Ï Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi

view-icon 800
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.

Işewür mähirli kabul edilendigi hem-de soňky ýyllarda okgunly ösüşe eýe bolan döwletara gatnaşyklaryny, ABŞ-nyň işewür toparlary bilen Türkmenistanyň halk hojalygy toplumynyň dürli ulgamlary, şol sanda telekeçilik düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany mähirli garşylamak bilen, soňky ýyllarda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň, hususan-da, özara bähbitli işewürlik ulgamynda gazanylan ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ägirt uly ähmiýet berýändigini nygtady, bu ýurt bilen bolsa ýurdumyzy köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi baglanyşdyrýar. Bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Duşuşygyň çäklerinde uzakmöhletleýinlik we özara bähbitlilik esaslarynda ýola goýlan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny gyşarnyksyz ösdürmäge gönükdirilen “Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň işini işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, däp bolan hyzmatdaşlygy Amerikanyň kompaniýalaryny Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalara hem-de maýa goýum maksatnamalaryna çekmegiň hasabyna giňeltmek, şeýle hem iki ýurduň hünärmenleriniň tejribe alyşmagy özünde jemleýän energetika, awiasiýa, syýahatçylyk we bilim ulgamlarynda bilelikdäki hereketi işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory ABŞ-nyň işewürler toparynyň türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan geçirilýän iri möçberli özgertmeler maksatnamalaryna ýokary baha berýändigini nygtap, geljekde-de hyzmatdaşlygyň ýola goýuljakdygyna we gerimiň giňeljekdigine ynam bildirdi. Bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän “açyk gapylar” syýasaty we ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy oňat mümkinçilik döredýär, bu bolsa geljegi uly türkmen bazaryna daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň barha köp sanlysyny özüne çekýär.

Milli Liderimiz täze açylýan mümkinçiliklere, bilelikdäki işde toplanylan baý tejribä oňyn baha berip, Türkmenistanyň “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirmek bilen, hyzmatdaşlyk etmek baradaky tekliplere ünsli garamaga hemişe taýýardygyny nygtady.

Türkmenistan-ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart hoşlaşanda geňeşiň agzlarynyň däbe öwrülen hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga, şol sanda iki ýurduň döwlet hem-de hususy düzümleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän işewür duşuşyklaryň we geňeşmeleriň ýygjamlaşdyrylmagyna gönükdirilendigini tassyklady, bu gatnaşyklar bolsa iki dostlukly halkyň arasyndaky ynamy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga uly goşant goşýar.