Ï Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň “CASIC” korporasiýaynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň “CASIC” korporasiýaynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi

view-icon 946
Pekin, 12-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Hytaýyň aerokosmos ylmy we senagaty korporasiýasynyň - “CASIC” merkezi edarasynyň ýolbaşçylygy bilen duşuşdy.

Irden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni “Dýaoýuýtaý” döwlet kabulhanasyndan “CASIC-iň” Pekiniň işewürlik merkezleriniň birinde ýerleşýän merkezi edarasyna tarap ugrady.

Bu ýerde belent mertebeli myhmany “CASIC-iň” korporasiýasynyň prezidenti jenap Gao Hongweý mähirli we göwaçyklyk bilen garşylaýar. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň korporasiýanyň ýolbaşçylygy bilen duşuşygynyň çäklerinde birnäçe ugurlar, şol sanda kosmos ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň öz ösüşiniň strategiýasynda has öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasion ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň ornaşdyrylmagyny ugur edinýändigini hem-de kosmosy özleşdirmek we şu ugurdaky birgiden mümkinçiliklerden giňden peýdalanmak boýunça netijeli işewürlik hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýändigini belledi. Häzirki wagtda “TürkmenÄlem 52.00E” özbaşdak milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň gurluşygy alnyp barylýar, uly meýiller şonuň ýeriň golaýyndaky orbita uçurylmagy bilen baglanyşdyrylýar. Munuň özi aragatnaşyk, Internet we telewideniýe ulgamlarynyň ösüşini çaltlandyrar hem-de ykdysadyýete we ekologigiýa degişli giň gerimli wezipeleriň çözülmegine ýardam berer. Kosmosdaky barlaglaryň kömegi arkaly, gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň,şol sanda nebite we gaza baý gatlaklaryň gözlegi has netijeli alnyp barlar, oba hojalyk meýdanlarynyň monitoringini we beýlekileri amala aşyrmak bolar.

Şunuň bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyyjlar Hytaýyň aerokosmos ylmy we senagaty korporasiýasynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň arasynda içgin gatnaşyklaryň ýola goýulmalydygyny we tutuşlygyna alnanda, dostlukly iki döwletiň milli bähbitlerine we ösüş boýunça ileri tutýan ugurlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň çaltlandyrylmalydygyny aýtdylar.

Türkmen döwletiniň Baştutany “Сhina Aerospaсe Sсienсe and Industry Сorporation (CASIC) atly iri döwlet korparasiýasynyň işi bilen jikme-jik tanyşdyryldy, bu korporasiýanyň kuwwatly ylmy-barlag we önümçilik binýady bar. Onuň düzümine kärhanalaryň we guramalaryň onlarçasy, ylmy akademiýalar, ylmy-barlag institutulary we zawodlar goşulýar, umuman alanyňda, bularda işleýänleriň sany 130 müňe barbardyr. Korporasiýa aerokosmos ylmy we senagaty bilen ýörite iş salşyp, dürli radioelektron enjamlary, raketa we telekommunikasion ulgamlaryny, şeýle hem aerokosmos önümlerini—kosmos enjamlaryny, işledýän mobil we stasionar desgalary hem-de beýlekileri işläp taýýarlaýar we öndürýär.

Mälim bolşy ýaly, aerokosmos tehnologiýalarynyň ösüşi energtika, maglumat tehnologiýalary we biologik ylymlary bilen bir hatarda, HHR-iň ykdysady ösüşiniň esasy dört sany elementleriniň biri hökmünde aýpatyn görkezilýär. 1970-nji ýylda Hytaý ilkinj hemrasyny uçuryp, kosmos boýunça bäşinji kuwwatly döwlete, ХХI asyryň başynda bolsa, dünýäde özbaşdak dolandyrylýan kosmonawtikasy bolan üçünji döwlete öwrüldi. HHR-iň ulanýan kosmodromlarynyň birnäçesi, kuwwatly göteriji raketalary, hemra arkaly uçuşlaryň monitoringi we dolandyrmak boýunça serişdeleri, şeýle hem meteorologiýa, Ýeriň üstüni distansion görnüşde zondirlemek, telewizion gepleşikleri görkezmek we beýlekiler boýunça hemralaryň uly toplumy bar.

2011-nji ýylda “Týangun-1” atly ilkinji orbital stansiýa uçuryldy, şoňa eýýäm birnäçe ekspedisiýalar amala aşyrylyd.y Hususan-da, 2012-nji ýylda milli orbital stansiýa dolandyrylýan ilkinji uçuş boldy. HHR-iň kosmos boýunça geljekki giňişleýin maksatnamasy boýunça ekipažlaryň barýan kosmos stansiýalaryna uçuşlary amala aşyrmak belleniýär. Hususan-da, 2020-nji ýyla çenli “Týangun-3-iň” binýadynda hemişelik dolandyrylýan köp modully özbaşdak orbital stansiýany döretmek göz öňünde tutulýar.

Bularlan başga-da, Hytaý ulag hökmünde köp ulanylýan we has kämil kosmos ulgamlaryny işläp taýýarlaýar. Geljekde Aýa dolandyrylýan uçuşlary amala aşyrmak göz öňünde tutuldy. Geljekki döwre degişli şu maksatlara ýetmek üçin, Aýy awtomatiki serişdeler arkaly barlamagyň maksatnamasy üstünlikli berjaý edilýär. 2007-nji ýylyň oktýabrynda Hytaýyň “Çanýe-1” atly ilkinji emeli hemrasy Aýa uçuryldy, soňra “Çanýe-2” stansiýasy Aýa uçuryldy, 2013-nji ýylyň dekabrynda bolsa Hytaýyň Aýyň üstünde ýöreýän Ýuýtu enjamy “Çanýe-3” stansiýasy aýda ilkinji gezek gondy, şol stansiýa arkaly ýere aýyň topragy getirildi. Şeýle hem Hytaý Marsy öwrenmek boýunça maksatnamanyň amala aşyrylmagyna girişdi.

Tanyşdyrmagyň barşynda “CASIC-iň” soňky innowasion işläp taýýarlamalary we gazananlary barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi. “CASIC” tarapyndan aerokosmos barlaglaryndan daşgary ykdysady we jemgyýetçilik ösüşiniň başga-da köp sanly ugurlary boýunça hyzmatlary berjaý edýär.

Bularyň arasyndan elektronika, optiki-elektron enjamlar, “Başarjaňlaryň şäheriniň” howpsuzlygy boýunça toplumlaýyn dolandyryş ulgamlary, kompozision materiallar, tehnika we beýlekiler boýunça geljegine uly umyt baglanýan işläp taýýarlamalar bar. Meselem, magdany daşamak üçin niýetlenen elektrodinamiki we ýüki özi düşürýän “NT-3363” wagony, şeýle hem ýylylyga has çydamly, nebitgaz ulgamynda, deňizdäki nebit we gaz ýataklaryny işläp taýýarlamakda ulanylyp bilinjek kompozision-plastiki ýangyç geçirijini görkezmek bolar.

Ýene bir ugur senagata, ulag ulgamyna degişli we beýleki desgalaryň taslamasyny düzmek, gurmak we dolulygyna taýýarlap, ulanmaga bermek boýunça wezipeleriň integral-tehniki çözgüdi bilen baglydyr. Meselem, dünýäniň dürli ýurtlarynda “CASIC-iň” hünärmenleri tarapyndan köp ugurly terminally howa menzillerini gurmak we beýlekiler bilen bagly taslamalar amala aşyryldy.

Duşuşygyň barşynda HHR-iň işewür toparlary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň mümkinçiliklerine we barha artýan kuwwatyna ýokary baha berdiler. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti halkara ykdysady gatnaşyklarynyň ulgamyna sazlaşykly goşulyşýar. Şunuň bilen baglylykda “CASIC” korporasiýasynyň bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda aragatnaşyk we ulag ulgamlarynyň düzümini, oba hojalygyny, gurluşygy, nebithimiýa senagatyny, elektroenergetikany we beýleki esasy pudaklary ösdürmek hem-de dürli ugurlara degişli ökde hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna aýratyn gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ysnyşykly işewürlik hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagyna içgin gyzyklanma bildirýändigini we “CASIC” korporasiýasynyň hem şolaryň hataryna degişlidigini belläp, türkmen tarapynyň hyzmatdaşlyk etmek boýunça edilýän teklipleriň ählisine örän ünsli garamaga taýyndygyny aýtdy.

Duşuşygyň çäklerinde türkmen döwletiniň Baştutany bu ýerde ýörite guralan sergi bilen tanyşdyryldy, bu sergi korporasiýasynyň işiniň esasy ugurlary barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň eýwanynda guralan sergi hem-de daşky meýdançada goýlan uly tehnikanyň görnüşleri bilen tanşyp, “CASIC” korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen mähirli hoşlaşýar we bu ýerden ugraýar.