Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Hytaý Halk Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Köp sagatlyk uçuşdan soň, hormatly Prezidentimiziň “Boingi” bu şanly waka mynasybetli iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Pekiniň Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda milli Liderimizi Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň adyndan dostlukly ýurduň resmi adamlary garşyladylar.
Howa menzilinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň hökümet toparynyň agzalary, şeýle hem Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, iki tarapynda hormat garawulynyň esgerleri hatara düzülen haly ýodajyk bilen özüne garaşyp duran ulaga tarap bardy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag kerweni howa menzilinde döwlet Baştutanymyz üçin niýetlenen “Dýaoýuýtaý” döwlet kabulhanasyna tarap ugrady.
Bu kabulhananyň döwlet Baştutanymyzyň ygtyýaryna berilmegi Hytaý tarapynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn belent sarpa goýýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Çünki geçmiş zamanda “Dýaoýuýtaý” hytaý imperatorlarynyň kabulhanasy bolupdyr. 800 ýyldan gowrak taryhy bolan bu tebigy-binagärlik toplumy Hytaý paýtagtynyň esasy ajaýyplyklarynyň biri bolup durýar. “Dýaoýuýtaýda” daşary ýurtly belent mertebeli myhmanlary Hytaýyň ýokary partiýa we döwlet ýolbaşçylary tarapyndan kabul edilýär. Şeýle hem bu ýerde halkara derejesindäki möhüm çäreler, duşuşyklar we gepleşikler geçirilýär.
Pekinde hormatly Prezidentimiziň bu ýurda döwlet saparynyň öňüsyrasynda ýokary derejede geçiriljek gepleşiklere taýýarlyk görmegiň barşynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy esasynda bu ýere gelen Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryndan ybarat wekilçilikli toparyň agzalarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Hökümet agzalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, Türkmenistanyň we Hytaýyň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň pudaklaýyn meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň çäklerinde döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň hökümet toparynyň wekilleriniň Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşygy boldy. Munuň özi gumanitar ulgamdaky, şol sanda ylym-bilim, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak çäreleriniň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde Hytaýyň dürli okary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň müňden gowragy golaýy bilim alýar. Esasan-da, olar Pekiniň Ylym we tehnologiýa uniwersitetinde, Pekiniň Nebit uniwersitetinde, Şanhaýyň Tongži uniwersitetinde, Huažongyň ylym we tehnologiýa hem-de mugallymçylyk uniwersitetlerinde, Guançžou şäheriniň Hanfang lukmançylyk uniwersitetinde we beýlekilerde bilim alýarlar.
Duşuşygyň barşynda türkmen talyplary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa häzirki döwürde ýokary depginlerde ösýän we ylym hem-de ýokary tehnologiýalar ulgamynda dünýäniň öňdebaryjylarynyň hatarynda durýan ýurtda bilim almak mümkinçiliginiň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Talyplaryň belleýişleri ýaly, özleri üçin edilýän atalyk aladasyna jogap bermek maksady bilen, bu ýerde öwredilýän bilimleri özleşdirmäge çynlakaý we jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine ynam bildirdiler we bu ýerde alan bilimlerini geljekki işlerinde netijeli ulanjakdyklaryny aýtdylar. Şeýle hem olar mähriban Watana gaýdyp baranlarynda Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we rowaçlanmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Türkmen talyplary daşary ýurtda Garaşsyz Türkmenistana wekilçilik etmek bagtyna mynasyp bolandyklary üçin buýsanýandyklaryny bellediler.Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parahatçylyk, dostluk we döredijilik syýasatyna wekilçilik edýändiklerine düşünýändiklerni nygtadylar. Mundan başga-da, türkmen ýaşlary mähriban halkynyň köp müňýyllyklara uzap gidýän taryhy-medeni mirasyny çuňňur öwrenmäge çalyşýandyklaryny we halkymyzyň paýhasly däplerini, beýik pederlerimiziň ahlak ýörelgelerini mynasyp dowam etdirijiler, şeýle hem beýleki halklaryň medeniýetini çuňňur öwrenmek, olaryň edbiýaty we sungaty bilen giňden tanyşmak ugunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryny bellediler. Çünki hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe belleýşi ýaly, medeniýet--halklaryň ruhy taýdan ýakynlaşmagynyň, olaryň umumy adamzat gymmatyklary esasynda birleşmeginiň ýoludyr. Munuň özi parahatçylygyň, ynanyşmagyň, birek-birege düşünmegiň ýoludyr. Hut şu ýol arkaly hyzmatdaşlygyň köp sanly beýleki görnüşlerine hem ýol açylýar we olar berkidilýär, ösdürilýär.
Ertir, milli Liderimiziň döwlet saparynyň barşynda Halk Ýygnaklar Öýünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň gepleşikleri geçiriler. Ol ägirt uly ykdysady mümkinçiliklere we Beýik Ýüpek ýoly eýýamyndan gözbaş alýan köpasyrlyk medeni gatnaşyklara daýanýan özara peýdaly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine kuwwatly itergi berer. Iki ýurduň halklarynyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlyk sebitleýin we ählumumy möçberde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň berkidilmeginiň möhüm şerti bolup durýar.