Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň V çagyrylyş deputatlarynyň saýlawlaryna gatnaşdy. Ir bilen bütin ýurdumyzda döredilen saýlaw uçastoklaryna öz konstitusion hukuklaryny berjaý etmek – milli parlamentiň düzümine sese goýlan iň mynasyp dalaşgärlere ses bermek üçin adamlar gelýärler.
Döwlet Baştutanymyz şu gün bütin ýurdumyzda bir wagtyň özünde sagat 7-de açylan saýlaw uçastoklaryna gelen saýlawçylaryň ilkinjileriniň hatarynda boldy.
Annanyýaz Artyk adyndaky mekdebiň çäkleri baýramçylyk lybasyna beslenipdir. Bu ýerde milli Liderimizi mekdebiň direktory mähirli garşylaýar we saýlaw uçastogyna girmegini haýyş edýär. Döwlet Baştutanymyz bu ýere kakasy Mälikguly Berdimuhamedow we ejesi Ogulabat Berdimuhamedowa bilen bile geldi. Munuň özi milli Liderimiziň türkmen halkynyň asyrlardan bäri dowam edip gelýän däplerine ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy bolup, şol däplerde ruhy we ahlak gymmatlyklaryna asylly çemeleşme öz beýanyny tapýar. Milletimiziň ösüşiniň bütin taryhynyň barşynda ýoýulmalara sezewar bolmadyk türkmen jemgyýetiniň demokratik sütünleri olarda durmuşa ukyplylygyň esas bolmagy netijesinde häzirki wagtda nesilleriň aýrylmaz baglanyşyklydygynyň nyşany bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde halkymyzyň taryhy döredijiligiň täze tapgyryna çykýar, onuň esasy maksady adamlaryň bagtydyr we abadançylygydyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz konstitusion hukugyny berjaý edip, parlamentiň deputaty bolmak hukugy ugrunda watandaşlarymyzyň uly hormatyna we ynamyna eýe bolan, türkmen halkynyň mynasyp, halal we işine wepaly wekilleriniň bäsleşýändigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärlere iň gowy arzuwlaryny aýtdy hem-de saýlaw toparlarynyň agzalaryna bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmekde üstünlikler arzuw etdi we bütin ýurdumyzda saýlawlaryň has ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz “Güneş” atly 7-nji saýlaw okrugynyň 48-nji uçastogynda ses berdi, şonda beýleki saýlaw okruglarynda bolşy ýaly, bir orna birnäçe dalaşgär bäsleşýär. Munuň özi bäsdeşligiň talaplaryna gabat gelýär we saýlawça has mynasyp dalaşgäri saýlamaga mümkinçilik berýär.
Şu saýlaw uçastogynda sanawa girizilen ýurdumyzyň beýleki raýatlary hem türkmen halkynyň döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly hereketini dowam etmek hyjuwyny tassykladylar. Olar milli Liderimiziň göreldesine eýerip, özlerine mahsus bolan ruhubelentlik we raýat işjeňligi bilen ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjy edarasynda iň gowy wekiller üçin öz seslerini berdiler.
Türkmenistanda hakyky halk häkimiýetiniň netijeli usulyny kemala getirmegiň barşynda kesgitleýji tapgyr bolan parlament saýlawlary türkmen Lideriniň geçirýän syýasatynyň esasynda duran demokratik özgertmeleri ilerletmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.
Geçirilen parlament saýlawlary Türkmenistanda hakyky halk häkimiýetiniň netijeli usulyny kemala getirmegiň barşynda kesgitleýji tapgyr bolup, türkmen Lideri tarapyndan geçirilýän syýasatyň esasyny düzýän demokratik özgertmeleri dowam etdirmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.