Ï Türkmenistanyň Prezidenti “ENI” italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “ENI” italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 655
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ENI” italýan nebitgaz kompaniýasynyň baş direktory Paolo Skaronini kabul etdi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň we Italiýanyň işewür toparlarynyň ygtybarly hem-de serişde we ykdysady kuwwata eýe bolan hyzmatdaş hasaplanýan Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, ozaly bilen nebitgaz pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly üns bermek bilen, Türkmenistanyň bu möhüm ugurda uly tejribä we öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan dünýä belli kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, möhüm ugry energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak bolup durýan ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň maksatnamasyny amala aşyrmak bilen, Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginden bolan hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary ösdürmegi ileri tutýar we geljekde hem iri Ýewropa konsorsiumlary, şol sanda dünýäniň 70 ýurdunda üstünlikli işleýän “ENI” italýan kompaniýasyny bilelikdäki taslamalara işjeň çekmegi göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi bilen kompaniýanyň arasynda ozal Rimde gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň ähmiýeti bellenildi. Şoňa laýyklykda, Italiýanyň nebitgaz konsernine uglewodorodlaryň çykarylmagyny artdyrmaga gönükdirilen barlaglaryň tapgyryny geçirmek we ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin okuw merkezini açmak işleri tabşyryldy.

“ENI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmegi göz öňünde tutýandygyny aýtmak bilen, bu gyzyklanmanyň köp babatda sazlaşykly ösýän döwletara türkmen-italýan gatnaşyklary, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlyryň köp sanlysyny ýylsaýyn özüne çekýän amatly maýa goýum ýagdaýy bilen şertlendirilendigini belledi.

Işewür ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz we “ENI” kompaniýasynyň baş direktory soňky döwürde ýerine ýetirilen işleriň netijelerini, şeýle hem kompaniýanyň geljegi uly bolan beýleki taslamalara gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bilelikdäki taslamalaryň sanynyň geljekde has-da artjakdygyna ynam bildirip, jenap Paolo Skaroni bildirilen ynama ýokary baha bermek bilen, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryna geljekde hem örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşyga Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daniele Bozio gatnaşdy.