Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

view-icon 1213
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda beýik akyldar we şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň hormatyna geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görmek işleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise welaýatlaryň häkimleri, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleriniň medeniýet boýunça orunbasarlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylmy institutlaryň ýolbaşçylary çagyryldy.

Mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa söz berdi. Wise-premýer Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy barada habar berdi. Bu meýilnama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Bu şanly sene halkara derejesinde, giňden we dabaraly ýagdaýda, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna giren türkmen halkynyň beýik oglunyň döredijiik mirasyna mynasyp derejede belleniler.

Bilelikde işlenip taýýarlanan hem-de ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we edaralary tarapyndan geçiriljek çäreleriň meýilnamasy beýik türkmen şahyrynyň döredijilik mirasynyň, şeýle hem milletiň parahatçylyk, rowaçlyk we ruhy taýdan galkynmagynyň ýolunda häzirki zaman türkmen döwletiniň gazananlarynyň düýpli öwrenilmegine we bütin dünýäde giňden wagyz edilmegine gönükdirilendir.

Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşandyny bellemek bilen, wise-premýer toý dabaralarynyň ýurdumyzda we daşary döwletlerde belleniljek çäreleri öz içine alýandygyny habar berdi. Amerikanyň, Ýewropanyň we Aziýanyň ýurtlarynda şahyryň daşary ýurt dillerinde çap edilen täze neşirleriniň tanyşdyryş dabaralary, şeýle hem maslahatlar, sergiler, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary, beýleki çäreler guralar.

Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ABŞ-da çap edilen iňlis dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasyny Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Çäreleriň agramly bölegi maý aýynda geçiriler we Türkmenistanda giňden bellenilýän Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanar.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň hormatyna çäreleriň meýilnamasyna “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahaty hem goşuldy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Balkan welaýat häkimligi tarapyndan şu ýylyň 14-16-njy maýynda geçiriler.

Maslahatyň açyljak gününiň öňüsyrasynda Eýranyň Gülüstan welaýatynda geçiriljek sungat ussatlarynyň konsertine, muzeý gymmatlyklarynyň sergisine, döredijilik işgärleriniň duşuşyklaryna gatnaşmak we zyýarata ibermek boýunça işler alnyp barylýar. Eýrana zyýarata giden ildeşlerimiziň we Diýarymyzyň agzybir bäş welaýatynyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda baýramçylyk toý dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Toý çäreleriniň meýilnamasy paýtagtymyzdaky Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ýanynda “Berkarar döwlet islärin” atly sahnalaşdyrylan dabarany hem öz içine aldy. Magtymguly Pyragynyň heýkelleriniň ýanynda toý - dabaralar ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerinde geçiriler.

“Ylham” seýilgähinde ýazyjy-şahyrlaryň şygryýet agşamlaryny, Maslahat köşgünde Magtymguly Pyragynyň sözlerine, şeýle hem oňa bagyşlanyp döredilen aýdymlardan düzülen konserti, şeýle hem türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekiline bagyşlanan döredijilik duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şahyryň ýubileýine gabatlanan teatr sahnalarynyň hatarynda Alp Arslan adyndaky milli ýaşlar teatry tarapyndan sahnalaşdyrylýan “Magtymguly Pyragy” atly drama eseri, Magtymguly adyndaky sazly drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan “Magtymguly” operasy bar, olaryň görkezilişini ähli welaýatlarda guramak göz öňünde tutulýar.

Çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti “Magtymguly” atly çeper filmi surata düşürmek, Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine başyglanan teleradiogepleşikler toplumlaryny, radiooýunlary, daşary ýurtlarda geçiriljek çärelerden taýýarlanylan gepleşikleri yzygiderli ýaýlymlarda bermek göz öňünde tutulýar.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýubileý dabaralaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmen döwlet neşirýat gullugy Magtymguly Pyragynyň ömrüne, filosofik we döredijilik mirasyna bagyşlanan täze neşirleriň ençemesini taýýarlaýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Magtymguly Pyragynyň ýubileýini baýram etmäge ylym, bilim ulgamynda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berip, döredijiligi bütin adamzadyň gymmatlygy bolup durýan beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň hormatyna ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreler barada habar berdi.

Bu çäreler Türkmenistanda çuňňur ornaşan şöhratly däpleriň dowamyna öwrüler, milli we dünýä edebiýatyny baýlaşdyran ajaýyp şahyryň ýubileýiniň giň halkara derejesinde bellenilmegini üpjün eder.

Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şahsyýeti dünýäniň dürli künjeklerinden bolan türkmen medeniýetiniň taryhyny öwrenijileriň, alym-edebiýatşynaslaryň, sungaty öwrenijileriň, ýazyjylaryň aýratyn ünsüni çekýär. Olar ajaýyp söz ussadynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşarlar.

Türkmen we daşary ýurt terjimeçileriniň gatnaşmagynda şahyryň eserleri türk, arap, azerbaýjan, özbek we garagalpak dillerinde neşir edildi. Pyragynyň eserlerini ýene-de 15 dilde, şol sanda iňlis, rus, hytaý, koreý, ýapon, ispan, belarus, gazak, ukrain, ermeni, urdu we beýleki dillere terjime etmek işleri dowam edýär. Şeýle hem Magtymgulynyň ýaşan eýýamy, pelsepewi garaýyşlary, çeper dili we beýlekiler barada ylmy makalalaryň hem-de monografiýalaryň ýygyndysyny neşir etmek boýunça işler alnyp barylýar.

Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine degişli maglumatlary gözlemek we öwrenmek maksadynda köp ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ýygjam halkara gatnaşyklary ösdürilýär, türkmen alymlarynyň daşary döwletlere iş saparlary meýilleşdirilýär. Magtymgulynyň terjimehalynyň az belli bolan sahypalary hem-de edebi mirasy barada maglumatlary toplamak boýunça uly işler ýurdumyzda hem alnyp barylýar. Munuň üçin ähli welaýatlara hünärmenleriň iş saparlary yzygiderli guralýar.

Habar berlişi ýaly, şanly sene mynasybetli çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde ylmy maslahatlar, kitap sergileri geçiriler. Okuw mekdeplerinde, şol sanda orta mekdeplerde döredijilik bäsleşikleri, şahyrana okaýyşlar, edebi duşuşyklar we sapaklar, görkezme açyk sapaklary guralar.

Şeýle hem maý aýynda “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatyny geçirmäge taýýarlyk boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu forumyň esasy maksady diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, Gündogaryň ähli halkynyň durmuşyna uly täsirini ýetiren türkmen akyldarynyň çuňňur şygryýet we pelsepe dünýäsini öwrenmekde toplanan tejribeleri ulgamlaşdyrmakdan ybaratdyr. Maslahatyň işine 50-den gowrak döwletden alymlar, edebiýatçylar we magtymgulyşynaslar gatnaşarlar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere geçiriljek ylmy maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlamak, şeýle hem şahyryň şygyrlarynyň täze neşirlerini giňden ýaýratmak boýunça tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny düýpli öwrenmek, aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Şu maksatlar bilen, ýurdumyzda giň möçberli, toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri bilen meşgullanýan abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň noýabrynda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy. Munuň özi ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda türkmen şahyrlarynyň we akyldarlarynyň kitaplaryny neşir etmek, olaryň eserlerini daşary ýurt dillerine terjime etmek, meşhur şahsyýetleriň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan halkara maslahatlary guramak boýunça uly işler we örän ähmiýetli çäreler geçirildi.

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýleýär. Onuň döredijilik mirasy diňe bir milli baýlyk bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol umumydünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň bir bölegidir. Dünýäniň dürli ýurtlarynda parahatçylyk, ynsanperwerlik we adalatlylyk ýörelgelerine esaslanýan filosofiýasyny nusga hökmünde öwrenýärler. Magtymguly öz döredijiliginde Watana, il-ulsa we bütin adamzada bolan söýgini wasp edipdir. Häzirki wagtda beýik şahyryň filosofik we syýasy-hukuk garaýyşlary türkmen döwletliliginiň esasy ýörelgeleri bolup hyzmat edýär. Bu garaýyşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy milli Liderimiziň başyny başlan we döwlet derejesinde amala aşyrylýan bu giň möçberli işiniň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň hormatyna ylmy-medeni çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça degişli teklipleriň taýýarlanandygyny habar berdi.

Şu ýylyň birinji ýarymynda dünýäniň ençeme ýurdunda, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabatda beýik şahyryň daşary ýurt dillerine terjime edilen neşirleriniň tanyşdyryş dabaralaryny, halkara ylmy maslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2014-nji ýylyň “Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 5-nji fewralynda Ankara şäherinde Magtymguly ýylynyň açylyş dabarasy bolar. Mundan başga-da, şu ýyl TÜRKSOÝ guramasy bilen bilelikde türki dilli ýurtlarda Magtymguly Pyraga bagyşlanan dürli medeni çäreleri geçirmek, ýubileý ýylynyň ýapylyş dabarasyny bolsa dekabr aýynda Aşgabat şäherinde guramak bilen bagly işler göz öňünde tutulýar.

2014-nji ýylyň aprel aýynda Magtymgulynyň Sankt-Peterburg şäherindäki Gündogary öwreniş döwlet institutynyň arhiwinde saklanylýan golýazmalarynyň sergisi guralar. Mundan başga-da, Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan çäreleri Eýranda hem geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň we Eýranyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertini, muzeý gymmatlyklarynyň, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini, döredijilik işgärleriniň duşuşyklaryny guramak bilen bagly çäreler durmuşa geçiriler. Däp bolşy ýaly, şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýranyň Gülüstan welaýatynyň Ak tokaý diýen ýerine gitmegi, Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgählerine zyýarat etmegi göz öňünde tutulýar.

Meşhur şahyr we beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny baýram etmek bilen bagly çäreleriň iň esasysy şu ýylyň 14-16-njy maýynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatdyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda bu çäräni ýokary derejede geçirmek boýunça Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we edaralary bilen bilelikde taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy habar berildi. Ylmy maslahata daşary ýurtlardan ýokary derejeli resmi adamlaryň, Magtymgulynyň ömrüni we döredijiligini öwrenýän alymlaryň we ylmy wekilleriň, medeniýet we sungat işgärleriniň çagyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Soňra Balkan welaýatynyň häkiminiň medeniýet boýunça orunbasary G.Ataýewanyň welaýatda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler baradaky hasabaty diňlenildi. Bellenilişi ýaly, şanly senä bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň giň möçberli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň günbatar welaýatynyň ähli şäherlerinde we etraplarynda aýdym-saz bäsleşikleri, folklor çykyşlary, döredijilik duşuşyklary, edebi agşamlar, çeper okaýyşlar, surat we kitap sergileri guralar.

Balkan welaýatynyň häkiminiň medeniýet boýunça orunbasary Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda beýik şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň meýilnamasy barada aýtmak bilen, edebi çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler barada habar berdi. Hasabatyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň ýubileý dabaralaryny häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede geçirmek ugrunda degişli düzümler bilen sazlaşykly işleriň ýaýbaňlandyrylandygy aýdyldy.

Maý aýynda beýik nusgawy şahyryň Gerkez obasynda uly şygryýet, halk döredijilik baýramçylygy geçiriler. Dowam edip gelýän däbe görä, bu ýere, Magtymguly etrabynyň ajaýyp dag etegindäki künjegine söz ussadynyň döredijiliginiň köpsanly muşdaklary – ylym, medeniýet we sungat işgärleri, ýazyjylar, bagşylar we sazandalar ýygnanar.

Öz nobatynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň direktory G.Orazmuhammedowa kökleri asyrlaryň jümmüşine gidýän türkmen halkynyň şöhratly taryhyny öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek, şeýle hem milletimiziň maddy we ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklap galmak, ýaşlary watançylyk we ýokary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek babatda geçirilýän işler hakynda jikme-jik habar berdi.

Çykyşda bellenip geçilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilmegi beýik şahyra – akyldara ählihalk söýgüsini görkezer, onuň döredijiligi türkmen halkynyň hem, dünýäniň beýleki halklarynyň hem medeniýetini ösdürmäge ägirt uly täsir etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beýik şahyryň watançylyk we filosofik maksatlara beslenen edebi mirasy türkmen alymlarynyň ylmy açyşlary üçin çäksiz iş meýdany bolup durýar.

Şanly senä taýýarlyk görmegiň çäklerinde beýik söz ussadynyň eserlerini, şeýle hem beýik akyldaryň ýaşap geçen döwrüniň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, ylmyny çuňňur öwrenmäge aýratyn üns berilýär, şahyryň eserleriniň ýygyndylary bolsa, dünýäniň dürli dillerine terjime edilýär. Ýurdumyzyň taryhçylarynyň, dilçileriniň, edebiýatçylarynyň, alymlarynyň—etnograflarynyň daşary ýurtlara we ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyran ylmy iş saparlarynyň netijeleri, Magtymgulynyň ozal belli bolmadyk şygyrlary we şahyr hakyndaky täze maglumatlar geljekki ylmy işleriň esasyny düzer.

Daşary ýurt alymlarynyň birnäçesiniň ylmy-barlag işleri, makalalary we monografiýalary hem akyldar şahyryň durmuşyna we döredijiligine bagyşlandy. Munuň özi dünýä derejesinde onuň şahyrana mirasynyň ähmiýetiniň ykrarnamasy bolup durýar.

Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Älem içre at gezer” we “Döwlet guşy” atly kitaplary ylmy jemgyýetiň wekilleri üçin uly gollanma bolup hyzmat eder. Şolarda, hususan-da, Magtymgulynyň çuňňur filosofiki dünýäsi we ylmy garaýyşlary seljerilýär. Ägirt uly terbiýeçilik ähmiýeti bolan şu romanlarda Watana bolan öçmejek söýgi, geljekki ýeňişlere bozulmaz ynam, türkmenlere mahsus maksada okgunlylyk çeperçilik taýdan beýan edilýär. Milli Liderimiziň atasy hakyky watançy, beýik mugallym Berdimuhammet Annaýewiň, mähriban kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň mysalynda nesilden-nesle geçip gelýän maşgala däpleriniň gymmatlygy tassyklanylýar.

Soňra şanly sene mynasybetli çärelere taýýarlyk boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermek üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň direktory G.Kyýasowa söz berildi. Bellenilişi ýaly, Magtymguly diňe bir milli nysgawy edebiýatynda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda hem täsin we uly hadysadyr.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň baýram edilmegine taýýarlygyň çäklerinde institutda onuň mirasyny öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar, goşgulary rus we hytaý dillerine terjime edilýär. Şeýle hem dil öwrenijiler we edebiýaty öwrenijiler tarapyndan Magtymgulynyň eserleriniň özboluşly gözelligi, çeper sözleýişde şahyryň eýeren ýoly we täzeçilligi, häzirki zamanda şahyryň mirasynyň ähmiýeti hem-de Pyragynyň döredijiliginiň ylmy barlaglarynyň birnäçe beýleki ugurlary barada monografiýalar we ylmy makalalaryň ýygyndylary taýýarlandy.

Soňra Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny baýram etmäge, şol sanda “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň direktory A.Aşyrow habar berdi. Bellenilişi ýaly, Ýewropadan we Aziýadan, GDA döwletlerinden, dünýäniň iri halkara ylmy merkezlerinden meşhur alymlar, ýazyjylar we şahyrlar, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary foruma gatnaşmaga çagyrylýar.

Ozal beýik Magtymgulynyň eserleri arap, türk, özbek, azerbaýjan, garagalpak, rumyn dillerinde neşir edildi. Şahyryň ýubileýi mynasybetli onuň goşgularyny iňlis, ispan, koreý, ermeni, belarus we beýleki dillerde neşir etmek göz öňünde tutulýar. Institutyň ylmy işgärleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde Türkiýede, Azerbaýjanda, Koreýa Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystany Patyşalygynda, Özbegistanda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda Magtymgulynyň döredijilk mirasyna bagyşlanan halkara ylmy maslahatlary geçirdiler.

Şeýle hem institutyň işgärleri tarapyndan şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanyp, ylmy gözlegleriň geçirilýändigi barada habar berildi.

Soňra çykyş eden Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek baradaky komitetiň başlygy, Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýiniň direktory Ö.Mämmetnurow Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan eserleri seçip almak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Eserleriň awtorlary bu abraýly halkara baýragyny almak üçin hödürlener. Bellenilişi ýaly, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek hakynda Düzgünnama laýyklykda, komitetiň agzalary ýurdumyzdan, şeýle hem daşary döwletlerden bolan hünärmenleriň işlerine serederler.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyny bermek baradaky komitetiň agzalary köpsanly ylmy işleriň we edebi eserleriň awtory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milletiň ruhy baýlygyny ösdürmäge, türkmen halkynyň medeni mirasyny, şol sanda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini aýawly saklamaga, ylmy taýdan düýpli öwrenmäge we dünýäde wagyz etmäge uly goşant goşandygyny aýratyn belleýärler. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyryna bagyşlanan toý çäreleriniň halkara derejesinde guralmagy munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory G.Hanmyradow uniwersitetiň professor –mugallymlar düzümi tarapyndan beýik şahyryň durmuş ýoluna we döredijiligine bagyşlanan ylmy neşirleriň birnäçesiniň çapa taýýanlanandygyny habar berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Magtymgulynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň genji-hazynasyna giren eserleri ýokary wezipesini, beýik maksadyny—ruhy, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemegi amala aşyrýar, adamlaryň kalbynda ýokary duýgulary oýarýar. Ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin ýazyjylar we şahyrlar bilen döredijilik duşuşyklary guralýar, mowzuklaýyn bäsleşikler we beýleki çäreler geçirilýär, olar täze zehinleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

Jemgyýetimiziň we döwletimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän uly möçberli özgertmeler Watanymyzyň her bir raýatynyň durmuşyny täze mazmun bilen baýlaşdyrdy, şonuň üçin hem şanly senäniň halkara derejesinde baýram edilmegi ýaşlaryň ýüreklerinde ýokary watançylyk duýgusyny berkider.

Soňra Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ö.Enermyradowa söz berildi. Ol şanly senä – Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan çärelere taýýarlyk görlüşi hakynda habar berdi.

Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda mekdep okuwçylarynyň we ýaşlaryň arasynda dürli bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary we beýleki çäreler geçirilýär. Bu çäreleriň hemmesi ýaş nesli hakyky watançylyk ruhunda, görnükli şahyryň şygyrlarynda wasp edilen, asyrlardan bäri dowam edip gelýän milletimiziň paýhasly däpleri, belent ruhy-ahlak we ynsanperwer gymmatlyklary esasynda terbiýelemek işine hyzmat edýär.

Häzirki wagtda ýaş alymlaryň arasynda ylmy işleriň däp bolan her ýylky bäsleşigine gatnaşyjylary seçip almagyň geçirilýändigi hem bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesil hakynda yzygiderli alada edýändigi, durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty netijesinde Türkmenistanda ýaşlaryň öz ukyplaryny we başarnyklaryny doly derejede ýüze çykarmagy, halkara ülňüleriniň derejesinde döwrebap bilim almagy, saýlan hünärlerine üstünlikli erk etmegi, ylmy we döredijilik iş bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy ýaş türkmenistanlylaryň geljekde-de Watanymyzyň öz ýaşlaryna buýsanmagy üçin jemgyýetimiziň hem-de ýurdumyzyň durmuşyna örän işjeň gatnaşjakdyklaryny ynandyrdy.

Soňra Türkmenistanyň ýaş şahyrlarynyň adyndan K.Rejebow çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, şanly sene mynasybetli gazetleriň we žurnallaryň sahypalarynda beýik türkmen nusgawy şahyrynyň edebi mirasy barada makalalar, çeper eserler çap edilýär. Şeýle hem Magtymguly Pyraga bagyşlanan kitaplary, neşir önümlerini taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Bellenilişi ýaly, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralary türkmen edebiýatynyň, medeniýetiniň we milli sungatyň baýramydyr. Dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrülen Magtymgulynyň şygyrlaryna, filosofiýasyna, umuman, beýik şahyryň medeni mirasyna hormat goýmak, ony dabaralandyrmak halkyň beýikliginden nyşandyr. Bellenilişi ýaly, goşgulary türkmen halkynyň kalbynyň aýdymyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny beýgeltmek we onuň wagyz edilmegini ýola goýmak işleriniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen has-da rowaçlanýar.

Türkmen edebiýatynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi milletimiz, esasan-da, ýaşlar üçin mukaddeslige öwrülen görelde mekdebidir. K.Rejebow bu barada aýtmak bilen, özüniň goşgy setirleriniň üsti bilen häzirki döwri, milli Liderimiziň başyny başlan ägirt uly özgertmelerini, şol sanda türkmen edebiýatyny ösdürmek barada durmuşa geçirýän asylly ýörelgeleriniň waspyny ýetirdi.

Ýaş şahyr ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadançylygy we bagtyýarlygy barada ýadawsyz alada edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza goşgy setirleriniň üsti bilen ýürek buýsanjyny beýan etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, söz sözledi.

Şu ýyl meşhur filosof, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 290 ýyl dolýar, şoňa görä-de, beýik akyldaryň şanly ýubileýi ýurdumyzyň ähli ýerinde, şeýle hem halkara derejesinde giňden bellenip geçiler diýip, milli Liderimiz nygtady. Sebäbi, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen nusgawy şahyrymyzyň sarpasy belent tutulýar. Beýik şahyryň şanly ýubileýi mynasybetli geçiriljek çäreler maý aýynda has-da dabaralara beslener diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Akyldar şahyrymyzyň öňe süren taglymatlary, öwüt-ündewleri we ýörelgeleri her bir türkmeniň kalbyna we aňyna baky ornaşdy. Parasatly şahyr öz döwründe ylmyň, medeniýetiň we edebiýatyň gazananlaryny paýhas eleginden geçirip, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna goşulan, adamzadyň iň gowy däplerini özünde jemleýän nusgawy eserleri döretdi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döretmegi başaran şahyrdyr, diýip belledi. Beýik akyldar özüniň ajaýyp eserleri bilen türkmen dilini we edebiýatyny täze belentliklere göterdi. Beýik akyldar öz döredijiliginde türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen möhüm syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, ynsanperwerlik we ruhy-ahlak garaýyşlaryny öňe sürdi. Nusgawy şahyryň bize goýup giden mirasy özboluşly terbiýe mekdebidir. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda beýik akyldaryň ynsanperwer taglymatlarynyň esasynda nesilden-nesle terbiýelenip gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Häzirki döwürde beýik akyldaryň eserleri dünýäniň dürli dillerine terjime edilýär. Bu bolsa, Ýer ýüzüniň halklarynyň türkmen halkynyň däp-dessurlary, dili, edebiýaty, medeniýeti, ruhy-ahlak gymmatlyklary, beýik şahyryň öňe süren ynsanperwer ýörelgeleri bilen içgin tanyşmagy üçin uly mümkinçilikleri döredýär. Beýik şahyryň ajaýyp eserleri halklaryň özara ýakynlaşmagyna ýardam berýär. Ýurdumyzda her ýyl Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden we dabaraly bellenip geçilýär. Baş Kanunymyzyň  Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününiň beýik şahyryň şygryýet baýramy bilen bilelikde dabaraly bellenip geçilmeginiň örän giň manysy bardyr. Sebäbi, beýik şahyryň agzybirlik, özbaşdak döwlet gurmak, watansöýüjilik, dost-doganlyk barada öňe süren garaýyşlary ýurdumyzyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapdy diýip, milli Liderimiz nygtady.

Beýik akyldaryň «Berkarar döwlet islärin!» diýip, özbaşdak döwlet, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen doly hasyl boldy. Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Berkarar Türkmen döwleti öz häzirki Bagtyýarlyk döwründe ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Beýik şahyryň şanly ýubileýini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegiň möhümligi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görmek we olary geçirmek bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçdi. Şu maksat bilen, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny dabaraly belläp geçmek boýunça guramaçylyk topary tarapyndan geçiriljek çäreleriň Meýilnamasynyň taýýarlanandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni ýurdumyzyň her bir ministrliginiň we pudak edarasynyň öňünde durýan wezipelere çekdi.

Dürli sergileriň we maslahatlaryň geçirilmegini, sahna eserleriniň hem-de teleýaýlymlarda gepleşikleriň görkezilmegini, şahyryň goşgular kitabynyň dürli dillerde neşir edilmegini we beýleki birnäçe çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýan resminamany, umuman, makullap, hormatly Prezidentimiz «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny dabaraly belläp geçmegiň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky» karara gol çekdi.

Soňra beýik akyldaryň şanly ýubileýini ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini ýene bir gezek belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan taýýarlyk işlerini güýçlendirmegiň gerekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna birnäçe tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyz wiçe-premýerler B.Nurmyradowa, S.Toýlyýewe ýüzlenip, degişli ýolbaşçylaryň, şeýle hem häkimleriň medeniýet boýunça orunbasarlarynyň gatnaşmagynda Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň mejlisini geçirmegi tabşyrdy. Bu mejlisde halkara baýragyna hödürlenen eserleri seçip almak boýunça geçirilen işleriň jemleri jemlenmelidir. Şonuň ýaly-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllyk ýubileýi mynasybetli göz öňünde tutulan medeni çäreleri tassyklanan Meýilnama laýyklykda ýokary derejede we guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa tabşyryklary berdi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ähli Ilçihanalarynda we konsullyk edaralarynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini we beýik şahsyýetiň bitiren işlerini giňden wagyz etmeli. Şu maksat bilen, döwlet Baştutanymyz nusgawy şahyrymyzyň döredijiligine bagyşlanan kabul edişlikleri we maslahatlary geçirmegi hem-de sergileri guramagy tabşyrdy. Şeýle hem beýik şahyryň 290 ýyllyk ýubileýi mynasybetli «Magtymguly Pyragy we umumyadamzat gymmatlyklary» atly halkara ylmy maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek bilen bagly tabşyryk berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler A.Goçyýewe, B.Hojamuhammedowa, M.Artykowa, Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowa ýüzlenip, beýik akyldaryň ýubileýi mynasybetli Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda täze muzeýiň binasynyň we Ýadygärlikler toplumynyň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna şol desgalaryň gurluşygyny haýsy serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny kesgitlemegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedowa Gerkez obasynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini, şeýle hem Ýadygärlikler toplumyny gurmak ugrunda bäsleşik yglan etmek barada görkezme berdi. Bu bäsleşigiň jemleri jemlenenden soň, onuň netijelerini Ministrler Kabinetiniň mejlisinde seretmek üçin hödürläň diýip, hormatly Prezidentimiz beýik akyldaryň ýubileýi mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň guraljak ýerlerinde ähli ýollaryň baýramçylyga çenli durkuny täzelemek işlerini tamamlamagy talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, Türkmenistanyň Mejlisi Magtymguly adyndaky medaly döretmegiň üstünde işlese we tassyklamak üçin hödürlese, maksadalaýyk bolar diýip belledi. Biz bu medal bilen ýurdumyzda medeniýeti we sungaty ösdürmäge uly goşant goşan ýazyjy-şahyrlary, suratkeşleri, teatryň we telewideniýäniň işgärlerini, şeýle hem beýleki döredijilik işgärlerini sylaglarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda, Ministrler Kabinetiniň mejlisini akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň çuň manyly, pähim-paýhasa ýugrulan setirleri bilen jemlesek, ýerlikli bolar, çünki ata-babalarymyzyň baý mirasy bolup, olar dana sözleri aýdyp geçipdirler, ýagny “Söz akylyň şaýadydyr” diýendiklerini bellemek bilen, şahyryň şu setirlerini mysal getirdi:

Hak sylamyş, bardyr onuň saýasy,
Çyrpynşar çölünde neri, maýasy,
Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,
Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň!

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň!


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, beýik şahyryň şanly ýubileýi mynasybetli göz öňünde tutulan ähli çäreleri ýokary derejede we guramaçylykly geçirmekde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw etdi.