Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 841
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda gündelik meselelere garalyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny, milli we pudaklaýyn meýilnamalary amala aşyrmagyň barşy seljerildi.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty açyp, ilki bilen goranmak ministri B.Gündogdyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy, ol Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy şu gün bellenip geçilýän Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de harby gullukçylaryň adyndan milli Liderimize üns we ägirt uly goldaw berýändigi üçin çäksiz hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Watan goragçylarymyzy şanly baýramçylyk bilen gutlap, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň gerimli özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmaga ägirt uly goşant goşýan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna we işgärlerine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Bu baýram döwletimiziň öz Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryna örän jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde bildirýän uly ynamynyň we olar hakda edýän aladasynyň nyşanydyr diýip, milli Liderimiz “Watan goragçysy” diýen belent adyň, mukaddes harby borjuň buýsanç duýgusynyň harby gullukçylary täze üstünliklere ruhlandyrjakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, milli goşunymyz merdana ata-babalarymyzyň şöhratly harby däplerini dowam edip, barha kämilleşip, goranyş häsiýetli kuwwatly goşuna öwrüldi.

Döwletimiz öz gezeginde geljekde hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, söweşjeň ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň gulluk, durmuş we dynç alyş şertlerini, durmuş goraglylygyny yzygiderli gowulandyrmaga, türkmen esgerleriniň hünär taýýarlygyny we harby ussatlygyny ýokarlandyrmaga uly üns berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwletimiziň özleri hakynda edýän aladalaryna jogap edip, kalby eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza söýgüden, Garaşsyzlyga guwançdan, Bitaraplyga buýsançdan, harby gulluga höwesden doly Watan goragçylarynyň mukaddes harby borjuny hemişe ak ýürek bilen berjaý etjekdiklerine berk ynam bildirip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby gullukçylara berk jan saglyk, uzak ömür, abadançylyk we eziz Watanymyza hem-de mähriban halkymyza gulluk etmegiň asylly we jogapkärli işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýyny, welaýatlaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmaga geçmek bilen, milli Lilderimiz welaýatlaryň häkimlerini wideoşekilli aragatnaşyga yzygiderlilikde çagyrdy.

Welaýatlaryň häkimleri güýzlük dänelik ekinlere ideg etmek, ýerleri we oba hojalyk tehnikasyny gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdiler. Gurluşyk desgalarynda işleriň ýagdaýy hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny baýram etmegiň çäklerinde welaýatlarda dabaraly çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekiş möwsümini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin möhüm ýagdaýlaryň birnäçesini belläp, döwletimiz tarapyndan zerur bolan ähli şertleriň, şol sanda oba hojalyk işlerini ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýän tehnikalaryň üstüniň yzygiderli ýetirilmegini we täzelenmegini göz öňünde tutýan şertleriň döredilendigini aýtdy. Şeýlelikde, möhüm wezipeleriň hatarynda ekişde ulanyljak traktorlary, ýer bejerýän enjamlary, ekijileri we beýleki tehniki serişdeleri doly taýýarlamak, şeýle hem gowaçanyň saýlama tohumyny taýýarlamak işleri görkezildi. Bu bolsa “ak altynyň” bereketli hasylyny almagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Welaýatlaryň häkimlerine şu meseleleriň çözülmegine berk gözegçilik etmek hem-de ekiş möwsümine taýýarlyk işlerini kadalaşdyrmagyň çäreler ulgamyny işläp taýýarlamak tabşyryldy.

Şunda milli Liderimiz her welaýatyň toprak-howa aýratynlyklaryny nazara almak bilen agrotehniki kadalary gyşarnyksyz berjaý etmegiň zerurdygyny aýdyp, daýhanlar diňe tehnikanyň öndürijiligine däl-de, eýsem, pudaklaýyn ylmyň gazananlaryna esaslanmalydyrlar diýip belledi. Şunda olar halkyň asyrlaryň dowamynda toplan tejribesini innowasion we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar, hojalygy ýöretmegiň häzirki zaman usullary bilen utgaşdyrmalydyrlar. Şonsuz häzir isleg bildirilýän netijeleri gazanmak hem-de ýurdumyzyň oba senagat toplumyny ösüşiň täze sepgitlerine çykarmak mümkin däldir.

Welaýatlary okgunly we sazlaşykly ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilendigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýerlerde ykdysady, önümçilik we durmuş şertlerini, şeýle hem ruhy-medeni esasy özünde jemleýän ýolbaşçylygyň, netijeli dolandyrmagyň, ony sowatly guramagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkimleriň hemmesine Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna bagyşlanylan dabaralara taýýarlyk görmek barada görkezmeleri berdi. Daşoguz welaýatynyň häkimine aýratyn tabşyryklaryň birnäçesi berildi. Bu ýerde şu ýylyň tomsunda Medeniýet hepdeligi geçiriler. Hazaryň kenarynda geçen ýyl ilkinji gezek geçirilen bu giň gerimli çäre ýurdumyzyň durmuşynda ajaýyp däbe öwrülýär, şonuň üçin çäreleriň gerimini we derejesini nazara almak bilen eýýäm häzirden welaýata geljek köp sanly adamlary, şol sanda daşary ýurt myhmanlaryny mynasyp garşylamak boýunça işjeň çäreleri görmek zerurdyr.

Soňra döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak işleri bilen bagly meselelere geçmek bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Ol şäheriň döwrebap düzümini ösdürmek, desgalaryň birnäçesinde gurluşygyň barşy, yşyklandyryş ulgamlarynyň hem-de jemagat hojalygy gulluklarynyň sazlaşykly, bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Häkim şeýle hem paýtagtymyzyň seýilgähleriniň durkuny täzelemek boýunça taslamalary milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Paýtagtymyzy has-da ösdürmek hem-de onuň döwrebap keşbini kemala getirmek bilen bagly meselelere oýlanyşykly we jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkimine bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Täze desgalary gurmagyň hili bilen bagly meseleler bilen bir hatarda, bar bolan binalaryň we desgalaryň ulanyş ýagdaýyny gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz şäheriň käbir etrapçalarynda ýaşaýyş jaýlarynyň ýagdaýyna ünsi çekip, ýaşaýyş toplumlarynda arassaçylygy we tertibi berjaý etmek boýunça yzygiderli işleri ýola goýmagy talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň köçelerinde we meýdançalarynda gülleri hem-de baglary oturtmak möwsümine düýpli taýýarlyk görmegi talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz paýtagtymyzyň gözelligi üçin ösdürilip ýetişdirilýän gülleriň, nahallaryň görnüşini artdyrmak maksadynda ýyladyşhanalary giňeltmek boýunça görkezme berip, bu babatda degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzdaky seýilgähleriň durkuny täzelemek boýunça hödürlenen taslamalara garap, olara birnäçe belliklerini aýtdy hem-de dynç alyş zolaklaryny döretmekde we döwrebaplaşdyrmakda durmuş, ekologiýa we bezeg işlerini öz içine alýan toplumlaýyn çemeleşmäniň möhümdigini belläp, häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy çagyrdy. Wise-premýer DIM-niň alyp barýan işleri, 21-25-nji ýanwarda türkmen wekiliýetiniň Malaýziýa bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, iş saparynyň barşynda Malaýziýanyň Premýer-ministri, dostlukly ýurduň käbir ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary, şol sanda Daşary işler, Bilim, Tebigy serişdeler hem-de Daşky gurşawy goramak, Halkara söwda we senagat ministrliklerinde duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Nebitgaz toplumynda, azyk senagatynda, bilim ulgamynda Türkmenistanyň halk hojalygynyň pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak babatda özara gatnaşyklar hem-de netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly beýleki meseleler şol duşuşyklaryň esasy mowzugy boldy.

Türkmensitanyň we Malaýziýanyň arasynda ähli ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady, maýa goýum we gumanitar ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň üstünlikli hyzmatdaşlygynyň baý tejribesine iki döwletiň uzakmöhletleýin bähbitlerine gabat gelýän gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmak we dowam etmek üçin ygtybarly binýat hökmünde garalýandygyny nygtady.

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ösmegine uly goşant goşýan Malaýziýanyň iri kompaniýalarynyň işine Türkmenistanda ýokary baha berilýär. Türkmenistanyň Malaýziýanyň Petronas Charigali kompaniýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň mysaly bolup durýar. Bu kompaniýa Hazaryň türkmen ýalpaklygynda nebitgaz serişdelerini gözlemek, üstüni açmak we çykarmak babatda işleri amala aşyrýar hem-de ýerli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam edýär.

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky ynanyşmagyň ýokary derejesi netijesinde döwletlerimiz öz gatnaşyklaryny ynamly gurýar, şol sanda Merkezi Aziýa we Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek üçin syýasy şertleri döretmek ýaly möhüm mesele babatda hem ynamly ösdürýär. Malaýziýa Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňaýly çözgütlerini gözläp tapmaga, dünýäniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer başlangyçlaryny işjeň goldaýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ikitaraplaýyn, şeýle hem iri halkara guramalarynyň we ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasynda nebitgaz pudagynda, bilim ulgamynda, ýokary okuw mekdepleriniň ugry boýunça tejribe alyşmak, daşary syýasat edaralarynyň gatnaşyklaryny giňeltmek babatdaky gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, wise-premýere bu ugurdaky işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe möhüm tabşyryklary berdi.

Soňra wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol döwlet Baştutanymyza maliýe-ykdysady ulgamda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň senagat pudagynyň, hususan-da, dokma pudagynyň yzygiderli ösüşini goldamak maksady bilen görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, görülýän anyk çäreler, düzümleýin, maýa goýum we innowasion häsiýetli esasy wezipeleriň çözülmegi netijesinde dokma pudagynyň kärhanalarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokary derejelerini üpjün etmäge, içerki bazarda bolşy ýaly, daşary ýurt ugurlarynda hem bäsdeşlige ukyplylyk artykmaçlyklaryny doly durmuşa geçirmäge hemme mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şu ýagdaýdan ugur alyp, şol artykmaçlyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu meseleleriň hemmesini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dokma senagaty ministri S.Batyrowy wideoşekilli göni aragatnaşyga çagyrdy. Ministr ýurdumyzyň dokma senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek, pudagyň önümçilik we eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmagyň çykarylýan dokma önümleriniň bazaryň döwrebap talaplaryna laýyklykda hilini gyşarnyksyz ýokarlandyrmaga we görnüşlerini artdyrmaga gönükdirilendigini nygtady. Şu babatda döwlet Baştutanymyz pudagyň ýolbaşçysynyň ünsüni guramaçylyk meselelerine, şol sanda kärhanalary dolandyrmaga we olaryň düşewüntliligini artdyrmaga, pudaga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, bazaryň häzirki zaman usullaryny peýdalanmaga degişli meselelere çekip, degişli anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň başlygy B.Hallyýewi çagyrdy. Ol döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň gidrometeorologiýa gullugy üçin öňdebaryjy önüm öndürijilerden ýöriteleşdirilen enjamlary we programmalaýyn üpjünçiligi satyn almak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, barlaglary geçirmek üçin ölçeg gidrometeorologiýa gurallary we abzallary, göçme barlaghanany, kompýuter toplumyny, Türkmenistanyň çäklerinde howa akymlaryna bökdençsiz gözegçilik etmek üçin gidrometeorologiýa enjamlaryny we beýlekileri satyn almak meýilleşdirilýär, olar degişli ugurda zerur maglumatlary ýygnamaga mümkinçilik berer. Gidrometeorologiýa gözegçilikleri üçin häzirki zaman enjamlarynyň peýdalanylmagy takyk howa hasaplamalaryny taýýarlamaga we seljermäge ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap ýokary tehnologiýa ulgamlaryny ornaşdyrmagyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň hem-de üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny nygtap, mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň hem-de bu ulgama iň täze tehnikany, enjamlary we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz ylmy işi, hususan-da, gidrometeorologiýa baradaky ylmy ösdürmegiň örän möhümdigini nygtady, onuň esasy wezipesi howanyň üýtgemegini ölçemekden hem-de seljermekden ybaratdyr.Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara gidrometeorologiýa gözegçilikleriniň döwlet ulgamyny kämilleşdirip, onuň tehniki we usulyýet düzümini yzygiderli täzelemegi tabşyrdy. Milli Liderimiz döwletimiziň bu babatda hünärmenleriň netijeli işlemegi, şol sanda ylmy merkezleriň maddy binýadyny pugtalandyrmak, düýpli hem-de amaly barlaglary maliýeleşdirmek we olaryň netijelerini iş ýüzünde peýdalanmak üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigini aýtdy.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahaty Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy O.Gurbannazarowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol döwlet Baştutanymyz tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, pudakda işleriň ýagdaýy we öňde goýlan wezipeleri hem-de häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmak hem-de giňeltmek, ýokary hilli azyk önümleriniň dürli görnüşlerini çykarmagyň möçberlerini artdyrmak, umuman, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça belli bir maksada gönükdirilen işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Bu babatda milli Liderimiz pudagyň düzümine girýän kärhanalaryň bar bolan mümkinçiliklerini doly derejede herekete girizmegiň möhümdigini belledi.

Soňra göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de geçirilen seljermeleriň netijeleri barada Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew hasabat bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň ykdysady strategiýany üstünlikli amala aşyrmak üçin döwletiň býujet-maliýe gözegçiliginiň netijeli ulgamynyň möhüm orun eýeleýändigini bellemek bilen, milli Liderimiz ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ykdysady ýagdaýyna gözegçilik etmek boýunça derňew we seljerme işleriniň hilini artdyrmagy, olaryň giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşynda döwletiň maýa goýumlaryny özleşdirmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň we her bir türkmenistanlynyň abadançylygyna gönükdirilen wezipeleri çözmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.