Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada gelen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi.
Duşuşmaga hem-de döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň milli Liderimize parahatçylyk, bagtyýarlyk, dostukly türkmen halkyna bolsa abadançylyk baradaky mähirli arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen gadymy hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýan Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçy düzümine iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlardaky netijeli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň okgunly ösüşini kanagatlanma bilen nygtap, ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ygtybarly usuly hökmünde ykrar edilen hökümetara toparynyň işiniň netijeli häsiýete eýedigini belledi.
Bilelikdäki toparyň işine berlen ýokary baha üçin hoşallyk bildirip, bilelikdäki topara eýran tarapyndan başlyklyk ediji Mohammad Jawad Zarif ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň ýakynda Aşgabatda bolan nobatdaky mejlisiniň hem-de Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň iň gowy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini berkitmek işine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistan bilen ýygjam aragatnaşygyň ýola goýulmagyna goňşy ýurduň işewür toparlarynyň ýokary gyzyklanma bildirýändiklerini bellemek bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döreden “açyk gapylar” syýasatyna ýokary baha berdi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlary barada pikir alyşmagyň barşynda hökümetara gatnaşyklarynyň birek-birege ynanyşmak häsiýeti Türkmenistana we Eýrana diňe bir gazanylan ylalaşyklary netijeli durmuşa geçirmäge däl, eýsem, işewür hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýändigi hem bellenildi.
Şu ýyl şanly senäniň – dünýä belli türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary we ynsanperwer şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň belleniljekdigini nygtap, Türkmenistanyň Baştutany eýran tarapyny türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, bütin dünýäde, şol sanda goňşy Eýranda sarpasy belent tutulýan Magtymguly Pyragynyň hormatyna meýilleşdirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow EYR-niň Prezidenti Hasan Ruhanyny özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge çagyrdy. Saparyň möhleti diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar.
Hormatly Prezidentimiz we myhman hoşlaşanlarynda iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlyga, goňşy halklary taryhy taýdan baglanyşdyrýan birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Seýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýegani gatnaşdy.