Ï Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

view-icon 754
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň hökümetiniň başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri jenap Karl Erýawesi kabul etdi.

Soňky ýyllarda kuwwatly itergä eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini özara söhbetdeşlikde ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýokary wezipeli myhman Sloweniýanyň hem dostlukly türkmen döwletiniň okgunly ösüşine we gazanýan üstünliklerine uly gyzyklanma bilen üns berýändigini we haýran galýandygyny belledi. Sloweniýany Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin, özara bähbitli esasda guralýan gatnaşyklaryň geljegi uly bolan meýilnamalar baglanyşdyrýar.

Milli Liderimiz Sloweniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyna hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda halkara guramalarynyň ugry hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde geljekde hem üstünlikli hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidigini tassyklady.

Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha bermek bilen, Sloweniýanyň DIM-niň ýolbaşçysy türkmen Lideriniň ählumumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny beýan etdi.

Ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşy hem-de türkmen-slowen gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşmagyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz we myhman ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda aragatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, iki döwletiň netijeli özara gatnaşyklary maksat edinmeginiň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin kuwwatly itergi bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Mähirli we dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyza meşhur slowen kompaniýalarynyň, şol sanda farmasewtika kompaniýalarynyň işleri, şeýle hem telearagatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda, dürli enjamlary getirmekde, şonuň ýaly-da 2017-nji ýylda Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny taýýarlamaga we geçirmäge degişli işlerde hyzmatdaşylgyň mümkinçilikleri barada habar berildi. Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan köptaraply kuwwaty göz öňünde tutup, bellenen hemme meýilnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam etjek hökümetara toparyny döretmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Myhman hoşlaşanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa özara duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hem-de özara gyzyklanma döredýän halkara syýasatynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene bir ýola hoşallyk bildirip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň arzyly maksatlaryna ýetmekde uly üstünlikleri gazanan Türkmenistanyň dostlukly halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşyga Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Primož Şeligo gatnaşdy.