Şu gün Türkmenistanda ählihalk baýramy – Ýeňiş güni giňden we dabaraly bellenilýär. Bu şanly sene türkmen halkynyň belent watançylygynyň we edermenliginiň nyşany, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik we döredijilik, ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine üýtgewsiz ygrarlylygy hökmünde milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýär. Beýik Ýeňşiň 69 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda emele gelen asylly däbe görä, faşizme garşy göreşde janyny gurban eden gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, weteranlary mähir bilen sarpalaýarlar.
1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan türkmenistanly esgerleriň paýtagtymyzdaky ýadygärligine gül goýmagyň dabaraly çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Türkmen halky Watan ugrundaky ýowuz söweşlerde gazanylan Beýik Ýeňşe mynasyp goşandyny goşdy. Halkyň edermen ogullary egin-egine berip, beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen bilelikde frontlarda, partizançylyk otrýadlarynda gahrymanlarça söweşip, tylda tutanýerli zähmet çekdiler. Biziň watandaşlarymyzyň şol ýowuz ýyllardaky harby edermenligi we gahrymançylykly zähmeti biz üçin Watana bolan söýginiň, ar-namysyň we borjuňa wepalylygyň hakyky nusgasy bolup galýar.
1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin watandaşlarymyzyň ýüzden gowragy Gahryman adyna mynasyp boldular. Türkmenistanlylaryň müňlerçesi söweş ordenleri we medallary bilen sylaglandylar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhammet Annaýew hem bolup, onuň ömür ýoly bu gün türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we adamkärçiligiň nusgasy bolup durýar.
Watan goragçylarynyň, gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini baky minnetdarlyk bilen sarpalamak, olaryň şan-şöhrata beslenen atlaryny hormatlamak türkmenleriň mukaddes däpleriniň biridir. Watandaşlarymyzyň edermenligine baş egmegiň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda ýurdumyzda “Hatyra” kitaby neşir edilip, ol uruşlarda wepat bolan milli gahrymanlarymyzyň atlaryny ebedileşdiren bolsa, “Şöhrat” atly kitabyň sahypalarynda Ýeňiş bilen öýlerine, mähriban ojaklaryna gaýdyp gelen esgerleriň atlary ýazyldy.
Türkmenistanda aýratyn hormat bilen gurşalan weteranlar hakynda hemmetaraplaýyn alada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän we eziz Watanymyzy hem-de halkymyzyň abadançylygyny gülläp ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Uruş weteranlary we olaryň maşgala agzalary üçin ýurdumyzda lukmançylyk hyzmaty, durmuş ulgamy bilen bagly ýeňillikler bellenildi, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksadynda anyk ädimler ädilýär. Esgerleriň yzynda galan naçarlar – mukaddes maşgala ojagyna wepalylygyny saklan biziň mähriban enelerimiz we mamalarymyz hem uly üns we alada bilen gurşalandyr. Baýramçylygyň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentiniň weteranlara hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýan-ýoldaşlaryna sowgatlary gowşurmak hakynda gol çeken Permany eziz Watanymyzyň mynasyp ogullarynyň we gyzlarynyň bitiren uly hyzmatlaryna hormat goýmagyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
…Ir säher bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi we paýtagtymyzyň myhmanlary, dürli ýaşdaky adamlar taryhda iň gan döküşikli uruşdan gaýdyp gelmedik watandaşlarynyň ýagty ýadygärligini hormatlamak üçin halkyň öçmejek hakydasynyň nyşany hökmünde merkezinde Baky alaw ýanýan ýadygärlige geldiler. Bu ýere hökümet agzalary, milli parlamentiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary, din wekilleri, talyp ýaşlar ýygnandylar. Olaryň arasynda Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we ilçihanalaryň ýolbaşçylary hem bar.
Şu günki dabaranyň hormatly myhmanlary—uruş weteranlary arzyly Ýeňiş gününe ýetmedik, şeýle hem ýowuz uruş ýyllarynda tylda gije-gündiz zähmet çeken ýoldaşlary baradaky hakydany mukaddeslik bilen saklaýarlar. Gynansak-da, wagt olary rehimsizlik bilen aramyzdan alyp gidip dur. Uzakda galan 1945-nji ýylda hormatyna Ýeňiş Salýuty atylan, ikinji Jahan urşunyň söweşlerinde ene topragyň, geljekki nesilleriň bagtyýarlygy we abadançylygy ugrunda gaýduwsyz göreşen esgerleriň sany günsaýyn azalýar. Olaryň ýaşynyň birçene barandygyna garamazdan, ozalkysy ýaly hatarda durup, ýyllaryň dowamynda toplan durmuş tejribesini ýaşlara öwredýärler hem-de Watana wepalylygyň ruhunda türkmenistanlylaryň ýaş neslini terbiýelemäge işjeň gatnaşýarlar. “Baky alaw” ýadygärliginiň ýanynda ata-babalarymyzyň şan-şöhrata beslenen harby däp-dessurlarynyň mynasyp mirasdüşerleri bolan türkmen esgerleri hormat garawulyna dur. Bu gün olara mukaddes çäklerimizi, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we onuň asuda asmanyny goramak ynanyldy.
… Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguz han” köşkler toplumyndan Türkmenistanyň Milli Gahrymanlarynyň hormatyna bina edilen ýadygärlige tarap pyýadalap ugraýar.
Döwlet Baştutanymyz frontçy weteranlar we tylyň gahrymanlary bilen mähirli görşüp, olary röwşen baýramçylyk—Ýeňiş güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öçmez-ýitmez söweş we zähmet edermenligi üçin weteranlara minnetdarlyk bildirip, olaryň 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda faşizmden goran eziz Watanymyz—Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bu gün parahatçylyksöýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň we döredijiligiň ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarly yurt hökmünde bütin dünýäde tanalýar diýip belledi.
Biziň hemmämiz şirin janyny gurban edip, Beýik Ýeňşi ýakynlaşdyranlaryň öňünde öwezini dolup bolmajak bergilidiris. Munuň özi taryhy nukdaýzazardan bolşy ýaly, ösüp gelýän nesillere watançylyk terbiýesini bermek üçin hem örän möhüm ähmiýetlidir. Çünki uruş weteranlarynyň we tylda zähmet çekenleriň gaýratly edermenligi, olaryň durmuşynyň özi halka hem-de Watana belent hyzmat etmegiň nusgasy bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Biziň üçin Ýeňiş güni--hakyky watançylygyň baýramy, biz ony agzybirlik, uly joşgun bilen belläp geçýäris. Biz söweş meýdanlarynda wepat bolan gahryman watandaşlarymyz baradaky ýatlamalara çuňňur hormat goýýarys hem-de şol jeňden ýeňiş bilen dolanyp gelen iledeşlerimize, arzuw edilen umumy ýeňşe ulşy goşant goşanlaryň hemmesine mynasyp sarpa goýýarys.
Türkmenistanda harby hereketlere gönüden-göni gatnaşanlaryň deňsiz-taýsyz batyrlygyna, ildeşlerimiziň edermenligine we uruş ýyllarynda olaryň tylda görkezen edermenligine hormat goýulýandygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz weteranlaryň biziň jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakdaky, ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri durmuşa geçirmekdäki ägirt uly goşandyny belledi. Ýer ýüzünde parahatçylyk ugrundaky söweşlerde öz Watanynyň azatlygyny, her bir ynsanyň abraýyny we mertebesini gorap wepat bolan gahrymanlaryň şöhraty ölmez-ýitmezdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Döwlet uruş weteranlary we tylda zähmet çekenler barada, şeýle hem wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlary barada mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn alada eder, olaryň saglygyna, durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak meselelerine uly üns berer diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň hatyrasyna, häzirki we geljekki nesilleriň hatyrasyna biz adamzadyň taryhynda iň gandöküşikli urşuň sapaklaryny ýadymyzdan çykarmaga hakymyz ýokdur. Biziň ata-babalarymyzyň Gahrymançylygyň we gaýduwsyzlygyň belent nugasyny görkezip, häzirki bagtly we parahat durmuşymyzyň esaslaryny goýýan hakyky watançylarydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz biz olar baradaky ýatlama hemişe belent sarpa goýarys diýip, ýene-de bir gezek nygtady.
Öz gezeginde frontuň weteranlary we tylyň gahrymanlary hormatly Prezidentimize urşa gatnaşyjylara hem-de wepat bolan esgerleriň maşgalalaryna hemişelik ünsi we aladasy, olara berilýän köp sanly ýeňillikler hem-de mynasyp durmuş-ýaşaýyş şertleri üçin, şeýle hem Watanyň gülläp esmegine we abadançylygyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi üçin çuňňur minnetdarlyklaryny beýan etdiler. Şeýle alada diňe bir forntda gatnaşanlar däl, eýsem bütin türkmen halkynda çäksiz hoşallyk duýgularyny döredýär diýip, weteranlar aýtdylar.
Soňra milli Liderimiz urşa gatnaşan weteranlar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli syýasy ugry netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bütin Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň sarsmaz sütüni bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyza mynasyp halkara abraýyny getirdi. Prahatçylyksöýüjilik, açyklyk we netijeleri halkara hyzmatdaşlyk syýasaty, türkmen Lideri tarapyndan öňe sürülýän döredijilikli başlangyçlar türkmen halkynda, doly we biragyzdan goldawa, şeýle hem bütin dünýä jemgyýetçiliginde giň ykrar edilmä eýe bolýar.
Türkmenistanlylaryň häzirki nesline görelde almaga nusga bar. Ol ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen girip, Watanymyzyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran ata-babalarymyzyň edermenligi we gaýduwsyzlygy barada şöhratdyr. Urşuň türkmen maşgalalarynyň durmuşyny mundan beýläk hiç haçan rahatsyzlandyrmajakdygyna, olaryň öýlerine betbagtlyk getirmejekdigine Türkmenistanyň bitaraplyk derejesi, milli Liderimiz tarapyndan ählumumy parahatçylykly ösüşe hem-de ähli ýurtlaryň we halklaryň durnukly gülläp ösmegine gönükdirip, alnyp barylýan öňdengöürjilikli we parasatly daşary syýasaty ygtybarly kepil bolup hyzmat edýär.
...Ýadygärligiň ýanyndaky meýdançada tolgundyryjy dymyşlyk höküm sürýär.Dabaraly çäräniň başlanýandygyny alamatlandyryp, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Ýadygärlige Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp gül desselerini goýýar.
Tolgundyryjy ýaňlanýan “Keçpelek” sazy astynda döwlet Baştutanymyzyň yz ýany bilen ýadygärlige urşuň weteranlary, hökümetiň agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly ilçiler, şeýle-de zähmet toparlarynyň köp sanly wekilleri, hatarynda biziň şöhratly watandaşlarymyzyň—frontçy gahrymanlaryň oguz-gyzlary, agtyk-çowluklary bolan paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary gül desselerini goýdular. Bu ýere ýygnananlar Beýik Ýeňiş üçin janlaryny orta goýan türkmen topragynyň şöhratly ogullaryny hatyralap bir munutlyk dymmak bilen hormat goýdular.
Sähelçe minutlarda köp sanly hakyky bahar güllerinden düzülen çemenler ýadygärligiň etegini hoşboý ysly owadan görki bilen doldurdy.
Türkmen halky 1941-1945-nji ýyllardaky uruşda gahrymanlarça wepat bolan esgerlerini hiç haçan ýadyndan çykarmaz. Ýadygärligiň öňünden berk gadamlar bilen dabaraly ýöriş edip, hormat garawulynyň rotasy geçýär.
Türkmenistanly esgerleriň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary Ýeňiş güni bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlady. Urşyň we tylyň weteranlaryna, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu ýerden ugrady.
Şu gün Türkmenistanyň ähli şäherlerinde we obalarynda şöhratly senäniň—Beýik Ýeňşiň 69 ýyllygynyň hormatyna gül goýmak dabaralary geçirildi we däp bolan sadakalar berildi.
Milli gahrymanlarymyza baky hakyda hem-de baky şöhrat bolsun, wepalylygy we durnuklylygy, gaýduwsyzlygy we batyrlygy, biziň bagtly häzirki we geljekki durmuşymyz üçin olaryň öňünde baş egýäris!

* * *