Ï Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi

view-icon 687
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlygyna degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada gelen Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wiktor Maýkony kabul etdi.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhman döwlet Baştutanymyza Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna iberen mähirli salamyny, bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk we ägirt uly özgertmeler ýolunda mundan beýläk-de öňegidişlikler barada aýdan arzuwlaryny ýetirdi.

Milli Liderimiz dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýokary wezipeli wekilini mähirli garşylap, özüniň ukrainaly kärdeşine hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy. Ukrainanyň Türkmenistan üçin möhüm hyzmatdaş bolup durýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin we özara peýdaly esasda alnyp barylýandygyny nygtady.

Türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman soňky ýyllarda köpugurly gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşe eýedigini we iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Ýygjam we netijeli gatnaşyklara ikitaraplaýyn meýilleriň bardygyny bellemek bilen söhbetdeşler soňky ýyllarda ykdysady, medeni-gumanitar ulgamdaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ägirt uly şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň döredilendigi nygtadylar.

Ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda, şähergurluşygynda we milli ykdysadyýetiň başga-da köpsanly ugurlarynda möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ukrain hyzmatdaşlarynyň goşandyna ýokary baha bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň kompaniýalarynyň mundan beýläk-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşjykdyklaryna ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda gumanitar ulgamdaky, hususan-da, ylym, medeniýet we bilim ugurlaryndaky döwletara gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gadymy döwürlerden bäri dostluk gatnaşyklary bilen baglaşýan iki halkyň baý medeniýetine, özboluşly däplerine ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň bardygyna bilelikdäki medeni çäreleriň aýdyňlygy bilen subut edýändigini nygtap, milli Liderimiz bu ugurda bilelikdäki işleri dowam etmegiň wajypdygyny aýtdy.

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary netijeli gatnaşyklaryň bar bolan ýokary derejesiniň iki döwletiň Baştutanlarynyň arasyndaky birek-birege ynanyşmak, hormat goýmak gatnaşyklary netijesinde gazanylandygyny nygtady. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlary Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, öňi bilen bolsa BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň çuňlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýärler.

Myhman duşuşygyň ahyrynda milli Liderimize, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bagt, abadançylyk we döwlet gurluşynyň ägirt uly meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde üstünlik arzuw etdi.

Duşuşyga Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Walentin Şewalýow gatnaşdy.