Ï Türkmenistanyň raýat awiasiýasy ösüşiň täze tapgyrynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň raýat awiasiýasy ösüşiň täze tapgyrynda

view-icon 11092
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Ulag kommunikasiýalarynyň köpşahaly düzüminiň döredilmegi sebitiň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga we şunuň bilen birlikde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, ählumumy durnukly durmuş-ykdysady ösüşe ýardam etmelidir

Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman köpşahaly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu syýasat bolsa ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün etmäge hem-de ählumumy abadançylygyň bähbidine sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilendir. Biziň ýurdumyz Gündogary we Günbatary, Demirgazygy we Günortany baglanyşdyrýan ýollaryň strategiki çatrygynda amatly ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr kuwwatyna eýedir. Türkmenistan şol kuwwatdan doly peýdalanmaga çalyşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny gyşarnyksyz ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak barada yzygiderli alada edýändigi netijesinde, häzirki wagtda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň awiasion parkynyň üsti dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň uçarlarynyň hem-de dikuçarlarynyň hasabyna ýetirilýär. Soňky ýyllarda onuň üsti özüni iň gowy tarapdan görkezen “Boing” uçarlary we dünýäde meşhur beýleki tehnikalar bilen ýetirildi.

Diňe şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň esasy awiakärhanasy täze kysymly Boing-737-800 uçarlarynyň ikisini, şeýle hem “Agusto Westland” --101 dikuçarlarynyň ikisini aldy we netijeli ulanýar. Ozal habar berlişi ýaly, düýn “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň tehniki binýady bütin dünýäde meşhur amerikan korporasiýasynyň “Boing 737-800” döwrebap uçarynyň nobatdakysy bilen ýetirildi.

Türkmenistanyň uçarlaryň bu görnüşini seçip almagy olary halkara, sebitleýin we içerki howa ýollarynda ulanmak babatda ýurdumyzda toplanan oňyn tejribe bilen şertlendirilendir. Munuň özi ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň kuwwatynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu çözgüt şeýle hem howa ýolagçylaryna dünýä ülňülerine laýyklykda hyzmat etmek hem-de “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ähli ugurlarynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek meýli bilen şertlendirilendir. Özüniň bir asyra golaý taryhynyň dowamynda “Boing” kompaniýasynyň uçarlary hil we oňaýlylyk babatda ýokary görkezijilere eýe boldy.

“Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň döwründe şeýle uçarlaryň sany 39-a ýetiriler. Şu ýerde bularyň iň täze uçarlaryň sanydygyny bellemelidiris. Özleriniň uçuş mümkinçiliklerini tamamlan uçarlar howa parkynyň düzüminden çykarylar we täze alnan howa gämileri bilen çalşyrylar.

Könelişen tehnikalaryň täze howa gämileri bilen çalşylmagy hem-de döwrebap enjamlaryň alynmagy bilen has taýýarlykly hünärmenler zerur bolup durýar. Şoňa görä-de, awiatorlar hünärli işgärleri taýýarlamak wezipesini çözmeli boldular. Türkmen hünärmenleri Beýik Britaniýada, ABŞ-da, Fransiýada taýýarlyk geçdiler. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň hünärmenleri dürli howa tehnikalaryny, şol sanda has oňaýly döwrebap “Boing 737-700” we “Boing 737-800” uçarlary ulanýan nemes we britan awiakompaniýalarynyň tejribesini öwrendiler. Şol uçarlar NG neslindäki ähli uçarlaryň arasynda iň meşhurlary hasaplanylýar. Olar raýat awiasiýasynyň ýerli, şeýle hem orta aralykdaky howa ýollarynda özlerini iň gowy tarapdan görkezdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetiň ösüşiniň häzirki ýagdaýy, şeýle hem raýatlarymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagy täze halkara howa ugurlarynyň açylmagyny talap edýär. Galyberse-de, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň tehniki taýdan üpjünçiligi we onuň häzirki zaman uçarlar parky bu wezipäni çözmäge mümkinçilik berýär.

Häzikri wagtda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň howa gämileri içerki howa gatnawlaryndan başga-da, dünýäniň ýurtlarynyň şäherleriniň onlarçasyna – Moskwa we London, Frankfurt we Birmengem, Bangkok we Deli, Abu-Dabi, Dubaý we Amritsar, Minsk we Almaty, Stambul we Kiýew şäherlerine yzygiderli uçuşlary amala aşyrýarlar. Uçuşlaryň çägi yzygiderli giňelýär. Sankt-Peterburg, Donesk, Lwow şäherlerine täze ugurlar açyldy.

Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasynda ykdysady taýdan amatly ugurlar boýunça üç tapgyrda täze howa gatnawlaryny açmak göz öňünde tutulýar. 2015-nji ýyla çenli döwürde Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinden Stambula (Türkiýe Respublikasy), Moskwa (Russiýa Federasiýasy) we Aktau şäherine (Gazagystan Respublikasy); Aşgabat şäheriniň howa menzilinden Urumçi şäherine (Hytaý Halk Respublikasy), Nowosibirskä (Russiýa Federasiýasy), Antaliýa (Türkiýe Respublikasy), Kuwala-Lumpura (Malaýziýa), Hanoýa, Hoşimine (Wýetnam Sosialistik Respublikasy), Riga (Latwiýa Respublikasy) täze howa gatnawlary açylar.

Ýakyn günlerde “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy Aşgabat-Pariž-Aşgabat täze howa gatnawyny ýola goýar, Milana uçuşlary amala aşyrmaga taýýarlyk görýär, Nowosibirskini we Russiýanyň beýleki şäherlerini Gündogar Aziýanyň ýurtlary bilen baglanyşdyrmagy göz öňünde tutýar. Aşgabatdan Mýunhene, Rime, şeýle hem Jidda şäherine (Saud Arabystany) halkara howa gatnawlaryny guramak üçin zerur şertler döredilýär.

Türkmen awiatorlary dünýäniň köp ýurtlary hem-de yklymlary bilen halkara ýolagçy awiagatnawlarynyň ösdürilmegini, ilkinji nobatda, “Boing 777-200 LR” (“üç sany ýedilik”) uçaryny ulanmak bilen baglanyşdyrýarlar. “Boing” uçargurluşyk korporasiýasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda uzak aralyga gatnaýan, giň fýuzelýažly ýolagçy uçarlarynyň ilkinjisi 2014-nji ýylyň birinji ýarymynda awiakärhana gelip gowşar. Munuň özi ýolagçy gatnawlaryny ösdürmekde täze ädim bolar. Uçarlaryň bu kysymy salonlarynyň ýerleşişine baglylykda, 305-den 550-ä çenli ýolagçyny gatnatmaga ukyplydyr. Olaryň uçuş aralygynyň uzynlygy 9 müň 100 kilometrden 17 müň 500 kilometre çenlidir. “Boing 777” uçarynda ýolagçy uçarlary üçin iň uzak aralyga uçmagyň rekordy goýuldy. Bu görkeziji 21 müň 601 kilometre barabardyr. Şeýle uçarlar biziň howa ýolagçylarymyza Amerika we dünýäniň beýleki yklymlaryna uçmaga mümkinçilik berýär.

Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr, çünki milli ykdysadyýeti ösdürmekde, beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde raýat awiasiýasyna möhüm orun degişlidir. Howa ulagynyň hyzmatlaryň dünýä bazaryna goşulyşmak hem-de daşary ýurtlarda garaşsyz Türkmenistana wekilçilik etmek bilen, raýat awiasiýasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli syýasatyny durmuşa geçiriji hökmünde hem çykyş edýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň raýat awiasiýasy ýokary depginler bilen ösüp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň hataryna çykýar. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen, ýurdumyzyň howa ulag ulgamynyň işgärleri ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak boýunça tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirýärler. Mundan başga-da, olar ekerançylar, maldarlara, nebitçilere we gazçylara ýakyndan kömek berýärler. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň edýän hyzmatlarynyň möçberiniň ösüş depgini ýylsaýyn artýar.

Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, döwletiň okgunly ösüşiniň möhüm şertleriniň biri hökmünde häzirki zaman ulag kommunikasiýa düzümini döretmek ýokarda agzalan maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ulag ulgamynyň ähli pudaklarynda, şol sanda raýat awiasiýasynda giň möçberli taslamalara badalga berdi. Şol taslamalar bolsa täze howa menzillerini, terminallary, inženerçilik-tehniki maksatly desgalary gurmak hem-de häzir hereket edýän desgalary döwrebaplaşdyrmak we olaryň durkuny täzelemek, şeýle hem howa parkynyň üstüni yzygiderli täze tehnikalar bilen ýetirmek bilen baglydyr, şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy tarapyndan “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy” işlenip taýýarlanyldy.

Maksatnama özüne üç tapgyry birleşdirýär: birinji tapgyr 2012-2015-nji ýyllary, ikinji tapgyr 2016-2020-nji ýyllary we üçünji tapgyr 2021-2030-njy ýyllary öz içine alýar. Ahyrky netijede bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi bar bolan önümçilik kuwwatlyklarynyň giňeldilmegini, pudagyň iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagyny, ýokary hünärli hünärmenleriň taýýarlanmagyny, iň häzirki zaman uçarlarynyň alynmagyny, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetiniň we hiliniň ýokarlandyrmagyny we elbetde, täze howa menzilleriniň gurulmagyny hem-de häzir hereket edýän menzilleriň durkunyň täzelenmegini göz öňünde tutýar. Täze howa menzilleri şeýle desgalara bildirilýän ýokary talaplara laýyk geler.

Howa gämileriniň parkyny meýilnamalaşdyrmagy üç bölekde amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Birinji bölek Türkmenistanyň içki howa gatnawy ulgamyndan, ikinji bölek 5200 kilometre çenli orta aralykdaky howa gatnawlarynyň halkara ulgamyndan, üçünji bölek bolsa aralygy 5200 kilometrden ýokary bolan ugurlar boýunça howa gatnawlarynyň halkara ulgamyndan ybaratdyr.

“Türkmenhowaýollarynyň” döwrebap uçarlary ýerli howa ugurlary boýunça hem uçuşlary amala aşyryp, ýurdumyzyň etrap merkezleriniň köpüsi bilen howa gatnawlaryny üpjün eder. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awiatorlaryň öňünde şeýle wezipäni goýup, şu maksatlar üçin 50 we 100 ýolagçyny gatnatmaga niýetlenen täze howa gämilerini satyn almagyň, şeýle hem ýerlerdäki howa menzillerini abadanlaşdyrmagyň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň görkezmesi boýunça ýerli howa gatnawlaryny ösdürmegiň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde howa tehnikasynyň halkara monitoringi geçirildi. Häzirki wagtda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň hünärmenleri dürli ýurtlaryň howa tehnikasynyň, şol sanda 50 ýolagçyny gatnatmaga niýetlenen ATR-42-600 fransuz uçarynyň hem-de 19 ýolagça niýetlenen L-410 çeh uçarynyň uçuş-tehniki görkezijilerini hem-de olaryň bahalaryny içgin öwrenýärler. Şol uçarlar häzirki zaman kiçi awiasiýa bildirilýän ýokary talaplara laýyk gelýär. Mälim bolşy ýaly, golaýda Aşgabatda ATR-42-600 fransuz uçary bilen tanyşdyryş çäresi, şeýle hem Braziliýanyň “Embraer” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Howa gämileriniň parkyny döwrebaplaşdyrmak bilen birlikde ýerüsti binýat hem ösdürilýär. Sebitlerdäki howa menzilleini halkara ülňülerine laýyk geirmek göz öňünde tutulýar. Aşgabatda, Türkmenabatda, Daşoguzda ähli zerur düzümleri bolan täze howa menzillerini, Mary şäherinde howa menziliniň täze ýolagçy terminalyny gurmak, Balkanabat şäheriniň howa menziliniň desgalaryny täzelemek bilen bir hatarda Atamyrat, Magdanly, Gazojak, Köneürgenç, Hazar, Garabogaz, Esenguly, Sarahs we Galaýmor şäherlerindäki howa menzillerini gaýtadan dikeltmek göz öňünde tutulýar. Welaýatlaryň merkezlerinde uçarlaryň köp görnüşini kabul etmäge mümkinçilik berýän, uzynlygy 2 müň metre barabar bolan täze uçuş-gonuş zolaklary gurlar.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň merkezinde—Türkmenabat şäherinde täze howa menzili toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. Täze howa menzili Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň hem-de Aşgabat-Atamyrat demir ýolunyň golaýynda ýerleşer. Demir ýol menzilleriniň gurulmagy bilen bu ýerde ulag halkasy dörediler. Ol bu iri welaýatyň ilatyna edilýän hyzmaty ep-esli gowulandyrmaga mümkinçilik berer. Howa menzil toplumy özüne sagatda 500 ýolagça hyzmat etmäge ukyply ýolagçy terminalyny, VIP terminaly we ýük terminalyny birleşdirer.

Daşoguz şäherindäki howa menzilinde bolşy ýaly, Türkmenabadyň täze howa menzilinde hem uzynlygy 3800 metre barabar bolan, “Boing-777-200LR” kysymly uçary kabul etmek üçin ýörite serişdeler bilen üpjün edilen täze emeli uçuş-gonuş zolaklary gurulýar. Bu ýerde howa hereketini dolandyryş minaralary, badalga beriji dispetçerçilik nokatlary gurlar, IKAO-nyň ikinji derejesi boýunça gonuş ulgamlary ornaşdyrylar, döwrebap aerodrom tehnikasy satyn alnar, öwrüm ýodajyklary, howa gämileriniň duralgalary, perron we beýleki onlarça desga, şol sanda myhmanhana, lukmançylyk merkezi, söwda dükanlary gurlar.

Türkmenabadyň we Daşogzuň howa menzilleriniň aerodrom düzüminiň kämilleşdirilmegi olaryň tehniki mümkinçiliklerini ep-esli ýokarlandyrmaga hem-de ýokary halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyk getirmäge ýardam berer.

Ulag- kommunikasiýa düzümini ösdürmek işinde Türkmenistanyň halkara işewürler toparlarynyň wekilleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigini aýtmak bilen, milli Liderimiziň bu giň möçberli meýilnamalarynyň innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikire we dünýäniň iň gowy tejribesine gönükdirilendigini aýratyn bellemelidiris.

Ýerli howa gatnawlarynyň ösdürilmegi howa ulagynyň ösen düzümini döretmek baradaky umumy strategiýa bilen utgaşykly amala aşyrylar. Mysal üçin, şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabat şäheriniň täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak çäresi boldy. Bu howa menzili Türkmenistanyň esasy “howa derwezesine”, yklymlaýyn we yklymara howa ýollarynda iri üstaşyr merkeze öwrülmelidir.

Bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, ählumumy ösüşiň hem-de rowaçlygyň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gönükdirilen döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädim boldy. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, ony ýurdumyz bilen köpden bäri hyzmatdaşyk edip gelýän “Polimeks Inşaat Taahhüt ve Sanaýi Ticaret A.Ş.” türk kompaniýasy gurar.

Iň häzirki zaman howa menzili sagatda 1 müň 600 ýolagça hyzmat etmäge ukyplydyr. Şol bir wagtyň özünde howa menzili islendik kysymly uçary kabul edip biler we şunda halkara ülňülerine laýyklykda hyzmat eder. Taslama üç sany terminalyň – ýolagçy, VIP, şeýle hem ýük terminallarynyň, uzynlygy 3 müň 800 metre barabar bolan täze uçuş-gonuş zolagynyň, öwrüm ýodajyklarynyň, howa gämileriniň duralgalarynyň hem-de perronyň, howa hereketini dolandyryş gullugynyň miralarynyň gurluşygyny özüne birleşdirýär. Mundan başga-da, häzir hereket edýän uçuş-gonuş zolagynyň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar. Howa menziliniň ýerleşjek ýeriniň umumy meýdany 1 müň 200 gektara barabar bolar.

Bu täsin inženerçilik-tehniki desga tutuş sebitde innowasion desgalaryň biri bolar. Çylşyrymly elektron-tehniki enjamlary, şol sanda iň häzirki zaman aeronawigasion abzallary bolan belentligi 72 metre ýetýän dispetçerler minarasy uçuşlary dolandyryş ulgamynyň esasy merkezine we şol bir wagtyň özünde howa menziliniň özboluşly binagärlik desgasyna öwrüler. Kuwwatly radar, howa şertlerine gözegçilik etmegiň awtomatlaşdyrylan ulgamy howa menziliniň zolagyndaky howa hereketine doly gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Howa menziliniň bäş gatly binasynda Aşgabada gelýän we ýerli hem-de halkara gatnawlary boýunça ugraýan ýolagçylar üçin has oňaýly şertler dörediler. Amatly garaşylýan zallar we bellige alynýan zal, maglumatlar tablosy, sorag-jogap nokady, sensor elektron sorag-jogap ulgamy, petek satylýan kassalar, internet-kafe, poçta bölümleri, telefon-awtomatlar, awtoulaglaryň kärendesine berýän hem-de myhmanhanalarda ýerleri belleýän nokatlar, pullary çalyşýan nokatlar, bankomatlar, el goşlarynyň saklanylýan ýerleri, garbanyşhanalar, restoranlar, duty-free dükanlary ýolagçylaryň hyzmatynda bolar. Mundan başga-da, uçarmanlar hem-de üstaşyr geçýän ýolagçylar üçin myhmanhanalar, eneler we çagalar üçin otaglar, ýörite çagalar meýdançalary, ilkinji lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen otaglar, metbugat neşirleri satylýan hem-de bölek söwda üçin niýetlenen dükanjyklar, maslahatlar zaly we beýlekiler göz öňünde tutuldy.

Degişli migrasiýa, serhet we gümrük çäreleriniň geçirilýän desgalary, el goşlaryny almaga niýetlenen zallar, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň awiakompaniýalarynyň edaralary, ýerüsti hyzmat ediş boýunça tehniki gulluklaryň, gümrükhananyň, ulag polisiýasynyň, arassaçylyk-karantin gözegçiliginiň, meteorologiýa merkeziniň jaýlary zerur bolan enjamlar bilen üpjün ediler.

Toplumyň düzümine kaşaň VIP binasy girýär, şol ýerde belent mertebeli myhmanlary kabul etmek, duşuşyklary we maslahatlary geçirmek üçin ähli şertler göz öňünde tutular.

Şeýle hem täze howa menzilinde degişli desgalaryň ählisiniň, şol sanda ammarlary bolan, ýylda 200 müň tonna ýüki kabul etmäge-ibermäge niýetlenen uly göwrümli ýük terminalynyň, uçarlara ýangyç guýmak üçin merkezleşdirilen bekediň, uçarlara we dikuçarlara tehniki taýdan hyzmat etmek üçin niýetlenen angarlaryň boljakdygyny bellemelidiris.

Howa gämisiniň çäginde dürli desgalar we edara binalary, hususan-da, “Türkmenistan” howa ulag kärhanasynyň hem-de “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň uçuş toparynyň binalary ýerleşer. Mundan başga-da, taslama laýyklykda, awiasiýa üçin işgärleri taýýarlaýan mekdep, şeýle hem uçarmanlary okatmak üçin trenažýor toplumy, lukmançylyk we sport-sagaldyş merkezleri, işgärler hem-de ýolagçylar üçin ýerasty we açyk awtomobil duralgalary gurlar. Täze mekdepde birbada 600 adam okar. Howa menziliniň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylar we bagy-bossanlyga öwrüler. Bu desgany 2016-njy ýylyň awgustynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Täze howa menzili toplumynyň gurluşygynyň barşynda awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan mekdebi üçin döwrebap jaýlar gurlar. Täze mekdepdäki okuw otaglary häzirki zaman multimediýa enjamlary, awiasion barlaghanalar we görkeziş zallary bilen üpjün ediler. Bu ýerde täze “Boing” uçarlaryny özleşdirýän uçarmanlary okatmak üçin trenažýorlar gurnalar. Geljekki uçarmanlary taýýarlamak üçin ýörite “Daýmond” kysymly iki hereketlendirijili uçarlaryň ikisi hem-de bir hereketlendirijili uçarlaryň ikisi satyn alnar, umumy ýaşaýyş jaýy we sport toplumy gurlar. Mekdebiň döwrebap okuw enjamlary, trenažýorlar, awiasiýa tehnikasy bilen üpjün edilmegi geljekde bu okuw mekdebiniň binýadynda Raýat awiasiýasynyň akademiýasyny açmaga mümkinçilik berer. Şol ýerde diňe bir “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy üçin däl, eýsem, awiasiýa tehnikasyna eýe bolan ýurdumyzyň beýleki ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary üçin hem awiasiýa ulgamynyň hünärmenlerini – uçarmanlary, inženerleri, aragatnaşykçylary taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, 1993-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistan Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (IKAO) doly hukukly agzasy boldy. BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan bu gurama raýat awiasiýasy bilen baglanyşykly ähli ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyrýar. Bu iri gurama howa gatnawlarynyň howpsuzlygyny, ygtybarlylygyny we netijelliligini üpjün etmek üçin zerur halkara kadalaryny belleýär. Hut IKAO bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň milli raýat awiasiýasynyň halkara howa gatnawlary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna ýardam etdi.

Awiasiýa ulgamynyň işgärlerini durmuş taýdan üpjün etmek meselesi esasy ugurlaryň biridir. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynda döwrebap lukmançylyk merkezi hereket edýär. Şol ýerde uçarmanlar hem-de dispetçerler düzümi saglygyny dikeldýärler. Ähli amatlyklary bolan 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 5-si, şeýle hem dört gatly jaýlaryň 9-sy guruldy we ulanmaga berildi. Oguzhan köçesiniň ugrunda Howa gatnawlarynyň baş gullugynyň edara binasynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howa ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak babatda başyny başlan taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine, özara bähbitli söwda-ykdysady we netijeli gumanitar gatnaşyklaryň has-da işjeňleşlmegine, syýahatçylygyň giň gerime eýe bolmagyna ýardam eder.