Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa döwlet sapary tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa döwlet sapary tamamlandy

view-icon 1121
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň jemleýji güni bolup, ol iki ýurduň we halkyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmak ýolunda täze möhüm ädimi alamatlandyrdy.

Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda Pekinde ýokary derejedäki türkmen-hytaý gepleşikleri uly üstünlik bilen geçirilip, iki döwletiň strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady. Gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumy gepleşikleriň netijesine öwrüldi. Ol dürli ugurlar boýunça netijeli türkmen-hytaý özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem düýn türkmen döwletiniň Baştutany Hytaýyň aerokosmos ylmy we senagaty korporasiýasynyň –“CASIC” merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň göçme mejlisiniň açylyş dabarasyna hem-de “Ahalteke bedewleriniň agşamy” atly şowhunly baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy.

Şu gün irden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kabulhanasyndan Hytaýyň Halk Ýygnaklar öýüne tarap ugrady. Ol ýerde türkmen döwletiniň Baştutanyna “Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň Hormatly professory” diýen ady dakmak dabarasy geçirildi.

Pekiniň adaty hytaý lukmançylyk uniwersiteti 1956-njy ýylda esaslandyryldy. Ol Hytaýyň lukmançylygy ulgamynda ýokary hünärli hünärmenleri goýberýän, şeýle hem öňüni alyş, agyr hem-de bejermesi kyn keselleri bejermek ulgamynda ylmy-barlag işleri bilen meşgullanýan ýurduň ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň iň gowularynyň biridir. Okuwlar hytaý lukmançylygy, farmasewtika, derman serişdelerini çykarmak ýaly hünärler boýunça alnyp barylýar.


Uniwersitet iň täze lukmançylyk okuw enjamlary bilen enjamlaşdyrylan 4 sany binýatlaýyn bejeriş edaralaryna eýedir. Ol ýerde talyplaryň iş tejribelerini geçmek mümkinçiligi bar. Uniwersiteti ösdürmegiň maksatlarynyň biri adaty hytaý lukmançylygy, onuň häzirki zaman lukmançylygy bilen ýakynlaşmagynyň mümkinçiliklerini agtarmak ulgamynda tejribeleri we bilimleri halkara derejede alyşmak üçin binýadyň döredilmeginden ybaratdyr. Talyplary alyşmak maksatnamalaryndan başga-da, uniwersitet dünýäniň 23 ýurdundan bilim we ylmy institutlar bilen bilelikde gözleg taslamalaryny geçirýär.

Häzirki möhüm waka mynasybetli Halk ýygnaklar öýüniň Uly günbatar zalyna Hytaýyň ylmynyň we giň jemgyýetçiliginiň wekilleri, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetimniň agzalary, köpsanly žurnalistler ýygnandylar. Olaryň ählisi dik durup, şowhunly el çarpyşmalar bilen türkmen Liderini garşylaýarlar.

Dabarany açyp, Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory jenap Su Anlong bu ýere ýygnananlaryň ählisiniň adyndan belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, bu gün ylmy jemgyýetçiligiň şanly waka mynasybetli ýygnanandygyny belledi. Onuň habar berşi ýaly, uniwersitetiň ylmy geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bilimi, ylmy, demokratiýany we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki bitiren hyzmatlarynyň hem-de ajaýyp şahsy goşantlarynyň ykrar edilmeginiň alamaty hökmünde “Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň Hormatly professory” diýen belent ady dakmak baradaky çözgüt kabul edildi.

Türkmen Liderine bu günki dabara gatnaşýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, jenap Su Anlong bilimi boýunça lukman bolup we alymyň ajaýyp zehinine eýe bolmak bilen, Türkmenistanyň Baştutanynyň öz ömrüniň köp bölegini lukmançylyk ylmyny we tejribesini ösdürmäge bagyşlandygyny hem-de köp ýyllar, ýokary döwlet wezipesine saýlanmagyna çenli gönüden-göni milli saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk edendigini nygtady. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegi ýurduň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitläp, halkyň saglygyna aýratyn üns berýär, şeýle hem ençeme ajaýyp ylmy işleriň gözbaşynda durup, ylmy işini işjeň dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, 2011-nji ýylda Pekinde türkmen döwletiniň Baştutanynyň kitaplarynyň üçüsiniň, şol sanda onuň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik işiniň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilendigi bellenildi. Ol hytaý diline neşir edilip, HHR-iň ylmy toparlarynda giň seslenme döretdi.

Hytaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly zehinine, onuň ajaýyp hünär ussadydygyna we öňdengörüji syýasy işgärdigine tüýs ýürekden guwanýarlar diýip, jenap Su Anlong sözüni dowam etdi. Häzir türkmen döwletiniň Baştutanyna “Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň Hormatly professory” diýen hormatly ady dakmak ýaly belent mertebe biziň nesibämize düşdi diýip, ýokary okuw mekdebiň rektory nygtady.

Soňra aýratyn dabaralylyk ýagdaýynda, dabara gatnaşyjylaryň agzybirlikli elçarpyşmalary astynda Su Anlong Türkmenistanyň Prezidentine degişli diplomy we döşe dakylýan nyşany gowşurdy.

Türkmen Liderini şanly waka bilen gutlap, HHR-iň ýolbaşçylygynyň we bu ýere gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň wise-premýeri hanym Li Ýandung, Türkmenistanyň Prezidentiniň häzirki zaman tapgyrynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň pugtalanmagyndaky we ösmegindäki ägirt uly goşandyny belledi.

Häzirki döwlet saparyň ähmiýeti barada aýdyp, hanym Li Ýandung onuň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhynda täze şaha öwrüljekdigini nygtady.

Muňa Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen ýokary derejedäki netijeli gepleşikler ynandyryjylykly şaýatlyk edýär. Onuň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna – Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda şertnama, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek we çuňlaşdyrmak hakyndaky Bilelikdäki jarnama hem-de Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň 2014-2018-nji ýyllar üçin Ösüş meýilnamasyny kabul etmek hakynda Beýannama gol çekildi. Şeýlelik bilen, geljege niýetlenen yzygiderli ösüşler üçin ägirt uly meýilnamalar bellenildi.

Häzirki zamanda Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygy astynda iri möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, ýurtda syýasy durnuklylyk we ykdysady gülläp ösüş üpjün edildi, halkyň hal-ýagdaýynyň derejesi ýokarlanýar, Türkmenistanyň halkara abraýy yzygiderli artýar. Şunuň bilen baglylykda, Hytaýyň gazanylanlara ünsli garaýandygy we Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň üstünliklerine tüýs ýürekden şatdygy bellenildi.

Häzirki zamanyň ajaýyp döwlet işgäri hem-de lukmançylyk ylmy pudagynda ýokary derejeli hünärmen bolmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz halky barada yzygiderli alada edýär. Bu barada aýtmak bilen, hanym Lu Ýandung türkmen Lideri tarapyndan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”, “Türkmenistan - melhemler mekany” diýen ajaýyp kitaplaryň döredilendigini nygtady. Olar dünýäniň lukmançylyk ylymlarynyň merjenine, gymmatly hazynasyna öwrüldi, bu bolsa bizde çuňňur hormat we guwanç döredýär diýip, ol aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekdäki ajaýyp gazananlary we goşandy göz öňünde tutulyp, Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň türkmen döwletiniň Baştutanyna Hormatly professor adyny dakmak çözgüdini kabul edendigini habar berdi. Munuň özi türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky uly dostluk gatnaşyklaryna nobatdaky gezek şaýatlyk edýär.


Türkmenistanyň Prezidentine 2011-nji ýylda abraýly Pekin uniwersitetiniň Hormatly professory adynyň hem gowşurylandygyny ýatladyp, hanym Li Ýandung munuň hytaý bilimi üçin uly mertebedigini we iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýändigini beýan etdi.

Öz çykyşyny tamamlap, wise-premýer Li Ýandung Türkmenistanyň we Hytaýyň gumanitar ulgamda, bilim, ylym we tehnika, medeniýet, saglygy goraýyş we adaty lukmançylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge we giňeltmäge umyt edip biljekdigine ynam bildirdi.

Bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň ýolbaşçylaryna we hemme işgärlerine Hormatly professor diýen ýokary derejeli ylmy adyň berlendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, häzirki wagtda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy söwda-ykdysady, medeni-gumanitar pudaklarda täze ýokary derejä çykýar. Muňa düýn geçirilen netijeli gepleşikler şaýatlyk edýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyna aýratyn üns berilýär. Hakykatda, bu ulgamy ýurtda ösüşiň täze belentliklerine çykarmak üçin ähli zada türkmen Lideriniň ileri tutulýan durmuş syýasatynyň nukdaýnazaryndan garalýar. Muňa 1995-nji ýylda kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy ajaýyp mysal bolup hyzmat edýär. Onuň çäklerinde häzirki wagtda milletiň saglygyny goramak ulgamynyň täze nusgasy kemala getirilýär. Keselleri öňünden duýdurmak we öňüni alyş çäreleri esasy wezipeler bolup durýar.

Ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak ulgamy uly döwlet goldawyna eýe boldy. Paýtagtda hem-de sebitlerde gurlan “Ene mähri” Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş Merkezleri muňa aýdyň tassyknama bolup hyzmat edýär.

Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersiteti ýurdumyzyň saglygy goraýşy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan ojak bolup durýar. Ol 80 ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýär we dünýäde abraýly lukmançylyk bilim edaralarynyň biri hökmünde ykrar edilendir.

Türkmen Lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýygjam ösdürmäge, hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda gatnaşyklary ösdürmäge çagyryp, öňdebaryjy ylmy usulyýetler we tejribeler alyşmagyň örän peýdaly boljakdygyny nygtady. Munuň özi biziň talyplarymyza we ýaş alymlarymyza öz hünär ussatlyklaryny görnetin artdyrmaga ýardam eder.

Öz çykyşynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Hytaýyň ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynyň ýokary derejede ösmegine esaslanýan örän baý aň-bilim mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Bu bolsa, häzirki döwürde iki döwletiň durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň möhüm şertleriniň biridir.

Hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ösdürmäge we giňeltmäge tarap ymtylyşlar barada aýdylyp, gumanitar ulgamda, ilkinji nobatda, bilim we ylym pudagynda gatnaşyklar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýandygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, HHR-de türkmen talyplarynyň köp sanlysy bilim alýar.

Bu möhüm ulgamda ylmy gazanylanlary özara alyşmagy ýola goýmagyň we bar bolan ägirt uly hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz türkmen nakylyny mysal getirdi—“Ylym bilen meşgullanmak, edil iňňe bilen guýy gazan ýalydyr”.

Düýpli we amaly barlaglary geçirmekde özara hyzmatdaşlyk etmek möhüm ugurlaryň ýene-de biridir. Şeýle hyzmatdaşlyk iki halkyň, ilkinji nobatda bolsa, ýaş nesillerimiziň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi has-da berkitmäge ýardam eder.

Öz çykyşynyň ahyrynda türkmen Lideri Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň talyplarynyň üsti bilen, Hytaýyň ýaş nesillerine okuwlarynda uly üstünlikleri gazanmagy, uniwersitetiň professor-mugallymlaryna bolsa, ylymda täze açyşlary edip, belent sepgitlere ýetmegi tüýs ýürekden arzuw etdi!

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy bu ýere ýygnananlar tarapyndan joşgunly elçarpyşmalar bilen garşylandy.

Soňra Hytaýyň Halk Ýygnaklar öýünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygy jenap Çžan Deszýan bilen duşuşygy boldy.

Mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, jenap Çžan Deszýan türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen—özgertmeler syýasaty netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany Ýer ýüzüniň has depginli ösýän döwletleriniň hataryna okgunly goşan döwrüň ajaýyp syýasy we jemgyýetçilik işgäri bilen şahsy duşuşyga örän şatdygyny belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutany hoşniýetli sözler we mähirli kabul edişlik üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki duşuşygyň Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň we olaryň dostlukly halklarynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge hyzmat etjekdigine pugta ynamyny beýan etdi.

Döwlet gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, milli Liderimiz HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen ýakynda geçirilen gepleşikleriň örän netijeli bolandygyny nygtady. Olaryň netijesi boýunça türkmen-hytaý gatnaşyklaryny dürli ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge gürrüňsiz suratda ýardam etjek hem-de ony täze, özara bähbitlere gabat gelýän derejä çykarjak möhüm resminamalaryň ençemesine gol çekildi.

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky her ýylky söwda dolanyşygynyň möçberi ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna ýetýän häzirki gündäki söwda-ykdysady aragatnaşyklaryň üstünlikli, depginli ösüşini belläp, döwlet Baştutanymyz öňümizdäki bäş ýylda bu görkezijiniň iki esse artjakdygyna ynam bildirdi.

Strategik ugurlaryň hatarynda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada özara gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda energetika pudagyna üns berildi. Bu babatda ägirt uly serişdeler mümkinçiligini hem-de Türkmenistanyň öz tebigy gazyny dünýä bazarlaryna çykarmakdaky eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alyp barýan syýasatyny hasaba almak arkaly hyzmatdaşlyk örän netijeli ýagdaýda görünýär.

Şunuň bilen birlikde, bilelikdäki işler üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny belläp, Türkmenistanyň Baştutany hytaý hyzmatdaşlarynyň tejribesini diňe bir ýangyç-energetika pudagynda däl, eýsem-de, ulag-aragatnaşyk pudagynda, syýahatçylykda, gurluşykda we ähmiýetli bolan beýleki ugurlarda işjeň herekete girizmek boljakdygyny nygtady. Döwletiň ileri tutýan ugurlaryny hasaba almak arkaly medeni-gumanitar pudagy, hususan-da, ylym, bilim ulgamy hem möhüm ugur hökmünde ykrar ykrar edildi. Şunuň bilen baglylykda, pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine hem-de bu çäreleriň ýokary derejede geçirilmegine işjeň gatnaşýandygy üçin hytaý tarapyna aýratyn minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda jenap Çžan Deszýan özüniň belent mertebeli myhmanyny Hytaýyň parlamentiniň taryhy we däpleri bilen, Türkmenistanyň Baştutany bolsa söhbetdeşini häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan ägirt uly özgertmelere ýardam bermäge gönükdirilen milli parlamentiniň-- Mejlisiň işi bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, türkmen hökümeti bilen ysnyşykly sazlaşykda işleýän parlamentiň baş maksady Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylýan täze taryhy tapgyrda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny hasaba almak arkaly kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek bolup durýar. Nygtalyşy ýaly, öňde duran wezipeleriň möhümdigini hasaba almak bilen, soňky ýyllarda deputatlaryň düzümi we Türkmenistanyň Mejlisiniň işleri has-da giňeldildi. Onuň düzümine häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça komitetleriň 8-si girýär, Türkmenistana durnukly ýokary ykdysady ösüş depginlerini saklamaga mümkinçilik berýän başlanan özgertmelere hem-de täzeçillik maksatnamalaryna durnukly ösüş bermäge niýetlenen wajyp Kanunlaryň we kadalaýyn-hukuk namalarynyň ençemesi kabul edildi.

Pekinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň we olaryň örän tiz wagtda iş ýüzüne geçirilmeginiň möhümdigini belläp, söhbetdeşler parlamentara özara hereketleri işjeňleşdirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtadylar. Munuň özi türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň yzygiderli ösmegine, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň pugtalanmagynyň netijesi hökmünde syýasy, ykdysady we medeni özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini artdyrmaga hyzmat etmegine gönükdirilendir.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň kanunçykaryjylyk edaralarynyň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň çäklerinde soňky 20 ýylyň dowamynda iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary has-da giňeltmäge ýardam edýän şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki çäreler amala aşyrylýar. Muňa parlament wekiliýetleriniň yzygiderli duşuşyklary we saparlary hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň we HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň parlamentara dostlukly toparynyň döredilmegi mysal bolup hyzmat edýär. Olaryň işi netijeli ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň depginli ösüşiniň kanunçylyk esasyny kämilleşdirmäge ýardam eder.


--Biziň Garaşsyz, ýaş döwletimiz üçin Hytaýyň döwlet gurluşy bilen bagly toplan tejribesi aýratyn peýdalydyr -- diýip nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Hytaýyň bu ugurda mundan beýläk hem netijeli hyzmatdaşlyk etjekdigine ynanýandygyny beýan etdi. Gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalarda kesgitlenen wezipeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça iki ýurduň parlamentarileriniň öňünde uly işleriň garaşýandygyny belläp, türkmen döwletiniň Baştutany parlamentara gatnaşyklarynyň ýokary depginlerde ösmegini gazanmak hem-de hytaý tarapy bilen has ýygjam hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, özara tejribeleri we saparlary alyşmagy işjeňleşdirmek boýunça teklip bilen çykyş etdi.

Hoşlaşanlarynda türkmen döwletiniň Baştutany we Hytaýyň parlamentiniň ýolbaşçysy birek-birege bagt, saglyk, türkmen we hytaý halklarynyň abadançylygynyň bähbidine jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Şu günüň ikinji ýarymynda Hytaýyň Halk Ýygnaklar öýünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň Premýeri jenap Li Kesýan bilen duşuşygy boldy.

HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeri belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, saparyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen düýn bolan gepleşikleriň üstünlige eýe bolmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Ýokary derejedäki duşuşygyň barşynda gazanylan, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňaýly ýagdaýy döredýän ylalaşyklaryň ähmiýeti barada aýtmak bilen, jenap Li Kesýan bu ugurlarda özara gatnaşyklar Türkmenistanyň we HHR-iň däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň möhüm daýanjy bolup durýar diýip belledi. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze strategik derejä çykdy.

HHR-iň ýokary wezipeli wekiliniň aýtmagyna görä, Türkmenistan birnäçe artykmaçlyklara eýe bolup, olaryň hatarynda amatly geosyýasy ýagdaý, ägirt uly serişdeler we ykdysady mümkinçilikler hem-de içerki jemgyýetçilik-syýasy durnuklylyk bar. Bu ýagdaýlaryň hemmesi bilelikde okgunly ösýän Türkmenistana onuň köpsanly daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň gyzyklanmasynyň yzygiderli artmagyny şertlendirip, halkara gatnaşyklarynda täze uly mümkinçilikleri açýar we Merkezi Aziýa sebitinde esasy orny eýelemäge mümkinçilik berýär.

Ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklar gün-günden giňelýär we ähli ugurlar boýunça ösdürilýär. 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak baradaky Bilelikdäki Jarnama gol çekip, taraplar iki ýurduň döwletara gatnaşyklarynyň täze, has ýokary derejesine çykdylar.

HHR bilen söwda-ykdysady gatnaşyklar baradaky meselä degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda iki ýurduň hökümetleriniň arasynda gatnaşyklaryň täze ugurlary we görnüşleri ýola goýuldy, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, iri we orta derejedäki döwlet hem-de hususy kompaniýalaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly şertler döredildi diýip, kanagatlanmak belledi.

Geljekde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimler “Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň 2014–2018-nji ýyllar üçin Ösüş meýilnamasynda” hemmetaraplaýyn beýan edildi. Bu resminamany kabul etmek hakynda beýannama beýleki möhüm resminamalar bilen bir hatarda, geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň we onuň dört sany kiçi komitetiniň utgaşdyryjy orny aýratyn bellenildi.

Energetika pudagy iki ýurduň üstünlikli hyzmatdaşlyk edýän esasy ugry bolup durýar. «Türkmenistan–Hytaý» gaz geçirijisi häzirki döwürde üstünlikli ulanylyp, onuň üsti bilen her ýylda Hytaýa türkmen tebigy gazynyň 25 milliard kub metre çenli möçberi iberilýär.

Gaz geçirijiniň üçünji şahasynyň gurluşygynyň tamamlanmagy we täze ugurlar boýunça dördünji şahasynyň gurluşygyna gysga wagtyň içinde başlanmagy bize ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberini iki esse artdyrmak üçin ähli şertleri döreder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bar bolan ylalaşyklara laýyklykda iberilýän tebigy gazyň möçberi ýylda 65 milliard kub metre ýeter. Amyderýanyň sag kenaryndaky gaz ýatagyny özleşdirmegiň 2-nji tapgyrynyň tamamlanmagy we «Galkynyş» käninde gazy gaýtadan işleýän kuwwatly desgalaryň gurulmagy bu wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň çig mal öndürmeýän pudaklarynda hem uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şeýle pudaklaryň hatarynda ýurdumyzda kaliý dökünleriniň öndürilmegini we beýleki mineral serişdeleriň gaýtadan işlenmegini, dokma senagatyny, derman senagatyny, gurluşyk materiallarynyň önümçiligini, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar we ýokary tehnologiýalar ulgamlaryny, şeýle hem oba hojalygyny görkezmek bolar. Şunuň bilen bir hatarda, maliýe-bank ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňat şertler döredilýär.

Strategik hyzmatdaşlyk etmegiň häzirki tapgyrynda biz ýene-de bir täze ugur boýunça - kosmos giňişligini parahatçylykly maksatlar bilen öwrenmek we peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlyk etmäge girişýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Häzirki döwürde Ýeri uzak aralykdan barlamaga niýetlenen türkmen emeli hemrasyny älem giňişligine çykarmak boýunça geçirilýän işleriň tamamlanyp barýandygyny aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz bu taslamany amala aşyrmakda, şol sanda hünärmenleri taýýarlamakda berýän kömegi üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Amala aşyrylýan bu işler bize dünýä ylmynyň we tehnikasynyň gazananlaryny ýurdumyzy durmuş - ykdysady taýdan has-da ösdürmek üçin ulanmaga mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.


Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly meseläniň üstünde durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu aýratyn möhüm pudakda hyzmatdaşlyk etmek hakynda bilelikdäki maksatnamany işläp taýýarlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bellenilişi ýaly, Ýewropa Birleşiginiň we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň iň uly daşary söwda hyzmatdaşy bolan Hytaý eksport-import amallaryny ýerine ýetirende Türkmenistanyň ulag - kommunikasiýa mümkinçiliklerini «GündogarGünbatar» ugry boýunça netijeli ulanyp biler.

Döwlet Baştutanymyz saparyň barşynda gol çekilen, Türkmenistan bilen Hytaýyň şäherleriniň hem-de welaýatlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky resminamalaryň ähmiýetini belledi. Olar ykdysadyýetde, senagatda, ulag we syýahatçylyk ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder, iki ýurduň halklarynyň taryhyny, özboluşly medeniýetini, däp-dessurlaryny has gowy bilmäge mümkinçilik berer.

Duşuşyk tamamlanandan soň, söhbetdeşler dünýä ösüşiniň meýillerinde umumy bähbitleri we gabat gelýän garaýyşlary nazara almak bilen, türkmen –hytaý gatnaşyklaryna uly geljegiň garaşýandygyna ynam bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pekiniň halkara howa menziline tarap ugrady, şol ýerden Hançžou şäherine ugur aldy.

Uçuş meýdançasynda duran uçaryň ýanyna barýarka türkmen Lideri howa menziline öz milli Liderini ugratmaga ýygnanan Hytaýyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň duran uly toparynyň ýanynda saklandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş oglan-gyzlaryň okuwlaryndaky üstünlikleri bilen gyzyklanyp, olara Watana ýokary derejeli hünärmenler bolup gaýdyp gelip, ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin ata hökmünde iň kämil bilimleri ele almaga ak pata berdi.

Bu waka mähirli päk duýgulara beslenip, döwlet saparynyň resmi, iş bölegine düýpli täsir etmek bilen, milli Liderimiziň ýurdumyzyň geljegini ynanyp, ýaşlara nähili uly umyt bilen garaýandygyna ýene-de bir gezek şaýatlyk etdi.

Şanhaýyň 180 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýän Hançžou şäheri Çžeszýan welaýatynyň dolandyryş merkezidir. Hançžou şäheri ýurduň iri senagat merkezi hem bolup durýar. Bu ýerde dürli maksatly önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär.

Hançžou şäheriniň howa menzilinde türkmen döwletiniň Baştutanyny Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Çžeszýan welaýat komitetiniň sekretary Sýa Baolun we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Türkmenistanyň Prezidenti mähirli we tüýs ýürekden kabul edildi. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy garşylanlaryň arasynda çagalar hem bolup, olar belent mertebeli türkmen myhmanyny şadyýan we güler ýüz bilen garşyladylar.

Türkmen Lideri we HKP-niň Çžeszýan welaýat komitetiniň sekretary bilelikde howa menzlinden “Çžeszýan Siszi” hökümet kabulhanasyna tarap ugradylar. Ýol ugrunda döwlet Baştutanymyz Hançžou şäherini synlap, onuň gurluşy we binagärligi bilen tanyşdy.

Soňra “Çžeszýan Siszi” hökümet kabulhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Çžeszýan welaýat komitetiniň sekretary Sýa Baolun bilen duşuşygy boldy.

HKP-niň Çžeszýan welaýatynyň komitetiniň sekretary belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna şu döwlet sapary dostluk gatnaşyklaryna, deňhukuklylyk we netijelilik ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka bolup durýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Sýa Baolun düýn, 12-nji maýda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-hytaý gepleşikleriniň ähmiýetini belledi. Şol gepleşikleriň üstünlikli geçmegi we oňyn netijeleri iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygyň gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Şunda Türkmenistanyň we Hytaýyň Liderleriniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge we ösdürmäge ägirt uly goşandy aýratyn bellenildi. Şol hyzmatdaşlyga häzir täze kuwwatly itergi berildi.

Gepleşikleriň jemleri boýunça iki ýurduň arasyndaky, şol sanda welaýatlaryň we şäherleriň derejesindäki netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmäge ýardam etjek resminamalara gol çekilendigini bellemek bilen, jenap Sýa Baolun Hançžou şäheriniň we tutuş Çžeszýan welaýatynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, HKP-niň Çžeszýan welaýat komitetiniň sekretary türkmen döwletiniň Baştutanynyň Hançžou şäherine saparynyň netijeli türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge mümkinçilik berjek şol gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Hytaýyň, şol sanda Çžeszýan welaýatynyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigini bellemek bilen, jenap Sýa Baolun häzir Türkmenistan bütin dünýäde öz döredijilikli syýasaty hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşde gazanan üstünlikleri bilen tanalýar diýip belledi. Şol üstünlikler ýurduň has-da gülläp ösmegi üçin we halkyň abadan durmuşyny üpjün etmek üçin ygtybarly esasy döredýär.

HKP-niň Çžeszýan welaýat komitetiniň sekretary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Hançžou şäherine sapara gelendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hytaý tarapynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda ýola goýmaga ymtylýandygyny tassyklady.

Türkmenistanyň Baştutany hytaýly dostlara we hyzmatdaşlara gadymy Hançžou şäherinde myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, biziň ýurdumyzda hem Hytaýa amala aşyrylýan döwlet saparyna däbe öwrülen dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda nobatdaky uly ädim hökmünde möhüm ähmiýet berýärler diýip belledi.

«Asmanda jennet bar, Ýer ýüzünde bolsa, Hançžou!» – diýen, örän meşhur hytaý pähimi bar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hançžou şäheriniň hytaý çaýynyň we ýüpeginiň watany hasaplanýandygyny biz oňat bilýäris diýip, belledi. Çaýam, ýüpegem adamzadyň taryhynda ajaýyp açyşlardyr. Bu önümleriň ikisi hem türkmenlere örän ýakyndyr. Biz gök çaý içmegi halaýarys. Biziň zenanlarymyz bolsa, ýüpekden tikilen lybaslary geýmegi örän gowy görýärler diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.


Hançžouda Milli çaý muzeýiniň hem-de Milli ýüpek muzeýiniň bolşy ýaly, ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda hem Türkmen halysynyň milli muzeýi bar. Bu bolsa, taryha we milli däp-dessurlara hormat goýmagyň türkmen halkyna hem, hytaý halkyna hem mahsusdygyny aýdyň görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Biziň halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar, diňe bir medeni-gumanitar ugurda däl-de, eýsem döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda hem berkeýär we giňelýär diýip, nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň yzygiderli ösüşini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Pekinde netijeli gepleşikleriň hem-de Hytaýyň ýokary derejeli ýolbaşçylary – Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýan, Hytaýyň Halk Wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygy Çžan Deszýan bilen duşuşyklaryň birek-birege doly ynanyşmak ýagdaýynda geçendigini kanagatlanmak bilen belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek we ösdürmek bilen bagly meseleleriň uly topary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ugurlarda bilelikde arkalaşykly hereket etmek boýunça möhüm meseleleriň üstünde durlup geçildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany taraplaryň ähli seredilen meseleler boýunça doly özara düşünişendigini we birek-birege goldaw bermek barada ylalaşandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, saparyň dowamynda ikitaraplaýyn şertnamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini belledi. Olaryň hatarynda «Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama» hem bar. Bu şertnama iki ýurduň arasynda 22 ýylyň dowamynda alnyp barylýan ýakyn gatnaşyklaryň netijesi boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda iki ýurduň sebitleriniň we şäherleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky resminamalar hem bar. Şol resminamalara laýyklykda, Şandun welaýaty bilen Lebap welaýatynyň, Şensi welaýaty bilen Ahal welaýatynyň, Mary şäheri bilen Sian şäheriniň, Türkmenabat we Žiçžao şäherleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklar ýola goýlar. Bu gatnaşyklaryň möhüm ähmiýeti bardyr.

Bu barada aýtmak bilen, türkmen Lideri häzirki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky netijeli özara gatnaşyklaryň sebitleriň derejesinde işjeňleşmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Bu bolsa döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn giňelmegine hyzmat eder.

Hançžou şäheriniň köp dürli ýokary tehnologiýaly önümleri öndürýän Hytaýyň iri senagat merkezleriniň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň öz gyzyklanýan meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin, degişli kärhanalaryň wekilleri bilen işewür duşuşyklary geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda aýtmak bilen, döwletimiz öz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, biz häzirki zaman tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryny ulanmak arkaly ýerli çig maly gaýtadan işlemegiň esasynda bütinleý täze önümçilikleri döretmäge girişdik diýip belledi. Döwletimiz, şeýle hem, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz tarapyndan ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän pudagyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi barha artýar. Nebit we gazhimiýa pudagynda, şeýle hem magdan gazyp almak senagatynda ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, ulag-aragatnaşyk ulgamynda hem netijeli türkmen-hytaý hyzmtadaşlygy üçin uly mümkinçilikler bar. Mälim bolşy ýaly, bu ugurda biziň ýurdumyz sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň başyny başlady.

Türkmenistanyň özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyk etmek üçin hemişe açykdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzda hem Hançžou şäheriniň işewürler toparlarynyň we medeniýet ulgamynyň wekiliýetleriniň kabul edilmegine şat bolunjakdygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we HKP-niň Çžeszýan welaýat komitetiniň sekretary Sýa Baolun iki ýurduň we halklaryň bähbidine gabat gelýän türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlik ösjekdigine ynam bildirdiler.

Hytaý Kommunistik Partiýasynyň Çžeszýan welaýat Komitetiniň sekretary belent mertebeli türkmen myhmanyň hormatyna agşamlyk nahar berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň we HKP-niň Çžeszýan welaýat komitetiniň sekretarynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Hytaýyň dünýä belli tebigy gözellikleriniň biri hasaplanýan Sihu kölüne tarap ugur aldy. Bu meşhur köl 2011-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna girizildi.

Daş-töweregini daglardyr tokaýlar gurşap alan Sihu köli Hançžounyň esasy ajaýyplyklarynyň biridir we bu hakykatdan-da gözel ýer bolup, ol syýahatçylaryň müňlerçesini özüne çekýär. Ýerli ýaşaýjylar bu ajaýyplygy öz buýsanjy hasaplap, bu gözel künjegiň ajaýyplygyny has-da artdyrmak üçin tagalla etdiler. Köli gaçylar bilen bäş bölege bölüp, olarda agaç nahallaryny oturdypdyrlar, köprüleri gurup, adalarda däbe görä, pawilonlary we öýleri gurupdyrlar. Kölüň merkezinde bolsa ybadathanalary bina edipdirler. Sihu kölüniň belentligindäki bu ybadathanlar bir ýuan puluň ýüzünde şekillendirilipdir.

Kölüň 2000-den gowrak ýaşy bar. Köl barada gadymy rowaýatlaryň birinde aýdylyşy ýaly, ol asman ýaşaýjylary Kaknus bilen Aždarhanyň ýere gaçyran ajaýyp merjeninden emele gelipdir. Şol ajaýyp merjeni asyrlar boýy sarpalap geldiler. Öz döwründe bu kölde dünýä belli wenesiýaly syýahatçy Marko Polo bolup görüpdir. Ýeri gelende aýtsak, şahyrlar iki gezek Hançžou şäheriniň gubernatorlary bolup, olar öz goşgularynda Sihu kölüni wasp etmek bilen çäklenmän, eýsem ony abadanlaşdyrmak boýunça uly işleri geçiripdirler. Meýdany 9 inedördül kilometre deň bolan bu köli häzir seýilgähler, çaý ekinzarlyklary, şetdaly we leýli saç tokaýlyklary gurşap alýar we ýurtda özüne çpekiji syýahatçylyk ýerleriň biri bolup durýar. Bu ýerde şeýle hem “Sihu kölüniň täsirleri” diýen at bilen aýdym-sazly şüweleňe tomaşa etmek bolýar. Ol köp sanly tomaşaçylar üçin suwuň üstünde guralýar.

Kölüň kenaryna gelen belent mertebeli myhmanlary - hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Hytaý Kommunistik Partiýasynyň Çžeszýan welaýat komitetiniň sekretary Sýa Baoluny Sihu kölündäki tomaşalary guraýan kompaniýanyň ýolbaşçysy Jin Pen garşylýar we gämi görnüşindäki ýörite tomaşaçylar platformasyna çagyrýar.

Türkmenistanyň Prezidenti we HKP-niň komitetiniň sekretary özleri üçin niýetlenen ýerlere geçýärler.

Alawlar öçüp, aýdym-saz ýaňlanýar, kölüň ýüzüne düşýän şöhlede suwuň ýüzi bilen typyp barýan gyzyň keşbi peýda bolýar. Özüne çekiji tomaşa başlanýar. Dünýäde suw üstündäki iň gowy tomaşa hasaplanýan bu ajaýyp çykyşyň awtory belli režisýor Çžan Imou bolup, onuň “Uçýan hanjarlaryň öýi“ atly filmi Oskara, beýleki ençeme abraýly kino baýraklara mynasyp boldy, şeýle hem ol Pkinde geçirilen Olimpiadanyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny sahnalaşdyryjy bolup durýar. Dabaralaryň sazyny dünýä belli ýapon kompozitory Kitaro ýazdy.

Hançžounyň gadymy siwilisasiýasy, bu ýerleriň däp-dessurlary barada gürrüň berýän bu dürli öwüşgünli tomaşada aýdym we tanslar, akrobatik çykyşlar, pantomima we oýunlar, şeýle hem gadymdan gözbaş alýan hytaý operasy öz beýanyny tapýar. Bu tomaşa aktýorlaryň 300-si gatnaşýar, onda şeýle hem çeper we režisýor pikirlerini amala aşyrmaga, hytaý rowaýatlar dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berýän tehniki pikiriň soňky gazananlary ulanylýar.

Şunda kölüň özi we ony gurşap alýan landşaftlar sahna bolup hyzmat edýär, dekorasiýalar bolsa gös-göni suwdan çykýar. Suwuň aşagynda platformalar ýerini üýtgedýär we adamlaryň edil ýaňy ýörän ýerinde eýýäm gaýyk ýüzüp barýar ýa-da jaý emele gelýär. Buz daglaryna meňzeş ägirt uly gurluşlar kölden saýlanyp, ölçeglerini we reňkini üýtgedip, bolup geçýän wakalar barada täsir döredýär. Bir görseň emeli ýagyş ýagýar ýa-da goýy duman aralaşýar, bir görseň asmandaky ýyldyzlar kölüň üstündäki giňişlige düşüp, suwuň ýüzüni gülleýän lotoslar büreýär – bu tomaşa hakykatdan-da hyýaly we özüne çekiji bolup durýar.

Tomaşa bäş bölümden ybarat bolup durýar. Onuň dowamlylygy bir sagatdan gowrak bolup, onuň dowamynda tomaşaçylara Hançžounyň taryhy, günorta Sun neberesiniň (12-13 asyrlar) dolandyran döwründe gülläp ösüşi barada gürrüň berýär.

Esasy wakalaryň biri – aşyk-magşuklar Lýan Şanbo we Çžu Intaý hakynda rowaýat bolup, ol Pekin operasynyň belli sahnalarynyň esasynda goýlan hytaý edebiýatynyň has meşhur sýužetleriniň biridir. Bu sýužet hytaýlylar üçin Romeo we Julýette hakynda taryhyň ýewropalylar üçin, günldogaryň ençeme halklary üçin bolsa Leýli we Mejnun hakynda taryhy ýaly örän meşhurdyr. Olar asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, sungat ussatlarynyň täze döredijilik beýanynda gaýtadan janlanýar.

Spektaklda beýan edilen taryh – bu ýerde ýaşaýan ynsan bilen (rowaýata görä imperator) asman ýaşaýjysy ak batböregiň keşbindäki gyzyň arasyndaky söýgi baradaky rowaýat bolup durýar. Ol ak guşa öwrülip, asmana uçup gidýär... Hytaýly aktýorlaryň beýan edýän taryhy kalbyňa gozgalaň salýar, şunda dil meselesi böwet bolmaýar, sebäbi sazyň we tansyň dili köp ugurlydyr. Ajaýyp sazyň owazy, drama sýužeti we täsin tehniki täsirler, şeýle hem tomaşany döredenleriň we ýerine ýetirenleriň ussatlygy hakyky sungata öwrüldi.

Çykyşlar tamamlanýar, emma olar tomaşaçylaryň kalplarynda hakyky söýgüniň ajaýyp sazynyň ýaňyny, Hytaýyň baý we ajaýyp medeniýeti bilen tanyşlykdan dörän täsiri galdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz ajaýyp tomaşanyň guramaçylaryna minnetdarlyk bildirip, Hytaý Kommunistik Partiýasynyň Çžeszýan welaýat komitetiniň sekretary Sýa Baolun bilen mähirli hoşlady we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet baştutanymyzyň awtoulag kerweni bu ýerden Hançžou şäheriniň Halkara howa menziline gelýär. Bu ýerden hormatly Prezidentimiziň uçary asmana galýar we paýtagtymyz Aşgabat şäherine tarap ugur alýar.

* * *

Şu gün Pekiniň Taýmýao seýilgähler toplumynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dostluk baýramçylyk konserti guraldy. Tomaşaçylar halk saz mirasyndan eserleri, şeýle hem milli we dünýä nusgawy operalaryndan arialary, häzirki zaman estrada aýdymlaryny we joşgunly tanslary ýerine ýetiren türkmen artistlerini uly joşgun bilen garşyladylar. Konserte gatnaşyjylary özüne çeken hem-de şowhunly el çarpyşmalaryna eýe bolan “ küşt depdi” tansy bu agşamyň jemleýji wakasyna öwrüldi.

Şeýlelikde, bu konsertiň üstünlikli geçmegi medeni hyzmatdaşlygyň dünýäniň ähli halklary, şol sanda hytaý halky bilen dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi giňeltmäge we berkitmäge tarap ygtybarly köpri bolup durýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň hem-de sebitiň we dünýäniň dürli döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmegiň we berkitmegiň, dünýäniň dürli ýurtlaryndan medeniýet we sungat işgärleriniň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek şeýle hyzmatdaşlygyň baş maksady bolup durýar.