Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk görmek babatda iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaşulular maslahatyna taýýarlyk görmek babatda iş maslahatyny geçirdi

view-icon 741
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň we Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Ý.Myradowyň hem-de Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň iş dolandyryjysy G.Myradowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine şu ýyl Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde geçiriljek Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görmek hem-de ony geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesi girizildi.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz 2013-nji ýylyň oktýabrynda Permana gol çekdi, resminama laýyklykda, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyny Lebap welaýatynda geçirmek we onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli meseleler bilen baglanyşykly teklipleri girizmek bellenildi. Ýaşulular geňeşi öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen jemgyýetiniň gurluşynyň esasy sütünleriniň biridir. Türkmenler gadymy döwürlerden bäri möhüm meseleleriň ählisini bilelikde hormat goýulýan ýaşulular bilen maslahatlaşyp çözmegi däp edinipdirler. Türkmen halky ak sakgally ýaşululara çuňňur hormat goýup, olaryň paýhasly maslahatlaryna, baý durmuş tejribesine daýanypdyr.

Häzirki döwürde Ýaşulular maslahatyna täze dereje berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her bir umumymilli maslahat geçirilende döwlet durmuşynyň strategiki ähmiýetli meselelerine garalýar, olary çözmegiň oňyn ýollary gözlenilýär. Ýaşulular geňeşi maslahat beriji edara bolup, onuň düzümine ýurdumyzyň bäş welaýatynyň ählisiniň we Aşgabat şäheriniň wekilleri girýärler, ol öz işlerini jemgyýetçilik esaslarynda alyp barýar. Ýaşulular maslahatlaryna döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki adamlar gatnaşyp bilerler.

Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew, Ýaşulular maslahatynyň öňde boljak mejlisine görülýän taýýarlyk, ony ýokary guramaçylyk derejesinde guramak maksady bilen durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar bermegine görä, maslahatyň maksatnamasyny we beýleki resminamalarynyň deslapky taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär, şeýle hem pudaklaýyn ministrliklerden, häkimliklerden, jemgyýetçilik guramalaryndan jogapkär adamlar bellenildi, olar Ýaşulular maslahatyny geçirmegiň hem-de maslahata gabatlanyp guralýan çäreleriň ähli tapgyrlaryna gözegçilik ederler. Şeýle hem bu çäräni guramaçylykly geçirmek, oňa gelip gowuşýan teklipleri hem-de ýüztutmalary toplamak, seljermek maksady bilen Döwlet toparynyň döredilendigi hem-de onuň işi barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, demokratiýa ýoly bilen ynamly gadam urýan hem-de halk häkimiýetlilik ýörelgelerine ygrarly bolan ýurdumyzyň durmuşynda bu jemgyýetçilik-syýasy guramanyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Türkmenabatda geçiriljek nobatdaky maslahatyngyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Öz gezeginde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasary Ý.Myradow milli Liderimize mähriban Watanymyzyň abadançylygyna we rowaçlygyna, halkymyzyň jana-jan bähbitleriniň üpjün edilmegine gönükdirilen yzygiderli tagallasy we ýaşuly nesil hakyndaky aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol hormatly Prezidentimize geljekki umumymilli maslahata görülýän taýýarlyk işleriniň barşy barada habar berdi.

Bu çäräniň türkmen halkynyň agzybirliginiň we bitewüliginiň, gadymy däplere ygrarlydygynyň, şol bir wagtyň özünde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze mazmun bilen baýlaşdyrylan demokratik özgertmeleriň dolanuwsyzlygynyň aýdyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň taryhyna girjekdigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlaryny guramagy hem-de ýerlerde duşuşyklary geçirmegi tabşyrdy. Öňi bilen sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmek, oba ýerlerinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmaga degişli ýaşulularyň tekliplerini we isleg-arzuwlaryny seljermek bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra milli Liderimiz Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň edarasynyň iş dolandyryjysy G.Myradowyň habaryny diňledi. Ol Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pederlerimizden galan asylly däp-dessurlara halkymyzyň çuňňur hormat goýýandygyny we atalarymyzyň paýhasyny hem-de abraý-mertebesini sarpalaýandygyny belledi. Biz şöhratly taryhymyzda milli ruhy mirasymyzyň möhüm orun eýeleýändigine, türkmen jemgyýetiniň häzirki durmuşy, ýaş nesilleri ýokary ahlak, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde ýaşulularyň mynasyp goşandynyň bardygyna buýsanýarys.

Pederlerimiziň bize miras goýan ýokary ruhy-ahlak dessurlarynyň esasynda ýaş nesilleriň döwrebap terbiýelenmeginiň döwlet syýasatynyň möhüm meseleleriniň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz ýaşlarda mähriban Watana, onuň ajaýyp tebigatyna, dostluga, doganlyga, maşgala gymmatlyklaryna, zähmete, sagdyn durmuş ýörelgesine we bedenterbiýä bolan söýgüni terbiýelemegiň derwaýysdygyna ünsi çekdi. Bu babatda ýaşululara möhüm orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we ýaşuly nesliň wekilleri bilen bilelikde bu ugurda netijeli çäreleri durmuşa geçirmegi taşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýaşlarda pederlerimiziň nesilden-nesle geçip gelýän asylly däplerine çuňňur ähmiýet bermek, tebigaty goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, mähriban Watanymyzyň baýlyklaryny göwnejaý saklamak işine söýgi döretmek düşünjesiniň kemala gelmegine aýratyn üns bermelidigini nygtady. Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz welaýatlara guralýan iş saparlary mahalynda ýakyn geljekde türkmen döwletini ösdürmegiň strategik meýilnamasynda ýaşulularyň tekliplerini we belliklerini nazara alyp, hojalygy sowatly dolandyrmak bilen baglanyşykly meselelere ähmiýet berilmelidigini tabşyrdy.

Çünki ileri tutulýan ugurlaryň kesgitlenmegine oýlanyşykly çemeleşilmegi Türkmenistanyň ägirt uly tebigy serişdelerine, zehinine we zähmetsöýerlik esaslaryna daýanýan ykdysady kuwwatyny doly we hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz köp asyrlaryň dowamynda halkymyz üçin asylly ýörelgeleriň, paýhasyň nusgalyk mekdebine öwrülen ýaşululara belent sarpa goýulmalydygyny, mertebesiniň sarpalanmalydygyny, şunda ýaşulularyň ýaş nesilleri asyllylyk, ýokary ahlak, watansöýüjilik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmeginde mynasyp ornunyň bardygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly ýaşululary ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we ony çözmäge işjeň çekilmelidigini, şeýle hem halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini pugtalandyrmagyň bähbidine tejribesini netijeli ulanmalydygyny belledi.