Şu gün Türkmenistanda Mejlisiň V çagyrylyş deputatlarynyň saýlawlary geçirildi. Giň bäsdeşlik esasynda, açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçen saýlawlar tutuş türkmen jemgyýetiniň ýokary raýatlyk işjeňligine, belent ruhy galkynyşyna beslendi. Şolarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we ýurdumyzda üstünlikli geçirilýän demokratik özgertmeleriň rowaçlygy şöhlenendi.
Ozal habar berlişi ýaly, tutuş ýurdumyz boýunça okrug toparlary tarapyndan deputatlyk orunlaryň 125-sine dalaşgärleriň 283-si bellige alyndy. Olar Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem degişli okruglaryň çäklerinde ýaşaýan raýatlar toparlarynyň ýygnaklary tarapyndan hödürlendi.
Saýlawlardan öň geçirilen çäreleriň barşynda düzülen saýlawçylaryň sanawlaryna ses bermäge hukugy bolan we saýlawlar gününe 18 ýaşy dolan Türkmenistanyň raýatlarynyň 3 million 63 müň 46-sy girizildi.
Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, 14-nji dekabrda gijäniň ýarynda Türkmenistanda saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz-nesihat işleri tamamlandy, Şu gün bolsa ir sagat 7.00-da ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklarynda ses bermek başlandy. Türkmenistanda saýlawlary we sala salyşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň TDH-a beren maglumatlaryna görä, sagat 19.00-a, ýagny saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan wagtyna bellige alnan saýlawçylaryň 91 göteriminden gowragy öz erk-islegini erkin beýan etmäge bolan konstitusion hukuklaryny amala aşyrdylar. Saýlawçylaryň ses berişi baradaky maglumatlar daşary ýurtlardaky saýlaw uçastoklary ýapylandan soň takyklanar we yglan ediler. Mundan başga-da, şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň täze döredilen etraplarynda – Awaza we Kenar etraplarynda halk maslahatynyň agzalygyna saýlawlar geçirildi.
Şu gün Türkmenistanyň ähli saýlaw uçastoklarynda dabaraly ýagdaý höküm sürdi. Olar bu möhüm jemgyýetçilik çäresine doly taýýarlanyldy. Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Ähli ýerlerde konsert meýdançalary taýýarlanyldy, göçme söwda nokatlary guraldy. Bu şanly gün ýaş saýlawçylaryň hakydasynda hemişelik galdy. Olar bu gün ses bermäge ilkinji gezek gatnaşdylar. Saýlaw uçastoklarynda olara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň raýatlarynyň ses bermegi guramaçylykly geçirildi. Türkmenistanyň ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 33-si açyldy. Olara belli bir sebäp boýunça ýurdumyzyň çäklerinden daşarda bolýan watandaşlarymyzyň müňlerçesi geldiler.
Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ses berenleriň arasynda watandaşlarymyzyň asuda durmuşyny goramak üçin gije-gündiz ýeňil bolmadyk we hormatly gullugy alyp barýan türkmen esgerleri hem bar. Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary ähli harby bölümlerde we birikmelerinde geçirildi.
Merkezi saýlaw toparynda TDH-a habar berişleri ýaly, paýtagtymyzda we Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýurdumyzda hereket edýän kanunlara we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda geçirilen saýlawlaryň ýokary guramaylyk derejesi bellenildi. Munuň şeýledigini ýerlerde saýlawlara gözegçilik eden milli synçylar hem doly tassykladylar. Saýlawlara şeýle hem Garaşsyz Döwletleriniň Arkalaşygyndan, Birleşen Milletler Guramasynyň syýasy meseleler boýunça departamentinden synçylar, şeýle hem Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň demokratik institutlary we adam hukuklary baradaky edarasynyň, çakylyk bilen Türkmenistanda bolan ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wekiliýetiniň agzalary gözegçilik etdiler. Olar paýtagtymyzyň we ähli welaýatlaryň saýlaw okruglarynda saýlawlaryň geçişi barada anyk düşünje alyp, türkmen halkynyň agzybirlik we jebislik ýagdaýyna magat göz ýetirdiler.
Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary we olar bilen bagly bolan wakalar halkara jemgyýetçiliginde hem-de dünýäniň habar beriş serişdelerinde uly üns berilmegi bilen tapawutlandy. Şu gün saýlaw uçastoklarynda daşary ýurtly žurnalistler köp boldy. Olar saýlawlaryň aýanlygyna göz ýetirmäge mümkinçilik aldylar.
Şeýlelikde, milli parlamentiň deputatlarynyň saýlawlary bolup geçdi. Ýakyn günlerde ses bermegiň gutarnykly netijeleri jemleniler. Ýöne häzir eýýämden saýlawlaryň hakyky demokratik ýagdaýda geçip, garaşsyz türkmen döwletiniň täze taryhynda möhüm waka öwrülendigini ynamly aýtmak bolar.