Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

view-icon 827
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowyň haýyşy boýunça amala aşyrylan sapar wagtynda döwlet Baştutanymyz şäheriň ýol-ulag, aragatnaşyk we durmuş düzüminiň ösdürilişiniň barşy, bina edilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz ir bilen paýtagtymyzyň demirgazygynda Aşgabat-Daşoguz awtomobil ulag ýolunyň ugrunda gurulýan halkara derejeli ýolagçy ulag menziline geldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, onuň gurluşygy 2012-nji ýylyň dekabrynda başlandy, desganyň ulanmaga doly taýýar edip tabşyrylmagy şu ýylyň aýagyna bellenendir.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň käbiri, Aşgabat şäheriniň häkimi hem-de şäheriň ulag – kommunikasiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek, onuň binýadynda möhüm logistiki halkany, ýurdumyzyň çäginde, şeýle hem sebit möçberinde ýük daşalyşyny we ýolagçy gatnadylmagyny utgaşdyrmak merkezini döretmek işine gatnaşýan birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Häzirki wagtda paýtagtymyzda gurulýan täze halkara howa menziliniň açylmagy hem muňa ýardam etmelidir. Awtomobil gatnaw ýollarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ýerüsti ulag hereketiniň möçberiniň artýan şertlerinde uly ähmiýete eýe bolup, täze halkara awtoulag menzili muňa ýardam etmäge gönükdirilendir.

Alty gektar meýdany tutýan iki gatly ulag menziliniň binasy Gündogar bazaryna we Änewe alyp barýan ýollaryň her ýana gidýän çatrygynda, paýtagtymyzyň iň demirgazygynda ýerleşendir.

Binanyň keşbi awtoulagyň ruly görnüşindedir. Ondaky dört sany “şöhle” bolsa menzilleri alamatlandyrýar. Şol ýerden awtobuslar ýurdumyzyň dürli künjeklerine ugrar. Bu ýerde menziliň ýanyndaky meýdança, gelýän halkara we şäherara awtobuslar üçin duralga, şeýle hem şäher awtobuslary we taksiler üçin meýdança bar.

Halkara ulag menzili bir gije-gündizde 2 müň ýolagça hyzmat etmek mümkinçiligine eýe bolar. Bu ýerde gelip-gidýän we garaşýan ýolagçylar üçin 50 orunlyk myhmanhana, sürüjiler we hyzmat edýän işgärler üçin gulluk otaglary, 50 orunlyk tomusky kafe meýilleşdirilýär.

Menziliň içinde awtobusyň hyzmatyndan peýdalanýan ýolagçylar üçin petek satylýan otaglary bolan garaşylýan zal ýerleşer. Petekleriň deslapky satuwy guralar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň halkara ulag aragatnaşyk merkezine maksadalaýyk öwrülýändigini göz öňünde tutup, ulag menzilinde uçarlar we demir ýol hyzmatyndan peýdalanmak isleýänlere petek alyp bilmegi üçin otaglar, pul alyş-çalyş nokady, aragatnaşyk bölümi göz öňünde tutulýandyr. Ýolagçylaryň amatlylygy üçin Internet-kafe, restoran, kiçi bazar, eneler we çagalar üçin otag, lukmançylyk otagy, dermanhana, goş-golam saklanýan ýer, uly bolmadyk kinozal bolar.

Mundan başga-da, menziliň düzümine ýangyn howpsuzlyk gullugy, awtobuslar üçin döwrebap ulag ýuwujy we dürli gulluklar girer. Ýolagçylaryň ýokary goraglylygy we olaryň amatlylygy üçin wideobarlag hem-de howpsuzlyk ulgamlary, goş-golamlaryň barlag gullugy göz öňünde tutulandyr. Menziliň içinde çüwdürimli kiçi seýilgäh gurlar.

Häzirki wagtda ulag menziliniň ýolagçy awtoulaglaryny Hundaý, Ýutong awtobuslary düzýär, ýakyn wagtda döwrebap awtobuslaryň täze tapgyryny almak göz öňünde tutulýar.

Bu ýerden ozalky hereket edýän şaherara ugurlar, ýagny Türkmenabat, Baýramaly, Sarahs, Daşoguz, Ýerbent, Bokurdak, Türkmenbaşy, Arçman, Baharly ýaly ugurlar bolşy ýaly, täze ugurlar boýunça hem gatnawlar amala aşyrylar. Geljekde paýtagtymyzy ýurdumyzyň beýleki şäherleri we ilatly ýerleri , ýagny Guşgy, Mary, Tejen, Hazar, Balkanabat, Mollagara, Esenguly, Etrek, Magtymguly, Bereket, Serdar bilen baglanyşdyrjak awtobus ugurlary açylar. Hut şu awtoulag menzilinden şäherýaka ugurlar boýunça gatnawlar amala aşyrylar.

Awtobus bilen göni halkara ugurlar hem ýola goýlar. Mysal üçin, awtobus bilen Aşgabatdan Eýrana, Ermenistana, Gazagystana, Özbegistana, Türkiýä, Owganystana gidip bolar.

Hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenen taslamalarda we çyzgylarda ulag menziliniň daşky görnüşi, şol sanda onuň ýokarsyndan we esasy binanyň öň ýüzi, onuň içki enjamlaşdyrylyşy görkezilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hödürlenen taslamalaryň arasynda petek satylýan otaglaryň we ýolagçylar üçin garaşylýan zallaryň, dolandyryş merkeziniň işgärleri üçin iş otaglarynyň, şeýle hem beýleki otaglaryň, köçeleri ýagtylandyryjylary we beýlekileri goşmak bilen menziliň töweregindäki meýdançalaryň köpsanly bezeg şekilleri bar. Menzile eltýän ulag ýollary gurlar. Olaryň çyzgylary hem şu tanyşlygyň barşynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi. Bu desgalaryň birnäçesi eýýäm anyk iş ýüzüne geçmek tapgyrynda dur.

Durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň hatarynda 5 ýyldyzly “Ýüpek ýoly” myhmanhanasynyň, onuň otaglarynyň geljekki keşbiniň, eýwanynyň, banket zalynyň we myhmanhananyň ýanynda gurulmagy meýilleşdirilýän açyk sport meýdançalarynyň çyzgylary görkezildi. Myhmanhananyň umumy meýdany 3 gektara barabar boljak sport düzümine, şeýle hem üsti ýapyk we açyk suwda ýüzülýän howuzlar girer. Ýanaşyk ýerde awtobus duralgasy, tehniki hem-de kömekçi desgalar ýerleşer.

Umuman, myhmanhananyň meýdany 15 müň 832 inedördül metre, sport meýdançalarynyň meýdany 1800 inedördül metre, açyk howzuň meýdany bolsa 323 inedördül metre barabar bolar. Gara ýollaryň 7322 inedördül metri we pyýadalar üçin ýanýodalaryň 5198 inedördül metri çekiler. Awtoulag terminalynyň gurluşygynyň meýilnamasyna laýyklykda, onuň üsti ýapyk awtoduralgasynyň meýdany 1280 inedördül metre barabar bolar.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalar hem-de çyzgylar bilen jikme-jik tanşyp, desgalaryň wezipesi hem-de binagärlik keşbi, iş ýüzünde innowasion tehnologiýalary ulanmak babatda anyk bellikleri we teklipleri aýtdy. Döwlet Baştutanymyz desganyň gurluşy hem-de bu ýerde ýolagçylar üçin amatly şertleriň döredilmegi barada aýdyp, paýtagtymyzda awtoulag serişdeleriniň gatnawlarynyň artýandygyny nazara almak bilen, pyýadalar üçin ýerüsti we ýerasty geçelgeleriň göz öňünde tutulmagynyň wajypdygyny belledi. “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň ýolbaşçysyna awtomobil ýollarynyň gurluşygynda işleriň ýokary hiliniň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ulag terminalynyň düzüminde ýene-de bir myhmanhanany gurmak barada degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Bu ýerde milli Liderimize taslamalarda awtobuslaryň kysymlary we görnüşleri hödürlenildi. Şol tehnikalara terminalyň we paýtagtymyzyň parky üçin almak nukdaýnazaryndan garalýar. Şeýle hem bu ýerde ulaglaryň tehniki häsiýetleri, içki we daşky keşbi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen sanaw bilen içgin tanşyp, täze awtobuslaryň tehniki häsiýetleri we mümkinçilikleri içgin seljerilenden soň, olaryň halkara ülňülerine doly laýyk gelmegi, döwürleýin neşirler bilen tanyşmak, şeýle hem beýleki hyzmatlaryň berjaý edilmegi şertinde awtobuslary satyn almak barada görkezme berdi.

Milli Liderimiz alynmagy göz öňünde tutulýan awtobuslaryň kysymlarynyň arasyndan aýry-aýry nusgalaryny almagy hem-de olaryň dürli sebitleriň şertlerine laýyk gelýändigini ýüze çykarmak üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň çäklerinde olaryň iş mümkinçiliklerini synagdan geçirmegi maslahat berdi.

Galyberse-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolagçy awtoulag menzilini döretmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady. Şol parkda bolsa syýahatçylyk ugurlary, şäherara, halkara we şäheriçi gatnawlary üçin; gulluk saparlary, şeýle hem gysga aralyga gatnamak, mysal üçin, ýolagçylary howa, demir ýol menzillerinde gatnatmak we beýleki maksatlar üçin niýetlenen awtobuslar bolmalydyr. Göz öňünde tutulan maksatlara laýyklykda, degişli tehniki görkezijileri hem-de dürli göwrümli awtobuslary seçip almak wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Şeýlelikde, şäherleriň içindäki gatnawlarda ulanyljak awtobuslar ykjam, halkara we şäherara gatnawlarynda ulanyljak awtobuslar kuwwatly hem-de alys ýerlere sapar edýän ýolagçylar üçin amatly bolmalydyr. Ýurdumyzyň howa şertlerini nazara almak bilen, awtobuslarda oňat sowadyjylaryň bolmagy hökmandyr diýip, milli Liderimiz nygtady. Ýolda awtobuslar üçin göwnejaý duralgalary gurmak babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz awtobuslaryň daşky we içki bezegine hem üns berdi: şol ulag serişdeleri özleriniň ýerine ýetirmeli wezipesi bilen tapawutlanmalydyr we ýolagçylaryň şähdini açmalydyr. Mysal üçin, awtobuslaryň özboluşly bezegi ak mermerli paýtagtymyzyň keşbiniň has-da täsirli bolmagyny üpjün eder. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gatnajak awtobuslar üçin hem bezegiň özboluşly bolmagyny üpjün etmek möhümdir.

Esasy zat bolsa, häzir alynýan we geljekde alynjak awtobuslaryň ählisine köp adam ýerleşmelidir we olar oturgyçlardan başlap, howa ýagdaýyna çenli ýolagçylar üçin amatly bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen birlikde, olarda mümkinçilikleri çäkli bolan adamlar üçin zerur bolan şertleriň ählisi göz öňünde tutulmalydyr. Munuň özi 2017-nji ýylda Aşgabatda Aziýa oýunlarynyň geçirilen badyna Aziýanyň paralimpiýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen baglylykda örän wajyp meselä öwrülýär.

Şeýle hem ýolagçylar üçin maglumatlary bermek ulgamynyň, şol sanda awtobusyň içinde maglumatlar görkezilýän elektron tablony, ulagyň daşynda gatnaw belgisini we onuň gatnaýan ugry baradaky görkezijileri ýerleşdirmegiň üstünde işlemek möhümdir.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurulýan halkara awtoterminalynda alnyp barylýan gurluşyk işleri, tutuş bina bilen tanşyp, onuň inženerçilik- tehniki aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Milli Liderimiz otaglaryň gurluşygynda we abadanlaşdyrylyşynda ygtybarlylygy üpjün etmegiň hem-de adamlar üçin has amatly şertleri döretmegiň innowasion tehnologiýalary ulanmakda esasy wezipe bolup durýandygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwrebap ulag-aragatnaşyk düzümini çalt döretmek diňe bir milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmekde däl, eýsem, halkara ulag gatnawlarynda hem möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzda eýýäm halkara ähmiýetli demir ýollaryň hem-de giň awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometri çekildi we olaryň täzeleriniň taslamalary düzülýär. Täze deňiz hem-de menzilleri gurulýar, öňden barlarynyň durky täzelenýär.

Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we bu ulgamda çalt depginler bilen durmuşa geçirilýän ajaýyp taslamalaryň biridir. Ol Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky “köprä” öwrüler hem-de ulag çykdajylarynyň ep-esli azaldylmagyna, yklymyň çäklerinde haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna ýardam eder. Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň çäginden geçýän täze polat ýol Günorta Aziýa, Pars aýlagynyň portlaryna we degişlilikde, Russiýanyň üsti bilen Gündogar Ýewropa ýükleriň amatly hem-de tygşytly daşalmagyny üpjün eder. Onuň işe girizilmegi “Gündogar-Günbatar” ulag kommunikasiýalar bilen, ýagny Hytaý-Orta Aziýa – Kawkaz-Ýewropa yklymüsti ulag geçelgesi, şeýle hem Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman – Katar ulag geçelgesi bilen sepleşmek mümkinçiligi babatda hem uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň TRASEKA taslamasyna – Ýewraziýa ulag geçelgesiniň taslamasyna gatnaşmagy hem ykdysady taýdan uly peýda getirip biler. Bu geçelgäniň ugry Merkezi Aziýadan, Hazaryň üsti bilen Kawkaza hem-de Gara deňze çykmak arkaly Gündogardan Günbatara gönükdirilendir. Munuň özi ägirt uly taslamalaryň diňe bir bölegidir.

Awtoulag ýollarynyň düzümini ösdürmek barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzyň bütin taryhynyň dowamynda awtoulag ýollaryny gurmak baradaky täze taslamalaryň entek şeýle giň gerimde amala aşyrylmandygyny ynamly nygtamak bolar. Esasy awtoulag ýollary ulgamynyň durky doly täzelendi, zerur ýol düzümli täze ýokary tizlikli ýollar—awtobanlar guruldy.

Awtoulag ýollaryny gurmakdaky işleriň aglaba bölegi ýurdumyzyň paýtagtynda amala aşyrylýar. Bu ýerde gerimi boýunça deňi-taýy bolmadyk şähergurluşyk maksatnamasy durmuşa geçirilýär, şol sanda Aşgabadyň hem-de onuň etekleriniň ulag-kommunikasiýa ulgamy ösdürilýär. Şu nukdaýnazardan Aşgabatda täze halkara awtoterminalyň açylmagy bu ugurdaky nobatdaky möhüm ädimdir.

Milli Liderimiz binadan çykyp, awtoulag parkynda bar bolan täze awtobuslaryň nusgalary bilen hem tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz awtoterminaly we onuň tehnikalaryny dolandyrmagyň häzirki zaman ulgamyny guramak barada aýdyp, ulaglaryň gatnaýan ugurlary, ýangyjyň harçlanylyşy, geçilen aralyk, ýolda bolan wagty bellige almak, ulaglaryň bu ýerden ugraýan we gelýän wagty baradaky maglumatlaryň binýadyny döretmegiň wajypdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny dowam edip, “Interbudmontaž” ukrain kompaniýasyna ynanylan iri desga—inžener kommunikasion ötüginde, hususan-da, onuň lagym-arassalaýyş desgasyny gurmak boýunça gurluşyk işleri alnyp barylýan demirgazyk – gündogar böleginde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu ýere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimi ýygnandylar. Bu ýerde Döwlet Baştutanymyza “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy W.Petruk möhüm desgada geçirilen işler hakynda hasabat berdi. Häzirki wagtda şäheriň demirgazyk böleginde ötügi gurmak boýunça zeýkeş aragatnaşyk işleriniň dowam edýändigi, şäher lagym we zeýkeş ulgamlaryny trasformator bekedine birikdirmek, gije-gündizde kuwwaty 300 müň kub metr bolan lagym arassalaýyş desgalaryny (LAD-300), suw geçirijileri hem-de ýagyn suwlaryny toplaýjy ulgamlary gurmak boýunça işleriň uly böleginiň ýerine ýetirilendigi habar berildi.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň garamagyna inžener-tehniki desgalary gurmak boýunça taslamalaryň birnäçesi hödürlendi. Olaryň hatarynda bir gije-gündizde kuwwaty 600 müň kub metr lagym arassalaýyş desgasy, Köpetdagdan injek sil suwlaryndan şäheri gorajak ýagyn suwlaryny toplaýjy ulgam, paýlaýjy transformator bekedi bar. Bu ötügiň täsin desgadygyny bellemek gerek. Onuň täsinligi şäheriň hemme aragatnaşyk ulgamynyň bir ýerde jemlenendiginden ybaratdyr. Ötügiň wezipesi zeýkeş suwlaryny ýygnamak hem-de lagym akymlaryny şäheriň daşyndaky arassalaýyş desgasyna ýetirmek bolup durýar. Ötügiň ýokarky böleginde bolsa taslama boýunça inženerçilik ulgamlary suw, elektroenergiýa, aragatnaşyk ulgamlary ýerleşdiriler. Şeýlelik bilen, şu ulgamlaryň hemmesi birleşdirilenden soň, şähere suwuň, elektroenergiýanyň we beýlekileriň berlişi hil taýdan has oňat amala aşyrylar. Häzirki wagtda ýerasty suwlaryň peselmegi ugrunda iş alnyp barylýar. Aşgabat şäheriniň demirgazyk-gündogar böleginde ýerasty suwlaryň 2 metre çenli peselmegi gazanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, anyk bellikleri we maslahatlary bermek bilen, inžener-aragatnaşyk ötüginiň okgunly ösýän Aşgabat üçin uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu desganyň gurluşygynda ylmyň iň täze gazananlaryny we öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uly şäheriň ekologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etjek we şeýlelikde, adamlaryň oňaýly durmuşy üçin şertleri döretjek bu uzakmöhletleýin maksatnamanyň doly möçberde durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtap, degişli gulluklaryň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitledi. Şonda paýtagtymyzyň inžener-aragatnaşyk ulgamlaryny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Döwlet Baştutanymyz 12 metr çuňlukda ýerleşýän inžener-aragatnaşyk ötügine düşüp, bu desgada işleriň ýagdaýy bilen ýerinde tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz onuň demirgazyk bölegindäki ýoly welosipedde geçmek bilen, şäher üçin zerur ulgamlary, hususan-da, suw geçirijisini, optiki süýümli aragatnaşyk, elektrik geçirijilerini, şeýle hem suw akdyryjy guýulary we başgalary gözden geçirdi.

Bu uly möçberli taslamany amala aşyrmagyň deňi-taýy ýokdur. Ol paýtagtymyzyň ähli inžener-aragatnaşyk ulgamynyň, uly şäheriň ekologiýa abadançylygynyň häzirki zaman ölçeglerini üpjün etjek we Aşgabadyň has-da depginli ösüşini, adamlaryň amatly durmuşyny üpjün etjek uzakmöhletli maksatnamasynyň bir bölegidir. Hakykatda, taslamanyň çäklerinde ägirt uly şäheriň ýene bir “gaty” gurlar, şol ýerde elektrik, telefon, suw geçiriji, lagym ulgamlarynyň hem-de ýerasty akabalaryň ýüzlerçe kilometri çekiler. Şäher ulgamlaryny ýerasty ötüklerde çekmegiň göwnejaýdygyny we netijelidigini dünýä tejribesi görkezýär.

Ukrain hyzmatdaşlarymyz bilen baglaşylan şertnama Aşgabatda iki sany suw sowujy kollektorlar bilen zeýkeş-aragatnaşyk ötügini we Arçabil etrabynda inženerçilik ulgamlaryny gurmagy, şeýle hem lagym-arassalaýyş desgalaryny we ötügiň ahyrky böleklerini gurmagy göz öňünde tutýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işleriň barşy bilen ýerinde tanşyp, iri inžener-tehniki desganyň eýeleýän möhüm ornuny belledi. Bu babatda döwlet Baştutanymyz ýokary tehnologiki çözgütleri, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we nou-haulary, ylmy pikiriň we tehniki ösüşiň gazananlaryny ulanmaga ünsi çekdi. Suw akymlaryny arassalamagyň hödürlenýän tehnologiýasy häzirki zaman öňdebaryjy galyndysyz önümçilik bolup durýar. Sebäbi şondan boşaýan arassalanan we zyýansyzlandyrylan suw suwaryş üçin ulanylýar, suwy alnan batgalyk bolsa toprak-ösümlik gatlagy hökmünde ýa-da dökün hökmünde peýdalanylýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy esasy wezipäni--şäheri suwuň goşmaça möçberleri bilen üpjün etmek wezipesini çözmäge mümkinçilik berer.

Soňra hormatly Prezidentimiz “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň başlygy W.Petruga paýtagtymyzyň örän işjeň hem-de çalt depginler bilen ösýändigini we ilatynyň artýandygyny nazara alyp, Aşgabat şäherinde metro gurmak meselesini düýpli öwrenmegi tabşyrdy.

Ukrain kompaniýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza bildiren ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimizi degişli meseläniň esasy hünärmenler tarapyndan jikme-jik we hemmetaraplaýyn öwreniljekdigine ynandyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy, Aşgabat şäherine gözegçilik edýän Ş.Durdylyýew, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary M.Artykow, S.Satlykow, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň içeri işler, jemagat hojalygy, aragatnaşyk, awtomobil ulaglary ministrleri zeýkeş -aragatnaşyk ötüginde degişli ulgamlaryň ýerleşdirilmegi boýunça pudaklaýyn edaralar tarapyndan geçirilýän işler barada milli Liderimize hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň uly şäherleriň gurluşygynda möhüm orny eýeleýändigini nygtady we şunuň bilen baglylykda, bu işleriň ýokary hilli bolmagy, iň täze enjamlaryň, tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegi barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýerlere, Aşgabat şäheriniň häkimine we degişli ministrlikleriň ýolbaşçylaryna ukrain hyzmatdaşlary tarapyndan amala aşyrylýan ýerasty - aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrmak bilen, paýtagtymyzyň şäher düzümini ösdürmek üçin bu ähmiýetli taslamany durmuşa geçirmek toplumlaýyn hem-de bellenilen möhletlerde amala aşyrylmalydyr diýip nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara işde we öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.