Ï Täze ýylyň gutly bolsun, bedew bady bilen öňe barýan ata Watan!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze ýylyň gutly bolsun, bedew bady bilen öňe barýan ata Watan!

view-icon 1296
Ine, Täze, 2014-nji ýyly garşylamak dabarasy hem boldy. Geçip barýan ýylyň uly üstünlikleriniň hem-de ýagşy niýetleriň we geljege bolan ymyt-arzuwlaryň hormatyna guralan feýerwerkiň köpdürli öwüşginleri astynda şu baýramçylyk gijesinde Täze ýyl öz hasabyny ýöredip başlady.

Ine-de, biziň durmuşymyzyň belli bir sepgidini, ýylýazgysynyň nobatdaky sahypasyny alamatlandyrýan, sabyrsyzlyk bilen garaşylan we tolgundyryjy pursatlar hem gelip ýetdi. Şol sahypany agdaryp, biz öňe tarap ymtylmalarymyzyň täze sepgitlerini açýarys, ähli umyt-arzuwlarymyzyň hasyl boljakdygyna, giň möçberli maksatnamalarymyzyň amala aşjakdygyna ynanýarys. Täze ýylyň bedew ýylydygy bizi has-da buýsandyrýar. Ol kuwwatly güýç-gaýraty, tutanýerliligi, durnuklylygy we wepalylygy, tebigatyň egsilmez güýjüniň hem-de ynsanyň ägirt uly döredijilik zehininiň beýik sazlaşygyny alamatlandyrýar.

Türkmenistanlylar gadym döwürlerde biziň ata-babalarymyzyň ulanan sennamasy boýunça Bedew ýylynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri bilen gabat gelmeginiň aýratyn many-mazmunynyň bardygyny belläp, Täze ýyl bilen diňe bir maşgala abadançylygyny däl, eýsem belent watançylyk duýgularyny, raýat jogapkärçiligini hem-de zähmet edermenligini baglanyşdyrýarlar. Şu alamatlaryň bitewüliginde bolsa jemgyýetiň we döwletiň jebisligi berkeýär, täze ýeňişleriň hatyrasyna halkymyz öz milli Lideriniň daşyna has-da jebisleşýär. Çünki, ýurdumyzyň ertirki güni, nesillerimiziň geljegi köp babatda biziň her birimiziň öz iş orunlarymyzda ýerine ýetirýän işimiziň ähmiýetine düşünip, onuň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin ähli bilimimizi, başarnygymyzy, döredijiligimizi we tagallalarymyzy gönükdirýändigimize baglydyr.

Watanymyzyň ykbalyna şeýle jogapkärli çemeleşilmegi bolsa bize ägirt uly üstünlikleri gazanmaga hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň köp görkezijileri boýunça ýurdumyzy dünýäde öňdäki orunlara çykarmaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistan özüniň seçip alan garaşsyzlyk ýoly bilen ynamly öňe gidip, ägirt uly üstünlikleri hem-de ýeten belent sepgitleri bilen dünýäni haýran galdyrýar we milli taryhy tejribede dörän döwlet-jemgyýetçilik gurluşynyň özboluşly nusgasynyň dabaralanýandygyny subut eden ýurt hökmünde halkara bileleşiginiň ünsüni çekýär. Syýasatçylaryň we sosiologlaryň bu ýagdaýy seljerip, onuň örän täsindigini we kanunalaýyklygyny belleýärler. Biz bolsa 2013-nji ýylyň ajaýyp netijelerine buýsanýarys.

Geçen ýyl bizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly uly zähmet ýeňişleri, beýik işler hem-de asylly başlangyçlar bilen biziň müdimilik ýadymyzda galar. Milli Liderimiz döwlet syýasatyny, ilkinji nobatda, durmuş taýdan örän wajyp wezipeleri çözmäge, jemgyýetçilik we raýat kuwwatyny açmaga, döredijilik we intellektual serişdelerden netijeli peýdalanmaga milli bähbitleri, ýagny, halkymyzyň, ýurdumyzyň raýatlarynyň bähbitlerini goramaga gönükdirdi. Döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasat ugry hem hut şu ýörelgelere esaslanýar. Bu syýasat aýgytly we yzygiderli durmuşa geçirilip, öňe sürlen başlangyçlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini, milli maksatnamalaryň hem-de iri halkara we sebitleýin taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün edýär.

Şol giň möçberli taslamalaryň hatarynda Gazagystan--Türkmenistan –Eýran transmilli demir ýolunyň gurluşygy hem bar. Bu polat ýoluň türkmen-gazak bölegi 2013-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. Gurluşygy üstünlikli amala aşyrylan bu demir ýol diňe bir sebitiň çäginde däl, eýsem tutuş Ýewraziýa giňişliginde netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň aýdyň mysallarynyň biri boldy.

Halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde ulag meselesine 2013-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, görnükli syýasatçylar we köp ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşyklarynyň hem-de gepleşikleriniň barşynda hem aýratyn üns berildi.

Lebap welaýatynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda, iýun aýynda Türkmenistan –Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň hem-de milli Liderimiziň we Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň gatnaşmagynda awgust aýynda Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň düýbüniň tutulmagy hem taryhy wakalar boldy. 2013-nji ýylyň başynda täze Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulandygyny hem ýatlamalydyrys. Ol Türkmenistanyň esasy “howa derwezesi”, sebitleýin we yklymara howa ýollarynda iri üstaşyr merkez bolmalydyr.

Ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň aýdyň subutnamalary hökmünde ulag düzüminiň iň iri desgalaryny mysal getirmegimiz tötänden däldir. Çünki, olar bir mahallar Türkmenistanyň çäginden geçen, düýe kerwenleriniň hem-de bedewleriň menzil söken Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegini alamatlandyrýar. Öz döwründe hut ganatly bedewleriň türkmenleri taryhy döredijiligiň giň ýoluna “çykarandygyny” bellesek, hakykatdan daşlaşdygymyz bolmaz. Häzirki wagtda hem biz halkymyzyň bu wepaly ýoldaşlaryna uly hormat-sarpa goýýarys.

Ahalteke bedewi milli we dünýä medeniýetiniň uly gymmatlygy bolmagynda galmak bilen, ýurdumyzyň üstünlikleriniň ajaýyp nyşanyna, halkymyzyň hasyl bolan arzuwlarynyň aýdyň alamatyna öwrüldi. Şöhratly bedewleriň keşbi bu gün baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançalary, köçeleri we seýilgähleri, ajaýyp binalary bezedi. Uly we kiçi bedewleriň ýüzlerçesi, müňlerçesi dürli reňkde öwüşgin atýan Aşgabadyň köçelerine “çykdylar”. Olaryň ähli ýerde duş gelýän şekilleri şäheriň binagärlik keşbi bilen aýratyn sazlaşyk döredip, onuň ýaşaýjylarynyň kalplaryny heýjana getirdi. Çünki, bedewiň keşbi bizde iň ajaýyp we belent duýgulary döredýär.

Esasy baýramçylyk dabaralary bolsa paýtagtymyzyň “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada geçirildi. Golaýda şol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen çagalary gutlady. Bu ýerde ýurdumyzyň Baş arçasy oturdyldy. Onuň golaýynda bolsa uly bolmadyk arçalaryň örän köp sanlysy bar. Şol arçalar dürli öwüşginli çyralar hem-de zerli sapaklar bilen bezeldi, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan ertekiler şäherjigi hem özüniň baýramçylyk lybasy bilen görenleri haýran galdyrýar we täsinlikler dünýäsine syýahata äkidýär.

Köp öwüşginli baýramçylyk çyralary, dürli şekiller bilen bezelen Baş arçanyň töweregine aşgabatlylylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň örän köp sanlysy ýygnandy. Alyslardan seleňläp görünýän arçanyň özi hem kosmos raketasyny ýatladýar. Arçada milli nagyşlaryň, öňe okdurylyp barýan bedewleriň, parlaýan ýaşyl baýdagymyzyň şekilleri özboluşly gözellik döredýär. Täze ýyl baýramçylyklary mynasybetli esasy dabaralaryň geçirilýän ýeri öň görlüp-eşidilmedik derejede bezelipdir. Gözel Aşgabadyň hem häzirki ajaýyp keşbini synlamaga göz, wasp etmäge söz gerek. Ýurdumyzyň baş şäheriniň häzirki baýramçylyk lybasy diňe bir çagalary däl, eýsem, uly ýaşdaky adamlary hem haýran galdyrýar.

Howa bu gezek aşgabatlylara garly aýazy däl-de, gyşyň şu günlerine mahsus bolmadyk güneşli güni, ýyldyzly açyk asmany sowgat eden hem bolsa, bu baýramçylyk ruhuna päsgel berip bilmedi. Elektrik usuly bilen ýagdyrylan millionlarça bezeg gar düwmejikleri seýilgähleri we beýleki ýerleri örtüp, paýtagtymyzyň köçelerini we şaýollaryny joş urýan ýalpyldawuk çeşmejiklere öwürdi.

“Älem” medeni-dynç alyş merkezi ertekiler dünýäsiniň hakyky “Täze ýyl gudraty” bolmak bilen, onuň ýanaşyk ýerleri hem haýran galdyrýar. Bu ýerde bezegçiler öz ähli yhlaslaryny görkezip, baýramçylyga mahsus bolan öwüşgin döredipdirler.

Agşamara bu ýerde aýdym-saz ýaňlanyp, jadyly ertekiler dünýäsine garaşylýan uly şowhun-şagalaňly baýramçylyk ruhy dowam edýär. Häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleriniň üsti bilen guralan teleköpri ýurdumyzyň ähli bäş welaýatynyň ýaşaýjylaryna dabara gatnaşmaga mümkinçilik berdi.

... Medeni - dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada gurnalan sahnada baýramçylyk tomaşasy ýaýbaňlanýar. Dabarany alypbaryjylar ähli watandaşlarymyzyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl gutlaglaryny, berk jan saglyk, bagt, milli Liderimiziň Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine başyny başlan özgertmeleriniň amala aşmagy baradaky arzuwlaryny beýan edýärler.

Ýurdumyzyň belli aýdymçylarynyň Täze ýyla bagyşlap ýerine ýetiren aýdym-sazlary, şeýle hem folklor äheňlerinde döwrebap ruhdaky estrada aýdymlary baýramçylyk maksatnamasynyň esasyny düzdi.

Ýurdumyzyň sebitleri teleköpri arkaly yzly-yzyna Aşgabatda geçirilýän Täze ýyl dabaralaryna goşulýarlar. Bäş welaýatyň merkezlerini paýtagtymyz bilen birleşdirýän uly monitorlar Ahal welaýatynyň Yzgant obasyndaky Medeniýet köşgüniň, Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat şäherleriniň ajaýyp Ruhyýet köşkleriniň, Mary şäherindäki welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançalarda goýlupdyr. Şu gün bu ýerde şeýle hem welaýatlaryň döredijilik toparlarynyň we ýaş aýdymçylaryň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan baýramçylyk çykyşlary köpsanly tomaşaçylary ýygnady. Olaryň arasynda sebitleriň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ýaşlar we çagalar bar.

Ilkinji bolup teleköprä Ahal welaýaty goşulýar. Gutlaglar we goşgy görnüşinde ýaňlanan iň oňat arzuwlardan soň, etraplaryň medeniýet merkezleriniň artistleriniň, sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň we tans toparlarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazly çykyşlar ýaňlanýar.

Soňra Balkan welaýaty teleköpri boýunça aragatnaşyga çykýar. Welaýatyň wekilleri sebitiň ýaşaýjylarynyň adyndan watandaşlarymyza gutlaglaryny ýollanlaryndan soňra çagalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän şahyrana setirleri aýdýarlar. Bu döredijilik maksatnamasynyň esasyny bolsa, Balkan welaýatynyň medeniýetiniň özboluşlylygyny alamatlandyrýan küştdepdi tansy düzdi. Ony welaýatyň belli aýdymçylary we folklor toparlary ýerine ýetirdiler.

Soňra teleköpri arkaly aragatnaşyga Daşoguz welaýaty çykýar, bu ýerde 2014-nji ýylda Medeniýet hepdeligi geçiriler. Demirgazyk welaýaty 2013-nji ýylda Hazaryň kenarynda ilkinji gezek geçirilen bu iri möçberli çäräni geçirmek hormatyna mynasyp bolmak bilen, döredijilik ugurlarynyň dürli görnüşleri boýunça tomaşalary taýýarlapdyrlar. Daşoguzy döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde gadym dessanlardan başlap, häzirki zaman aýdym-saz ýörelgelerini, şol sanda akkordeonçylaryň ussatlyk bilen çalan sazy we hor aýdymy ýaňlandy. Şeýle hem teleköpriniň barşynda welaýatyň dürli künjeklerinde Täze ýyl baýramçylygynyň geçirilişi baradaky şekiller görkezildi.

Teleköpri Lebap welaýatynyň wekilleriniň çykyşy bilen dowam etdi. Olar türkmen halkyny we milli Liderimizi Bedewiň alamaty astynda geçjek Täze ýyl bilen gutladylar. Gündogar sebitiň döredijilik toparlarynyň taýýarlan konsert maksatnamasynda aýdymçylaryň ýigrimä golaýy we birleşdirilen tans hem-de folklor toparlary çykyş etdiler.

Soňra Mary welaýaty söz alýar. Hormatly ýaşulularyň gutlaglaryny Mary şäheriniň mekdep okuwçylary joşgunly goşgulary bilen dowam edýärler. Estrada artistleri tutuş ýurdumyza belli tans toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki horeografiýa çykyşlary bilen utgaşyklykda Täze ýyl gutlaglaryny beýan edýärler.

Täze ýyl teleköprüsi Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň çykyşy bilen tamamlanýar. Olar ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki watandaşlarymyza ähli arzuwlarynyň hasyl bolmagyny we zähmetde üstünlikler arzuw edýärler. Çagalar we ýetginjekler köşgünde tälim alýan ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde goşgy setirleri ýaňlanýar, Türkmenistanyň halk artistleri, eýýäm tanymallyga ýetişen ýaşlar, “Näzli”, “Meňli”. “Aşgabat”, “Laçyn”, “Galkynyş”, “Serpaý” tans toparlary çykyş edýärler.

Aýdym-sazly çykyşlar “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki sahnada dowam edýär. Bu ýerde ähli tomaşaçylaryň baýramçylyk ruhuny al-asmana göteren ajaýyp çykyşlar ýaňlanýar.

Esasy tolgundyryjy pursat gelýär – ähli Täze ýyl telemonitorlarynyň ekranlaryndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyna gutlag bilen ýüzlenýär. Baýramçylyk meýdançasyna ýygnananlaryň ählisi we watandaşlarymyzyň millionlarçasy telewizorlar arkaly milli Liderimiziň çykyşyny ägirt uly üns hem-de buýsanç bilen diňleýärler. Bu tolgundyryjy we dabaraly pursatlar Garaşsyz Watanymyza, onuň häzirki ajaýyp döwrüne we geljegine bolan mizemez buýsanç duýgusy ähli türkmenistanlylary birleşdirýär.

2014-nji ýylyň gelip ýetmegi bilen watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlap we ähli türkmenistanlylara berk jan saglyk, parahat durmuş, bagt we maşgala abadançylygyny, uly zähmet üstünliklerini arzuw etmek bilen, döwlet Baştutanymyz 2013-nji ýylda gazanylanlara ünsi çekip, mähriban halkymyzyň yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekendigini, belent sepgitlere ýetendigini aýratyn nygtady.

2014-nji ýylyň Bedew ýylydygyny belläp, milli Liderimiz öz çykyşyny Täze ýylyň biziň Watanymyz üçin bedew bady bilen okgunly ösüşleriň gazanylýan, täze belent sepgitlere ýetilýän ýyl boljakdygyna ynam bildirip, her bir maşgala bagt, abadançylyk we şowlulyk baradaky arzuwlar bilen tamamlady.

2013-nji ýylyň iň soňky pursatlary tolgundyryjy duýgular bilen ähli watandaşlarymyzyň kalplaryny birleşdirýän ruhy ýokary göterilişe eýe bolup, arzuwlaryň amala aşyryljakdygyna çuňňur ynamy alamatlandyrdy. Sagadyň dilleri 12–ni görkezýär. Ýurdumyzyň ähli teleýaýlymlarynda Türkmenistanyň döwlet senasy belentden ýaňlanýar.

Onuň ýokary ruhubelentlige ýugrulan ajaýyp heňlerini, şu pursatda “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň asmanyny dürli öwüşginlere çaýan baýramçylyk feýerwerki has-da güýçlendirdi. Ol Täze ýyl gijesini älemgoşaryň öwüşginlerini ýada salýan dürli uçgunlar, şöhleleriň tolkuny bilen ýagtylandyryp, 2014-nji ýylyň ýetip gelendigini alamatlandyrýar. Belent asmanda ajaýyp ýalkym saçýan şöhleler yzly-yzyna peýda bolup, şu pursatlarda ähli arzuwlaryň hasyl boljakdygynyň özboluşly nyşanyna öwrülýär.

2013-nji ýyl şöhratly işleriň ýyl ýazgysynda ýene bir sahypa bolup taryha girdi. Biz Täze ýyly iň röwşen umytlar bilen garşylaýarys. Biz bu ajaýyp baýramçylyga öz ýakynlarymyzy şatlandyrmak üçin aýratyn höwes bilen taýýarlandyk. Şunuň ýaly oňat arzuwlar ýurdumyzyň her maşgalasyny we her bir raýatyny birleşdirýär, biz öz durmuşymyzyň täze sahypasyny açýarys.

Täze ýylyňyz gutly bolsun, türkmenistanlylar!

Bedew ýylynda nesip etjek täze bagtyňyz gutly bolsun!

Öňe! Bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyza täze ýeňişler we üstünlikler ýaran bolsun!