Ï Ýakyn geljekde Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberi bäş esse artar!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýakyn geljekde Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberi bäş esse artar!

view-icon 9053
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň önümçilik düzümini çalt döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýa etmek boýunça täze we öňdengörüjilikli syýasaty ýöretmegi netijesinde ýurdumyzda strategiki pudaklaryň, şol sanda energetika senagatynyň çalt depgin bilen ösdürilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Häzirki wagtda türkmen elektroenergetikasy boýunça yzygiderli we ýokary ösüş depginleri gazanylýar we bu pudak dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän elektrik energiýanyň eksporta iberilýän möçberini artdyrmaga ukyplydyr. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gysga möhletlerde kuwwatly elektrik stansiýalaryň we täze elektrik geçirijileriň gurulmagy bilen, pudagyň kuwwaty birnäçe esse artdyryldy, munuň özi diňe bir ýurdumyzdaky ulanyjylary dolulygyna üpjün etmek bilen çäklenmän, türkmen elektrik energiýasyny başga ýurtlara, şol sanda Owganystana hem ibermäge mümkinçilik berýär.

Şu ýerde birnäçe sanlary mysal getirmek ýerlikli bolar. Şu ýylyň 11 aýynda öndürilen elektrik energiýasy 18 mlrd. 302 mln. 780 müň kWt/sagada barabar boldy, munuň özi meýilnamadaka garanyňda 104,3 göterim köpdür. 2 mlrd.644 mln.254 müň kWt/ sagada barabar bolan elektrik energiýasy eksporta iberildi. Türkmenistanyň ilatyna 2 mlrd.39 mln.244 müň kWt/ sagada barabar elektrik energiýasy muzdsyz berildi.

Soňky ýyllarda Daşogzuň gazturbinaly elektik stansiýasy, Balkanabadyň döwlet elektrik stansiýasynda täze energobloklar ulanmaga berildi, şeýle hem “Ahal” we “Awaza” elektrik stansiýalary açyldy. Ozal şeýle gysga möhletlde şunuň ýaly kuwwatlyklar ulanmaga berilmändi. Ýurdumyzyň energetika ulgamynyň kuwatlyklarynyň batly depgin bilen ösdürilmegi üpjün edildi, täze elektrik stansiýalaryny gurmak we ulanylýan kuwwatlyklary giň gerim bilen döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar, munuň özi bularyň netijeliligini has-da artdyrar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynda desgalaryň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagy we täze gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň gurluşygy boýunça uly möçberli taslamalar amala aşyrylýar, täze elektrik geçirijiler çekilýär, paýlaýjy elektropodstansiýalaryň onlarçasy gurulýar, ýurdumyzyň paýtagtyny, beýleki şäherlerini we ilatly ýerlerini tok bilen üpjün edýän we yşyklandyrýan ulgam täzelenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudaklaýyn taslamalary amala aşyrylanda, has täze tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary we materiallary ulanmagyň ýurdumyzyň energetikleriniň esmasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belleýär.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň energetiki pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini berjaý etmek üçin: Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda kiçi gazturbinaly elektrik stansiýalarynyň, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda kuwwatlylygy 500 megawatta barabar bolan gazturbinaly elektrik stansiýasyny gurmak, 2014-2016-njy ýyllarda welaýatlarda täze elektrik stansiýalaryny gurmak bellenildi.

Elektrik energiýasynyň eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Marydaky döwlet elektrik stansiýasynyň, Seýdiniň ýylylyk elektrik stansiýasynyň energobloklarynyň, bar bolan kiçi transformatorly podstansiýalaryň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň elektrik energiýasy boýunça içerki hajatlary dolulygyna üpjün edýän we elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermegi amala aşyrýan energetika ulgamynda bu pudagyň öňdebaryjysy diýlip hasaplanýan we soňky ýyllarda önümçilik kuwwatlyklary has-da artdyrylan Marydaky döwlet elektrik stansiýasyndan başga-da, Aşgabatda, Ahalda, Balkanabatda, Lebapda, Daşoguzda we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ulanmaga berlen täze kuwwatly elektrik stansiýalaryň birnäçesi hereket edýär, bular has kämil desgalardyr.

Ýokary we has ýokary ölçegler boýunça işleýän täze, döwrebap ýylylyk elektrik stansiýalarynyň ulanmaga berilmegi bilen, energiýanyň çeşmeleriniň, şeýle hem tutuş türkmen energşetika ulgamynyň has oňaýly iş tertibini kesgitlemäge we ornaşdyrmaga mümkinçilik döredi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň energetika pudagynyň batly depgin bilen ösdürilmegi kuwwaty pes, könelen energetiki desgalary gijikdirmän ulanyşdan aýyrmaga ýardam etdi.

Ýurdumyzyň elektrik stansiýalary ýerli şertler üçin arzan we türkmen topragynda baý gorlary bolan tebigy gaz arkaly işleýär. Gaz ýakynda ýerleşýän ýataklardan iberilýär, zerurlyk dörän halatynda, ätiýaçlyk ýangyç hökmünde nebiti gaýtadan işleýän ýerli zawodlarda öndürilýän mazut we dizel ýangyjy ulanylýar.

Elektroenergetika pudagynyň öndüriji täze kuwwatlykldarynyň işe girizilmegi ýurduň çäginde ulanylýan elektrik energiýanyň ýylsaýyn artýan möçberini durnukly ýagdapýda üpjün etmek bilen çäklenmän, onuň goňşy ýurtlara eksport edilýän möçberlerini yzygiderli ýagdaýda artdyrmaga mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda Türkmenistanda energetika boýunça bar bolan kuwwatyny ulanylýan, şeýle hem göz öňünde tutulýan ugurlar boýunça eksporta iberilýän elektrik energiýasynyň möçberleriniň has-da artdyrylmagyna gönükdirmek strategiki ugur diýlip hasaplanýar. "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna" laýyklykda ýurdumyzda elektrik energiýasynyň önümçiligi ýylda 25,5 milliard kWt/sagada ýeter, onuň eksporty bolsa ýylda 11 milliard kWt/sagatdan gowrak möçberde artar.

Ýeri gelende, Türkmenistan – Owganystan - Pakistan –Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmak ýaly möhüm ähmiýetli taslama barada aýtmak ýerliklidir. Çünki geljekki gaz geçiriji bilen birlikde, şonuň ugrunda kuwwatly elektrik geçirijini hem gurmaly bolar, ol bu gaz geçirijiniň düzümine degişli ähli desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden daşgary, togy üstaşyr we ýanaşyk ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda Aşgabadyň elektrik energiýasy bilen üpjün edilişiniň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak energetikleriň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir. Taslamanyň çäklerinde paýtagtymyzyň daş-töwereginde ýokary woltly elektrik geçirijileriň täze halkasy gurlar. Şäheriň ähli etraplarynda dürli kuwwatlykly täze podstansiýalaryň onlarçasy, paýlaýjy transformatorly nokatlaryň ýüzlerçesi gurlar, kabel arkaly elektrik geçirijileriň ýüzlerçe kilometri çekiler. Köçeleri yşyklandyrmak üçin daşky täze transformatorly podstansiýalar gurlar. Ýaşaýyş jaýlarynyň ählisinde diýen ýaly togy paýlaýjy enjamlar çalşyrylar we şolara kabel arkaly täze elektrik geçirijileri çekiler.

Şeýlelikde, öz möçberi boýunça bu giň gerimli taslamanyň amala aşyrylmagy bilen Aşgabatda elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça hereket edýän tutuş ulgam dolulygyna täzeleniler. Munuň özi Türkmenistanyň batly depgin bilen ösýän paýtagtyny birnäçe onýyllyklara barabar wagtlap elektrik energiýasy bilen öňünden ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň energetika pudagy ýokary derejede kuwwatlandy. Giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň energetika we ykdysady mümkinçiligi biziň ýurdumyz bilen özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmaga isleg bildirýän daşary ýurtly kompaniýalaryň we firmalaryň sanynyň artmagyny şertlendirýär.

Energetika pudagynda halkara ähmiýetli iri taslamalary yzygiderli durmuşa geçirimek bilen, Türkmenistan bu ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerine ýokary derejedäki jogapkärli çemeleşmeleri äşgär edýär.

BMG-niň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklara möhüm orun berilýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ähli adamzady tolgundyrýan möhüm wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna we olary çözmekde amatly ugurlaryň işlenip taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygy, Owganystandaky ýagdaýyň we häzirki döwrüň beýleki meseleleriniň parahatçylykly kadalaşdyrylmagy bilen baglanyşykly täze netijeli başlangyçlary hut şu maksada gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden eden çykyşynda belledi.

Biziň ýurdumyzyň goňşy döwlet bilen baglanyşykly tutýan ornunyň üýtgewsizligi owgan halkyna parahatçylykly we abadan durmuşy gurmakda, ýurduň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmekde berýän doganlyk kömeginde aýdyň ýüze çykýar. Hut şu asylly ýörelgelerden ugur almak bilen, Türkmenistan Owganystan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli artdyrýar we energetika ýaly möhüm pudakda ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirýär.

Biziň ýurdumyzyň goňşy döwlete ugradylýan elektroenergiýanyň mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmak boýunça durmuşa geçirýän çäreleri Türkmenistanyň saýlap alan ugruna ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýlelikde, Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly kadalaşdyrylmagyny maksat edinip, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji mejlisinde Türkmenistan tarapyndan başlangyçlaryň 5-sini öňe sürdi. Olaryň biri Türkmenistandan Owganystana iberilýän elektroenergiýanyň möçberini artdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde Atamyrat şäherinden Andhoýa 25 megawatt, Marydan Hyrada bolsa 25 megawatt elektroenergiýasy ugradylýar. Lebap welaýatynda gaz turbinaly elektrik bekediniň işläp başlamagy bilen, geljek ýylyň iýul aýyndan başlap, Andhoýa goşmaça 100 megawatt elektroenergiýasyny ugratmaga mümkinçilik dörär. Marydaky gaz turbinaly elektrostansiýanyň işe girizilmegi bilen oktýabr aýynda Hyrada goşmaça 100 megawatt elektroenergiýasy ugradylar. Içki elektrik geçirijileriniň döwrebaplaşdyrylmagy bilen Andhoýa 300 megawatta çenli elektrik energiýasy iberiler. Elektroenergiýanyň gündogar ugurlary boýunça eksport möçberlerini artdyrmak maksady bilen, Mary elektrostansiýanyň energobloklarynyň durkuny täzelemek, Marynyň döwlet elektrostansiýasyndan Türkmenistan bilen Owganystanyň serhedine çenli LEP—500 elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy dowam edýär. Şeýlelikde, Owganystana ugradylýan elektroenergiýanyň möçberleri ýakyn geljekde 5 esse artar.

Mälim bolşy ýaly, ýakyn wagtda Kabul şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-owgan hökümetara toparynyň mejlisi geçiriler. Onuň barşynda hünärmenler Owganystanyň täze energetika kuwwatlyklaryna bolan islegleriniň derejesiniň artýandygy, şeýle hem ara alnyp maslahatlaşylýan taslamany maliýeleşdirmegiň şertleri barada jikme-jik maglumat bererler. Türkmen hünärmenleri öz gezeginde owgan kärdeşlerini Türkmenistanda hereket edýän kuwwatlyklar, önümçilige ornaşdyrylýan häzirki zaman pudaklaýyn tehnologiýalary, şeýle hem ýurdumyzyň elektroenergetika boýunça önümçilik mümkinçiliklerini mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meýilleşdirilýän taslamalar bilen tanyşdyrarlar.

Owganystandaky ýagdaýyň kadalaşdyrmagy bilen baglanyşykly meseleler barha netijeli häsiýete eýe bolýar. Şeýlelikde, öňde boljak duşuşyk Owganystanda we tutuş sebitde durnuklylygyň bähbidine, umumy gyzyklanmalara jogap bolup durýan gatnaşyklaryň täze ýollaryny we usullaryny işläp taýýarlamakda alnyp barylýan bilelikdäki tagallalary mundan beýläk-de utgaşdyrmagyň jähetinde nobatdaky möhüm ädime öwrüler.

“Anyk maksady öňde goýup we onuň ugry bilen netijeli hereket etmek işiň üstünliginiň baş şertidigine çuňňur ynanýaryn. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan soňky ýyllarda hil taýdan täze itergä eýe bolan ösüşiniň netijesinde munuň şeýledigini tassyk edýär. Ýurdumyz päsgelçiliklerden we kynçylyklardan geçip, öz halkynyň kuwwatyny we belent ruhuny ýokary göterip, beýik maksatlary nazarlaýar” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň bähbidine” atly maksatnamalaýyn çykyşynda bellenilýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystan Yslam Respublikasyna elektroenergiýa ugradýar. Täze elektrik geçirijileriň gurulmagy, öz gezeginde goňşy döwletlere ugradylýan elektroenergiýany artdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýlelikde, milli Liderimiziň anyk işlerde we beýik gurluşyklarda has aýdyň beýanyny tapýan ýörelgeleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurduň netijeli tagallalary, güýç-kuwwaty we erki bilen beýik ýeňişleri nazarlaýar.