Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 789
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet maksatnamalaryny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça ileri tutulýan wezipelere, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem-de içeri we daşary syýasatyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Ol hormatly Prezidentimiziň Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden çykyşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli özgertmelerini kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça deputatlaryň öňünde goýan wezipelerine laýyklykda, milli parlamentiň täze düzüminiň işiniň guralyşy barada habar berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Mejlisiň komitetlerinde kanunçykaryjylyk işi boýunça iş meýilnamalary düzülýär, şeýle hem maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmegiň meýilnamalary işlenip taýýarlanylýar. Deputatlaryň ýerlerde alyp barjak işleriniň ugurlaryny kesgitlemek boýunça hem degişli çäreler görülýär. Bu işleriň çäginde halkymyzyň hal-ýagdaýyny, saýlawçylaryň tekliplerini, sargytlaryny öwrenmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly geçirilýän işlere gatnaşmagyň, ýerlerdäki meseleleri öwrenmek bilen teklipleri bermegiň tertibi, bu ugurda ilkinji nobatda alnyp barylmaly işleriň meýilnamasy hem taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, Türkmenistanyň Mejlisiniň milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. Milli kanunçylyk bolsa ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň ygtybarly binýady bolup durýar. Şol özgertmeleriň esasy maksady bolsa halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ilatyň arasynda alnyp barylýan düşündiriş işlerine döredijilikli çemeleşmegiň, deputatlaryň ýerlerde saýlawçylar bilen has ysnyşykly gatnaşyk etmeginiň, ýurdumyzyň özgertmeler ýoly bilen mundan beýläk-de üstünlikli öňe gitmegine ýardam edýän täze kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny we ähmiýetini ilat arasynda giňden wagyz etmegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew öz garamagyndaky düzümlerde işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, häzirki wagtda maliýe-ykdysady we bank ulgamynyň edaralary şu ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öz öňlerinde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işleri alyp barýarlar.

Hasabatyň çäklerinde bank edaralarynyň işini kämilleşdirmek, şol sanda plastik kartlaryny peýdalanmak bilen halkara töleg ulgamlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna kämilleşdirmek maksadynda görülýän çäreler barada habar berildi. Häzirki wagta çenli Türkmenistanda 1994-nji ýyldan bäri ýurdumyzda hereket edýän Visa halkara töleg ulgamynyň hyzmatlaryndan Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müşderileriniň 7 müňden gowragy peýdalanýar.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň görkezmelerini ugur edinmek bilen, bu bank Türkmenistanyň bank edaralarynda MasterCard töleg ulgamyny ornaşdyrmak bilen bagly bolan deslapky işleri geçirdi. Şunuň bilen baglylykda, dünýä ýurtlarynyň 210-syndan gowragynda öz müşderilerine hyzmatlaryny hödürleýän belli MasterCard kompaniýasy bilen degişli Ygtyýarnama Ylalaşygyna gol çekmäge rugsat bermek hakyndaky Buýrugyň taslamasy taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, banklaryň hödürleýän maliýe hyzmatlary bazarynyň ösüşi elektron tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy we plastik kartlarynyň giňden ulanylmagy bilen häsiýetlendirilýär diýip belledi. Milli Liderimiz häzirki halkara ülňülerine laýyk gelýän köpugurly kartlary peýdalanmaga geçilmeginiň nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşlerini ösdürmekde hil taýdan öňe gidilmegini şertlendirjekdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow berlen teklibi umuman makullap, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna MasterCard kompaniýasy bilen Ygtyýarnama Ylalaşygyny baglaşmaga rugsat berýän Buýruga gol çekdi. Bu kompaniýanyň hödürleýän halkara töleg ulgamynyň ornaşdyrylmagy dürli hyzmatlary edýän söwda nokatlarynda we guramalarda ýurdumyzyň raýatlary we myhmanlary tarapyndan tölegleri bökdençsiz amala aşyrmaga mümkinçilik berer, şeýle hem 2017-nji ýylda Aşgabatda boljak Ýapyk binalarda hem-de söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň banklaryna degişli ugurda tejribe toplamagyna ýardam eder diýip, milli Liderimiz belledi.

Bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri bermek bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak bilen bagly meselelere hem ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz, hususan-da, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda halkara töleg ulgamyny düýpli öwrenmek boýunça işleri geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow 2013-nji ýylyň 20-nji dekabrynda bolup geçen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek babatda daşary syýasat edarasynyň işi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ikitaraplaýyn döwletara derejesinde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde hem dünýäniň dürli ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmek maksadynda işler işjeň alnyp barylýar.

Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy 20-21-nji ýanwarda geçiriljek ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlygyň barşy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň möhüm ugrunyň özara düşünişmek ýörelgelerinde sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýandygyny nygtady. Iň ýakyn goňşy döwletleri, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen däp bolan dostlukly, ynam we deňhukuklylyk gatnaşyklaryna Türkmenistanyň üýtgewsiz ygrarlydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu işde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyna möhüm orun berilýändigini nygtady. Toparyň işi iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz hem-de meýilleşdirilen çäreleri degişli derejede geçirmek üçin hemme çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy 21-25-nji ýanwarda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Malaýziýa boljak iş sapary barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, saparyň barşynda dostlukly ýurduň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär. Olarda özara gyzyklanmalary we ikitaraplaýyn bähbidi göz öňünde tutup, bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek maksady bilen döwletara özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hem-de netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň geljegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Iki ýurduň özara ymtylmalary netijesinde soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, milli Liderimiz netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmek üçin uly mümkinçiligiň köpdügini, Türkmenistanyň Malaýziýa bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge meýillidigini nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk çäreleri, şol sanda ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilşi ýaly, häzirki wagta çenli ýurdumyz boýunça 387 müň gektardan gowrak meýdanda sürüm işleri geçirildi. Sürlen ýerleri ekişden öň dökünler bilen iýmitlendirmek, tekizlemek, geriş çekmek we ýuwuş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýaz ekiş möwsümine tohumlar we oba hojalyk tehnikasy taýýarlanylýar.

Mundan başga-da, güýzlük ekinlere ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň toplumy ýerine ýetirilýär. Hususan-da, birinji ösüş suwy tutuldy. Ekinler mineral dökünler bilen iýmitlendirildi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, maldarçylyk toplumynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda öndürilýän maldarçylyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet maldarçylyk birleşiginiň hojalyklarynda mallary ýyly we dok gyşlatmak, ýörite berkidilen suwarymly ekerançylyk ýerlerinde zerur bolan ot-iýmlik ekinleriniň ekişine taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýyň we gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, olary suw bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz gowaça ekişine taýýarlyk görlende, tehnikalary öz wagtynda taýýarlamaga hem-de tohumlaryň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmäge degişli meseleleri aýratyn gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny aýtdy. Şeýle hem maldarçylyk pudagynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmak babatda anyk tabşyryklar berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy, gözegçilik edýän pudaklarynda iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesiniň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň “Türkmengaz” döwlet konserniniň işini kämilleşdirmäge degişli tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, daşary ýurt maýa goýumlaryny ýangyç-energetika toplumyna çekmek, olary peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak hakynda hem habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç energetika toplumyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň wezipelerine ünsi çekdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, energetika ulgamynda özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmek türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga hyzmat etjek, şeýle hem energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň meselelerini çözjek ýurdumyzyň ägirt uly ýangyç serişdelerini netijeli peýdalanmaga ýardam eder, munuň özi sebit we has giň möçberde depginli durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şertidir.

Hormatly Prezidentimiz tebigy baýlyklary we ilkinji nobatda, tebigy gazy aýawly we netijeli peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýerler B.Hojamuhammedowa we B.Nurmyradowa teleýaýlymlarda görkezmek hem-de metbugatda çap etmek üçin tebigy gazy tygşytly ulanmak bilen bagly gepleşikleriň we makalalaryň tapgyryny taýýarlamagy tabşyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu ugurda görülýän çäreleriň möhümdigini ilata ýetirmelidir. Hususan-da, gaz ölçeýän enjamlaryň oturdylmagynyň tebigy gazy tygşytly ulanmaga mümkinçilik berejkdigi, artyk harçlanan gaz üçin tölegiň ilatymyz, her bir maşgala üçin kynçylyk döretmejekdigi adamlara düşündirilmelidir. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz döwletimiziň ilaty durmuş taýdan goldamak boýunça alyp barýan syýasatyny hemişe dowam etjekdigini aýratyn belledi.

Soňra gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada, hususan-da, ýurdumyzyň dokma senagatyny ösdürmek, täze döwrebap kärhanalary gurmak we hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan çäreler baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow çykyş etdi.

Wise-premýeriň hasabatynda beýan edilişi ýaly, dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara ülňülerine laýyk gelýän önümleri çykarmak boýunça onuň kuwwatyny has-da artdyrmak maksady bilen hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda ýakyn wagtda täze pagta egriji fabrikleri işe girizmek meýilleşdirilýär. Olaryň ikisinde -- Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde we Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda her biriniň ýyllyk kuwwaty 6 müň tonna nah ýüplük öndürmäge niýetlenen täze pagta egriji fabriklerinde gurnama-sazlaýyş işleri tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Mundan başga-da, Türkmenabat şäherinde pagta egriji fabriginiň durkuny düýpli täzelemek we ony tehnologiki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň düzüminde depginli ösýän ýurdumyzyň dokma pudagyna möhüm orun degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz guramaçylyk meselelerine, şol sanda kärhanalary dolandyrmaga we olaryň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga, pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, bazaryň döwrebap usullaryny peýdalanmaga degişli meselelere ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow 20-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde türkmen-eýran işewürler maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmen-eýran işewürler maslahatynyň goňşy ýurduň haryt öndürijileri bilen gatnaşyklaryň ýolunda nobatdaky ädim boljakdygyna ynam bildirip, milli Liderimiz işewür maslahaty guramak babatda tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew ýurdumyzda barha giň gerim alýan sagdyn durmuş hereketiniň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýän giň möçberli sport we köpçülikleýin bedenterbiýe maksatnamasyny durmuşa geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamany hödürledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda geçen ýyl Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan Sagdynlygyň we bagtyýarlygyň hepdeligi uly üstünlik bilen geçirildi we ol ilat arasynda giň goldawa mynasyp boldy hem-de türgenleriň hataryna ýaşlaryň, çagalaryň işjeň çekilmegini şertlendirdi. Munuň özi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolýandygynyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, şeýle çäräni her ýyl geçirmek baradaky çözgüt kabul edildi. Ol 1-30-njy aprel aralygyny öz içine alar. Bir aýyň dowamynda tutuş ýurdumyzda sportuň ösdürilmegine we ilatyň saglygynyň berkidilmegine gönükdirilen dürli çäreler ýaýbaňlandyrylar diýip, wise-premýer sözüni dowam etdi. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Medeniýet ministrlikleri we beýleki degişli düzümler, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, jemgyýetçilik guramalary giň möçberli çäräniň guramaçylyk işine gatnaşarlar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň sagdynlygynyň milli derejäniň we medeni jemgyýetiň ýeten sepgidiniň oňyn görkezijisidigini nygtady. Munuň özi ýokary zähmet we aň-bilim mümkinçilikleri, raýatlaryň durmuşynyň has ýokary derejesiniň üpjün edilmegi üçin zerur şertleri emele getirýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Saglygy goraýşyň häzirki zaman düzümini kemala getirmegiň barşynda lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmegi hem-de olaryň elýeterli bolmagyny, bu ugurda işjeň wagyz-nesihat işlerini alyp barmagy, jemgyýetde sagdyn we peýdaly endikleriň ornaşdyrylmagyny, sport pudagynyň ösdürilmegini ýola goýmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Aprel aýynda geçiriljek ählihalk çäresi hem hut şu ugry nazarlaýar. Onuň özenini döwlet, jemgyýetçilik we saglygy goraýyş çäreleriniň toplumy düzer, ol beden we ruhy taýdan kämil nesilleriň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, saglygy berkitmek üçin oňaýly şertleriň döredilmegine, adamlaryň işjeňliginiň, ynsan ömrüniň ýokarlanmagyna gönükdirilen çäreleri öz içine alýar diýip, döwlet Baştutanymyz degişli karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz bu çäräniň 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşynda has-da möhümdigini nygtady.

Mejlisiň barşynda milli Liderimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, institutda bilim özgertmeleriniň geçirilişine gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory P.Agamyradowa berk käýinç yglan etmek baradaky Buýruga gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa gözegçilik edýän ulgamlarynda bellenen maksatnamalary ilerletmek boýunça geçirilýän işler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini işjeňleşdirmek, many-mazmunyny baýlaşdyrmak üçin yzygiderli çäreleriň görülmelidigini nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrjak halkara medeni we beýleki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi, şeýle hem milli senenamamyzyň şanly senelerine bagyşlanan çärelere mynasyp taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şol çärelerde bolsa türkmen halkynyň özboluşly milli däp-dessurlary, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe onuň agzybirliginiň esasy ýörelgeleri hem-de döredijilik güýç-kuwwaty öz aýdyň beýanyny tapmalydyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew Aşgabat şäherini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Wise-premýer paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek, şäheriň häzirki zaman estetiki gurşawyny kemala getirmek boýunça işler barada habar berdi. Hususan-da, Türkmenbaşy şaýoly bilen A.Nowaýy köçesiniň arasynda ýerleşýän seýilgähiň durkuny täzelemek boýunça göz öňünde tutulýan işler barada habar berildi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlendi. Oňa laýyklykda, seýilgäh toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça gurluşyk işlerini “VINCI Construction Grands Projets” fransuz kompaniýasy amala aşyrar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherinde seýilgähi döwrebaplaşdyryp gurmak hakynda Karara gol çekip, paýtagtymyzyň taryhy merkezindäki seýilgäh zolagynyň durkuny täzelemek we giňeltmek boýunça işleriň barşyna berk gözegçilik etmegi wise-premýer Ş.Durdylyýewe tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Aşgabatda (Bekrewede) ägirt uly Ýadygärlikler toplumy gurulýar. Ol mähriban Watanymyzyň azatlygynyň hatyrasyna, şol sanda Gökdepe urşunda özleriniň şirin janlaryny gurban eden gerçekleriň ählisiniň hakydasyny ebedileşdirmelidir.

Ata-babalarymyzy hatyralamak gadymdan bäri türkmenleriň ruhy gymmatlyklarynyň esasyny düzýän mizemez kanunlaryň biridir. Bu uly Ýadygärlikler toplumy türkmen halkynyň, Watany goran gahrymanlaryň deňsiz-taýsyz edermenligini we gaýduwsyzlygyny, ar-namysyny we batyrgaýlygyny alamatlandyrmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Bekrewede gurulýan ägirt uly Ýadygärlikler toplumynyň ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Bu toplumyň çäginde Gökdepe urşunyň gahrymanlaryna, faşizme garşy göreşde wepat bolan türkmenistanly esgerlere, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde pida bolanlara ýadygärlikler, şeýle hem Ýadygärlikler muzeýi, suw çüwdürimli seýilgäh gurlar. Mukaddes ýere öwrüljek täze Ýadygärlikler toplumynda türkmenistanlylar her ýyl 9-njy maýda türkmen halkynyň taryhynda bolan uruşlaryň ählisinde wepat bolan gahrymanlarynyň hakydasyna baş egerler, 6-njy oktýabrda bolsa Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary hatyralarlar.

Milli Liderimiz Ş.Durdylyýewe we B.Nurmyradowa köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin ähli şertleri bolan Gypjakdaky ýadygärlikler toplumyny, şeýle hem beýleki ýadygärlikler toplumlaryny abadanlaşdyrmak bilen bagly meselä seretmegi hem-de bu desgalary indiden beýläk ulanmak bilen bagly öz tekliplerini taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanmyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bilen çykyş etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag ulgamynyň sazlaşykly işlemeginiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösmegini üpjün edýän kesgitleýji ýagdaýlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Häzirki döwürde bu pudaga ýükleri daşamagyň hem-de ýolagçylary gatnatmagyň hili we ygtybarlylygy babatda uly talap bildirilýär. Munuň özi netijeli halkara hyzmatdaşlygyna, yklymüsti üstaşyr-ulag ýollarynyň netijeli peýdalanylmagyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn kärhanalaryň işini mundan buýana-da kämilleşdirmek maksady bilen, döwrebap tehnikalary we enjamlary has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Şunda döwlet Baştutanymyz ulaglaryň ähli görnüşinde—deňiz, demir ýol, howa we awtomobil ulaglarynda hyzmat etmegiň ýokary derejesini üpjün etmek meselelerini we degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini hemişe gözegçilikde saklamak barada wise-premýere tabşyryk berdi.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, energetika pudagynyň önümçilik kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmak üçin mümkinçilikleri tapmagy talap etdi. Häzirki wagtda Türkmenistanda gazturbinaly elektrik beketlerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga we täze beketleri gurmaga gönükdirilen uly möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär, täze elektrik geçiriji ulgamlar çekilýär, paýlaýjy elektrik podstansiýalarynyň onlarçasy gurulýar, paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň we ilatly ýerleriniň elektrik üpjünçilik we yşyklandyryş ulgamy täzelenýär. Bu babatda milli Liderimiz pudaklaýyn döwrebap tehnologiýalary, ýokary netijeli, enjamlary we materiallary giňden ulanmak barada görkezme berdi.

Döwlet Baştutanymyz ulag gurluşyk düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, Aşgabatda ýollary hem-de köprüleri gurmagyň ýokary hilini üpjün etmegi, olary göwnejaý ulanyş ýagdaýynda saklamagy talap etdi. Bu babatda döwlet Baştutanymyz şu maksatlar üçin innowasion we ýokary tehnologiki çözgütleriň, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň, ylmy pikiriň hem-de tehniki ösüşiň gazananlarynyň talap ediljekdigini belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Hökümetiň mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk we berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.