Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäherde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda ýol-ulag düzümini ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem gurluşygy alnyp barylýan birnäçe desgalardaky işleriň barşy bilen tanyşdy.
Ir bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazyk künjegine tarap, A.Nyýazow şaýolunyň ugrunda Garagum derýasynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň gurulýan ýerine tarap ugrady. Oguz han suw çüwdürimler toplumynyň ýanynda hormatly Prezidentimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk düzümini döwrebaplaşdyrmak we toplumlaýyn ösdürmek täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze döwrebap ulag ýolarynyň, köprüleriň, estakadalaryň we köpugurly bölüji awtomobil ýollarynyň gurluşygyna, şeýle hem bar bolan ulag ýollarynyň we degişli inženerçilik-tehniki desgalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şu meseleler milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde durýar. Munuň özi öňdebaryjy gazanylanlar we innowasion tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýan, adamlaryň durmuş ulgamy üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilýän bu pudagynda durmuşa geçirilýän ähli özgertmeleriň esasy ugrudyr.
Bu ýerde wise-premýer Ş.Durdylyýew milli Liderimize alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz gyrluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam goýan täze awtomobil köprüsiniň gurluşygyndaky işler bilen tanyşdy. Köpriniň ini 28 metr bolup, onuň uzynlygy 147 metre barabardyr. Şeýle hem desganyň her tarapynda üç ugur boýunça hereket amala aşyrylyp bilner. Milli Liderimiz awtoulagynda köprüniň üstünden geçýän ýol bilen bir aýlaw edip, desganyň merkezinde saklandy.
Şeýle desgalaryň şäher gurşawy bilen sazlaşykly utgaşmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu ýerde alnyp barylýan işlere toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady. Onuň ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýän gurluşyk işleriniň hilinden başlap, onda ekologiýa şertleriniň berjaý edilişine we desganyň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna çenli bolan ugurlary öz içine almalydyr diýip, milli Liderimiz belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda gurulýan köprüleriň we çylşyrymly desga hasaplanýan bölüji zolaklaryň şäheriň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.
Döwlet Baştutanymyz bu döwrebap desganyň gurluşygy we ondan ulanylýan gurluşyk serişdeleri bilen jikme-jik tanşyp, häzirki döwürde hereket edýän awtomobil köprülerinde bolşy ýaly, desganyň ähli ölçegler, hil, ygtybarlylygy, şeýle hem ýol-hereketiniň howpsuzlygynyň şertleri boýunça ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz awtoulag ýollarynyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, olaryň yşyklandyrylyşyna, aýmançalaryň bezeg aýratynlyklaryna üns bermelidigini nygtap, bu ýerde ýylyň ähli paslynda sazlaşykly hereketi üpjün etmek boýunça degişli düzümleriň işini yzygiderli ýola goýmak babatda birnäçe maslahatlary berdi.
Çylşyrymly ulag-uol düzümini emele getirýän bu desgada hereket howpsuzlygynyň üpjün edilmegi baş meseledir diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde gurlan ugurdaş desgalaryň iň ulusy bolup durýan bu desgada ýerli howa şertleri nazarda tutulyp, oňa laýyklykda iş alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz desga bilen tanyşlygynyň barşynda, Aşgabadyň doly derejeli durmuş üpjünçiligini ýola goýmakda we onuň ýurdumyzyň baş şäheriniň geljekki ösüşini nazara almak arkaly bildirilýän ýokary talaplara laýyklykda mundan beýläk-de ösdürilmeginde ulag-aragatnaşyk düzümine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara ähli düzümleýin desgalarda alnyp barylýan işleriň ýokary hiliniň üpjün edilişine we olaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegine berk gözegçilik etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hususan-da, döwlet Baştutanymyz “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygyna ýol ýakasyndaky raýyşlaryň ýokary hil derejesinde oturdylmagy we täze köpriniň degişli derejede ulanylmagy bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministrine bu ugur boýunça ýolagçy awtobuslarynyň gatnaw tertipnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Şeýle hem köpriniň yşyklandyrylyşy bilen baglanyşykly hem tabşyryklar berildi. Beýleki köprülerde bolşy ýaly, täze köprüde hem ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň möhümdigi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň içeri işler ministrine bu ýerde görkeziji ýol belgilerini oturtmagyň we beýleki degişli düzgünleri ýola goýmagyň zerurdygyny aýtdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygyna halkara howa menziline gelýän ýol boýunça hereketiň bökdençsizligini üpjün edýän ähli zerur şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy. Mundan başga-da , milli Liderimiz täze desganyň paýtagtymyzyň şu töwerekdäki binalary bilen ajaýyp sazlaşygy getirmegini üpjün edýän degişli çäreleri işläp taýýarlamak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Garagum derýanyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň şu ýylyň 30-njy dekabrynda açylmagyna ak pata bermek bilen, hormatly Prezidentimiz şu we beýleki şunuň ýaly desgalaryň ýurdumyzda bölüji, döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösüşiniň möhüm şerti bolan döwrebap ulag düzümini kemala getirmek jähetinde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Şol ýerde milli Liderimiziň garamagyna Aşgabadyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmak bilen baglanyşykly taslamalar görkezildi. Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, olara birnäçe bellikleri girizdi we teklipleri aýtdy. Paýtagtymyzyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjünçiligine degişli meselelere we bu düzümiň döwrebap derejede kämilleşdirilmegine çynlakaý çemeleşmegiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Serhet institutynyň täze binalar toplumynyň gurulýan ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjegine tarap ugrady.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow hasabat berdi.
Hasabaty kabul etmek bilen, döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdebiniň täze binalar toplumynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu ýerde gurulýan binalaryň hatarynda umumy-ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi, sport toplumy, medeni desga, şeýle hem institutyň okuw binalary bar.
Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýaly ýörelgeleri döwlet syýsatynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ykrar etmek bilen Türkmenistanyň, goranyş häsiýetine eýe bolan we ýurdumyzyň howpsuzlygynyň hem-de türkmen halkynyň parahatçylykly we abadan durmuşynyň kepili bolan Ýaragly Güýçlerimiziň ýokary goranyş ukybynyň üpjün edilmegine gönükdirilen Harby doktrinany durmuşa geçirýändigini belledi. Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen alnyp barylýan harby özgertmeler hut şu maksatlary ugur edinýär. Ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak onuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Serhet institutynyň binalar toplumynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz bu babatda birnäçe bellikleri aýtdy. Bu ýerde ýokary derejeli bilim almak, sport bilen yzygiderli meşgullanmak, harby talyplaryň beden taýdan taýýarlygyny kämilleşdirmek, şeýle hem mähriban Watanymyzyň goragynda durmaly geljekki serkerdeleriň boş wagtyny medeniýetli geçirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmegini we desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyny, şeýle hem täze ýokary okuw mekdebinde häzirki zaman enjamlarynyň oturdylmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem institutda serhetçi serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrýan hukuk kurslarynyň hereket etmelidigii barada aýtmak bilen, milli Liderimiz munuň üçin degişli şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy.
Soňra Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günorta-gündogar künjegindäki N.Andalyp we Köpetdag şaýollarynyň çatrygynda saklandy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şöhraty dünýä dolan Ýanardag atly ahalteke bedewiniň heýkelini oturtmak işleri alnyp barylýar. Bu desgany gurmak we onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri “Myradym” ýerli hususy kärhananyň hünärmenlerine ynanyldy.
Bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşykçylar bilen bolan söhbetdeşlikde Täze, 2014-nji ýylyň baş nyşanynyň bedewdigini aýdyp, munuň özi ady rowaýat öwrülen “behişdi bedewleriň” mekany bolan Türkmenistan üçin has-da ähmiýetlidir diýip belledi. Halk içinde “At – myrat” diýlişi ýaly, Täze ýyl beýik ýeňişlere beslener diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewi milli gymmatlygymyz bolmak bilen, ol tutuş taryhyň dowamynda türkmen halkynyň wepaly ýoldaşy bolupdyr. Häzirki döwürde bolsa ahalteke bedewi mähriban Watanymyzyň ösüşiň we döredijiligiň belentliklerine tarap ynamly gadamyny äşgär edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde işleýän gurluşykçylar bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda olaryň iş, durmuş şertleri bilen gyzyklandy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz olaryň gurýan ajaýyp binasynyň bedew ýylynda gurlup ulanylmaga beriljek möhüm desgalaryň birine öwrüljekdigini aýtdy. Bu ýerde işleýän gurluşykçylar özleri üçin amatly şertleriň döredilýändigini aýdyp, milli Liderimiziň hut özüniň bu ýere gelip, gurluşykçylaryň işleri bilen gyzyklanýandygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Gurluşykçylar öz öňlerinde goýlan möhüm wezipäni abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdylar. Ajaýyp Ýanardagyň keşbini aýdyň beýan etjek heýkeliň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýokary hile eýedigini kanagtlanma bilen belläp, milli Liderimiz ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylaryna “Myradym” hususy kärhanasynyň bu ýerde işleýän gurluşykçylaryny Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýarym aýlyk möçberdäki pul serişdesi bilen sylaglamagy tabşyrdy. Şunda milli Liderimiz döwletimiziň hususy telekeçiligiň mundan beýläk-de ösdürilmegine yzygiderli goldaw berjekdigini aýtdy we Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine telekeçileriň işjeň gatnaşýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýol ugruna saklandy we paýtagtymyzyň, şeýle hem tutuş ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak we ýol ýakalarynda gök zolaklary döretmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekologiýa meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan paýtagtymyzyň bu künjeginde tokaý zolaklaryny döretmek, bagy-bossanlyga büremek, iň esasysy bolsa jan saglygyna oňyn täsiri boljak howa gurşawyny döretmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa anyk görkezmeler berildi.
Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan döwlet Baştutanymyz özüniň boş wagtlarynda bedewler bilen duşuşýar hem-de şöhraty dünýä dolan atlar bilen gezim etmek, olary çapmak bilen meşgul bolýar. Ine, bu gün hem hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäherine bolan iş saparynyň dowamynda Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän ahalteke atçylyk toplumyna bardy.
“At agynan ýerde toý bolar” diýen ajaýyp jümläni döreden halkymyz asyrlarboýy bedewlerine uly sarpa goýupdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gönüden-göni hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu asylly ýörelge has-da ösdürildi we kämilleşdirildi. Bedew nyşany astynda boljak täze ýylyň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyzyň bedewleriň arasyna gelip, olar bilen didarlaşmagynda, gezim etmeginde aýratyn many bar. Çünki häzirki döwürde Türkmenistanyň her güni rowaçlyklara, üstünliklere beslenýän hereketinde bedew bady bar. Bu bolsa Türkmenistanyň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda belent ýeňişleri nazarlaýanygyny alamatlandyrýar.
Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygy bolmak bilen, olar uzak taryhyň dowamynda dünýä ýüzünde şöhrat eýesi bolupdyr. Türkmen halky özüniň milli gymmatlygyna uly sarpa goýýar. Çünki ahalteke bedewleri belent sarpa, mertebä mynasyp hasaplanylýar. Türkmen atlarynyň şöhraty we hormaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da belende göterildi. Türkmen toý-baýramlarynyň bezegine öwrülen ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň has-da belende galmagy ugrunda häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallasy bilen ägirt uly işler alnyp barylýar.
Şalaryň arzuwy bolan, taryhçylaryň waspyny ýetiren bedewleri, onuň asyl mekany bolan Türkmenistandaky abraýynyň belende galmagy ugrunda milli Liderimiziň tagallasy bilen maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewleriniň arasyna gelip, olar bilen gezim etmegi, bu ýerde at münmegi bedew sarpasynyň belentdiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Döwlet Baştutanymyz ýeňil gopýan bedewi ýatagyna getirip, onuň bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.