Ï Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy – 2013-nji ýyl
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy – 2013-nji ýyl

view-icon 18886
2. Ulag we aragatnaşyk

Häzirki zaman ulag-aragatnaşyk düzümini kemala getirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanan, ylmy taýdan esaslandyrylan Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyz Orta Aziýanyň üstünden geçýän sebitleýin we sebitara ýollarynyň çatrygynda amatly ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr kuwwatyna eýedir. Türkmenistan şol kuwwatdan has doly we netijeli peýdalanmaga çalyşýar.

Bitarap Türkmenistan özüniň seçip alan parahatçylyk söýüjilik daşary syýasat ugruna gyşarnyksyz ygrarly bolmak bilen, soňky ýyllarda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze pikirleri işjeň öňe sürýär. Şol pikirler bolsa halkara ähmiýetli örän wajyp taslamalarda öz beýanyny tapýar. Ählumumy ykrar edilmegine görä, ýurdumyz sebitde özara ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeleýär.

Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge mümkinçilik berýän ulag ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ygrarly bolmak bilen, goňşy ýurtlary ägirt uly üstaşyr kuwwatdan bilelikde netijeli peýdalanmaga çagyrýar. Munuň özi tutuş sebite uly ykdysady peýda getirer.

Häzirki wagtda ählumumy ösüşiň ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek örän wajypdyr. Täze ulag-üstaşyr ulgamlaryň geoykdysady kuwwaty örän uludyr. Ol özüne uly giňişligi, adam serişdelerini birleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, uly maýa goýum serşdeleri çekilýär. Bularyň ählisi ulag ulgamyny dünýä ykdysadyýetini ösdürmegiň esasy ugurlarynyň birine öwürmäge ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, XXI asyryň ulag arhitekturasy – bu özara goşulyşmagyň, sebitleri, serişdeler, önümçilik we adam kuwwatyny birleşdirmegiň arhitekturasydyr. Geljek iri halkara we sebitleýin deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol we howa ulgamlaryna çykmak arkaly ulag gatnawlarynyň sazlaşykly hem-de utgaşykly ulgamyny döretmek, olaryň her biriniň artykmaçlyklaryndan netijeli peýdalanmak bilen baglanyşyklydyr. Hut şoňa görä-de, Türkmenistan özüniň geoykdysady strategiýasynda häzirki zaman ulag ulgamyny döretmäge aýratyn orun berýär, beýleki döwletler bilen bilelikde iri sebitleýin we yklymlaýyn taslamalary amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan geljek ýyl Aşgabatda BMG bilen bilelikde halkara hyzmatdaşlygyny, durnuklylygy hem-de okgunly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgesiniň ornuna bagyşlanan Halkara maslahatyny geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürdi.

Türkmenistanyň binýadynda yklymyň örän wajyp söwda ýollarynyň çatrygynda ulag merkezini döretmek işi eýýäm iş ýüzünde amala aşyrylýar. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän örän ähmiýetli taslamalaryň biri bolan “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň döredilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu geçelge Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda “köpri” bolup hyzmat etmelidir. Onuň gurluşygynyň tamamlanmagy ulag bilen baglanyşykly we beýleki çykdajylaryň ep-esli azalmagyna, yklymyň çäginde haryt dolanyşygynyň artmagyna ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň maý aýynda bu halkara demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň ulanmaga berlendigini bellemelidiris. Onuň dabaraly açylyşyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew gatnaşdy.

Bereket-Etrek (Türkmenistan) – Gürgen (Eýran) demir ýolunyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. 2013-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, bu ýerde örän gysga döwrüň içinde demir ýoluň 175 kilometri çekildi. Şunuň bilen birlikde, düzümleýin we durmuş desgalarynyň –demir ýol menzilleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýlekileriň gurluşygy alnyp barylýar. 2014-nji ýylyň ortasyna çenli demir ýoluň gurluşygyny doly tamamlamak meýilleşdirilýär. Ol Ýewraziýa yklymynyň iri sebitlerini baglanyşdyrar.

Bu demir ýoluň işe girizilmegi Ýewropa we Aziýa ýurtlaryna Günorta Aziýa, Pars aýlagynyň portlaryna ykdysady taýdan amatly çykalgany üpjün eder. Bu ýol Sues kanalynyň üsti bilen geçýän ýoldan üç esse gysgadyr. Täze ýoldan üstaşyr ýükler Hindi ummanynyň we Pars aýlagynyň ýurtlaryndan Eýranyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň üsti bilen Demirgazyk we Gündogar Ýewropa ýurtlaryna ugradylar. Şunuň netijesinde “Demirgazyk - Günorta” geçelgesi boýunça ýükleri daşamak örän amatly bolar.

Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly hem Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň arasynda halkara ulag gatnawlarynyň möhüm bölegi bolar. Bu desganyň nobatdaky tapgyrynyň – Atamyrat–Ymamnazar-Andhoý demir ýolunyň türkmen-owgan böleginiň gurluşygyna şu ýylyň iýun aýynda badalga berildi. Sebitiň, geljekde bolsa tutuş halkara ulag düzüminiň möhüm bölegine öwrüljek bu demir ýoluň düýbüni tutmak dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza iş saparlary bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdylar.

2013-nji ýylyň 20-nji martynda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygynyň barşynda şu taslamany durmuşa geçirmek boýunça degişli Ähtnama gol çekildi. Onuň birinji tapgyrynda demir ýoluň iki bölegini: Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 85 kilometre barabar bolan Atamyrat-Ymamnazar ýoluny we Owganystanyň çäginde Ymamnazardan Andhoýa çenli uzynlygy 38 kilometre barabar bolan ýoly gurmak göz öňünde tutulýar.

Bu täze demir ýol sebitiň ýurtlarynyň dostluk we hyzmatdaşlyk ýoly, ygtybarly ulag geçelgesi bolar. Türkmen Lideriniň bu başlangyjynyň Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary tarapyndan ruhubelentlik bilen kabul edilendigi tötänden däldir. Çünki bu demir ýol ykdysady peýdadan başga-da, şol ýurtlara deňhukukly hyzmatdaşlyk şertlerinde dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmak üçin giň mümkinçilikleri üpjün eder. Üç döwletiň aragatnaşyk ulgamlaryny birleşdiren ulag geçelgesi şol ýurtlaryň arasyndaky ýük dolanyşygynyň we haryt dolanyşygynyň möçberlerini birnäçe esse artdyrmaga ýardam eder.

Demir ýoluň Atamyrat-Ymamnazar bölegini gurmak boýunça ähli taslama işleriniň tamamlanandygyny bellemelidiris. Bu demir ýol şahasyny Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň düzümleri gurar. Bu köp kilometrlik ýoly özleşdirmek üçin uly tagallalaryň we serişdeleriň zerur boljakdygy öz-özünden düşnüklidir. Onuň gurluşygynyň barşynda demir ýol stansiýalarynyň 5-sinde wokzallary, şeýle hem iki sany demir ýol köprüsini gurmak göz öňünde tutulýar. Ýolda relsleri goýmak işinden başga-da, ätiýaçlyk we gapdal ýollary, düzümleýin desgalar, lokomotiw depolary we beýleki kömekçi desgalar gurulýar. Täze demir ýol bilen birlikde, serhetýaka etraplara suwuň we elektrik togunyň geljekdigini, aragatnaşyk ulgamynyň çekiljekdigini, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş maksatly desgalaryň guruljakdygyny ynamly aýtmak bolar. Türkmen hünärmenleriniň Owganystanyň çäginde Ymamnazar-Akina demir ýol şahasynyň tehniki – ykdysady esaslandyrmalaryny işläp taýýarlamaga we gurluşygyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilmegi, şeýle hem täze bilelikdäki düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagy owgan ykdysadyýetini ösdürmäge, örän ähmiýetli durmuş meselelerini, şol sanda ilaty iş orunlary bilen üpjün etmek bilen bagly meseleleri üstünlikli çözmäge kuwwatly itergi berer, maýa serişdeleriniň çekilmegine ýardam eder, ýurtdaky ýagdaýa oňyn täsirini ýetirer.

Atamyrat-Kerkiçi demir we awtomobil ýollarynyň işe girizilmegi hem Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebitleýin we sebitara ulag ýollaryny kemala getirmekde hem-de olardan netijeli peýdalanmakda möhüm ädim boldy.

Soňky ýyllarda ep-esli giňelen milli demir ýol ulgamy halkara ulag gatnawlaryny ösdürmekden başga-da, ýurdumyzyň ähli sebitlerini okgunly ösdürmäge kuwwatly itergi berdi. Ýurdumyzyň içindäki demir ýollary bir halka birleşdirmek üçin uzynlygy 212 kilometre barabar bolan Gazojak-Şasenem-Daşoguz demir ýoluny gurmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda ulanylýan demir ýollaryň uzynlygy 3580 kilometrden geçýär, demir ýol menzillerindäki gapdal ýollaryň uzynlygy bolsa 1130 kilometrden gowrakdyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, tutuş ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýan mahalynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň her bir pudagy örän wajyp wezipeleri çözýär. Soňky ýyllarda demir ýol önümçilik düzümi täze ösüşe eýe boldy—täze kärhanalar açyldy, häzirki zaman tehnologik ulgamlar satyn alyndy, hereket edýän kärhanalar döwrebap tehnikalar bilen üpjün edildi, olaryň kuwwaty birnäçe esse artdyryldy. Wagonlaryň we teplowozlaryň uly toplumy satyn alyndy. Olar entek köp ýyllaryň dowamynda okgunly ösýän milli ykdysadyýetimize hyzmat eder.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 11-nji ýanwarynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň ygtyýaryna Hytaý Halk Respublikasyndan demir ýol wagonlarynyň täze tapgyry – plaskart wagonlarynyň 49-sy, kupe wagonlarynyň 8-si, şeýle hem dizel generatory gelip gowuşdy. Umuman, hytaýly hyzmatdaşlar bilen baglaşylan şertnamada ýurdumyza kupe wagonlarynyň 40-synyň, plaskart wagonlarynyň 100-siniň we dizel generatorlarynyň 10-synyň getirilmegi göz öňünde tutulýar.

Ýörite Türkmenistan üçin taýýarlanan ýolagçy wagonlary döwrebap bezegi bilen tapawutlanýar hem-de howa çalyşyş ulgamy bilen üpjün edildi. Munuň özi ýolagçylar üçin ýokary derejedäki amatlyklary döredýär. Olarda şeýle hem demir ýol işgärleriniň netijeli işlemegi üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy.

Demirýolçulara hem ýokary talaplar bildirilýär. Şol talaplar bolsa olaryň işiniň dürli ugurlary – hojalygy ýöretmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak, menejmentiň häzirki zaman ýörelgelerini ornaşdyrmak, serişdeler binýadyny yzygiderli täzelemek hem-de häzirki zaman demir ýol düzüminden netijeli peýdalanmak, hyzmatlaryň ýokary hilini we ýolagçylaryň howpsuzlygyny, işgärler üçin amatly şertleri üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň 23-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda ulag ulgamynda maýa goýum maksatnamalarynyň işjeň durmuşa geçirilmegi ulag düzümini mundan beýläk-de giňeltmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli çäreleriň aýdyň netijesidir diýip belledi.

Awtomobil ýollary düzümini ösdürmek barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzyň bütin taryhynyň dowamynda awtomobil ýollaryny gurmak boýunça täze taslamalar entek şeýle giň gerimde amala aşyrylmandy. 2014-nji ýyla çenli Türkmenistanda esasy awtomobil ýollarynyň durky doly täzelener, ähli zerur bolan ýol düzümli täze ýokary tizlikli ýollar gurlar. Olaryň umumy uzynlygy 1700 kilometre golaý bolar.

Awtomobil ýollaryny gurmak boýunça işleriň uly bölegi ýurdumyzyň paýtagtynda amala aşyrylýar. Bu ýerde gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk maksatnama durmuşa geçirilýär, şol sanda Aşgabadyň we onuň daş-töwereginiň ulag-aragatnaşyk ulgamy ösdürilýär.

Milli Liderimiz paýtagtymyz boýunça amala aşyrýan iş saparlarynyň barşynda ýurdumyzyň baş şäheriniň awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça geçirilýän işler bilen içgin gyzyklanýar we ýol gurluşygy ulgamynda häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen bir hatarda, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak, köçeleri yşyklandyrmak, zerur bolan aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek meseleleriniň üstünde işlemegiň wajypdygyny nygtaýar.

Şu ýylyň iýul aýynda 10 ýyl Abadançylyk şaýolunyň Bitarap Türkmenistan şaýolundan Bekrewe şaýoluna çenli täze böleginiň – nobatdaky döwrebap ulag ýolunyň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabara boldy.

Häzirki zaman ýokary tizlikli ýoluň täze bölegi özüniň tehniki derejesi boýunça ýol gurluşygynyň ajaýyp nusgasy bolup durýar. Sekiz gatdan ybarat bolan ýol örtügini düşemek üçin ownuk we öýjükli, iri, gyzgyn, dykyz asfaltly beton ulanyldy, ol çagyl-çäge we çagyl garyndylaryndan ybaratdyr. Ýoluň şunuň ýaly düşegi onuň örtüginiň ygtybarlylygynyň ýokary derejede bolmagyny, bahym hatardan çykmazlygyny we agyr ýük daşaýan ulagyň tekerleriniň agram salmagy netijesinde ýoluň çökmeginiň öňüniň alynmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem munuň özi örtükleriň bir-birine baglanyşygynyň ýokary bolmagynyň hasabyna ýol hereketiniň howpsuzlygyny artdyrýar, şunda güwwüldileriň we şöhlelenmäniň pes derejede bolmagy üpjün edilýär.

Ýeri gelende aýtsak, inženerlik kommunikasiýalaryň ählisi ýörite ýeriň aşagynda ýerleşdirildi hem-de şunda sulfata çydamly ýörite sement ulanyldy, munuň özi betonyň berkligini ýokarlandyrýar. Siliň akymlaryny geçirmek üçin sil geçiriji turbalaryň ulgamlarynyň ikisini gurnamak göz öňünde tutuldy. Emeli desgalaryň ählisiniň taslamalary Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň Seýsmiki taýdan çydamly gurluşyk boýunça ylmy-barlag instituty bilen bilelikde düzüldi, şol taslamalarda desgalaryň 9 balla barabar ýer yranmanyň seýsmiki taýdan täsir etmegine çydamly bolmagyna mümkinçilik döredildi.

Täze awtomobil ýollaryny gurmak we öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek ýurdumyzda döwrebap awtoulag düzümini döretmegiň möhüm ugry bolup durýar. Şu ýylyň 7-nji noýabrynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça geçirilen maslahatda bellenilişi ýaly, paýtagtymyzda umumy uzynlygy 59 kilometrdan gowrak bolan 12 sany köçäni döwrebaplaşdyrmak, 18 sany köprini, pyýadalar üçin 39 sany ýerasty geçelgesini gurmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýerüsti geçelgeleriň 15-si gurlar. Şunuň bilen birlikde, toplumlaýyn işleriň çäklerinde inžener-kommunikasiýa ulgamlaryny doly çalyşmak, häzirki zaman ýol hereket howpsuzlygy ulgamlaryny ornaşdyrmak, elektron maglumatlar tablosyny, LED – monitorlary we beýleki enjamlary gurnamak göz öňünde tutulýar. Bularyň ählisi ulag gatnawlarynyň sazlaşykly bolmagyny hem-de awtoulag serişdeleriniň sanynyň artýandygyny nazara almak bilen, ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmaga, ýollarda howpsuzlyk derejesiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berer.

Tutuş ýurdumyzyň çäginden çekilýän Aşgabat -- Garagum – Daşoguz, Türkmenbaşy – Aşgabat – Farap halkara awtomobil ýollaryny çekmekde esasy häsiýetnama hökmünde dünýä ülňülerinden ugur alnar. Şu ýollarda inženerlik desgalarynyň onlarçasy – köpugurly, bölüji zolakly döwrebap aýlawly ýollar, köprüler we estakadalar gurulýar. Bular awtomobil ýollarynyň gatnawyny sazlaşdyrmaga mümkinçilik berer hem-de sile garşy goraglylygy we hereketiň howpsuzlygyny üpjün eder.

Ministrler Kabinetiniň 23-nji awgustynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny” mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam etjek wezipeleriň birnäçesini kesgitledi. Milli Liderimiz, hususan-da, ulag toplumynyň işlemegi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, ony mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegiň wajypdygyny nygtady. Şol hyzmatlar bolsa, hil babatda ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmelidir.

Türkmenistan deňiz arkaly ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak ulgamynyň ösdürilmegini Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebiti ýurtlarynyň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagynyň möhüm şerti hökmünde garaýar. Eýýäm häzirden Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz porty sebitiň iri ulag merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýär. Ýakyn ýyllarda bolsa Hazaryň kenarynda ähli görkezijiler babatda diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň esasy “deňiz derwezesiniň” derejesine laýyk gelýän täze port peýda bolar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda täze iri düzümleýin desganyň – Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Türkmenbaşydaky täze Halkara deňiz portunyň taslamasynda parom, ýolagçy we ýük terminallarynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Sözüň doly manysynda, gürrüň Merkezi Aziýany, Hazar sebitiniň döwletlerini Zakawkaziýe we Gara deňiz sebiti bilen baglanyşdyrýan täze geoykdysady giňişligiň arhitekturasynyň binýadyny tutmak barada barýar. Soňy bilen Türkiýä we Ýewropa ýurtlaryna çykmak mümkinçiligi açylýar. Bu taslamada şeýle hem geljekde Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary ýaly, iri ykdysady merkezlere çykmak arkaly ulag düzümini günorta we gündogar ugurlary boýunça giňeltmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi has giň möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny aňladyp, ählumumy geoykdysadyýetde hakyky täzeçe çemeleşmäniň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär.

Täze portuň toplumyna umumy ýük ýüklenýän terminal, ownuk ýükleriň terminaly, şeýle hem gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodlary girer. Täze deňiz portunyň tehniki tarapy barada aýdylanda bolsa, ýükleriň daşalyşynyň howpsuzlygyny we netijeliligini üpjün etmek, şeýle hem daşky gurşawy goramak üçin ol iň häzirki zaman ýörite maksatnamalaýyn toplumlar bilen üpjün ediler. Portuň akwatoriýasynda gämileriň hereketine, ähli bölümlerde ýük ýükleýiş we ýük düşüriş işlerine gözegçilik etmek hemra, awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we elektron tehnologiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar.

Ýakyn geljekde Türkmenbaşy şäherinde döwrebap deňiz menzili hem gurlar, onda ýolagçylar ähli oňaýly şertler dörediler.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 22 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna nebit guýulýan “Alaja” tankeriniň, 11-nji dekabrda bolsa “Kenar” tankeriniň gelip gowşandygyny bellemelidiris. Şol tankerler Türkmenistanyň buýurmasy boýunça Nižniý Nowgorodyň “Krasnoýe Sormowo” gämi gurluşyk zawodynda (Russiýa Federasiýasy) guruldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň ygtyýarynda eýýäm şeýle gämileriň 7-si bar. Ýakyn geljekde bu gulluk üçin Horwatiýanyň gämi gurluşyk zawodlarynda gurlan “RO-PAX” kysymly awtomobil-ýolagçy gämileriniň ýene-de ikisi gelip gowşar.

“Ýelken” ýaht-kluby açylanda ýolagçylara niýetlenen “Çarlak” atly iri gämi hem ilkinji ýüzüşine ugrady. Bu gämi Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda guruldy. Gämi bir wagtyň özünde 320 ýolagçyny gatnatmaga ukyplydyr, özi-de onuň içki salony 212 adama niýetlenendir, gäminiň ýokarky böleginde bolsa 108 ýolagçy arkaýyn ýerleşip bilýär. “Çarlak” Türkmenbaşy – Gyzylsuw adasy we Türkmenbaşy-Hazar ugurlary boýunça gatnar. Uzynlygy 34 metre golaý we iri 9 metre golaý bolan bu döwrebap gämi elektron nawigasiýa enjamlary bilen üpjün edildi, onuň ekipažy 4 adamdan ybaratdyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň “deňiz derwezesi” özüniň köpsanly täze desgalary we tehniki üpjünçiliginiň derejesi bilen haýran galdyrýar. Türkmenbaşy şäheriniň porty arkaly biziň ýurdumyza senagat we oba hojalyk enjamlary, awtoulag tehnikalary, metal önümleri, agaç materiallary, mineral dökünler getirilýär, daşary ýurtlara bolsa polipropilen, koks we beýleki nebit önümleri hem-de himiýa senagatynyň önümleri iberilýär. Türkmenbaşy şäheriniň portundan geçirilýän ýükleriň akymynyň ýygylygy diňe soňky ýyllaryň dowamynda iki essä golaý artdy.

Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak we täze tehnikalar bilen üpjün etmek ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan giň möçberli meýilnamalaryň möhüm bölegi bolup durýar. Içerki hem-de halkara ugurlarda ýolagçylary gatnatmakda we ýük daşamakda raýat awiasiýasyna möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanan “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy” innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki pikiri we dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmaga gönükdirilendir. Onda täze howa menzillerini gurmak we häzir hereket edýänleriniň durkuny täzelemek, döwrebap terminallary, inženerçilik-tehniki maksatly desgalary gurmak, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, iň häzirki zaman uçarlaryny we beýleki tehnikalary satyn almak, ykdysady taýdan amatly ugurlar boýunça täze içerki we halkara howa gatnawlaryny açmak göz öňünde tutulýar.

Şu maksatnamanyň çäklerinde iri taslamalaryň ýene-de biri amala aşyrylar. Üstümizdäki ýylda Aşgabat şäherinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygyna badalga berildi. Bu howa menzili Türkmenistanyň esasy “howa derwezesine”, yklymlaýyn we yklymara howa ýollarynda iri üstaşyr merkeze öwrülmelidir.

Iň häzirki zaman howa menzili sagatda 1 müň 600 ýolagça hyzmat etmäge ukyplydyr. Şol bir wagtyň özünde howa menzili islendik kysymly uçary kabul edip biler we şunda halkara ülňülerine laýyklykda hyzmat eder. Taslama üç sany terminalyň – ýolagçy, VIP, şeýle hem ýük terminallarynyň, uzynlygy 3 müň 800 metre barabar bolan täze uçuş-gonuş zolagynyň, öwrüm ýodajyklarynyň, howa gämileriniň duralgalarynyň hem-de perronyň, howa hereketini dolandyryş gullugynyň miralarynyň gurluşygyny özüne birleşdirýär. Mundan başga-da, häzir hereket edýän uçuş-gonuş zolagynyň durkuny täzelemek göz öňünde tutulýar. Howa menziliniň ýerleşjek ýeriniň umumy meýdany 1 müň 200 gektara barabar bolar.

Bu täsin inženerçilik-tehniki desga tutuş sebitde innowasion desgalaryň biri bolar. Çylşyrymly elektron-tehniki enjamlary, şol sanda iň häzirki zaman aeronawigasion abzallary bolan belentligi 72 metre ýetýän dispetçerler minarasy uçuşlary dolandyryş ulgamynyň esasy merkezine we şol bir wagtyň özünde howa menziliniň özboluşly binagärlik desgasyna öwrüler. Kuwwatly radar, howa şertlerine gözegçilik etmegiň awtomatlaşdyrylan ulgamy howa menziliniň zolagyndaky howa hereketine doly gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Howa menziliniň bäş gatly binasynda Aşgabada gelýän we ýerli hem-de halkara gatnawlary boýunça ugraýan ýolagçylar üçin has oňaýly şertler dörediler. Bu desgany 2016-njy ýylyň awgust aýynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

2009-njy ýylda Mary şäherinde täze howa menzili toplumynyň, 2010-njy ýylda bolsa Türkmenbaşy şäherinde halkara howa menziliniň açylandygyny bellemelidiris. Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar, Atamyrat, Magdanly, Gazojak, Köneürgenç, Hazar, Garabogaz, Esenguly, Sarahs we Galaýmor şäherlerinde howa menzillerini gaýtadan dikeltmek göz öňünde tutulýar. Welaýatlaryň merkezlerinde uzynlygy 2000 metre barabar bolan we dürli görnüşli uçarlary kabul etmäge mümkinçilik berýän täze uçuş-gonuş zolaklary gurlar.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň howa parkynyň üsti dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň iň täze uçarlarynyň we dikuçarlarynyň hasabyna ýetirilýär. Diňe şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň awiatorlarynyň ygtyýaryna täze kysymly Boing-737-800 uçarlarynyň üçüsi, şeýle hem “Agusto Westland”--101 dikuçarlarynyň ikisi gelip gowuşdy. .

Türkmen awiatorlary dünýäniň köp ýurtlary hem-de yklymlary bilen halkara ýolagçy awiagatnawlarynyň ösdürilmegini, ilkinji nobatda, “Boing 777-200 LR” uçaryny ulanmak bilen baglanyşdyrýarlar. “Boing” uçargurluşyk korporasiýasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, uzak aralyga gatnaýan, giň fýuzelýažly ýolagçy uçarlarynyň ilkinjisi 2014-nji ýylyň birinji ýarymynda awiakärhana gelip gowşar. Munuň özi ýolagçy gatnawlaryny ösdürmekde täze ädim bolar. Uçarlaryň bu kysymy salonlarynyň ýerleşişine baglylykda, 305-den 550-ä çenli ýolagçyny gatnatmaga ukyplydyr. Olaryň uçuş aralygynyň uzynlygy 9 müň 100 kilometrden 17 müň 500 kilometre çenlidir. “Boing 777” uçarynda ýolagçy uçarlary üçin iň uzak aralyga uçmagyň rekordy goýuldy. Bu görkeziji 21 müň 601 kilometre barabardyr. Şeýle uçarlar biziň howa ýolagçylarymyza Amerika we dünýäniň beýleki yklymlaryna uçmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň howa gämileri içerki howa gatnawlaryndan başga-da, dünýäniň ýurtlarynyň şäherleriniň onlarçasyna – Moskwa we London, Frankfurt we Birmengem, Bangkok we Deli, Abu-Dabi, Dubaý we Amritsar, Minsk we Almaty, Stambul we Kiýew şäherlerine yzygiderli uçuşlary amala aşyrýarlar. Uçuşlaryň çägi yzygiderli giňelýär. Sankt-Peterburg, Donesk, Lwow şäherlerine täze ugurlar açyldy.

Ýakynda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy Aşgabat-Pariž-Aşgabat täze howa gatnawyny ýola goýdy. Milana uçuşlary amala aşyrmaga taýýarlyk görýär, Nowosibirskini we Russiýanyň beýleki şäherlerini Gündogar Aziýanyň ýurtlary bilen baglanyşdyrmagy göz öňünde tutýar. Aşgabatdan Mýunhene, Rime, şeýle hem Jidda şäherine (Saud Arabystany) halkara howa gatnawlaryny guramak üçin zerur şertler döredilýär.

“Türkmenhowaýollarynyň” döwrebap uçarlary ýerli howa ugurlary boýunça hem uçuşlary amala aşyryp, ýurdumyzyň etrap merkezleriniň köpüsi bilen howa gatnawlaryny üpjün eder. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awiatorlaryň öňünde şeýle wezipäni goýup, şu maksatlar üçin 50 we 100 ýolagçyny gatnatmaga niýetlenen täze howa gämilerini satyn almagyň, şeýle hem welaýatlardaky howa menzillerini abadanlaşdyrmagyň möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň görkezmesi boýunça ýerli howa gatnawlaryny ösdürmegiň maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde howa tehnikasynyň halkara monitoringi geçirildi. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň hünärmenleri dürli ýurtlaryň hödürlenen howa tehnikasynyň uçuş-tehniki görkezijileri hem-de olaryň bahalary bilen tanşyp, uçarlaryň häzirki zaman kiçi awiasiýasyna bildirilýän ýokary talaplaryna laýyk gelýänlerini içgin öwrenýärler. Mälim bolşy ýaly, golaýda Aşgabatda ATR-42-600 fransuz uçary bilen tanyşdyryş çäresi, şeýle hem Braziliýanyň “Embraer” kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Biziň ýurdumyzda halkara ähmiýetli polat ýollaryň we awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometri guruldy we olaryň käbiriniň taslamalary düzülýär, täze deňiz we howa menzilleri gurulýar hem-de öňden barlarynyň durky täzelenýär. Munuň özi durmuşa geçirilen ägirt uly taslamalaryň diňe bir bölegidir. Türkmenistanyň ähli çägini möhüm yklymara ulag merkezine öwürmek beýleki bir wajyp wezipäniň üstünlikli çözülmegini – ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamyny ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny ulanmak arkaly häzirki zaman dünýä ülňüleriniň derejesine çykarmagy göz öňünde tutýar.

Ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän we maglumatlaryň ýokary hilini üpjün edýän kämil telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň döredilmegi biziň ýurdumyzyň bütin dünýäde abraýynyň artmagyna ýardam edýär hem-de diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde esasy baglanyşdyryjy merkez hökmünde däl, eýsem, Gündogaryň we Günbataryň arasynda wajyp maglumat – kommunikasiýa köprüsi hökmünde hem türkmen döwletini mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugruny kesgitleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, dünýä bileleşiginiň ösüşi bilen deň gadam urmak üçin ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamyny ep-esli kämilleşdirmek, şol sanda maglumatlar tehnologiýalarynyň ýokary derejesini üpjün etmek, telekommunikasiýa ulgamlaryny, Interneti, elektron we resminama dolanyşygyny ösdürmek zerur bolup durýar. Bu wezipeleri çözmek üçin 2013-nji ýylyň dowamynda halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklaryny awtomatlaşdyrmak we kompýuterleşdirmek arkaly önümçiligi guramagyň hem-de dolandyrmagyň innowasion maglumat-kommunikasiýa binýadyny çalt döretmek, häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça işler giň gerimde dowam etdirildi. Munuň özi häzirki wagtda gazanylan üstünlikleriň ählisiniň aragatnaşyk ulgamynyň işgärleriniň ýadawsyz we döredijilikli zähmetiniň netijesidigine şaýatlyk edýär.

Pudaklaýyn düzümi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň, öňdebaryjy enjamlary we täzelikleri ulanmagyň netijesinde ýurdumyzda aragatnaşygyň, tele we radio kommunikasiýalarynyň, maglumatlary ýaýratmagyň köp şahaly ulgamy üstünlikli hereket edýär, maglumatlar serişdeleriniň terminaly işlenip taýýarlanylýar, elektron resminama dolanyşygynyň ulgamy yzygiderli ornaşdyrylýar. Telefon stansiýalarynyň, şol sanda sanly aragatnaşyk ulgamynyň ösen awtomatlaşdyrylan ulgamy ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny, şeýle hem giň möçberli Internete girmek we maglumatlary bermek üçin ýokary tizlikli kanallary üpjün edýär. “Altyn asyr” milli öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň müşderileriniň sany barha artýar. Döwletara telefon aragatnaşygyny giňeltmek maksady bilen transmilli optiki – süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek işi dowam edýär.

Ýokary tizlikli Internete geçmek, LTE tehnologiýalarynyň binýadynda 4G ykjam aragatnaşyk ulgamyna goşulmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Türkmen paýtagtynda we Türkmenbaşy şäherinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Wi-Fi simsiz aragatnaşyk ulgamy ornaşdyrylýar. Okuw-bilim edaralaryny Internet ulgamyna birikdirmek, olary okatmagyň multimediýa we interaktiw serişdeleri bilen üpjün etmek işleri hem güýçli depginde dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýakyn geljek üçin türkmen aragatnaşykçylarynyň öňünde goýan wezipeleriniň hatarynda milli teleradio gepleşikleri hemra arkaly ýaýratmak zolagyny giňeltmek, özümiziň emeli hemramyzy geostasionar orbita çykarmak arkaly milli hemra aragatnaşyk ulgamyny döretmek taslamasy boýunça işleri işjeňleşdirmek wezipeleri bar. Eýýäm 2014-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanyň ilkinji aragatnaşyk hemrasy uçurylar.

Mundan müň ýyl ozal bolşy ýaly, Türkmenistan häzir hem Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezleriniň biri bolmagynda galýar. Biziň ýurdumyz bu ýoly gaýtadan dikeltmäge gatnaşýar. Şu jähetden ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň çalt depginlerde ösdürilmegi täze durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegine, goňşy ýurtlar, şeýle hem dünýäniň ähli döwletleri we halklary bilen işjeň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy, dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýär.