Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 18 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Rumyniýanyň Türkmenistandaky ozalky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Titulesku adyndaky Ýewropa Gaznasynyň agzasy, Rumyniýanyň ozalky ilçileriniň we diplomatlarynyň assosiasiýasynyň müdirliginiň agzasy Ion Porožany kabul etdi.
Wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanda durmuşa geçirilýän Bitaraplyk syýasatynyň düýp mazmunyny giňden äşgär edýän hem-de ýurduň tutuş dünýä bileleşigi tarapyndan giň ykrarnama we goldawa eýe bolmagyny şertlendiren milli baýramçylyk bilen gutlady.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilmeginiň özi üçin uly hormatdygyny bellemek bilen, jenap Ion Porožan milli Liderimize dünýäniň ähli saýlama tohumdaky bedewlere öz täsirini ýetiren ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan döwlet Baştutanymyzyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynyň rumyn diline terjime edilen nusgasyny gowşurdy. Diplomatyň belleýişi ýaly, häzirki döwürde tutuş dünýäde bolşy ýaly, Rumyniýada hem Türkmenistana, ýurduň giň möçberli özgertmeleriň ýolunda gazanýan üstünliklerine, şeýle hem türkmen halkynyň baý medeni mirasyna, halkyň gadymy özbolüşly däp-dessurlaryna bolan gyzyklanmalar barha artýar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitaby türkmen halkynyň gözelligiň we kämilligiň nusgasy saýylýan ahalteke bedewleriniň dünýä beren milletiň ýiti zehininiň miwesi bolan “behişdi bedewleriniň” aýratyn orun eýeleýän gadymy taryhynyň özboluşly ýylýazgysy bolup durýar. Rumyniýada bu kitabyň tanyşdyryş çäresini dabarasyny geljek ýylyň fewral aýynda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, myhman belledi.
Gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine we türkmen halkynyň bolşy ýaly, tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna daýanýan daşary syýasat ugruna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady. Türkmen halkynyň buýsanjy we şöhraty bolan ajaýyp ahalteke bedewleri möhüm orun eýeleýän dünýä medeni mirasyny saklamak şeýle aragatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.
Gürrüňdeşligiň barşynda iki ýurduň arasynda gumanitar ulgamdaky, ilkinji nobatda bolsa, ylym, bilim, medeniýet, şeýle hem syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri we geljekki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem dünýäde ajaýyp bedewler hasaplanýan ahalteke atlaryny giňden wagyz etmek, atçylyk sportuny höweslendirmek we ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berildi.
Hoşlaşanlarynda myhman döwlet Baştutanymyzy Bitaraplyk baýramçylygy bilen ýene bir ýola gutlady hem-de hormatly Prezidentimize ýurduň we halkyň bähbidine alyp barýan köptaraply işinde uly üstünlikler arzuw etdi.