Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp hem-de onuň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berdi. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň häkimlikleriniň düzümine häkimiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesini girizmek boýunça beren tabşyrygyna laýyklykda geçirilen işler, şeýle hem Ylymlar akademiýasynyň ylmy institutlaryny birleşdirmek, boşan wezipe birliklerini täze dörediljek Tehnologiýalar merkezine bermek boýunça teklibe geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrliginiň döredilmegi hem-de Türkmenistanyň ozalky Gurluşyk ministrliginiň garamagyndaky gurluşyk edaralaryň we kärhanalaryň welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň garamagyna berilmegi bilen baglylykda, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň häkimliklerinde häkimiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesi girizilýän etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň sanawynyň kesgitlenendigini habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň häkimliklerinde täze wezipe birlikleriniň girizilmegi, şeýle hem paýtagtyň we ýurduň sebitleriniň gurluşyk, durmuş-ykdysady ösüş ulgamynda döwlet maksatnamalaryny mundan beýläk-de üsitünlikli durmuşa geçirmek maksadynda döredilýän degişli bölümleriň netijeli işleri bilen baglanyşykly meseleleriň hemme toplumyny düýpli işläp taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Tehnologiýalar merkeziniň guramaçylyk meselelerine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz bu möhüm desganyň üstünlikli işlemegi üçin hemme mümkinçilikleri düýpli öwrenip, bu işleri hemişe üns merkezinde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetlerinde türkmen döwletini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, onuň demokratik esaslaryny berkitmek, şeýle hem ileri tutulýan ulgamlary ösdürmek üçin amatly hukuk şertlerini döretmek boýunça milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli maksatnamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam etmäge gönükdirilen birnäçe kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet durmuş-ykdysady maksatnamalaryny we taslamalaryny has-da üstünlikli amala aşyrmak maksadynda milli parlamentiň kanun çykarjylyk işiniň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz umumylykda ykrar edilen halkara hukuk namalaryny öwrenmegiň, olary döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda milli kanunçykaryjylyk işinde nazara almagyň möhümdigini aýtdy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň 11-14-nji maýda Hytaý Halk Respublikasyna boljak döwlet saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, saparyň maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejede türkmen-hytaý gepleşikleri geçirilip, onuň gün tertibine däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň meseleleri giriziler. Şol gatnaşyklar taraplaryň üýtgewsiz hoşniýetli erkine daýanýar we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýar. Ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygyň jemleri boýunça resminamalaryň ençemesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Olar özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny has-da berkidip, onuň ägirt uly kuwwatyny amala aşyrmaga ýardam eder.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky söwda -ykdysady gatnaşyklara kuwwatly itergi berildi. Munuň şeýledigine ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň ösüşi aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýan ýangyç--energetika toplumynda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyk täze depgine eýe boldy. Şunuň bilen bir hatarda, gumanitar ulgamda, şol sanda ylym we bilim ugurlary boýunça özara gatnaşyklara okgunly häsiýet mahsus boldy. Mälim bolşy ýaly, Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzdan köpsanly talyplar dürli hünärler boýunça bilim alýarlar. Medeniýet we sungat ulgamynda däbe öwrülen gatnaşyklar hem täze ösüşe eýe boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-e boljak döwlet saparynyň maksatnamasy barada hasabat bermek bilen, wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy onuň beýleki birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary we çäreleri öz içine alýandygyny aýtdy. Olar netijeli döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklara ygrarly bolup galýandygyny tassyklady. Bu gatnaşyklar dostlugyň mizemez gatnaşyklaryna, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbidini hormatlamak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Hytaý ýurdumyz üçin möhüm we ileri tutulýan hyzmatdaş bolup durýar. Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyna strategik häsiýet mahsus bolup, ýokary derejedäki yzygiderli gepleşikler we duşuşyklar munuň şeýledigini tassyklaýar. Olaryň her biri ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim bolup durýar.
Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky uzakmöhletleýin esasda guralýan hyzmatdaşlyk ýokary netijeliligini subut etdi hem-de häzirki döwürde Ýewraziýa giňişliginde durnuklylygy we ösüşi üpjün etmegiň ähmiýetli ýagdaýy bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Iri möçberli bilelikdäki taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy—türkmen tebigy gazyny HHR-e ugradýan gaz geçirijiniň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek pikiri diňe taslama gatnaşýan ýurtlar üçin däl-de, eýsem tutuş sebit üçin uly ähmiýete eýe bolan deňi-taýy bolmadyk taslamany durmuşa geçirmekde öz beýanyny tapdy. Şol ýol arkaly ençeme asyrlaryň dowamynda yklymara söwda-ykdysady gatnaşyklary amala aşyryldy.
Türkmenistan geljekde hem Hytaý Halk Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalarynyň we düzümleriň ugry boýunça hemmetaraplaýyn ösdürer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna HHR-e boljak döwlet saparyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek boýunça degişli tabşyryklary berdi. Bu sapar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna täze möhüm sahypany ýazmaga gönükdirilendir.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Ýazmuhammedowa türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň hormatyna toý çäreleriniň meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň baýram edilmeginiň meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda, daşary ýurtlaryň birnäçesinde akyldar şahyrymyzyň daşary ýurt dillerine terjime edilen eserleriniň tanyşdyryş dabaralary, sergiler, aýdym-sazly çykyşlar we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň gymmatly mirasyny çuňňur öwrenmäge we dünýäde ýaýratmaga, türkmen döwletiniň parahatçylyk we ruhy ösüş ýolunda gazananlaryny wagyz etmäge ýardam edýän beýleki çäreler geçirildi.
Toý-dabaralaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde täze neşirleriň birnäçesi, şol sanda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ýygyndylary, akyldaryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ylmy we öwreniş edebiýatlar, şahyr hakyndaky rowaýatlar jemlenen kitaplar we beýlekiler çap edildi.
Ählihalk baýramçylyk gününde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçiriljek dabaralara hem-de medeni çärelere taýýarlyk görmek dowam edýär.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň hormatyna göz öňünde tutulan ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde we bu wakanyň ruhuna hem-de ähmiýetine laýyklykda geçirilmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy. Milli Liderimiz şanly senä gabatlanyp geçiriljek dabaralaryň dünýäniň alymlaryna we şygryýet muşdaklaryna türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen has ýakyndan tanyşmaga, onuň döredijiliginiň türkmenleriň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz arabaglanyşygyny açyp görkezmäge ajaýyp mümkinçilik döretdi diýip belledi.
Bu ugurda alnyp barylýan işler nusgawy şahyryň döredijiligini, umuman, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny, onuň dünýä medeniýetine goşýan goşandyny bütin dünýäde giňden wagyz etmäge ýardam eder diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, B.Hojamuhammedowa söz berildi. Ol ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň dürli ugurlarynda işleriň ýagdaýy we iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabyşyklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, wise-premýer Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanan medeni we ýadygärlikler toplumyny hem-de muzeýini gurmak boýunça geçirilen halkara bäsleşiginiň netijeleri barada hasabat berdi. Bu bäsleşik beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp Balkan welaýatynda geçiriljek iri dabaralara taýýarlyk görmegiň çäklerinde guraldy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, örän baý tebigy serişdelere eýe bolup, Türkmenistanyň olara milli ykdysadyýeti depginli ösdürmegiň, halkyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň möhüm şerti hökmünde garaýandygyny nygtady. Dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanýan önümleriň giň görnüşlerini çykarmagy ýola goýmaga mümkinçilik berýän gazy gaýtadan işleýän döwrebap önümçilikleriň gurulmagy ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň depginlerini tizleşdirmek, Watanymyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň eksport kuwwatyny ösdürmek boýunça wezipeleri çözmäge ýardam eder diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” durmuşa geçirmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan welaýatynda Beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň hormatyna Ýadygärlikler toplumyny gurmaga geçirilen bäsleşik barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow ýolbaşçylyk edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetiň, şol sanda gurluşyk materiallaryny öndürmek pudagynda senagat ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň demirýol ulaglary ministrliginiň ygtyýarynda bolan gurluşyk işlerini magdan däl materiallar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň eýe bolan örän baý tebigy serişdeleriniň netijeli ulanylmagynyň türkmen halkynyň abadançylygyny we gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilip, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň möhüm şerti bolup durýandygyny aýtdy. Şunda ýurdumyzda dürli ähmiýetli köp sanly desgalaryň, şol sanda strategik taýdan ähmiýetli hem-de ulag-aragatnaşyk düzüminiň desgalarynyň güýçli depginler bilen bina edilýändiginiň belläp, milli Liderimiz gurluşyk işlerini zerur bolan önümler, ilkinji nobatda, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup biljek ýurdumyzyň önümleri bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly hemme meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow söwda toplumynyň işini dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmek, onuň işine täze netijeli usullary ornaşdyrmak, söwda hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we harytlaryň görnüşlerini köpeltmek, alyjylara hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda ulgamynda işleriň ýagdaýyny oýlanyşykly seljermegiň, onuň ösüşiniň yzygiderli depginlerini saklamak üçin goşmaça ätiýaçlyklary ýüze çykarmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy. Bu ätiýaçlyklary ykdysadyýetde we senagatda açylýan mümkinçilikleri, iri senagat taslamalaryny, milli maksatnamalaryň strategik ugurlaryny hem-de halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny hasaba almak arkaly herekete getirmek zerurdyr. Bu babatda birnäçe görkezmeleri we teklipleri berip, milli Liderimiz wise-premýere söwda etmegiň döwrebap netijeli görnüşlerini ösdürmäge gönükdirilip, bellenen meýilnamalaryň we çäreleriň berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, bilim ulgamynda özgertmeleri amala aşyrmak, ýurdumyzyň ylym mekdebini täze derejä çykarmak, saglygy goraýyş we sport edaralarynyň maddy – enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwletimiz mundan beýläk hem bu pudaklaryň ösdürilmegini hemmetaraplaýyn goldar we höweslendirer diýip, milli Liderimiz aýtdy we olarda amala aşyrylýan özgertmeleriň umumymilli ösüşiň wezipeleri bilen berk baglanyşdyrylmalydygyny, belent maksatlara ýetmäge hem-de bu pudaklaryň halkara bäsleşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz dünýäniň öňdebaryjy tejribesini, tehnologiýalaryny çuňňur öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz işgärler kuwwatynyň uly ähmiýete eýedigini aýratyn belläp, ony berkitmek, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň netijeli ulgamyny ýola goýmak, şeýle hem bu işde guramaçylyk usullaryny täzelemek, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Habar berlişi ýaly, paýtagtymyzda dürli maksatly desgalary gurmak we Aşgabady abadanlaşdyrmak, baglary we seýilgäh zolaklaryny döretmek, arassaçylygy we tertibi saklamak boýunça işler ýokary depginlerde alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda, hususan-da, paýtagtymyzda amala aşyrylýan giň gerimli gurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ýokary depginlerini saklamagyň möhümdigini belledi. Biziň ýurdumyzda gurulýan desgalaryň ýokary hilli bolmagy we öz wagtynda ulanmaga berilmegi ähli gurluşyk kompaniýalary üçin esasy talap bolmagynda galýar diýip, milli Liderimiz bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Güýzlük bugdaýa ideg etmek, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, galla oragyna taýýarlyk işleri işjeň alnyp barylýar. Galla kabul ediş bölümlerini we däne orujy kombaýnlary, elewatorlary, awtoulaglary we beýleki tehnikalary möwsüme taýýarlamak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, galla oragyny guramaçylykly geçirmek babatda görkezmeleri berdi. Esasy wezipe ýetişdirilen hasyly ýygnap almakdan, onuň ýitgisiz daşalmagyny we soňra göwnejaý saklanmagyny üpjün etmekden yabaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz gowaça ekinlerine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmegiň wajypdygyny nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, olary ösdürmegiň geljegi barada hasabat berdi. Şeýle hem Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gurulýan möhüm düzümleýin desgalarda işleriň barşy barada habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Amyderýanyň üstünden çekilýän täze demir ýol köprüsiniň we iri howa menziliniň ulanmaga berilmegi bilen sebitiň ummasyz tebigy baýlyklaryny doly möçberde özleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny nygtady.
Milli Liderimiz bu möhüm desgalaryň ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň “altyn halkasyna” öwrülmelidigini aýdyp, wise-premýere alnyp barylýan gurluşyk işleriň möhletleri we hili babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 20132020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynda döwletimiziň goldaw bermeginde häzir hereket edýän gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmaga we täzelerini gurmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini, paýlaýjy elektrik beketleriniň onlarçasynyň gurulýandygyny, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň we ilatly ýerleriniň energiýa üpjünçilik ulgamynyň täzelenýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 20132020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» ýerine ýetirmek baradaky meseleleriň üstünde durup geçip, bu ugurdaky işleri dowam etmegiň wajypdygyny aýtdy. Milli Liderimiz pudaklaýyn taslamalar durmuşa geçirilende iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary we önümleri ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine hem garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, rowaçlyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw etdi.