Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ägirt uly “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji tapgyryna badalga berdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ägirt uly “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji tapgyryna badalga berdi

view-icon 1043
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyndaky iri “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji tapgyrynyň desgalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, düýn Lebap welaýatynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäkde Hytaýyň “CNPC” milli nebitgaz korporasiýasynyň hünärmenleri tarapyndan gurlan gazy gaýtadan işleýän ikinji zawod ulanmaga berildi.

Bu waka Türkmenistanyň “CNPC” bilen giň möçberli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändiginiň nobatdaky tassyklanmasy boldy. XXI asyryň taslamasynyň—dünýäde iň uzyn Türkmenistan –Hytaý gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamanyň durmuşa geçirilmegi bolsa türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Şol gaz geçirijisi arkaly Hytaýa her gün “mawy ýangyjyň” onlarça million kub metri iberilýär.


Gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, şu transmilli gaz geçirijisi arkaly Hytaý Halk Respublikasyna ýakyn geljekde türkmen tebigy gazynyň her ýyl 65 milliard kub metri ugradylar.

Bu gün ägirt uly “Galkynyş” gaz käninde hakyky baýramçylyk we ruhubelentlik ýagdaýy duýulýar. Hemmeler döwlet Baştutanymyzyň gelmegine tolgunmak bilen garaşýarlar. Gazçylaryň şäherçesi baýramçylyk lybasyna beslenipdir. Daş-töwerekde köpsanly ýaşyl baýdaklar parlaýar, şygarlar we bannerler bu gaz käninde amala aşyryljak ägirt uly özgertmeler barada gürrüň berýär.

Ozal ençeme gezek bellenilişi ýaly, “Galkynyş” gaz käni serişdeler gory boýunça “mawy ýangyjyň” örän uly möçberde jemlenen ýeridir. Mundan başga-da, bu ýerde nebit ýataklary hem bar. Bu ýerde meşhur halkara hünärmenleri tarapyndan geçirilen garaşsyz barlaglaryň netijeleri dünýä derejesinde ähmiýetli waka boldy.

“Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýerine ýetirilen işleriň netijesinde bu ýerde ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmäge mümkinçilik berýän desgalar toplumy guruldy.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, geçen ýylyň sentýabrynda ýokary derejede geçirilen türkmen-hytaý gepleşikleriniň barşynda iki ýurduň hyzmatdaşlygyny, şol sanda ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ygtybarly esasy goýan ylalaşyklaryň birnäçesine gol çekilendigini bellemelidiris. Hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we “CNPC”-niň arasynda gol çekilen şertnamalaryň birinde bu kände ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy öndürýän desgalar toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, bu ýatakda arassalanan tebigy gazyň oňyn möçberi 60 milliard kub metre barabar bolar.

Mundan başga-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurluşygyna işjeň taýýarlyk görmegiň tamamlaýjy tapgyrynda bolmagy hem bu käni özleşdirmek boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirmegiň ähmiýetini has-da artdyrýar. “Galkynyş” gaz käni şol gaz geçirijisiniň esasy çig mal çeşmesi bolar.

Ozal ençeme gezek nygtalyşy ýaly, bu transmilli gaz geçirijisiniň çekilmegi ykdysady wezipelerden başga-da, taslama gatnaşýan ýurtlara möhüm durmuş hem-de ynsanperwer meseleleriň birnäçesini, şol sanda goşmaça iş orunlaryny döretmek, gaz geçirijisiniň ugrunda ulag-aragatnaşyk we durmuş düzümini kemala getirmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer. Iň esasysy bolsa, ol tutuş sebitde syýasy we durmuş durnuklylygyny saklamaga hem-de pugtalandyrmaga ýardam eder.

... Hormatly Prezidentimiz dabaranyň geçirilýän ýerine gelýär. Bu ýerde milli Liderimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mary welaýatynyň häkimi garşylaýarlar.

Milli lybasly gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýarlar. Nebitgaz pudagynyň işgärleri hormatly Prezidentimizi mähirli mübärekleýärler.

Hormatly ýaşulular milli Liderimize duz-çörek hödür edýärler. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler barada bolan söhbetdeşlikde döwlet Baştutanymyzyň ykbalçözüji başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtadylar. Şol başlangyçlar bolsa ýurdumyzyň ähli ýerinde gurulýan senagat kärhanalarynda we durmuş maksatly desgalarda öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz ýaşululary bu günki dabara bilen gutlap we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, olaryň hal-ahwaly, saglygy bilen gyzyklandy, obalardaky işleriň ýagdaýyny sorady. Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda Mary welaýatynyň ýurdumyzyň esasy sebitleriniň birine öwrülýändigini nygtady – bu ýerde ýangyç serişdeleriniň çykarylyşy yzygiderli artdyrylýar, döwrebap gazy gaýtadan işleýän toplumlar gurulýar, gazulag düzümi okgunly ösdürilýär. Milli Liderimiz ählumumy energetika howpsuzlygynyň döwrebap binýadyny kemala getirmäge saldamly goşant goşýan Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimi alamatlandyrýan şu günki waka bilen ýygnananlaryň ählisini tüýs ýürekden gutlady.

Öz nobatynda, ýaşulular hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Jowuzjan hem-de Badahşan welaýatlarynyň tebigy hadysalar netijesinde ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini bermek hakyndaky çözgüdini doly goldaýandyklaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyzyň bu başlangyjynyň ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine hem-de kyn gününde beýleki halkara kömek bermäge taýýar bolan türkmen halkynyň gadymy däplerine esaslanýandygyny nygtadylar.

Hormatly ýaşulular özleriniň ildeşleriniň adyndan milli Liderimize halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şol sanda oba adamlaryna mellek ýerlerini bermek barada edýän ýadawsyz aladasy, milli ykdysadyýetimizi öňdäkileriň hataryna çykarmak boýunça edýän taýsyz tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikler arzuw etdiler.

Şol pursat Mary welaýatynyň döredijilik toparlary tarapyndan taýýarlanylan köp öwüşginli aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar, joşgunly tanslar ýerine ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyz mähirli garşylandyklary üçin ýygnananlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, ýörite taýýarlanan çadyra tarap ugraýar. Şol ýere şu dabara gatnaşyjylar we myhmanlar ýygnandylar. Olaryň arasynda hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçylary bar. Olar milli Liderimizi şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşýanlara ýüzlenip, Türkmenistanda amala aşyrylýan, ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň köpugurly ulgamyny döretmäge gönükdirilen energetika strategiýasy babatda şu günki wakanyň aýratyn ähmiýetini belledi.

Biz şu gün dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» käninde tebigy gazy kükürtden arassalaýan täze, döwrebap desgalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşýarys. «Galkynyş» käninde tebigy gazyň ägirt uly gorlary bar. Bilermenleriň deslapky hasaplamalaryna görä, bu ýerdäki tebigy gazyň möçberi 26 trillion 200 milliard kub metre barabardyr. Bu bolsa tebigy gazyň gorlary boýunça biziň ýurdumyzy dünýäde dördünji orna çykarýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.


Mälim bolşy ýaly, «Galkynyş» gaz känini toplumlaýyn özleşdirmäge 2009-njy ýylyň dekabr aýynda girişildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Geçen ýyl «Türkmengaz» döwlet konserni Hytaý Halk Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň iri nebitgaz kompaniýalary bilen bilelikde bu gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça göz öňünde tutulan işleriň birinji tapgyryny üstünlikli tamamlady. Geçirilen işleriň netijesinde, bu ýerde ýokary hilli harytlyk gazy öndürmäge mümkinçilik berýän täze, döwrebap desgalar toplumy gurlup, ulanmaga berildi. Desgalar toplumyny gurmak üçin jemi 8 milliard 100 million amerikan dollaryna golaý serişde gönükdirildi.

Milli Liderimiz «Galkynyş» gaz känindäki harytlyk gazy taýýarlaýan zawodlar toplumynyň sebitde iň iri gaz üpjünçilik desgasy bolup durýandygyny aýratyn belledi. Bu toplumyň kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr tebigy gazy işläp geçmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, 2009-njy ýylyň ahyrynda ulanmaga berlen Türkmenistan–Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ähmiýetini belledi. Bu gaz geçiriji arkaly şu ýyl dostlukly ýurda 30 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny ibermek göz öňünde tutulýar. Tebigy gazyň Hytaýa iberilýän möçberi 2016-njy ýylda 40 milliard kub metre, 2021-nji ýyldan başlap bolsa, her ýylda 65 milliard kub metre ýetiriler.

Biziň ýurdumyz energiýa howpsuzlygy meselesine örän uly üns berýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şoňa görä-de, iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde energiýa serişdelerini dünýä bazaryna ygtybarly we durnukly ibermek boýunça täze halkara-hukuk usulyny döretmegiň tarapdary bolup çykyş edýär. Sebäbi, gaz pudagynda giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmazdan hem-de dünýäde durnukly ösüşi gazanmazdan, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek mümkin däldir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň çägi barha giňelýär. Amyderýanyň sag kenaryndaky, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki we beýleki nebitgaz sebitlerindäki geljegi uly bolan täze ýataklar giň gerim bilen özleşdirilýär. Dünýäde uly islegden peýdalanýan nebit - himiýa önümlerini öndürmäge gönükdirilen innowasion senagat önümçiliklerini döretmek boýunça hem ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa, strategik taýdan örän möhüm pudakda ykdysady bähbitleri nazara almak bilen, giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň 3-nji sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklaryň dowamynda iki ýurduň arasynda möhüm ylalaşyklaryň birnäçesine gol çekilendigini belledi. Şol ylalaşyklaryň hatarynda «Galkynyş» gaz käniniň ikinji tapgyryny özleşdirmäge badalga berjek, ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy arassalamaga niýetlenen täze önümçilik desgalaryny gurmak barada «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýasynyň arasynda gol çekilen şertnama hem bar. Biz häzir bu şertnama laýyklykda «Galkynyş» käninde guruljak gaz arassalaýjy täze desgalar toplumynyň gurluşygyna badalga berýäris. Täze guruljak bu önümçilik toplumynda hem ýylda 30 milliard kub metr ýokary hilli harytlyk gaz öndüriler. Mundan başga-da, bu toplumda her ýylda 2 million tonna kükürt, 235 müň tonna kondensat taýýarlanar.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy türkmen tebigy gazynyň «Türkmenistan– Hytaý» gaz geçirijisi boýunça iberilýän möçberlerini artdyrmaga, Hytaý Halk Respublikasy bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarymyzy has-da giňeltmäge mümkinçilik berer. Iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap desgalar toplumynyň gurlup, ulanmaga berilmegi netijesinde, ýurdumyzda täze iş orunlary dörär. Bu bolsa, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, mahriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, dabara gatnaşyjylaryň ählisini «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyrynyň desgalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we olara berk jan saglyk, egsilmez bagt, rysgal-döwlet, bedew bady bilen öňe barýan berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Baştutanynyň çykyşy dabara gatnaşyjylarda ruhubelentlik döretdi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Şol pursat burawlaýjylar milli Liderimize buraw işlerine başlamaga taýýardyklary barada wideoşekiliň üsti bilen hasabat berýärler we buraw işlerine girişmäge ak pata bermegini döwlet Baştutanymyzdan haýyş edýärler.

Döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyrynyň ulanyş guýularyny burawlamak boýunça burawlaýjylaryň işiniň başlamagyna ak pata berýär, ýörite ornaşdyrylan uly monitorda onlaýn-ýagdaýynda buraw enjamlarynyň herekete getirilişi we “mawy ýangyjyň” gorlaryna ýetmek üçin buraw işleriniň geçirilişi görkezilýär. Bu şekiller ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalaryny döretdi.

Dabaraly pursat gelip ýetýär – milli lybasdaky çagalaryň haýyşy boýunça, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz nesillere gönükdirilen ýadygärlik sene ýazgysyna gol çekýär we ony ýörite guta ýerleşdirýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu günki dabara gatnaşyjylara hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzda diňe bir milli ykdysadyýetimiz däl, eýsem tutuş sebit ähmiýetli döwrebap önümçilik desgalarynyň yzygiderli gurulýandygyny belledi. Milli Liderimiziň aýtmagyna görä, ýurdumyzyň senagat ulgamyny batly depginlerde ösdürmek maksady bilen, 2030-njy ýyla çenli döwri öz içine alýan milli maksatnama kabul edildi. Ony üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda alnyp barylýan işler barada aýdylanda, Lebap welaýatynda gurlup ulanmaga berlen täze önümçilik kuwwatlyklaryny görkezmek bolar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Düýn Lebap welaýatynda gurlup ulanmaga berlen senagat toplumlary we Lebap hem-de Mary welaýatlarynda täze önümçilik kuwwatlyklarynyň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Belarus hyzmatdaşlarymyzyň gatnaşmagynda Lebap welaaýtynda sebit ähmiýetli desga bolan kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň, şeýle hem ukrainaly hünärmenler we gurluşykçylar bilen bilelikde Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň gurluşygynyň batly depginlerde alnyp barylýandygyny belledi we ýurdumyzyň senagat düzüminiň ösmegine mynasyp paýy bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlara minnetdarlygyny bildirdi. Hormatly Prezidentimiz munuň özi iň häzirki zaman tehnologiýalaryny, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini önümçilige ornaşdyrmagy esasy ugur edinýän Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip aýtdy.

Şunuň ýaly sebitleýin ähmiýeti bolan önümçilik kuwwatlyklarynyň diňe bir Lebap we Mary welaýatlarynda däl, eýsem ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde hem gurulýandygyny aýratyn bellemeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz ýakyn wagtlarda Balkan welaýatynda karbamid önümçiligi boýunça senagat desgasynyň gurluşygyna badalga bermek dabarasy boljakdygyny belledi.


Ýurdumyzyň senagat ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Marynyň ammiak we karbamid öndürýän toplumynyň hem-de düýn Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda işe girizilen elektrik stansiýasyna meňzeş täze elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasynyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljekdigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagy bilen bir hatarda ilatyň durmuş taýdan üpjünçiliginiň has-da gowulanmagyny şertlendirer diýip aýmak bilen, milli Liderimiz bu babatda netijeli iş alyp barýan türkiýeli, ýaponiýaly hyzmatdaşlarymyza çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde alnyp barylýan gurluşyk işleri Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň senagat taýdan ösen ýurtlarynyň hatarynda ornuny pugtalandyrýandygynyň we ýurdumyzda netijeli halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilýändiginiň subutnamasydygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara biziň baş maksadymyzyň Türkmenistanyň ähli ulgamlar boýunça kuwwatly döwlete öwrülmegi, halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagy ugrunda zerur tagallalary görmekden ybaratdygyny nygtady.

Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerine, ilçilere ýene bir ýola minnetdarlyk bildirip, olary Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga çagyrdy hem-de şol giň möçberli özgertmeleriň özeninde şu günki gün türkmeniň diňe bir maksadynyň bardygyny nygtamak bilen, “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” diýip sözüni jemledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zawodyň guruljak ýerine barýar. Soňra milli Liderimiz geljekki gazy arassalaýjy desgalar toplumynyň binýadyna sene ýazgysynyň gutusyny goýberýär we pil bilen beton erginini guýýar, şeýlelikde, nebitgaz pudagynyň täze ägirt uly senagat kärhanasynyň gurluşygyna badalga berýär. Munuň özi dabara gatnaşyjylar tarapyndan ruhubelentlik we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Hormatly ýaşulular we dabara gatnaşýan beýleki adamlar hem hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerýärler.

“Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 70 sany gaz guýusyny burawlamagyň göz öňünde tutlýandygyny bellemelidiris. Olaryň köpüsiniň her gije-gündizdäki kuwwaty 2 million kub metre barabardyr. Şeýle hem öndürijilik kuwwaty ýylda 15 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlamaga niýetlenen iki sany gazy arassalaýjy we taýýarlaýjy baş desga, gaz guýularyndan gaz ýygnaýjy bekede çenli aralykdaky gaz geçirijiler ulgamy, hersiniň kuwwatlylygy ýylda 5 milliard kub metr harytlyk gaza niýetlenilen 6 sany gaz ýygnaýjy beket, şeýle hem gazy kükürtden we uglewodorodlardan arassalamak ukybyna eýe bolan enjamlar oturdylan tehnologiki hatar, tebigy gazy ugradyjy we agyr uglewodorodlardan arassalaýjy enjamlardan ybarat bolan tehnologiki hatarlar, 235 müň tonna harytlyk gazy çykarmaga niýetlenen desga, jemi 2 million tonna kükürt öndürmäge we gaplamaga niýetlenen desga gurlar.

Mundan başga-da, kömekçi desgalaryň birnäçesi, merkezi dolandyryş ulgamy, edara-durmuş toplumy, gazturbina elektrik stansiýasy, 440 kilometr uzynlykdaky, ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr harytlyk gazy sarp edijilere ýetirmäge niýetlenen gaz geçiriji gurlar. Şeýle hem 2400 adama niýetlenen işçiler şäherçesi dörediler. Bu şäherçede ýaşajaklar üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutulýar.

Dabara tamamlandan soň, hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçara münýär. Dikuçar Mary şäheriniň howa menziline tarap ugur alýar, döwlet Baştutanymyz şol ýerden Aşgabada ugrady.

Biraz salymdan hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.