Ï Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisini kabul etdi

view-icon 781
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisi hanym Nişa Desai Biswaly kabul etdi. Ol bu wezipede Türkmenistana ilkinji gezek geldi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de özara söhbetdeşlikde türkmen-amerikan gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň we ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerriniň mähirli salamlaryny hem-de Täze, 2014-nji ýylda bagt, parahatçylyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, ABŞ-nyň hökümeti iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbidine doly gabat gelýän giň gerimli döwletara gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýär.

Milli Liderimiz ABŞ-nyň döwlet departamentiniň wekiline hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde ABŞ-nyň ýolbaşçylaryna gutlaglaryny ýollady. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda – iri halkara guramalarynyň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy gyşarnyksyz giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady. Şol düzümleriň işi häzirki wagtda dünýäniň möhüm meselelerini çözmegiň has oňaýly ýollaryny gözläp tapmakda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir.

ABŞ-nyň türkmen Lideriniň öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygyny aýdyp, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi goňşy Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmaga we onuň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine Türkmenistanyň ägirt uly goşandy, şeýle hem sebit we halkara ähmiýetli giň gerimli taslamalary yzygiderli amala aşyrmak boýunça edýän tagallalary üçin Amerikanyň hökümet toparlarynyň we Prezident Obamanyň hoşallyk sözlerini ýetirdi. Şol taslamalaryň möhümleriniň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak, Türkmenistan-Owganystan–Täjigistan demir ýoluny çekmek işleri bar.

Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň möhüm we esasy ugurlary boýunça pikir alyşmagyň çäklerinde bar bolan özara gyzyklanmany hem-de iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde ileri tutulýan ugurlaryň umumylygyny nazara almak bilen taraplaryň ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigi bellenildi.

Nygtalyşy ýaly, döwletara gatnaşyklarynyň hut ynanyşmak häsiýeti Türkmenistana we ABŞ-a diňe ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmäge däl-de, eýsem, öňden gelýän hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmaga mümkinçilik berýär. Şol hyzmatdaşlyk söwda-ykdysady, nebitgaz we energetika ulgamlarynda, oba hojalygynda, ulag we aragatnaşyk, bilim we beýleki möhüm ugurlarda ýola goýlan üstünlikli gatnaşyklary öz içine alýar.

Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet we işewürlik düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna hem-de söwda – ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegine berýän ünsi üçin türkmen döwletiniň Baştutanyna aýratyn hoşallyk sözleri aýdyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, ilkibaşdan ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralan netijeli türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň geljekde hem gyşarnyksyz ösdüriljekdigine berk ynam bildirdiler.

Duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Robert Ýudžin Patterson gatnaşdy.