Ï Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatyna gatnaşdy

view-icon 813
Şu gün Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Onuň barşynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe deputatlaryň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlendi.

Duşuşyga gatnaşmak üçin bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji we bäşinji çagyrylyşlarynyň deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Ýaşulular maslahatynyň agzalary, häkimler, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň başlyklary, Geňeşleriň arçynlary, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri, döwletimiziň daşary ýurtlardaky ilçileri, daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik işgärleri, talyplar we beýleki adamlar ýygnandylar.

Ruhyýet köşgüniň maslahatlar zalynda ruhubelentlik we dabaralylyk ýagdaýy äşgär duýulýar. Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, 2013-nji ýylyň 15-nji dekabrynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda örän möhüm ähmiýetli wakanyň – Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini belledi. Bu saýlawlar ýurdumyzyň raýatlarynyň ýokary jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi ýagdaýynda, taryhda ilkinji gezek iki partiýanyň gatnaşmagynda, demokratik ýörelgeler, giň bäsleşik, aýanlyk we açyklyk esasynda geçdi diýip, milli Liderimiz belledi. Biz şu günki maslahatda döwletimiziň we jemgyýetimiziň öňünde durýan möhüm wezipeleri, bilelikde alyp barmaly ägirt uly işlerimiziň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň birinji maslahatyny açyk diýip yglan etdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, onuň sözlerini bu ýere ýygnananlar alyp göterýärler.

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy O.Nyýazlyýewe söz berdi, ol saýlawlar hakynda milli kanunlaryň hem-de halkara hukuk kadalarynyň esasy düzgünlerine laýyklykda, giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlarynyň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, açyklyk we aýdyňlyk ýörelgelerinde geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, türkmen jemgyýetiniň raýat kämilligini görkezdi. Bu saýlawlara Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek syýasy partiýalaryň ikisiniň wekilleri gatnaşdylar diýip, Merkezi saýlaw toparynyň başlygy belledi. Ses bermek saýlaw okruglarynyň çäklerinde döredilen saýlaw uçastoklarynyň 2446-synda geçirildi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň çäklerinden daşarda bolýan watandaşlarymyzyň ses bermegini we saýlawlary guramaçylykly geçirmek üçin Türkmenistanyň ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 33-si açyldy. Ses berenleriň umumy sany 2 million 797 müň 637 adama ýa-da ses bermäge hukugy bolan Türkmenistanyň ähli raýatlarynyň 91,33 göterimine deň boldy.

Soňra Merkezi saýlaw toparynyň başlygy ähli saýlaw okruglarynda bir orna dalaşgärleriň ikisiniň we şondan hem köpüsiniň dalaş edendigini habar berdi. Saýlawlaryň jemleri boýunça dalaşgärleriň 283-sinden Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlarynyň 125-si saýlanyldy. Şeýle hem saýlanan deputatlaryň arasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň wekileriniň 47-siniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň wekilleriniň 14-siniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary guramasynyň wekilleriniň 33-siniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň wekilleriniň 16-synyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň 8-siniň, raýatlar toparlarynyň wekilleriniň 7-siniň bardygy habar berildi. Bellenilişi ýaly, saýlawlar halkyň saýlanlarynyň has mynasyp wekillerini kesgitledi. Olar ýakyn bäş ýylda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegi hukuk taýdan üpjün etmek wezipelerini çözmeli bolar.

Saýlawlara amala aşyrylan gözegçilik barada aýtmak bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň ýolbaşçysy saýlaw möwsüminiň ähli tapgyrlaryna daşary ýurt synçylarynyň we bilermenleriniň – Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Birleşen Milletler Guramasynyň syýasy meseleler baradaky departamentinden missiýalaryň wekilleriniň 99-synyň, şeýle hem Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlary we adam hukuklary baradaky edarasynyň wekiliýetiniň agzalarynyň, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wekilleriniň gözegçilik edendigini habar berdi. Saýlawlaryň ähli tapgyrlaryna doly gözegçiligi milli synçylaryň 2500-e golaýy amala aşyryp, olaryň arasynda syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň wekilleri boldy. Galyberse-de, geçirilen saýlawlara ýokary baha beren synçylaryň aýtmagyna görä, bu ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çäre Türkmenistanyň oňyn özgertmeler ýoly bilen barýandygyny nobatdaky gezek görkezdi diýlip bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Merkezi saýlaw toparynyň geçiren işlerine umuman, oňyn baha berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 62-nji maddasyna laýyklykda täze saýlanan deputatlaryň ygtyýarlyklaryny kanuna laýyklykda kesgitlemek üçin Mandat toparynyň teklip edilýän düzümini tassyklamalydygyny aýtdy.

Milli parlamentiň deputatlary bu toparyň düzümi bilen tanşyp, ony biragyzdan tassykladylar.

Gysga arakesmeden soň, maslahat Mandat toparynyň başlygy M.Ýazmuhammedowanyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol toparyň işiniň jemleri hakynda habar berdi. Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary türkmen döwletiniň demokratik esaslaryny berkitmek, ýurdumyzda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerini berkarar etmek babatda uly ähmiýete eýe boldy. Bu gün şol däpler öz mynasyp dowamyna eýe bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we yzygiderli durmuşa geçirýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi diýip, çykyş eden belledi.

Mandat topary Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar tarapyndan berlen resminamalaryň esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň düzümine saýlanan deputatlaryň ygtyýarlyklaryny barlady. Hususan-da, saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy düzgünlerine we Türkmenistanyň saýlawlar hakyndaky kanunçylygyna hem-de halkara hukugynyň umumylykda kabul edilen kadalaryna laýyklykda geçirilendigi kesgitlendi.

Geçirilen seljermä laýyklykda, Mandat topary saýlanan deputatlaryň 125-sinden 124-siniň ygtyýarlyklaryny ykrar etmeli diýip hasaplaýar. Bu Mary welaýatynyň 103-nji “Zarpçy” saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümine deputatlyga saýlanan K.Gurbanowyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Jemagat hojalygy ministri wezipesine bellenilmegi bilen baglydyr. Ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň 69-njy maddasyna hem-de “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 34-nji maddasyna laýyklykda milli parlamentiň deputaty şol bir wagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň düzümine girip bilmeýär.

Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň täze düzüminiň deputatlarynyň arasynda döwlet edaralarynyň wekilleri, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň, bilim we ylym, medeniýet we sungat ulgamlarynyň esasy hünärmenleri, oba hojalyk işgärleri, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar. Milli parlamentiň deputatlarynyň 125-sinden 33-si zenanlar bolup durýar. Şeýle hem deputatlaryň ýaşy boýunça habar berildi.

Mandat toparynyň başlygy çykyşyny jemlemek bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 62-nji maddasyna hem-de “Türkmenistanyň Mejlisi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 11-nji maddasyna laýyklykda toparyň “Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň taslamasynyň taýýarlandygyny habar berdi. Resminamanyň taslamasy deputatlaryň garamagyna hödürlendi, ol biragyzdan kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty dowam edip, täze saýlanan deputatlary gutlady hem-de olaryň üstüne ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we türkmen döwletini has-da ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň mundan beýläk-de kanun taýdan üpjün edilmegi babatda ägirt uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini belledi.

Milli Liderimiz deputatlara ýüzlenip, şu günki maslahatyň gün tertibinde serediljek esasy meseleler Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyny, Başlygyň orunbasaryny saýlamak, Mejlisiň komitetlerini döretmek we olaryň başlyklaryny saýlamak bolup durýar diýip belledi.

Ilki bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyny saýlamak bilen bagly meselä seredildi.

Bu mesele barada “Gökje” 15-nji saýlaw okrugy boýunça deputat B.Amanow deputatlaryň umumy pikirini beýan edip çykyş etdi. Ol bu wezipä “Abadan” 14-nji saýlaw okrugy boýunça saýlanan deputat A.Nurberdiýewany hödürledi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine laýyklykda bu ýokary döwlet wezipesine dalaşgär göni gizlin ses bermek arkaly saýlanýar. Şunuň bilen baglylykda, deputatlaryň biragyzdan goldamagy netijesinde A.Nurberdiýewanyň ady gizlin ses bermek üçin býulletene girizilýär.

Döwlet Baştutanymyz ses bermek üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň Ses sanaýjy toparynyň agzalaryny saýlamagy teklip edýär. Teklip edilen düzüm bilen tanşyp, milli parlamentariler Ses sanaýjy toparynyň başlyklygyna deputat M.Öräýewi saýlamak üçin biragyzdan ses berdiler, ol bu ýere ýygnananlary ýurdumyzyň Mejlisiniň ýolbaşçysynyň saýlawlaryny geçirmegiň düzgüni bilen tanyşdyrdy.

Soňra otuz minutlyk arakesme yglan edildi, onuň barşynda gizlin ses bermek geçirildi. Saýlawlar Ruhyýet köşgüniň ýörite bellenilen we kabinalar bilen enjamlaşdyrylan otagynda geçirildi.

Berlen sesleri sanamak tamamlanansoň, maslahat Ses sanaýjy toparynyň başlygynyň çykyşy bilen dowam etdi. Ol ses bermegiň netijeleri barada hasabat berdi. Onuň jemleri boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň başlyklygyna A.Nurberdiýewa biragyzdan saýlandy.

Türkmenistanyň Prezidentine, deputatlara we hemme gatnaşyjylara ýüzlenip, A.Nurberdiýewa bildirilen ýokary ynam üçin çuňňur hoşallygyny bildirdi hem-de mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň bähbidine, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan özgertmeler syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ähli tagallasyny gaýgrymajakdygyna ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň başlyklygyna saýlanmagy bilen gutlap, oňa işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz gün tertibine laýyklykda indiki meseläniň Mejlisiň başlygynyň orunbasaryny saýlamak bolup durýandygyny aýtdy. Bu mesele babatda “Aşgabat” 11-nji saýlaw okrugy boýunça deputat R.Mämmedow çykyş etdi. Ol bu wezipä milli parlamentarileriň “Bitaraplyk” 2-nji saýlaw okrugy boýunça deputat G.Baýramowany hödürleýändiklerini habar berdi.

Açyk ses bermek arkaly bu wezipä G.Baýramowa saýlandy.

Öz gezeginde Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary türkmen döwletiniň Baştutanyna, milli parlamentarilere bildirilen ýokary ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegine gönükdirilen ileri tutulýan wezipeleri çözülmegi ugrunda hemme tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, islendik guramanyň netijeli işlemegi üçin ilkinji nobatda onuň düzüm bölümleriniň kemala getirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri oýlanyşmalydygyny belledi. Häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Mejlisinde komitetleriň bäşisi, ýagny Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky, Ylym, bilim we medeniýet baradaky, Ykdysadyýet we durmuş syýasaty baradaky, Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky, Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetler hereket edýär. Milli parlamentiň işini kämilleşdirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň işleýän döwründe aşakdaky sekiz komiteti döretmegi teklip etdi – Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitet; Kada-kanunçylyk baradaky komitet; Ykdysady meseleler baradaky komitet; Durmuş syýasaty baradaky komitet; Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitet; Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitet; Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitet; Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitet.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça Mejlisiň sekiz komitetini döretmek barada Karar biragyzdan kabul edildi.

Soňra milli parlamentiň täzeden döredilen esasy düzüm bölümleriniň ýolbaşçylaryny saýlamak baradaky meselä garaldy.

Ilki bilen Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiň başlygyny saýlamak baradaky mesele sese goýuldy. “Altyn asyr” 29-njy saýlaw okrugy boýunça deputat Ş.Baýramow ähli deputatlaryň adyndan bu wezipä “Balkan” 31-nji saýlaw okrugy boýunça deputat A.Taýlyýewi hödürledi. Ol ses bermegiň netijesi boýunça agzalan komitetiň başlygy boldy.

Soňra “Pelwert” 85-nji saýlaw okrugy boýunça deputat A.Öwlüýägulyýew çykyş edip, Kada-kanunçylyk baradaky komitetiň başlygy wezipesine “Göniamaşa” 27-nji saýlaw okrugy boýunça deputat P.Hudaýnazarowy teklip etdi. Teklip edilen deputat hem ses bermegiň netijesi boýunça agzalan komitetiň başlyklygyna saýlandy.

“Balkanabat” 32-nji saýlaw okrugy boýunça deputat B.Mämiýewa Ykdysady meseleler baradaky komitetiň başlygy wezipesine “Amul” 81-nji saýlaw okrugy boýunça deputat Ý.Şeripowy teklip etdi. Ol hem ses bermegiň netijeleri boýunça bu komitetiň başlygy boldy.

“Gürgenç” 59-njy saýlaw okrugy boýunça deputat B.Babaýewiň teklibi esasynda Durmuş syýasaty baradaky komitetiň başlygy wezipesine “Dostluk” 8-nji saýlaw okrugy boýunça deputat S.Ataýewa saýlandy.

Soňra “Wekilbazar” 108-nji saýlaw okrugy boýunça deputat G.Babaýew çykyş etdi. Ol deputatlaryň adyndan Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiň başlygy wezipesine “Altynýol” 43-nji saýlaw okrugy boýunça deputat M.Geldinyýazowy teklip etdi. Teklip edilen bu deputat hem ses bermegiň netijesi boýunça agzalan komitetiň başlyklygyna saýlandy.

“Parahatçylyk” 5-nji saýlaw okrugy boýunça deputat G.Garajaýewiň teklibi boýunça Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiň başlygy wezipesine “Şapak” 98-nji saýlaw okrugy boýunça deputat R.Meredow saýlandy.

“Ak saraý” 51-nji saýlaw okurgy boýunça deputat B.Seýilowyň teklibi boýunça Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiň başlyklygyna “Çandybil” 9-njy saýlaw okrugy boýunça deputat A.Bäşimow saýlandy.

“Azatlyk” 3-nji saýlaw okrugy boýunça deputat O.Gazakowanyň teklip etmegi esasynda Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi doldandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitete “Tejen” 25-nji saýlaw okrugy boýunça deputat A.Çaryýew ýolbaşçylyk etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleriniň başlygy wezipesine saýlanan deputatlary gutlady we olara eziz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen jogapkärli wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Komitetlere ýolbaşçy saýlanan milli parlamentiň deputatlary öz gezeginde milli Liderimize çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň milletiň agzybirligini we jebisligini, jemgyýetde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy bilen dowam etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylaryny Mejlisiň täze çagyrylyşynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyz olara abadançylyk we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň deputatlaryna netijeli işländikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz parlamentariler ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmäge mynasyp goşant goşdular we örän uly jemgyýetçilik ähmiýetli işleri amala aşyrdylar diýip, kanagatlanmak bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, geçen bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň 23 maslahatynyň geçirilip, şol maslahatlarda jemi 466 resminama, şol sanda 245 sany Türkmenistanyň Kanuny we 221 sany Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi.

Milli kanunçylygymyza halkara hukuk kadalaryny we standartlaryny ornaşdyrmaga uly ünsüň berlendigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz onuň dünýäniň hukuk giňişligine ýurdumyzyň üstünlikli goşulmagyna öz oňyn täsirini ýetirendigini belledi. Bu resminamalardan başga-da, halkara şertnamalaryny we konwensiýalaryny tassyklamak ýa-da olara goşulmak barada Türkmenistanyň Mejlisiniň 32 karary kabul edildi.

Kabul edilen kanunlaryň örän möhüm maksatlara ýetmäge – jemgyýetde demokratik ýörelgeleri giňeltmäge, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramaga we olary durmuşa geçirmek üçin täze maddy şertleri döretmäge gönükdirilendiginiň örän uly ähmiýeti bardyr diýip, milli Liderimiz belledi. Kabul edilen kanunlar işjeň daşary syýasaty alyp barmaga, ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamyny ösdürmäge, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işiniň hukuk esaslaryny döretmäge hem-de kämilleşdirmäge, telekeçilige goldaw bermäge we köp sanly beýleki möhüm maksatlara ýetmäge ýardam berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hukuk ulgamyny özgertmek we kämilleşdirmek bilen bagly öňümizde durýan wezipelere laýyklykda, jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň durmuşynyň örän möhüm ugurlaryna degişli jemlenen kanunçylyk namalarynyň hem möhümdigini belledi.

Kabul edilen kanunlar ýurdumyzy durmuş-ykdysady, syýasy, ruhy-medeni taýdan ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek üçin pugta hukuk binýadyny döretdi. Bu bolsa, bize jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde täze sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berdi diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Milli Liderimiz çykyşyny dowam edip, ýurdumyzyň Parlamentiniň täze düzümine ýokary taýýarlykly, tejribeli adamlaryň saýlanandygyny uly kanagatlanma bilen belledi. Parlamentiň täze düzümine saýlanan deputatlaryň aglaba bölegi ýaş deputatlardan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz olaryň ortaça ýaşynyň 45 ýaşa golaýdygyny belledi.

Milli Liderimiz täze saýlanan deputatlaryň hatarynda zenanlaryň sanynyň hem artyp, olaryň deputatlaryň umumy sanynyň 26,4 göterimini düzendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň düzümine saýlanan deputatlaryň hatarynda beýleki milletleriň wekilleriniň hem bardygyny kanagatlanma bilen nygtady. Eziz Watanymyz – Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan dürli milletleriň wekilleriniň bir maşgala ýaly bolup, ruhubelent zähmet çekýän, agzybir we bagtyýar durmuşda ýaşaýan döwletidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Biz her bir adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasydygyny hiç wagt unutmaly däldiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň täze düzümi üçin hem, öňküsi ýaly, kanun çykaryjylyk işiniň esasy ugry döwletimizde adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramakdan ybarat bolmagynda galmalydyr diýip belledi. Şunda milli Liderimiz döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde we täze belentliklere ýetmeginde, şahsyýetiň esasy hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmekde hem-de giňeltmekde has düýpli maddy kepillikleriň göz öňünde tutulmagynyň örän möhüm ähmiýeti bardyr diýip nygtady. Bu wezipeleri täze kanunlar işlenip taýýarlananda nazara almak we döredijilikli ulanmak zerurdyr.

Häzirki döwürde berkarar Watanymyz dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna girýär diýip bellemek bilen, milli Liderimiz bu üstünligiň takyk hasaplamalaryň esasynda alnyp barylýan ykdysady syýasatyň, bar bolan zähmet we tebigy gorlary netijeli ulanmagyň, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň netijesinde gazanylandygyny aýtdy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş depginleri abraýly halkara guramalary tarapyndan doly ykrar edilen ýokary makroykdysady görkezijiler esasynda tassyklandy. Şol halkara guramalarynyň çaklamalaryna görä, geljekde hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegine garaşylýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzy ýakyn onýyllyklaryň dowamynda ösdürmäge, döwletimizi oba hojalyk ýurdy bolanlygyndan, senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge gönükdirilen, örän oňat işlenip taýýarlanan maksatnamalary tassykladyk. Bu ýerde esasy wezipe, ilkinji nobatda, ösüşiň innowasion ýoluny üpjün edýän täze senagat pudaklaryny, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hyzmatlary edýän pudaklary döretmek we ösdürmek, umumydöwlet we dünýä ähmiýetli iri möçberli taslamalary milli hem-de daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna durmuşa geçirmek bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlarynyň ünsüni kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlaryna çekdi. Ykdysady ösüşiň innowasion ugruny üpjün edýän, bazar ykdysadyýetine geçilýän şertlerde senagat pudaklarynyň işine itergi berýän, bu ugurda bar bolan ähli şertleri ulanmaga mümkinçilik döredýän häzirki hereket edýän kanunlary kämilleşdirmegiň we täze kanunlary kabul etmegiň üstünde işlemegi dowam etmegiň möhümdigi geljegi uly wezipeleriň hatarynda durýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam edip, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň paýynyň artmagy eýeçilik hukugyny we emläk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunlary mundan beýläk-de kämilleşdirmegi talap edýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, hususy telekeçilik, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, hususylaşdyrmak, maliýe bazarynyň netijeli işlemegini üpjün etmek, ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny ösdürmek, birža işini kämilleşdirmek ýaly möhüm ugurlarda ýurdumyzyň kanunçylygynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýändigini seljermegiň zerurdygy bellenildi. Ýurdumyzyň kanunçylygy bazar gatnaşyklaryna geçilýän şertlerde içerki bazarda bäsleşige ukyply harytlaryň we hyzmatlaryň hödürlenýän möçberleriniň artdyrylmagyna oňyn täsir etmelidir, ýurdumyzyň raýatlarynyň başlangyçlarynyň we telekeçilik ukyplarynyň ösmegine ýardam bermelidir!

Döwlet Baştutanymyz ylym we bilim ulgamlarynyň işini düzgünleşdirýän kanunçylygy kämilleşdirmegiň dowam edilmegini möhüm ugurlaryň hatarynda görkezdi. Türkmenistanyň halkara ykdysady gatnaşyklarynyň ulgamyna goşulmagy, ýurdumyzyň senagat taýdan ösdürilmegi bizden ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmegi talap edýändigini bellemek bilen, milli Liderimiz bu ugurda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, gysga wagtyň içinde ýokary taýýarlykly hünärmenleri iş berijileriň – döwlet kärhanalarynyň we täjirçilik edaralarynyň hasabyna hem, isleg bildirýän raýatlaryň öz serişdeleriniň hasabyna hem tölegli esasda taýýarlamagy guramak bilen bagly meseleleri düzgünleşdirýän, oýlanyşykly düzülen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, bilim ulgamynda, ilkinji nobatda bolsa, ýokary bilim ulgamynda özgertmeleri dowam etmäge mümkinçilik berýän kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigi bellenildi.

Aň-bilim ulgamyna degişli kanun çykaryjylyk işlerini dowam etmek bilen, diňe bir bilim işini hukuk taýdan düzgünleşdirmäge däl, eýsem ylmy işe, döwletimiziň ylmy-tehniki syýasatyna, Internet ulgamynyň hyzmatlaryny hödürlemäge, elektron resminamalar dolanyşygyny girizmäge we ony dolandyrmagy kämilleşdirmäge, häzirki zaman innowasion taslamalaryny işläp taýýarlamaga we önümçilige ornaşdyrmaga hem aýratyn üns bermeli diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, önümçilikde ylmy-amaly ähmiýetli işi alyp barmagy höweslendirýän kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamagyň we kabul etmegiň ähmiýeti bellenildi.

Mähriban halkymyzyň saglygyny goramak, döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň örän möhüm we ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş ulgamynyň işini, şol sanda azyk önümleriniň, agyz suwunyň hili hem-de howpsuzlygy bilen bagly, saglygy goraýyş hyzmatlaryny etmek, ýaramaz endikleri doly aradan aýyrmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen bagly meseleleri düzgünleşdirýän kanunlary kabul etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Häzirki döwrüň talaplaryna we halkara-hukuk standartlaryna laýyklykda ýurdumyzyň ilatyny durmuş taýdan goramagy üpjün etmegiň dürli ugurlaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmäge uly ähmiýet bermeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz mümkinçilikleri çäkli adamlaryň netijeli işlemegi, okamagy, dynç almagy we hereket etmegi üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn üns bermeli diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti nobatdaky meselä geçmek bilen, ýakyn wagtlarda hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin niýetlenen ýer böleklerini bermegiň tertibini işläp taýýarlamagyň we kanunçylyk esasynda berkitmegiň möhümdigini aýtdy. Biz halkymyzyň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda täze usullary ulanmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýaşaýyş jaýlaryny raýatlaryň öz serişdeleriniň hasabyna we olaryň sargytlary boýunça gurup biljek hususy telekeçileriň mümkinçiliklerini has giňden ulanmagy göz öňünde tutmagyň gerekdigini belledi.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, möhüm senagat we durmuş ähmiýetli desgalary hususy telekeçileriň hasabyna gurmak üçin ýer böleklerini bermegiň tertibini belleýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak bilen bagly meselelere seretmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Türkmen döwletiniň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzda «açyk gapylar» syýasatyny alyp barmak bilen, häzirki döwürde daşary ýurt firmalary we kompaniýalary bilen uzak möhletli üstünlikli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, özara hyzmatdaşlygy ýokary derejede dowam etmäge mümkinçilik berýän kanunçylyk namalarynyň üstünde işlemegiň zerurdygy bellenildi.

Parlamentariler halkara tejribesine daýanyp, şertnamalaýyn - hukuk gatnaşyklarynyň we halkara bäsleşiklerini geçirmegiň kanunçylyk binýadyny döretmek boýunça bar bolan kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny kämilleşdirmelidirler diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz obasenagat pudagyny ösdürmek bilen bagly meselä geçip, oba hojalyk pudagynda amala aşyrylan iri möçberli özgertmeleriň ähmiýetini belledi, olar ýurdumyzda azyk bolçulygyny gazanmaga mümkinçilik berdi.

Bu ugurda amala aşyrylýan işler oba hojalyk pudagynyň ägirt uly mümkinçiliklerini talaba laýyk ulanmak zerurlygy bilen baglydygyny belläp, milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlary ýer we suw serişdelerini tygşytly ulanmak esasynda oba hojalyk kärhanalarynyň işini, maldarçylykda seçgi-tohumçylyk işini, öri meýdanlaryny ulanmagy, weterinariýa işini gowulandyrmagyň hukuk usullaryny netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berjek kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmelidir diýip belledi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Ýer hakyndaky we Suw hakyndaky kodekslerini kämilleşdirmek maksady bilen, olara täzeden seretmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa bilen bagly meseleleri gozgady. Eziz Diýarymyzyň tebigaty biziň milli baýlygymyzdyr diýip, milli Liderimiz döwletimiz ekologiýa medeniýetini we hukuk düşünjesini kemala getirmäge, daşky gurşawy goramaga, mukaddes topragymyzyň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanmaga gönükdirilen zerur çäreleri yzygiderli amala aşyrýar diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, ýurdumyzyň Hökümeti bilen bilelikde tebigaty goramak hakyndaky, döwlet ekologiýa seljeriş topary hem-de galyndylary gaýtadan peýdalanmak hakyndaky kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamagyň we kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Ilatymyzyň suwdan, tebigy gazdan we elektrik energiýasyndan mugt peýdalanmagy bilen bagly täze kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek bilen bagly işler hem möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Biziň öz öňümizde goýan maksatlarymyz döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi talap edýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti bu edaralaryň ýurdumyzyň Hökümetiniň we Mejlisiniň kabul eden çözgütlerini we kararlaryny ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak köp derejede şol edaralaryň netijeli işlemegine baglydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Öňde durýan şu wezipelerden ugur alyp, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň işini guramagyň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymz sözüni dowam etdi we bu edaralaryň özüne berlen ygtyýarlyklary doly möçberde we has netijeli ulanmaklaryny gazanmak, öz garamagyndaky sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri we iş bilen üpjünçiligi barada ýeterlik alada etmeklerini gazanmak üçin zerur işleri durmuşa geçirmeli diýip belledi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda mähriban halkymyzyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmek we aýawly saklamak boýunça uly işler amala aşyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Merdana halkymyzyň döreden ruhy gymmatlyklarynyň köpüsiniň dünýäniň ösen medeniýetiniň genji-hazynasyna giren gymmatlyklar bolup durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz şol medeni mirasyň we ruhy gymmatlyklaryň esasynda döwletimiziň medeniýet ulgamyny ösdürmek, halkymyzyň döreden ajaýyp edebi we sungat eserlerini diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem wagyz etmek boýunça netijeli işleri alnyp barylýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, degişli ugurda işleri dowam etmegiň möhümdigi bellenildi. Hususan-da, ilkinji nobatda, täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek bilen bir hatarda, medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn üns bermegiň, bu ugurda hereket edýän kanunçylyk namalaryny seljermegiň we geçirilen seljerme işleriniň netijeleri boýunça bu kanunlara zerur bolan üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň möhümdigi bellenildi.

Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde öz saýlanan okruglarynyň çäklerindäki medeniýet öýleriniň, klublaryň, kitaphanalaryň netijeli işleýşini öwrenmek we bu edaralara hemmetaraplaýyn maddy taýdan goldaw bermek boýunça öz tekliplerini hödürlemek ýaly wezipeler hem durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Has giň manyda aýdylanda bolsa, Mejlisiň täze çagyrylyşynyň deputatlary – siz, jemgyýetimiziň bütin ruhy durmuşyny özgertmäge we ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde medeniýet ulgamyny ösdürmäge we has-da pugtalandyrmaga işjeň gatnaşmalysyňyz diýip, döwlet baştutanymyz aýtdy.

Maşgala jemgyýetimiziň örän möhüm düzüm bölegi bolup durýar diýip, milli Liderimiz maşgalada asyrlaryň dowamynda milli ruhy gymmatlyklarymyz, maşgala bilen bagly iň gowy däp-dessurlarymyz we adatlarymyz aýawly saklanyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýär diýip belledi. Şoňa görä-de, biz maşgala gymmatlyklaryna uly üns berýäris. Şol gymmatlyklaryň esasynda ýaşlarymyzyň ýokary ideýa-ahlak sypatlary kemala gelýär diýip, döwlet baştutanymyz aýtdy. Çagalary milli buýsanç ruhunda, beýleki halklara, şeýle hem döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazananlaryna belent sarpa goýmak ruhunda terbiýelemegiň maşgaladan başlanýandygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Maşgala kodeksini kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmegiň ähmiýetini belledi.

Döwletimiz her bir maşgalanyň maddy taýdan üpjünçiligini has-da gowulandyrmak we maşgalany ruhy taýdan kämilleşdirmek boýunça zerur işleri alyp barýar, ýurdumyzyň raýatlarynyň mynasyp terbiýelenmegini gazanmak üçin ähli şertleri döredýär diýip, milli Liderimiz döwletimiziň bu ugurda edýän tagallalaryny hukuk taýdan goldamagyň zerurdygyny aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz «Kazyýet ýerine ýetirijileri hakyndaky» we «Dessin-agtaryş işleri hakyndaky» Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu kanunlaryň kabul edilmegi bilen, derňew hereketlerini geçirmegiň, adyl kazyýetligi amala aşyrmak bilen bagly kararlary we çözgütleri ýerine ýetirmegiň netijeli hukuk usuly dörediler.

Mundan başga-da, «Jemgyýetçilik birleşikleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek we häzirki zamanyň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygy bellenildi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz şol Kanunda raýat jemgyýetiniň hereket etmegi üçin möhüm ähmiýeti bolan jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny kepillendirmek bilen bagly düzgünler has anyk görkezilmelidir diýip belledi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň deputatlary ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň öňünde durýan möhüm maksatlara ýetmäge ýardam bermek bilen bagly wezipeleri çözmäge has uly goşant goşmalydyrlar diýip belledi. Dünýäniň halklary we döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary dowam etmek hem-de giňeltmek, iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyndan, halkara konwensiýalaryndan, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ylalaşyklardan hem-de şertnamalardan ugur alyp, öz üstüne alan halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär, ýer ýüzüniň dürli kontinentlerinde ýerleşýän döwletler, abraýly halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeldýär. Biziň bu ugurda alyp barýan gatnaşyklarymyz täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, öňki çagyrylyşyň deputatlarynyň döreden pugta binýadyna esaslanyp, täze saýlanan deputatlar parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmak we ösdürmek üçin has netijeli işleri alyp barmalydyr. Garaşsyz, Bitarap Watanymyz parahatçylygy pugtalandyrmaga, ösüşiň we hyzmatdaşlygyň beýik maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz täze çagyryşyň deputatlarynyň dünýäniň döwletleri we halklary bilen özara düşünişmäge ýardam berýän işlere netijeli gatnaşjakdygyna, bu ugurda alnyp barylýan işlere uly ähmiýet berjekdigine berk ynam bildirdi.

Milli Liderimiz kabul edilen kanunçylyk namalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilişine gözegçiligiň güýçlendirilmegini möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz deputatlaryň ünsüni ýurdumyzyň Konstitusiýasy esasynda Türkmenistanyň Mejlisine kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça berlen ygtyýarlyklary has oňat ulanmagyň zerurdygyna çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlaryň degişli kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky tekliplerini taýýarlamagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleriniň öz alyp barýan seljeriş işlerini güýçlendirmegine ünsi çekdi. Geçirilen seljeriş işleriniň esasynda döwrüň ruhundan ugur alyp, ministrlikler, pudak edaralary, ýerli häkimiýet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde kanunlaryň we kanunçylyk namalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna gözegçilik etmegiň usullaryny işläp taýýarlamaly diýip bellemek bilen, milli Liderimiz hukuk döwletiniň we raýat jemgyýetiniň ýörelgelerine laýyklykda, kanunlaryň gyşarnyksyz we doly berjaý edilmegine hemmetaraplaýyn we netijeli gözegçilik edilmeginiň möhümdigi barada aýtdy.

Şeýle çemeleşme Garaşsyz döwletimiziň has ýokary depginler bilen ösmegini gazanmaga, halkymyzyň bolelin, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny mundan beýläk-de berjaý etmäge bize mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ykdysadyýetimizi we medeniýetimizi çalt depginler bilen ösdürmek, durmuş meselelerini talaba laýyk çözmek üçin, jemgyýetimiziň eýerýän kanunlary hem döwürden yza galmaly däl-de, eýsem döwürden has öňde bolmalydyr diýip, bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz parlamentiň täze çagyrylyşynyň deputatlary esasy Kanunymyzyň – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň maddalaryny düýpli seljerseler, maksadalaýyk bolar diýip nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, 2007-nji ýylda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn özgertmek bilen bagly syýasatyň yglan edilmegi netijesinde, hususan-da, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyny özgertmek boýunça öňde durýan wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň tutuş kanunçylyk ulgamyny we hukuk ulgamyny kämilleşdirmäge täzeçe çemeleşmek zerurlygy ýüze çykdy.

Bu syýasat kanunçylygy, şol sanda konstitusion kanunçylygy kämilleşdirmek, kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny bütinleý täze talaplara we halkara-hukuk kadalaryna hem-de standartlaryna laýyk getirmek wezipesini öňde goýdy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şoňa görä-de, ilkinji nobatda, täze müňýyllykda jemgyýetimizi we döwletimizi ösdürmegiň strategik maksatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerini kämilleşdirmäge aýratyn üns bermeli. Esasy Kanunymyzy rejelenen görnüşinde kabul edip, onuň esasynda jemgyýetçilik ösüşiniň häzirki tapgyrynda geçiriljek hukuk özgertmeleriniň maksatlaryny we wezipelerini işläp taýýarlamak hem-de tassyklamak möhümdir.

Mejlisiň täze çagyrylyşynyň deputatlarynyň jemgyýetimiz we döwletimiz üçin örän möhüm bolan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ak ýürekden, yhlasly zähmet çekjekdiklerine, öz işlerinde ýokary netijeleri gazanmagy başarjakdyklaryna, berk ynam bildirmek bilen, milli Liderimiz biz öňümizde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirip, täze, belent sepgitlere ýeteris, beýik işleri amala aşyryp, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün edip bileris diýip belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň netijeli işlemegini arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiz öz gezeginde milli parlamentarileriň netijeli işlemegi üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döreder diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde, men, öz gezegimde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Hökümetiniň sazlaşykly işlemegini üpjün etmäge hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigime sizi ynandyrýaryn diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Milli Liderimiz sözüni jemlemek bilen, Mejlisiň täze düzümine kanunçykaryjylyk işinde üstünlikleri arzuw etdi we deputatlaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirýän maksatnamalarymyzy kanunçylyk taýdan üpjün etmäge uly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi. Sebäbi, biziň baş maksadymyz mähriban halkymyza gulluk etmekdir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz çykyşyny tamamlap, Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlaryna berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, öz çykyşyny: “Öňe, diňe öňe, jan Watanym-Türkmenistan!” diýen sözler bilen jemledi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we birnäçe gezek şowhunly elçarpyşmalar bilen arasy kesildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentariler bilen hoşlaşyp we olara üstünlikli we netijeli işlemegi arzuw edip, Ruhyýet köşgüniň maslahatlar zalyndan çykdy.

* * *

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty milli parlamentiň binasynda dowam etdi. Maslahatyň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň deputatlarynyň öňünde goýan täze möhüm wezipeleri babatda parlamentiň mundan beýläkki işiniň ileri tutulýan ugurlary girizildi. Şeýle hem guramaçylyk meselelerine, şol sanda Ykdysady meseleler baradaky komitetiň hem-de Durmuş syýasaty baradaky komitetiň başlyklarynyň orunbasarlaryny saýlamak, şeýle hem milli parlamentiň komitetleriniň düzümini tassyklamak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, türkmen döwletiniň Baştutanynyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli, çuňňur oýlanyşykly syýasaty netijesinde milli ykdysadyýet yzygiderli depginler bilen ösýär, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýy barha ýokarlanýar. Häzirki Türkmenistanyň üstünlikli durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň, onuň demokratik we hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagynyň möhüm alamatlarynyň biri milli kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi bolup durýar. Munuň özi iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.

Şu nukdaýnazardan deputatlar öz öňlerinde duran wezipeleriň çözülmegi ugrunda ýokary jogapkärçiligine düşünip, Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine, milli Liderimiziň başyny başlan özgertmeler syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ähli tagallalary etjekdiklerini nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen şu gün geçirilen duşuşygyň ähmiýeti barada aýdyp, deputatlar döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşynyň parlamentarilere hereket etmek üçin ýol görkezijä öwrülendigini bellediler. Hormatly Prezidentimiziň çykyşynda Mejlisiň işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi.

Mejlisiň ahyrynda deputatlar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler. Onda Watanymyzyň bähbidine ýadawsyz işinde milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi ugrunda deputatlaryň hemme bilimlerini, tejribelerini we tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynnandyrdylar.