Ï Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralap

view-icon 935
Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowy ýatlama güni boldy. Metjitlerde Garaşsyz türkmen döwletiniň esasyny goýan Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýagty ýadygärligine aýat-töwürler okaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Ataýewiç Nyýazowyň bitiren beýik işleri türkmen halkynyň hakydasynda hemişelik saklanar. Milli Liderimiz bu ajaýyp ynsany hatyralamak çäresine gatnaşmak isleýänleriň hemmesiniň onuň Gypjakdaky aramgähine zyýarat edip biljekdiklerini nygtady.

Garaşsyz türkmen döwletiniň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady mähriban Watanymyzyň täze taryhynyň ýyl ýazgysyna hemişelik ýazyldy. Onuň tagallalary netijesinde biziň ýurdumyz parahatçylykly we durnukly ösüş ýoluna gadam goýup, tutuş dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe boldy.

Häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan özüniň baý taryhy tejribesine we milli medeni-ruhy dessurlara daýanmak arkaly ägirt uly kuwwatlyga eýe boldy. Garaşsyz, uly üstünlikler gazanan Türkmenistan özygtyýarlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň ýolunda ynamly gadam goýup, dünýäniň ähli ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklaryny artdyrýar. Bu bolsa mähriban Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galmagyny şertlendirýär.