şäherleşmegiň ýokary depginleri işjeň gurluşygyň, oňat hilli jemagat hyzmatlarynyň berilmeginiň, ygtybarly ulag we kommunikasion düzümleriň döredilmeginiň zerurdygyny ýüze çykardy.
Ilatyň çalt ösmegi bilim bermekde maýa goýumlarynyň artmagynda nazara alynýar. Hökümet jemgyýetiň isleglerine we jemgyýetiň üznüksiz ösmegi we onuň progresi üçin oňat bilimiň, aýratyn hem işewürlik ulgamynda aýratyn möhümdigine ynama esaslanyp, býujetiň uly bölegini bilimiň hajatlary üçin gönükdirýär.
Birleşen Arap Emirlikleri 2021-nji ýyla çenli ösüş maksatnamasyna laýyklykda öňdebaryjy bilimleri peýdalanmaga esaslanan ykdysadyýeti döretmäge gönükdirilen strategiki başlangyçlary durmuşa geçirmegi dowam etdirýär. Birleşen Arap Emirliklerinde federal derejesinde öňe sürülýän başlangyçlardan başga hem öz aralarynda sazlaşykly utgaşýan ykdysady başlangyçlaryň birnäçesi işlenip taýýarlanylýar. Şunuň bilen birlikde, her bir emirligiň ýerli hökümeti ýerli ykdysadyýeti we işewürligi mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin öz tekliplerini hödürläp, mümkin boldygyça köp höweslendirmeleri döretmäge hem-de sagdyn bäsleşik ýagdaýyny kemala getirmäge çalyşýar, Birleşen Arap Emirliklerinde ýedi emirlik, ýagny Abu-Dabi, Dubaý, Şarja, Ajman, Umm-el-Kaýwaýn, Rast-el-Haýma we El-Fujaýra emirlikleri bar. Emirlikleriň arasyndaky bu höweslendiriji bäsleşik ownuk söwda dükanlaryndan başlap, köp millionly maýa goýumlary bolan ägirt uly korporasiýalara çenli ýerli kärhanalary ösdürmäge ýardam edip, göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge möhüm goşant goşýar.
Erkin söwda kanun bilen goralandyr, her bir emirlikde aýratyn işewürlik seýilgähleriniň işlemegini üpjün etmek üçin erkin ykdysady zolaklar döredildi, olar Birleşen Arap Emirliklerine hem, beýleki ýurtlara hem hyzmat edýärler.
Soňky ýyllaryň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysady syýasatynda peýda bolan täze meýilleriň birnäçesi liberallaşmaga, ykdysadyýetiň açyklygyny üpjün etmäge, ykdysady ulgamda kanunçylygy kämilleşdirmäge, senagat düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.
Eýýäm nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak däl-de, eýsem, beýleki pudaklary ösdürmek bu strategiýanyň ileri tutulýan ugry boldy. Bu strategiýany üstünlikli çözmegiň netijeleri äşgärdir. Mysal üçin, jemi milli girdejide nebit we şonuň bilen baglanyşykly senagat pudaklarynyň paýynyň azalmak meýli göze ildi. Ykdysadyýetiň beýleki ugurlarynyň, şol sanda gurluşygyň, söwdanyň, syýahatçylygyň we oba hojalygynyň paýy ýylsaýyn artýar. Howanyň guraklygyna, ygallaryň örän pes derejesine we derýalaryň bolmazlygyna garamazdan, oba hojalygyna goýberilýän maýa goýumlary ykdysadyýetiň bu pudagynyň has özbaşdak we köpdürli bolmagyny üpjün edip, suwy süýjetmek boýunça zawodlary gurmaga kömek etdi. Käbir oba hojalyk ekinleri, mysal üçin, ýertudanasy Ýewropa hem eksport edilýär.
Birleşen Arap Emirlikleri Günbataryň we Gündogaryň ulag ýollaryny baglaşdyryjy möhüm halka bolmaga hem çalyşýar, nebitden alynýan ep-esli girdejiler maliýe taýdan abadançylygyň we maýa goýum mümkinçilikleriniň çynlakaý girewi boldy, ýurduň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bolsa söwdadan we senagatyň önümleri gaýtadan işleýän pudaklaryndan býujete serişdeleriň has köp gelip gowuşmagyny üpjün edýär.
Birleşen Arap Emirlikleri bir tarapdan okgunly ykdysady döwrebaplaşdyrmagyň we beýleki tarapdan däp bolan durmuş gatnaşyklaryny, durmuş gurluşlaryny saklap galmagy utgaşdyrmak barada üstünlikli tejribe geçirýär. Pars aýlagynyň sebiti üçin adaty bolmadyk Birleşen Arap Emirlikleriniň daşarky dünýä üçin açyklygy munuň netijesi boldy, bu ähli halkara guramalarynda agzalykdyr, Ykdysady we gumanitar kanunlarda Bütindünýä standartlaryna goşulyşmak baradaky çözgütdir, syýahatçylygyň ösdürilmegidir, içerki syýasy durnuklylykdyr. Birleşen Arap Emirlikleri 1995-nji ýyldan başlap, Bütindünýä söwda guramasynyň agzasy bolup durýar.
Ykdysady ösüşiň strategiýasy olary “ýol görkeziji” görnüşinde göz öňünde getirmek mümkin bolar ýaly kemala getirilendir, şonda ykdysady, syýasy we durmuş ýagdaýlarynyň ähli üýtgemeleri nazara alyndy.
Soňky ýyllarda inflýasiýa garşy göreş alyp barmak boýunça birnäçe çäreler görüldi, şol sanda sarp edijini goramak hakyndaky kanun kabul edildi, şol kanunyň çäklerinde nyrh taýdan kezzaplyga we kärende tölegleriniň artmagyna garşy göreş alyp barmak boýunça başlagyçlar öňe sürüldi, munuň özi tutuşlygyna alnanda Birleşen Arap Emirlikleri boýunça kärende bahasynyň artmagyny çäklendirmäge ýardam etdi.
Ýurduň gazna biržalarynyň işi Birleşen Arap Emirlikleriniň Gymmatly kagyzlar we harytlar boýunça müdirligi tarapyndan düzgünleşdirilýär. Garaşylyşy ýaly, maýadarlary goldamagyň artmagy maýa goýumlarynyň artmagyna, ýurduň ykdysady-maliýe durmuşynda biržalaryň ornunyň ýokarlanmagyna, şeýle hem Birleşen Arap Emirliklerinde jemi içerki önümiň ösüşiniň artmagyna getirer.
Ähli emirlikler bar bolan serişdelere daýanyp we öz öňünde uly mümkinçilikleri goýup, aýry-aýry pudaklaryň ösüş ugruny saklaýarlar.
Abu-Dabi emirligi jemi içerki önümi kemala getirmekde öz strategiki ähmiýetini saklap galýar, şol ýerde Birleşen Arap Emirliklerinde çig nebitiň we tebigy gazyň 90 göterimi çykarylýar.
“2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş maksatnamasy” atly strategiki doktrinanyň çäklerinde dikeldilýän çeşmeleri, senagatyň esasy pudaklary, syýahatçylyk, habar beriş serişdeleri, aragatnaşyk, oba hojalygy, jemagat hyzmaty, döwlet we durmuş hyzmatlary we beýlekiler ýaly ulgamlarda maksatnamalary goldamak arkaly diwersifikasiýalaşdyrmak işi amala aşyrylýar. Mundan başga hem doktrina nebit söwdasynyň we beýleki harytlaryň arasyndaky sazlaşygy gazanmak üçin çig mal bolmadyk ulgamy giňeltmegi maksat edinýär. Häzirki günde bütin döwletiň jemi içerki önüminiň möçberinde Abu-Dabiniň paýy 60 göterime barabardyr.
Meýdany boýunça ikinji emirlik bolan Dubaý emirliginiň paýy 30 göterime barabardyr. Federasiýanyň döredilen pursadyndan başlap, ykdysadyýetde emirligiň orny kem-kemden artdy.
Dubaý Ýakyn Gündogaryň merkezi böleginde söwda-maliýe çatrygydyr. 1980-nji ýyllardan başlap, emirligiň nebiti eksport etmekden alýan girdejileri subsidiýalara ýa-da daşary ýurtlardan gozgalmaýan emlägi satyn almaga däl-de, eýsem, Dubaýyň özünde ykdysady taýdan möhüm düzümleri ösdürmäge goýuldy. Bu ýerde sebitde iň uly Jebel-Ali söwda porty guruldy. 80-nji ýyllaryň başyndan başlap bolsa Dubaý maglumat beriş tehnologiýalarynyň we maliýe serişdeleriniň sebit merkezine öwrüldi. Emirligiň hökümeti iň häzirki zaman halkara maliýe merkezini /Dubai International Financial Centre/ döretdi we daşary ýurt maýadarlaryny çekmek bilen ykdysadyýeti doly derejede kanunylaşdyrdy. Şonuň netijesinde emirlik tutuş Ýakyn Gündogar üçin maliýe merkezi boldy.
IT Kompaniýalary üçin geljegi uly taslama -- Dubai Internet City—işewürlik seýilgähi durmuşa geçirildi. Bu ýerde eýýäm işlemeginiň birinji ýylynda maglumatlar tehnologiýalarynyň dünýä bazaryna esasy gatnaşyjylar işläp başladylar. Olaryň maksady bu ulgamda iň oňat pikir-oýlary birleşdirmekden we bir ýere jemlemekden, ileri tutulýan wezipeleri çözmek üçin intellektual serişdeleri jemlemekden ybaratdyr. Bu ýerde işleýän kompaniýalaryň 700-siniň hatarynda Microsofty, Oracleni, HP-ny, IBM-ny, Compagy, Delli, Siemensi, Canony, Logikany, Sonyny we Ciscony hem-de beýlekileri bellemek bolar. “Habar beriş serişdeleriniň Dubaý şäheri” /Dubai Media City/ hem guruldy. Bu taslama has üstünlikli boldy: bu ýere CNN, BBC, Reuters we Associated Press, CNBC, International Adverising Associated /IAA/ ýaly Bütindüný meşhur kompaniýalar bilen bir hatarda Ýakyn Gündogaryň ençeme esasy maglumatlar agentlikleri hem öz edaralaryny geçirmäge gyssandylar. Häzirki wagtda Dubai Media Cityda kompaniýalaryň 850-den gowragy işleýär. Tutuşlygyna alnanda bu iki ägirt uly taslamalaryň öňünde doly aýdyň maksat, ýagny hünärli işgärleri sebite çekmek durýar, olar ýurduň ykdysadyýetine täze durmuşy üpjün etdiler. Munuň özi, ony diwersifikasiýalaşdyrmaga tarap ugur alan güýçli itergi bolup hyzmat etdi.
Tutuşlygyna alnanda Birleşen Arap Emirlikleri salgyt salmagyň bolmazlyk syýasatyna eýerýär. Ähli erkin ykdysady zolaklar diňe peýda üçin salgydyň nol möçberinden utuş gazanýar. Bu syýasat ýurduň has möhüm ykdysady strategiýalarynyň biridir.
Karz-pul gatnaşyklaryny ösdürmegiň oňat oýlanyşykly çäreleri dünýäniň iň durnukly bank ulgamlarynyň hataryna girýän berk we durnukly bank ulgamyny döretmäge getirdi. Häzirki wagtda senagatçylardan we telekeçilerden ybarat bolan işewürlik bileleşigi pul çalşygynyň durnukly hümmetine ulanarlykly strategiki maliýe taýdan meýilleşdirmegiň miwelerini görýärler. Daşary söwda amallarynyň uly böleginiň ABŞ-nyň dollarynda amala aşyrylýandygyny nazara almak bilen, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurt üçin dollara ymtylmagyň näme üçin örän möhümdigi düşnükli bolýar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň döredilen pursadyndan başlap, ýurduň hökümdarlary belli bir nokatlary aýdyň göz öňüne getirdiler. Şolara laýyklykda, raýatlaryň durmuşynyň mynasyp derejesini üpjün etmek üçin döwleti ösdürmek amala aşyrylmalydyr. Häzirki zaman hökümdarlary şunda ýurduň özboluşlylygyny saklap galmak bilen özünden öňküleriň başlan işlerini dowam etdirýärler. Durmuşa geçirilýän doly möçberli toplumlaýyn maksatnamalar durmuş, medeni, bilim, kommunikasion şertleri, düzümler, saglygy goraýyş, oba sebitlerini ösdürmek we beýlekiler bilen baglanyşykly meseleleri nazara alýar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň gazanýan üstünlikleri tötänlik ýa-da haýsydyr bir wagtlaýyn çäreleriň netijesi däldir. Munuň özi ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan eserdeň gözegçilik bilen berkidilen, gizlin mümkinçilikleri ýüze çykarmaga we daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmagşa gönükdirilen düýpli, paýhasly hem-de oýlanyşykly meýilleşdirmegiň netijesidir.
Ýurtda bolup geçýän köpsanly üýtgetmeler döwlet we hususy ulgamyň yhlas etmegi hem-de yhlasly işlemegi Birleşen Arap Emirliklerini “ösýän”, “çalyşýan”, “abadan” we “rowaçlanýan” diýen düşünjeler bilen aňladylýan ýurda öwürdi.
Hut şu düşünjeler, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň ileri tutulýan durmuş-ykdysady ugurlary bu ýurdy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüji ýolbaşçylygy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze ösüş belentliklerine gujurly we ynamly gadam urýan häzirki zaman Türkmenistanyna örän çalymdaş edýär.
Aşgabat-Abu-Dabi-Dubaý-Aşgabat