Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirip, dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlarynyň ählisi bilen oňyn syýasy gatnaşyklary hem-de netijeli söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Geçen aýda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary we abraýly halkara guramalary bilen geçiren dürli duşuşyklary, syýasy geňeşmeleri, işewür gepleşikler we forumlar munuň aýdyň subutnamasy boldy.
Geçen aýyň möhüm wakalarynyň synyny noýabryň başynda Halkara pul gaznasynyň wekilleriniň guwandyryjy çaklamalaryndan başlaýarys. Bu çaklamalar Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň durnuklylygyny tassyklady. Şu ýylyň 31-nji oktýabryndan 7-nji noýabryna çenli Aşgabatda bolan we hökümetde, ministrliklerde, pudak edaralarynda hem-de esasy bank düzümlerinde duşuşyklaryň birnäçesini geçiren Halkara pul gaznasynyň bilermenleriniň çaklamalaryna görä, 2013-nji ýylda ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 10,1 göterime we 2014-nji ýylda 10,7 göterime barabar bolar.
Halkara pul gaznasynyň wekilleri türkmen döwletiniň Baştutanynyň amala aşyrýan özgertmeleriniň ykdysady ösüşde haýran galdyryjy üstünlikleri gazanmakda uly ähmiýetine ýokary baha berip we ýakyn hem-de orta möhletli geljekde bu ýol bilen mundan beýläk-de okgunly öňe gitmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, maliýe ulgamynda özgertmeleriň öz wagtynda geçirilmeginiň Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň durnuklylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berendigini nygtadylar.
1-nji noýabrda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen maslahatyň örän wekilçilikli düzümi hem iri maliýa edaralarynyň Türkmenistan bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Foruma gatnaşmak üçin Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş banky, Yslam ösüş banky, Belgiýanyň bank akademiýasy, Döwletara banky ýaly abraýly düzümleriň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, şeýle hem Şweýsariýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Polşanyň, Belarus Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň wekilleri Türkmenistana geldiler.
Noýabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk döwlet dolandyrylyşy we strategiki meýilnamalaşdyrmak ulgamynda halkara tejribesini we milli çemeleşmeleri öwrenmek meselelerine bagyşlandy.
4-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Ýokary kazyýeti tarapyndan Halkara hyzmatdaşlygy boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwletliligine ýardam etmek” atly sebitleýin maksatnamasy bilen bilelikde guralan halkara maslahatyň gün tertibine ýurdumyzda amala aşyrylýan hukuk özgertmeleri jähetinden dünýä tejribesi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
6-njy noýabrda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde XX asyryň görnükli rus suratkeşleri Nikolaý we Swýatoslaw Rerihleriň sergisiniň açylmagy Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryna, şol sanda gumanitar ulgamdaky gatnaşyklara nobatdaky sahypany ýazdy. Olaryň netijeli hyzmatdaşlygy köp ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklar hökmünde häsiýetlendiriýär. Bu sergi türkmenistanlylara meşhur suratkeşleriň özboluşly döredijiligi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.
Sergi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi hem-de Russiýanyň Döwlet Gundogar muzeýi tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde guraldy. Şol günler türkmen paýtagtynda Astrahanyň drama teatrynyň artistleriniň çykyşlary hem guraldy.
Noýabr aýynyň birinji ongünlüginde Wena şäherinde (Awstriýa Respublikasy) bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Awstriýanyň döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň ençemesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Toparyň işiniň maksatnamasyna laýyklykda, mejlisden başga-da, türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň Awstriýanyň kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary guraldy. Şeýle bilermenler derejesindäki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, onuň has netijeli we zerur gurallaryny işläp taýýarlamaga ýardam eder.
10-11-nji noýabrda paýtagtymyzdaky “Prezident” myhmanhanasynda terrorçylyga niýetlenen maliýe serişdelerini hereketsiz goýmak boýunça halkara maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Maliýe ministrligi, Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy Komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoraty, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereketler boýunça Ýewraziýa topary (EAG), Russiýa Federasiýasynyň maliýe gözegçiligi boýunça Halkara okuw-usulyýet merkezi bilelikde guradylar.
Maslahatyň işine dünýäniň 16 ýurdundan 110-dan gowrak wekil gatnaşdy, olaryň arasynda EAG-niň agzalary bolup durýan 9 döwletiň ählisiniň, şeýle hem ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Belgiýanyň, Awstriýanyň, Fransiýanyň we GDA ýurtlarynyň birnäçesiniň wekiliýetleri, bikanun alnan pullary kanunlaşdyrmaga garşy göreş boýunça maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan toparyň sekretariatynyň (FATF) wekilleri, halkara guramalarynyň – BMG-niň Terrorçylyga garşy Komitetiniň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň wekilleri, maliýe aňtaw düzümleriniň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Ýewraziýa sebiti döwletleriniň gözegçilik edaralarynyň işgärleri bar.
Mejlisiň barşynda şol maslahata gatnaşan döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň oňyn tejribesine garaldy. Biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreş boýunça milli ulgamyň binýadyny, şeýle hem kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän çäreleri has işjeňleşdirdi.
11-nji noýabrda Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dostlukly we goňşy ýurduň wekiliýeti türkmen paýtagtyna geldi. Bu wekiliýete Özbegistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklar, maýa goýumlary we söwda ministri E.Ganiýew ýolbaşçylyk etdi.
Şol gün türkmen paýtagtynda söwda we maýa goýum pudagynda (TIFA) gatnaşyklary ösdürmek boýunça ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky Çarçuwaly Ylalaşygyň Geňeşiniň mejlisi açyldy. 14-nji noýabra çenli dowam eden mejlise Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Owganystanyň wekiliýetleri gatnaşdylar. Şeýle hem Geňeşiň mejlisiniň çäklerinde “tegelek stoluň” başynda “Merkezi Azýadaky işewürlik: Telekeçiligi ösdürmegiň mümkinçilikleri barada jemgyýetçilik we hususy ulgamlaryň arasyndaky gepleşik” diýen mesele boýunça duşuşyk geçirildi.
Amerikanyň Birşleşen Ştatlarynyň işewür toparlarynyň, Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi şol günler geçirilen nobatdaky türkmen-amerikan işewür forumynyň çäklerinde hem äşgär boldy. Bu forum Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de ABŞ-nyň Ilçihanasy tarapyndan guraldy.
2013-nji ýylyň noýabr aýy halkara sergilerine örän baý boldy. Däp bolşy ýaly, şol sergiler paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde geçirildi.
12-14-nji noýabrda bu ýerde bilime, sporta we syýahatçylyga bagyşlanan sergi we ylmy maslahat boldy. Ýöriteleşdirilen foruma dünýäniň onlarça ýurdundan, şol sanda Ýewropa Bileleşiginden, GDA-dan, ABŞ-dan, Hindistandan, Hytaýdan, Koreýadan, Eýrandan, Türkiýeden, Latwiýadan we beýlekilerden wekiliýetler çagyryldy.
Maslahatyň çäklerinde Sergi köşgünde Ukrainanyň ýokary okuw mekdepleriniň bilim ýarmarkasy ýaýbaňlandyryldy. Olaryň ýolbaşçylary Ukrainanyň we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň Rektorlar geňeşiniň birinji mejlisine gatnaşdylar. Bu mejlis 13-nji noýabrda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Ukrainanyň diplomatiýa akademiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi forumyň jemleriniň biri boldy.
“Türkmenistanyň müňýyllyklardan özbaş ýalýan binagärlik medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat noýabr aýynyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi. Bu maslahat häzirki zaman binagärligini ösdürmekde türkmen halkynyň binagärlik mirasynyň ähmiýetini açyp görkezmäge, gadymy türkmen topragynyň taryhy-medeni ýadygärliklerini çuňňur öwrenmäge we aýawly saklamaga ýardam etmelidir.
Maslahata dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan wekiller gatnaşdylar. Türkmenistanyň paýtagty ilkinji gezek diňe bir taryhçylaryň, arheologlaryň we sungaty öwrenijileriň däl, eýsem, dünýä meşhur binagärleriň bilelikdäki duşuşygynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Foruma gatnaşyjylar Mary welaýatyna baryp gördüler. Şol ýerde olara “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghananyň çäginde ýerleşen gadymy binagärlik ýadygärliklerine baryp görmek üçin ajaýyp mümkinçilik döredildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş maslahatynyň Pariž şäherinde geçirilen 37-nji mejlisinde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy ýurdumyzyň gumanitar-medeni ulgamdaky netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan saldamly goşandynyň ykrarnamasyna öwrüldi. Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bilen, ýurdumyzyň we Birleşen Milletler Guramasynyň gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň düýpgöter täze, netijeli guraly döredilýär. Şol hyzmatdaşlyk bolsa taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklaryna esaslanyp, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir.
Türkmenistanyň halkara giňişliginde eýeleýän orny barha artýar. Daşary ýurtlaryň meşhur neşirleriniň ýurdumyza ünsüniň artmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Mysal üçin, ýakynda Hindistan Respublikasynda neşir edilýän “Business Сentral Asia” žurnalynyň ýörite sany çapdan çykdy. Neşiriň bu sany dolulygyna ahalteke bedewlerine bagyşlanypdyr. Žurnalyň makalalarynda meşhur atlaryň taryhy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewleri baradaky kitaby, türkmenleriň gadymy atçylyk däpleri we pudagyň häzirki zaman ösüşi barada gürrüň berilýär.
Synymyzyň esasy meselesine gaýdyp gelmek bilen, noýabr aýynyň ikinji ongünlüginde Türkmenistanyň Mejlisinde Slowakiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Pawol Iwandan, Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Primoža Şeligodan ynanç hatlarynyň kabul edilendigini bellemelidiris. Ilçiler şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Şol ýerde döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
19-njy noýabrda Türkmenistanyň Mejlisinde Russiýa Federasiýasynyň Swerdlowsk oblastynyň kanuçykaryjylyk ýygnagynyň senagat, innowasion syýasat we maýa goýum boýunça komitetiniň başlygy Albert Abzalow we Ural Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Aleksandr Makarow bilen duşuşyk geçirildi.
Özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bar bolan ägirt uly gyzyklanma şol günler Aşgabatda açylan her ýylky “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara sergisine rus hyzmatdaşlarynyň giňden gatnaşmagy hem aýdyň şaýatlyk etdi, şonda Russiýanyň iri nebitgaz we hyzmat ediş kompaniýalary, şeýle hem onuň aýry-aýry oblastlary tarapyndan sergi önümleri giňden görkezildi. Şu ýyl Sergi köşgüniň zallarynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň birlikleri bilen bir hatarda, dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan kompaniýalaryň 100-e golaýy öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler, özü-de olaryň 30-sy sergä ilkinji gezek gatnaşdy.
Serginiň çäklerinde geçirilen “Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy: mümkinçilikleri, gazanan üstünlikleri, ileri tutulýan ugurlary” atly 18-nji maslahat ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň taslamalarynyň ýokary derejede özüne çekijiligini we daşary ýurt kompaniýalarynyň olara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. Wekilçilikli maslahata dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan – ABŞ-dan, Ýewropanyň, Aziýanyň, we GDA-nyň ýurtlaryndan wekilleriň 700-e golaýy gatnaşdy.
Türkmen ýangyç serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrylmagy maslahatda gozgalan esasy meseleleriň biri boldy. Maslahatyň işiniň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň, Owganystanyň gaz korporasiýasynyň, Pakistanyň “Inter State Gass Sistems /Private/ Limited” korporasiýasynyň, Hindistanyň “Gail /India/ Limited” kompaniýasynyň we Aziýanyň Ösüş bankynyň arasynda Tranzaksion geňeşçisi bilen Aziýa yklymynda iri energetiki taslamalaryň biri bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmagy durmuşa geçirmek boýunça Hyzmat ediş ylalaşygy munuň subutnamalarynyň biridir.
20-21-nji noýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Türkmenistanda biotehnologiýalary ösdürmegiň ugurlary” atly halkara ylmy maslahat biotehnologiýalar, bioinženerçilik, bioenergetika we biomaglumatlar ulgamlarynda iň täze gazanylan üstünlikleri öwrenmäge hem-de önümçilige ornaşdyrmaga möhüm goşant goşar.
Halkara ylmy maslahat Türkmenistan bilen ähli gyzyklanýan ýurtlaryň arasynda biotehnologiýalar senagaty ýaly geljegi uly ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda ilkinji möhüm ädim bolup, türkmen alymlarynyň gazanan üstünlikleri hakyndaky düşünjäni ep-esli giňeltmäge we bilelikdäki tagallalar arkaly ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berdi.
23-nji noýabrda Aşgabat eýýäm üçünji gezek Türkmenistanyň pagta önümleriniň halkara sergisi-ýarmarkasynyň geçirilýän ýeri boldy. Umuman alnanda, iki günlük forumyň işine dünýäniň 20 döwletiniň wekilleri, şol sanda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümleri we Russiýadan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Ýaponiýadan, Italiýadan, Singapurdan, Şwerýsariýadan, Polşadan, Hindistandan, Bangladeşden, Latwiýadan, Eýrandan, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki döwletlerden daşary ýurt kompaniýalarynyň 40-syna wekilçilik edýän myhmanlar gatnaşdylar.
Sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň Sergi köşgüniň mejlisler zalynda “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahat uly üstünlik bilen geçirildi, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan bilen özara ynanyşmak esasynda we ykdysady taýdan durnukly esasda guralan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.
Güýzüň soňky aýynyň wakalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan seçilip alnan, aýry-aýry döwletler bilen hem, esasy halkara guramalary we sebitleýin abraýly düzümler bilen hem doly möçberli, halkymyzyň düýpli bähbitlerine tutuşlygyna laýyk gelýän hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinen daşary syýasat ugrunyň dürüsdigini ýene-de bir gezek tassyklady.
25-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň Daşary syýasat maslahat beriş geňeşiniň jenap Lýu Guçanyň baştutanlygynda Aşgabada gelen wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Duşuşyga gatnaşyjylar ähli möhüm ugurlarda doly möçberli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi iki ýurduň maksat edinýändigini belläp, türkmen we hytaý halklarynyň däp bolan dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmekde Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky maslahatlaşmalaryň, ählumumy ösüşiň we rowaçlygyň bähbidi üçin işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýetini bellediler.
Beýleki birnäçe duşuşyklar, şol sanda Türkmen döwlet habarlar gullugynda we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda duşuşyklar hem Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýetiniň iki günlük saparynyň maksatnamasyna goşuldy, şonda myhmanlar ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary üçin okuw geçirdiler.
Şol gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Halkara barlaglar we alyş-çalyş “IREH” atly geňeş tarapyndan durmuşa geçirilýän ABŞ-nyň halkara ösüş boýunça agentliginiň /USAID/ “Türkmenistanda maglumatlar we kommunikasiýalar tehnologiýalaryny goldamak” /TMKTG/ taslamasynyň özara gatnaşyklarynyň çäklerinde guralan iki günlük okuwy öz işine başlady.
Geçen aý Türkmenistanyň we GDA ýurtlarynyň soňky ýyllarda hil taýdan täze depgine we mazmuna eýe bolan hyzmatdaşlygy babatda hem ähmiýetli boldy. 26-njy noýabrda Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň XI mejlisi boldy.
Duşuşyk 2013-nji ýylda GDA gatnaşyjy döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň biri boldy.
Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň taslamasynyň gutarnykly ýazgysynyň bilermenler derejesinde ylalaşylmagy hem-de gidrometeorologiýa we Hazar deňziniň hapalanmagyna gözegçilik boýunça utgaşdyryjy komitetiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky gol çekilen Jarnama hem-de Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmagyna gözegçilik boýunça utgaşdyryjy komitetiň /KASPKOM/ 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen 18-nji maslahatynyň esasy jemleri boldy.
KASPKOM-yň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitet we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guralan maslahatyň işine Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň wekiliýetleri we çagyrylan halkara bilermenleri gatnaşdylar.
Noýabr aýynyň ahyrynda Ženewadan ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy, şonda Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň geňeşiniň 103-nji maslahatynda Migrasiýa baradaky halkara guramasyna gatnaşyjy döwletleriň 151-siniň biragyzdan goldamagynda Türkmenistan bu abraýly guramanyň doly hukukly agzalygyna kabul edildi. Biziň ýurdumyz tarapyndan bosgunlara kömek bermek we olary goramak babatda uly tejribe toplandy. Türkmenistan Merkezi Aziýada apatridleriň derejesi hakyndaky Konwensiýa goşulan ilkinji döwlet boldy. Soňky ýyllarda ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan we raýatlygy bolmadyk birnäçe müň adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.
“Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli maksatnamasyny” we “Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça adyl kazyýetlik ulgamyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň baş maksatnamasyny” iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler Adam hukuklary we halkara gumanitar hukugy babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň 29-njy noýabrda geçirilen nobatdaky mejlisiniň gün tertibini düzdi.
Şol gün Pudagara toparynyň agzalary üçin adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty we BMG-niň Ösüş maksatnamasy /BMG ÖM/ bilen bilelikde guralan ýene-de iki duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň 5-nji çagyrylyş deputatlarynyň 15-nji dekabrda boljak saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görmek noýabr aýynyň aýratyn möhüm wakasy boldy, şol saýlawlar türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň demokratik esaslaryny berkitmegiň, halk häkimiýetiniň asyrlardan gelýän esaslaryny we ýörelgelerini pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar.
Mälim bolşy ýaly, öňki parlament saýlawlarynda bolşy ýaly, saýlawlaryň öň ýanyndaky çärelere we ýurdumyzyň parlamentiniň täze deputatlarynyň gönüden-göni saýlawlaryna gözegçilik milli synçylardan başga hem türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça çagyrylan köpsanly daşary ýurtlardan we iri halkara guramalaryndan halkara synçylary we bilermenler tarapyndan amala aşyrylar.
Şu wezipe bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylaryň topary noýabr aýynda Türkmenistana geldi, oňa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygynyň –Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary Wladimir Garkun baştutanlyk edýär. Wekiliýetiň agzalary Merkezi saýlaw toparynda we Türkmenistanyň Mejlisinde bolan duşuşyklaryň barşynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka taýýarlyk görmegiň barşy bilen tanyşdyryldy.
2013-nji ýylyň saýlawlarynyň öňüsyrasynda saýlaw ulgamynda Türkmenistanyň we abraýly halkara guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň mese-mälim işjeňleşendigini belläp geçmeli, halkara bilermenleriniň we maslahatçylarynyň gatnaşmagy bilen geçirilen seminarlar hem-de tälim alyş okuwlary munuň tassyklanmasy boldy.
BMG-niň Ösüş maksatnamasy /BMG ÖM/ bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi topar “Türkmenistanda saýlaw ulgamyny we onuň barşyny kämilleşdirmek” atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde dalaşgär zenanlaryň parlament saýlawlaryna gatnaşmagynyň halkara tejribesine we parlament saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň we ony geçirmegiň barşyny beýan etmekde habar beriş serişdeleriniň iş tejribesine bagyşlanylan möhüm tälim alyş okuwlaryny geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň serhetýaka etraplarynyň ilatyna berlen nobatdaky ynsanperwerlik kömegi Türkmenistanyň ýokary ynsanperwer gymmatlyklaryna ygrarlydygynyň, şeýle hem öz ýakyn goňşulary bilen dostluk hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn çalyşýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Owganystanyň welaýatlarynyň ýolbaşçylary we ilaty ynsanperwerlik ýüküni uly hoşallyk bilen kabul edip, türkmen döwletiniň goňşy Owganystana hemmetaraplaýyn kömek bermäge çalyşýandygyyň beýany bolan bu hoşniýetli erk-isleg çäresi üçin milli Liderimize we ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň birnäçe möhüm taslamalary, şol sanda owgan halkyny suwuklandyrylan gaz we elektrik energiýasy bilen ýeňillikli esasda üpjün etmek boýunça taslamalary amala aşyrandygyny belläp geçmeli. Häzirki wagtda türkmen hünärmenleri Owganystanyň çäklerinde möhüm ykdysady desgalaryň gurluşygyny alyp barýarlar, bilim we saglygy goraýyş ulgamynda mugt kömek edýärler.
Noýabr aýynda ýurdumyzyň türgenleriniň täze ajaýyp üstünlikleri hem bellenildi. Mysal üçin, geçen aýyň başynda ýaş türkmen hokkeýçileri gyşky oýunlar sport toplumynyň buzly meýdançasynda ýaş toparlaryň arasynda geçirilen ýoldaşlyk oýnunyň barşynda Minskiniň /Belarus Respublikasy/ ýygyndy toparyndan üstün çykdy. Munuň Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndy toparynyň ilkinji halkara ýeňşi bolandygy guwançlydyr
Taýekwando /ITF ugry/ boýunça Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşda türgenlerimiz 8 medala, ýagny dört altyn we dört kümüş medala mynasyp boldular.
8-11-nji noýabrda ýygyndy toparymyz ýaş ýigitleriň we gyzlaryň arasynda guşakly göreş boýunça dünýäde birinjilik ugrundaky ýaryşa gatnaşdy, ol Garaçaý-Çerkes Respublikasynyň Çerkes şäherinde geçirildi. Bu ýerde geljegi uly pälwanlarymyz üç altyn, iki kümüş we iki bürünç medallara mynasyp boldular.
13-16-njy noýabrda Başgyrdystan Respublikasynyň Salawat şäherinde sportuň bu görnüşi boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda dünýä çempionaty geçirildi, şonda ýygyndy toparymyz 1 altyn medala, 5 kümüş we 4 bürünç medallara mynasyp boldy. Geçen aýda Singapurda geçirilen ýaşlaryň arasyndaky tennis boýunça halkara ýaryşynda hem türkmen türgenleri uly üstünlik gazandylar. Bu ýaryşlaryň jemleri boýunça aşgabatly tennisçiler şahsy duşuşykda birinji orny we jübütleýin ýaryşda ýeňiş gazandylar.
Şeýlelikde, şu ýylyň 11 aýynda ýyrdumyzyň türgenleri sylaglaryň 262-sine mynasyp boldular, olaryň hatarynda altyn medallaryň 96-sy bar.
Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda Aşgabatda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge toplumlaýyn taýýarlyk görmek güýçli depginde alnyp barylýar, şolaryň çäklerinde maddy-enjamlaýyn binýady ösdürmäge, täze sport desgalaryny gurmaga , sport ulgamyny işgärler bilen berkitmäge, tälimçiler düzüminiň hünärini we türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär.
Türkmen paýtagtyna 25 ýurtdan – Russiýadan, ABŞ-dan, Fransiýadan, Germaniýadan, Hytaýdan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan esasy habar beriş serişdeleriniň wekillerini toplan halkara sport-mediýa maslahaty geçen aýyň aýdyň wakasy boldy. Olaryň hatarynda “RIA Nownsti”, “Assoşieýted Press”, “Reýter” agentlikleriniň we dünýäniň sport žurnalistika ulgamynda uly tejribesi bolan beýleki meşhur tele we radioýaýlymlaryň hem-de metbugat neşirleriniň ýüze golaýynyň habarçylary bar.
Maslahata gatnaşyjylar yklymlaýyn derejede sportuň dürli görnüşleri boýunça Türkmenistanda halkara ýaryşlaryny geçirmäge taýýarlyk görmegiň ýokary derejesini belläp, öňde boljak sport ýaryşlaryny geçirilmegiň ýeri hökmünde Türkmenistanyň paýtagtynyň seçilip alynmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport babatdaky syýasatynyň üstünliginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtadylar.
Mahlasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça dşary ýurtly hyzmatdaşlar we abraýly halkara guramalary bilen bilelikde ministrlikler hem-de pudak edaralary tarapyndan geçirilen geçen aýyň köpdürli çäreleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň arzyly maksatlaryna ynamly gadam urýan ýurdumyzyň baý durmuşynyň aýdyň keşbini emele getirdiler.