Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 758
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geçen ýyllarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we türkmen Lideriniň başyny başlaýan hemmetaraplaýyn döwlet ösüşiniň giň gerimli maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga ägirt uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden belli kompaniýanyň ýolbaşçysyna hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan Türkmenistan türk işewürleriniň gyzyklanmasyny we höwesini goldaýar, olar türkmen bazarynda eýeleýän ornuny ýylsayýn berkidýär diýip nygtady.

Duşuşygyň çäklerinde dürli ugrlarda, şol sanda türkmen ykdysadyýeti üçin möhüm bolan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, işewür döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de türkmen paýtagtyny elektrik energiýasy bilen durnukly we bökdençsiz üpjün etmek hem-de ýurdumyzyň energoulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça özlerine ynanylan taslamalary ilerletmegiň barşy hakynda hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň tutuş taryhynda iri energo taslamany üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Olary ýerine ýetirmegiň barşynda gurulmmagy göz öňünde tutulýan onlarça podstansiýalar bir bitewi energoulgamyna birikdiriler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprel we iýul aýlarynda gol çeken Kararlaryna laýyklykda, “Çalyk Enerji” türk kompaniýasyna Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda üç sany kiçi gaz turbinaly elektrik beketlerini, Aşgabat şäheriniň golaýynda—Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Derweze etraplarynda iki sany gaz turbinaly elektrik beketlerini gurmak ynanyldy.

Duşuşygyň barşynda şu kompaniýa tarapyndan taýýarlanan taslamalar döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi. Olaryň arasynda Morfologiýa merkeziniň, 700 orunlyk köpugurly hassahananyň, Tejribe-önümçilik we iýmit merkeziniň, Newrologiýa hassahanasynyň, Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkeziniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty minitsrliginiň okuw-ylmy merkeziniň binalarynyň taslamalary bar. Milli Liderimiz taslamalaryň her biri bilen içgin tanşyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ş.Durdylyýewe we S.Toýlyýewe olaryň aýratynlyklaryny nazarda tutup, gurulmaly ýerlerini oýlanyşykly saýlap almak barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ahmet Çalyk Aşgabat şäheriniň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini ýokarlandyrmagyň taslamasy, elektrik beketleriniň we geçiriji ulgamlaryň ýerleşiş çyzgysy bilen tanyşdyrdy. Bu wajyp desgalaryň gurluşygy ozal bellenilişi ýaly, üç tapgyrda amala aşyrylar. Şonda 220 KWt-lyk beketleriň 5-si, 110 KWt-lyk beketleriň 21-si, 35 KWt-lyk beketleriň hem 29-sy gurlar. Asma elektrik geçirijileriň çekilmegi göz öňünde tutulýar. Bu işler 2016-njy ýylda tamamlanandan soň, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki kuwwatly elektroenergetika döwleti hökmünde orny has-da pugtalanar.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalar bilen tanyşlygynyň barşynda birnäçe tekliplerini hem-de maslahatlaryny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara Türkmen döwlet energetika institutynda hem-de Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň bir kafedrasynyň binýadynda şeýle döwrebap desgalarda işlejek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, Ahmet Çalyga bolsa daşary ýurtlarda bu ugurda türkmen hünärmenleriniň taýýarlanmagyny ýola goýmak barada tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwrebap ösen energetika ulgamyny döretmek halk hojalyk toplumyny üstünlikli ösdürmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar, ony döwrebaplaşdyrmakda ýurdumyz iň gowy dünýä tejribesiniň çekilmegine üns berýär.

Işewür döwlet Baştutanymyzy öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen Lideriniň ýurduň we onuň halkynyň bähbidine başyny başlan ägirt uly energiýa taslamasyny durmuşa geçirmekde berlen ähli tabşyryklary we bellikleri doly ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy. Bellenilişi ýaly, elektroenergetika ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işlere kömekçi potratçylaryň birnäçesi, şol sanda dünýä belli Sсhneider Eleсtriс, Siemens, General Eleсtriс we beýleki kompaniýalar çekiler. Olar öňdebaryjy enjamlary getirer, goýberiş-sazlaýyş işlerini geçirer, şeýle hem degişli işgärleri taýýarlamagy amala aşyrar.

Ahmet Çalyk pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly wezipelerini durmuşa geçirmegiň ýolunda üstünlikleri arzuw etdi.