Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emriliklerine ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Milli Liderimiziň Birleşen Arap Emirlkilerine bu saparynyň taraplaryň hoşniýetli erkine we deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk esaslaryna daýanýan däp bolan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigi gürrüňsizdir.
Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen Medeniýet günleri döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki saparyna bagyşlandy. Onuň maksatnamasyna birnäçe dürli görnüşdäki çäreler girizildi. Şu gün bolsa Abu-Dabi şäheriniň Milli teatrynda geçirilen bu iri medeni çäre iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikde gatnaşmaklarynda guralan dostluk konserti bilen tamamlandy. Türkmenistanyň BAE-däki medeniýet günleri iki döwletiň we halklaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly goşant boldy.
Iki ýarym sagat wagtdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäheriniň Türkmenistanyň we BAE-niň Döwlet baýdaklary bilen bezelen halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna uçaryň ýanynda hormatly garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Abu-Dabiniň mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Baş serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al-Nahaýýan we beýleki resmi adamlar garşyladylar.
Howa menziliniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Abu-Dabiniň mirasdüşer Şazadasy bilen gysgaça söhbetdeşligi boldy. Onuň barşynda iki döwletiň özara gyzyklanmalaryn kybap gelýän netijeli dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygy tassyklandy.
Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni howa menzilinden “Müşrif” köşgüne tarap ugrady.
Köşgüň öňündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylaýyş dabarasy boldy. Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy “Müşrif” köşgüniň merkezi girelgesiniň öňünde saklandy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ulagyň ýanynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýan mähirli garşylady. Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna meýdançada hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidenti bilen bilelikde ýörite gurnalan ýere geçýär. Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet senalary ýaňlanýar. Döwlet Baştutanymyza ähli degişli hormat-sylaglar bildirildi.
Garşylaýyş dabarasy tamamlanandan soň BAE-niň Prezidenti hormatly Prezidentimizi “Müşrif” köşgüne çagyrýar. Köşgüň uly maslahatlar zalynda Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we BAE-niň Baştutanlary iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary bilen tanyşýarlar.
Belent mertebeli türkmen myhmanyny Birleşen Arap Emirliklerinde görýändigine şatdygyny aýtmak bilen, BAE-niň Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýan Türkmenistanyň Prezidentiniň bu saparynyň öz ýurdunda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka hökmünde baha berilýändigini we onuň däp bolan döwletara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýolunda täze ädimdigini belledi. Şunda, dostlukly döwletiň Baştutany Birleşen Arap Emirliklerinde Türkmenistanyň milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy boýunça durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler ýolunda gazanýan üstünlikleriniň uly ruhubelentlik bilen kabul edilýändigini nygtady.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistan bilen ýola goýulýan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine taýýardygyny tassyklamak bilen, BAE-niň Prezidenti bu ýerde geçirilýän gepleşikleriň gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge kuwwatly itergi berjekdigini aýtdy.
BAE-niň Baştutany Şeýh Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasat ugruna we türkmen Lideriniň Türkmenistanyň dünýä giňişliginde belent abraýa eýe bolmagyny şertlendiren döredijilikli başlangyçlaryna ýokary baha berdi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi we mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti däp bolan gumanitar gatnaşyklaryň, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň uly ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki ýurduň arasyndaky dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ägirt uly goşandynyň bardygyny bellemek bilen, BAE-niň Baştutany türkmen Liderine ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
BAE-niň Prezidentine Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapar bilen gelip görmäge iberen çakylygy we bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz çykyşynyň başynda dostlukly döwletiň Baştutanyny we ýurduň tutuş halkyny ýakynda bellenilen milli baýramçylyk – BAE-niň döredilen gününiň 42 ýyllygy bilen gutlady.
Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentini ýene bir şanly waka – Dubaýyň ýurduň taryhynda ilkinji gezek “ESPO-2020” Bütindünýä sergisini kabul etjekdigi bilen tüýs ýürekden gutlady. Türkmenistanyň bu ählumumy forumda mynasyp orun eýelemegi üçin ähli tagallalary ederis diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kanagatlanma bilen belleýişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky dostuk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýär. Ýokary derejede geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar yzygiderli häsiýete eýe bolmak bilen, taraplara geçilen ýoluň jemini jemlemäge, gazanylan üstünlikleri ara alyp maslahatlaşmaga, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentiniň şu ýylyň başynda Türkmenistana sapar bilen gelendigini belledi. Şol saparyň barşynda taraplar ykdysadyýetiň we medeni-durmuş ulgamynyň möhüm ugurlary boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek we çuňlaşdyrmak hakynda ylalaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem iki döwletiň aýry-aýry pudaklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň barha pugtalanýandygyny nygtady.
Türkmenistan bilen BAE 1995-nji ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri ýygjam gatnaşyklary amala aşyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şu döwürde 28 ikitaraplaýyn resminama esasynda pugta kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredildi. Şu jähetden hormatly Prezidentimiz şol resminamalarda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan we BAE halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çäklerinde häzirki zamanyň wehimleri bolan halkara terrorçylygyna, transmilli jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşde özara gatnaşyklary alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Berdimuhamedow sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine ýola goýulýan gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Şeýle hem milli Liderimiz iki döwletiň bar bolan jedelli meseleleri we çylşyrymly ýagdaýlary syýasy-diplomatik usullar we serişdeler arkaly çözmek ýaly umumy ýörelgelere ygrarlydygyny belledi. Şeýle ýörelge Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine daýanýan we netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary depginler bilen ösýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň birine öwrülendigini nygtady. Şeýlelikde, şu ýylyň 9 aýynda özara söwdanyň möçberi 1 milliard 209 million amerikan dollaryna barabar boldy, munuň özi geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijileri bilen deňeşdirilende 17,5 göterim ýokarydyr, biz ýylyň jemleri boýunça özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň 1 milliard 500 million amerikan dollaryna ýetmegine garaşýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň esasy ugry bolan ýangyç-energetika toplumyndan başga-da, biz ulag-kommunikasiýa ulgamynda, gurluşyk, saglygy goraýyş we derman senagaty hem-de oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy yzygiderli we netijeli ösdürýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk has-da giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin bizde ähli mümkinçilikleriň we zerur şertleriň bardygyny belledi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlemäge bolan gyzyklanmasy barha artýar, kompaniýalaryň wekilleri Türkmenistanda we Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilýän maýa goýum maslahatlaryna we sergilere yzygiderli gatnaşýarlar. Biz olaryň hyzmatdaşlyk etmek baradaky isleglerini goldaýarys we ýurdumyzda işewürligi alyp barmak üçin hem ähli amatly şertleri döredýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Biziň ýurtlarymyzyň arasynda medeni-gumanitar ugurda hem hyzmatdaşlygyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz Birleşen Arap Emirliklerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegini we onuň şu gezekki sapara gabat gelmegini mysal hökmünde aýtdy. Geljek ýylda Türkmenistanda Birleşen Arap Emirlikleriniň Medeniýet günlerini geçirmek göz öňünde tutulýar hem-de bu çäräniň hem üstünlikli geçiriljekdigine we iki ýurduň halklarynyň arasynda gumanitar gatnaşyklary pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy maslahaty we akyldaryň arap dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyryş çäresi halklarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BAE-niň ýolbaşçylaryna Magtymgulynyň kitabynyň arap dilinde neşir edilendigi üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy.
Sport, ylym we bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz geçen gezek ýokary derejede geçirilen duşuşykda bu ugurdaky gatnaşyklary giňeltmek babatda ylalaşyklaryň gazanylandygyny nygtady. Bu ugurlar özara gumanitar hyzmatdaşlyk ulgamynda möhüm orny eýeleýär hem-de bu babatdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi we çuňlaşdyrmagy dowam etmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.
2017-nji ýylda Türkmenistanda ilkinji gezek ýokary derejedäki halkara sport ýaryşlary – Ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýnlary geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şol halkara sport ýaryşlaryna BAE-niň wekilleriniň işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirýärin diýip nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, syýahatçylyk ikitaraplaýyn özara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir. Syýahatçylyk pudagynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumyndan soňra ikinji orny eýeleýändigi bellidir. Bu pudagy ösdürmek we Birleşen Arap Emirliklerini dünýä syýahatçylygynyň merkezleriniň birine öwürmek boýunça dostlukly ýurduň toplan baý tejribesini öwrenmek biziň üçin örän peýdaly bolar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Milli Liderimiz gürrüňi dowam etmek bilen, Hazar deňziniň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmäge gatnaşmaga Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýalaryny çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiz çykyşyny tamamlamak bilen, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentine berk berk jan saglyk, jogapkärli işinde mundan beýläk-de uly üstünlikler, BAE-niň doganlyk halkyna bolsa bagt, abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Soňra ýokary derejedäki gepleşikler Kiçi maslahatlar zalynda ikiçäk görnüşde dowam etdi.
Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapar bilen gelip görmäge iberilen çakylygy kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, BAE-niň Prezidenti bu gezekki gepleşikleriň we olaryň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň ýyl-ýyldan täze ösüşe eýe bolýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
BAE-niň Baştutanyna mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine ýokary derejedäki şu saparyna türkmen tarapynyň gatnaşyklary dowam etmäge, bu gatnaşyklary iki döwletiň uzak möhletli bähbitlerine laýyk gelýän täze derejä çykarmaga we many-mazmun taýdan baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýän möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny belledi.
Dostlukly, birek-birege ynanyşmak we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentleri ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Iki döwletiň Baştutanlary Türkmenistanyň we BAE-niň däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny, şeýle hem häzirki zamanyň talaplaryny we netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri nazara almak bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge iki ýurduň taýýardygyny nygtadylar. Söwda-ykdysady ulgamdaky özara bähbitli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek barada aýtmak bilen, söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryny möhüm bölegi bolan medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar.
Döwlet Baştutanymyz Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentini özi üçin islendik amatly pursatda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Ikiçäk görnüşde geçirilen gepleşikler tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentleriniň gatnaşmagynda “Banýas” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Şonda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2014-nji ýylda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Ýokary bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýokary bilim we ylmy barlaglar ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Ylmy-tehniki hyzmadaşlyk barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Meteorologiýa we seýsmologiýa milli merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komiteti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Meteorologiýa we seýsmologiýa milli merkeziniň arasynda gidrometeorologiýa babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň we BAE-niň bilelikdäki işewürler geňeşini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; gol çekildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna resmi günortanlyk nahar berdi. Günortanlyk nahar tamamlanandan soň iki döwletiň Baştutanlary geçirilen gepleşikleriň netijelerine kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň we BAE-niň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge bolan meýillerini mälim etdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sapar döwründe kabulhanasy ýerleşýän kaşaň “Emirates Palaсe” myhmanhanasyna tarap ugrady.
Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Masdar şäherçesine baryp gördi.
Köplenç Masdar-Siti diýlip atlandyrylýan Masdar BAE-niň paýtagtyndan günorta-gündogarda 17 kilometrlikde, Abu-Dabiniň Halkara howa menziliniň ýakynynda ýerleşýär. Ony sözüň doly manysynda geljegiň şäheri diýip atlandyrmak bolar. Masdar-Sitiniň taslamasy Abu-Dabi şäheriniň hökümetiniň buýurmasy esasynda “Foster we onuň hyzmatdaşlary” britan kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanyldy. Ony durmuşa geçirmäge 2006-njy ýylda badalga berildi we ol birnäçe tapgyra niýetlenendir. “Abu-Dhabi Future Energy Сompany” kompaniýasy şäheriň gurluşygynyň baş potratçysy bolup durýar. Ol “Mubadala Development Company” döwlet korporasiýasynyň aýrybaşgalaşan bölümidir.
Masdar-Siti dünýäde ilkinji ekologiýa taýdan arassa ilatly şäherçe bolar. Onda kömürturşy gazynyň ýaramaz galyndylary bolmaz we şäher durmuşynyň galyndylaryny doly gaýtadan işleýän ulgam hereket eder. Ony döretmekde energiýa we suw tygşytlaýjy, maglumat-aragatnaşyk, şeýle hem beýleki innowasion işläp taýýarlamalardan ybarat bolan iň öňdebaryjy tehnologiýalar herekete girizildi. Şunda Masdar-Sitiniň energiýa üpjünçilik ulgamy energiýany gaýtadan dikeldýän çeşmeleri, şol sanda gün we ýel ulgamlaryny ulanýan tehnologiýalar esasynda bolar. Munuň üçin bolsa binalaryň üçeginde we ýerde oturdylan fotoelektrik paneller, gün elektrobekedi we ýel generatorlary ulanylar. Gün energiýasy bilen işleýän suw süýjediji desga şäherçede suwa bolan islegi doly üpjün eder. Şeýle hem geotermal energiýany ulanmak meýilleşdirilýär.
Desgalaryň gurluşygy ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar esasynda alnyp barylýar. Şeýle hem olar ulag düzümini kemala getirmekde hem esas edilip alyndy. Masdar-Sitide ýolagçylary gatnatmaga ekologiýa taýdan arassa ulag arkaly amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Olar häzirki zaman nawigasiýa ulgamy arkaly dolandyrylar. Häzirki döwürde bu ýerde eýýäm elektromobiller hereket edýär.
Masdar-Sitide akýan suwlaryň hemmesi membran bioreaktor arkaly süzgüçden geçirilýär. Onuň kuwwaty gije-gündiziň dowamynda 1500 kub metr suwy arassalamaga niýetlenendir. Soňra olar suwaryş we beýleki tehniki maksatlar bilen ulanylýar. Senagat galyndylary barada aýdylanda bolsa, plastik we demir galyndylaryny gaýtadan ulanmak üçin täzeden işlemek göz öňünde tutulypdyr.
Masdar-Sitiniň umumy meýdany 6 inedördül kilometrdir. Şäherçäniň gurluşygy tamamlanandan soň onuň ilaty 40 müňe, töweregindäki zolaklar bilen alnanda bolsa 50 müňe barabar bolar. Şäher ýakalaryndan her günde işlemek üçin Masdara köpsanly şäher kärhanalaryndan we edaralaryndan adamlar gatnar.
Masdarda Ylym we tehnologiýa instituty gurlupdyr. Ol Masaçuset tehnologik instituty bilen bilelikdäki taslama esasynda bolup, tutuş desgalar toplumyny özünde jemleýär. Bu ýerde ekologiýa taýdan arassa tehnoloiýalar ulgamyndaky taslamalary barlamak we işläp taýýarlamak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu institut möçberi we ähmiýeti boýunça beýleki ugurdaş desgalar bilen deňeşdirilende elektrik energiýany we suwy has az harçlaýar.
Şunda Masdar-Sitini döretmegiň taslamasynda adamlaryň amatly durmuş derejesi üçin zerur düzümiň göz öňünde tutulandygyny, binalaryň ýanaşyk ýerlerinde gök zolaklaryň we dynç alyş ýerleriniň döredilendigini bellemeli. Onuň binagärlik keşbi ýerli binagärlik däplerini we gurluşyk hem-de tebigy aýratynlyklary baradaky tehnologiýalaryň ýörelgelerini özünde jemleýär.
Masdar-Sitide energiýa serişdelerini hasaba almagyň we olara gözegçilik etmegiň ýörite ulgamy girizildi. Olar binalary we ulgam tehnologiýalaryny dolandyrmak ulgamydyr (Smart Grid). Masdar bilen bütin dünýä belli Siemens kompaniýasynyň energiýa tygşytlaýjy çözgütler, “akylly” ulgam we “akylly öý” tehnologiýalaryny goşmak arkaly ýörelge ulgamynda uzakmöhletleýin strategik hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga gol çekildi.
Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy Masdaryň Ylym we tehnologiýa institutynyň merkezi girelgesiniň öňünde saklanýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Masdar şäherçesiniň ýerine ýetiriji direktory jenap Muhammed Al-Ramahi we beýleki ýolbaşçylar mähirli garşyladylar.
Belent mertebeli türkmen myhmany institutyň binasyna çagyrylýar. Ol ýerde Masdar-Siti bilen tanyşdyryş çäresi boldy. Uly ekranda bu ägirt uly taslama we onuň aýratynlyklary barada düşünje almaga mümkinçilik berýän wideoşekilli we surat serişdeleri görkezildi.
Tanyşdyryş çäresi tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti Masdar-Sitide gurlan taslamalary görmäge çagyrylýar. Olaryň hatarynda kuwwaty 10 MWt bolan gün elektrik bekedi, ýel generatory bar. Ol şäherçäni elektroenergiýa bilen üpjün edýär. Şeýle hem bu ýerde Siemens kompaniýasynyň Orta Gündogar ýurtlary boýunça merkezi edara binasy gurulýar.
Soňra döwlet Başutanymyz Masdar-Sitiniň ylmy-barlag binasyna barýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Masdar şäherçesiniň ýerine ýetiriji direktorynyň haýyşy boýunça birinji gatda hormatly myhmanlar üçin niýetlenen monitorda ýadygärlik ýazgy galdyrýar.
Soňra türkmen döwletiniň Baştutany binanyň ikinji gatynda ýerleşýän barlaghana baryp gördi we onuň işi bilen tanyşdy, hünärmenleriň bu ýerde alyp barýan işiniň ugurlary bilen gyzyklandy. Alymlaryň bu ýerde alyp barýan ylmy-barlaglarynyň esasy bölegi ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar bolup durýar. Her bir barlaghananyň öz işläp taýýarlaýan ugry bar. Biotehnologiýa esasynda, şol sanda dürli hojalyk we senagat galyndylaryny gaýtadan taýýarlamak bilen, energiýa göterijileri döredýän barlaghana hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowda uly gyzyklanma döretdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hünärmenler bilen bolan gürrüňleşligiň barşynda olaryň bu ulgamda alyp barýan barlaglarynyň aýratynlyklary we bioenergiýa göterijileri iş ýüzünde ulanmagyň artykmaçlyklary bilen jikme-jik gyzyklandy. Şunuň bilen baglylyklda milli Liderimiz ylym ulgamynda hyzmadaşylyk üçin uly geljegiň bardygyny belledi we şu gün ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar şeýle gatnaşyklara täze itergi berer diýip aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, ekologiýa ugry Türkmenistanyň döwlet syýasatyny, şol sanda innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyny we adamlaryň durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegini esasy ugur edinýän şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ekologiýa kadalarynyň berk berjaý edilmegi Türkmenistanda dürli maksatly desgalaryň, şol sanda senagat kärhanalarynyň taslamalarynda we gurluşygynda esasy şert hökmünde öňe çykýar. Ýurduň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, durmuşyň ähli ulgamlaryna “ýaşyl” tehnologiýalary ornaşdyrmak türkmen döwletiniň täze taryhy eýýamda durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.
Hünärmenler bilen geçirilen gepldeşikleriň dowamynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň tebigy howa şertleri we biziň ýurdumyzyň baý serişde mümkinçilikleri energiýanyň ugurdaş çeşmelerini, şol sanda gün we ýel energiýasyny iş ýüzünde ulanmak pudagynda barlaglary alyp barmak üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Hususan-da, Türkmenistan gün batareýalarynyň önümçiliginde ulanylýan kremniniň baý gorlaryna eýedigini belläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bu babatda daşary ýurduň öňdearyjy tejribelerini giňden çekmäge we bu ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezildentimiz iki ýurduň ylmy işgärleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, türkmen alymlary bilen Masdar-Sitide işleýän olaryň kärdeşleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak barada aýtdy. Bu teklip BAE-niň wekilleri tarapyndan doly goldanyldy. Olar öz gezeginde Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.
Soňra jenap Muhammed Al-Ramahi belent mertebeli türkmen myhmanyny sürüjisiz, ýörite kompýuter arkaly dolandyrylýan we şäherçede hereket edän elektromobilde Masdar-Siti boýunça gezelenç etmäge çagyrdy. Bu ekologiýa taýdan arassa ulagyň artykmaçlyklaryna baha bermäge Masdar-Siti şäherinde bolýan mahaly döwlet Baştutanyiyzyň ýanynda bolýan Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem mümkinçilik aldylar.
Gezelenç tamamlanandan soň döwlet Baştutanymyz Masdar-Sitiniň ýolbaşçylary bilen mähirli hoşlaşdy we kabulhanasy ýerleşýän Abu-Dabiniň “Emirates Palace” myhmanhanasyna tarap ugrady.
Giçlik Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, BAE-niň Prezidentiniň işleri boýunça ministri (BAE-niň Prezidentiniň iş dolandyryjysy) Şeýh Mansur Bin Zaýed Al-Nahaýýanyň adyndan agşamlyk nahar berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary dowam edýär. Ertir döwlet Baştutanymyz BAE-niň iri şäheri bolan Dubaýa baryp görer.