Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly üstünliklere beslenen 2013-nji ýyl tamamlanyp barýar.
Geçip barýan ýylda eziz Watanymyz ähli ugurlar boýunça ýokary netijeleri gazandy. Şu ýylyň jemlerine nazar aýlap, mähriban halkymyzyň yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekendigini, belent sepgitlere ýetendigini aýratyn bellemek isleýärin.
Eziz Diýarymyzyň ykdysadyýeti 2013-nji ýylda Prezident Maksatnamasyna laýyklykda güýçli depginler bilen ösdi. Biz şu ýyly döwletimiziň daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň sanawyndaky ýurtlaryň birinji onlugyna goşulmagy bilen başladyk.
Ykdysadyýetimiziň nebitgaz, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk, senagat pudaklarynda we beýleki pudaklarynda geçip barýan ýylda ýokary ösüş depginleri gazanyldy. Bu bolsa, bize halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.
Biz ilatymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak meselesine hemişe uly üns berýäris. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini yzygiderli köpeldýäris. Ýurdumyzda şu ýyl köp sanly iri zawodlar we fabrikler, önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup, ulanmaga berildi.
Eziz watandaşlar!
Berkarar Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheri barha ösýär we gözelleşýär. 2013-nji ýylda merjen paýtagtymyz dünýäde ak mermere beslenen şäher hökmünde, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Her ýylyň 25-nji maýy Aşgabat şäheriniň güni diýlip yglan edildi.
Biz ýurdumyzda iri senagat we medeni-durmuş maksatly desgalary giň gerim bilen gurmagy yzygiderli dowam edýäris. Häzirki döwürde Türkmenistanda umumy bahasy 35 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän iki müňe golaý desganyň gurulýandygyny aýratyn bellemek isleýärin.
Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem gowy netijeler gazanyldy. Türkmenistan indi gallany eksport edýän döwletleriň hataryna goşuldy. Daýhanlarymyz bugdaýyň we pagtanyň bol hasylyny ýetişdirip, Watan harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý, 1 million 200 müň tonna golaý pagta tabşyrdy.
Bilim ulgamyny kämilleşdirmek biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Umumy bilim berýän mekdeplerde 12 ýyllyk orta bilime geçilmegi bu ugurda möhüm ädim boldy. Alnyp barylýan bu işleriň ylymly-bilimli, sagdyn ruhly, berk bedenli, päk ahlakly, Watana wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde örän möhüm ähmiýeti bardyr.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hem düýpli ösüşe eýe boldy. Ilatymyzyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, ynsan ömrüni uzaltmakda uly üstünlikler gazanyldy.
Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatymyz, amala aşyrýan işlerimiz hem gowy netijelerini berýär. Türgenlerimiz dünýä we Olimpiýa ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular.
Biz 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna düýpli taýýarlyk görýäris. Häzir paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjigi güýçli depginler bilen gurulýar. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagynyň Aşgabat şäherine gowşurylmagy ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda uly waka öwrüldi.
Bitarap döwletimiz üçin şu ýyl halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde hem netijeli ýyllaryň biri boldy. Garaşsyz döwletimiziň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky orny barha giňelýär we möhüm ähmiýete eýe bolýar. Geçip barýan ýylda berkarar Watanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 68-nji mejlisiniň Başlygynyň orunbasarlygyna, şeýle hem bu Guramanyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy. Eziz Diýarymyzyň şu ýyl ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2013–2017-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlanmagy hem halkymyz üçin guwandyryjy waka boldy.
Ýurdumyzda 2013-nji ýylda gadymy baýramlarymyzyň biri bolan Nowruz baýramy halkara derejesinde, giňden bellenip geçildi. Bu nurana baýrama gatnaşmak üçin Diýarymyza köp sanly döwlet we hökümet ýolbaşçylary geldi. Bu bolsa, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny alyp barýan Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygyna doly şaýatlyk edýär.
Şu ýyl biz Ýaşulularyň Maslahatyny Daşoguz welaýatynda ýokary derejede geçirdik. Nesip bolsa, Ýaşulularyň indiki Maslahatyny täze ýyl Lebap welaýatynda geçireris we Maslahatda il-ýurt bähbitli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarys.
Ýakynda ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary geçirildi. Saýlawlar taryhda ilkinji gezek iki partiýanyň gatnaşmagynda, hakyky demokratik ýagdaýda, giň bäsleşik, açyklyk we aýdyňlyk esasynda geçdi. Halkymyz ýurdumyzyň Parlamentine mynasyp adamlary saýlady. Saýlawlar döwletimiziň syýasy, kanunçylyk ulgamynyň barha ösýändigini we kämilleşýändigini aýdyň görkezdi.
Eziz watandaşlar!
Şu ýyl «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimizi ösdürmekde uly ähmiýete eýe boldy. Nesip bolsa, Täze ýyl biz Medeniýet hepdeligini baý taryhy bolan gadymy Daşoguz topragynda geçirmegi maksat edinýäris.
Türkmen halkynyň durmuşynda, dünýäniň ruhy-medeni ulgamynda 2014-nji ýyl ýene-de bir şanly waka beslener. Täze ýyl biz umumyadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy, çeper sözüň uly ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny halkara derejesinde giňden belläp geçeris.
Hormatly adamlar!
Uly şatlyk-dabara bilen garşy alynýan 2014-nji ýylda biziň öňümizde giň gerimli işler, uly wezipeler durýar. Bu işleri amala aşyrmakda, belent sepgitlere ýetmekde biz mähriban halkymyza, onuň paýhasyna we yhlasly zähmetine daýanýarys. Şoňa görä-de, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy ýyllarynyň biri boljak 2014-nji ýylda biz el-ele berip, agzybirlikde we jebislikde eziz Diýarymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda tutanýerlilik bilen, yhlasly zähmet çekmelidiris!
Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!
Biz ýene-de az salymdan täze ýyla gadam basýarys. Täze ýylyň bosagasynda men siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş hem-de uly zähmet üstünliklerini tüýs ýürekden arzuw edýärin!
Täze ýyl bedew ýylydyr. Halkymyzyň «At – myrat!» diýen pähimi bar.
Goý, täze ýyl bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyz üçin üstünlikli, mahriban halkymyz we her bir maşgala ojagy üçin rysgal-döwletli, bereketli hem-de düşümli ýyl bolsun!
Eziz watandaşlar!
2014-nji ýylyňyz gutly bolsun!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow