Ï Pekinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň göçme mejlisi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pekinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň göçme mejlisi geçirildi

view-icon 853
Şu gün Hytaý halk Respublikasynyň paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Sizinpiniň gatnaşmagynda döwlet Baştutanymyzyň sapary mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň göçme mejlisi geçirildi.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça 2010-njy ýylda döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy şu ýyllaryň dowamynda arassa ganly ahalteke atlaryny köpeltmekde, bu tohumy kämilleşdirmekde hem-de onuň tohumçylyk aýratynlyklaryny ösdürmekde ýöriteleşdirilen dürli ýurtlaryň atşynaslarynyň gatnaşyklary we hünär hyzmatdaşlygy üçin açyk meýdança öwrüldi. Assosiasiýanyň agzalarynyň ylalaşykly işleri ahalteke bedewlerini wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri giňeltmäge, oňa halkara derejesini bermäge hem-de dünýä medeniýetiniň ajaýyp gymmatlgy bolan ahalteke bedewlerine ählumumy ünsüň jemlenmegine mümkinçilik berdi. Munuň özi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kesgitlän derwaýys wezipeleriniň esasylarynyň biri bolup durýar.

Assosiasiýanyň işleriniň jemleri, onuň geljekki hyzmatdaşlygynyň meýilnamalary, iş ýüzünde durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri her ýylda Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň çäklerinde paýtagtymyzda guralýan mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşylýar. Hünärmenleriň şunuň ýaly yzygiderli duşuşyklary hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň işlenip taýýarlanmagyny şertlendirýär. Onuň üstüni täze mazmun bilen ýetirýär we bilelikdäki taslamalar, möhüm başlangyçlar we işewür gatnaşyklar bilen baýlaşdyrýar. Şu ýylyň 24-nji aprelinde Aşgabatda geçirilen Halkara ahalteke assosiasiýasynyň IV mejlisi hem-de oňa Aziýanyň, Ýewropanyň we Amerikanyň birnäçe ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagy ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň hatarynda HHR-iň Atçylyk assosiasiýasyna wekilçilik edýän myhmanlaryň bolmagy hem-de olaryň 2011-nji ýyldan bäri Halkara ahalteke assosiasiýasynyň agzasy bolup durýandyg aýratyn bellärliklidir.

Şu ýylyň aprel aýynda Pekinde “Ahalteke bedewi – parahatçylygyň wekili” şygary astynda dabaranyň geçendigini, ony Hytaýyň Atçylyk assosiasiýasy bilen Türkmenistanyň HHR-däki Ilçihanasynyň gurandygy bellemeli. Dabara ýüzerçe adam, şol sanda bu ýurduň işewür we jemgyýetçilik toparlarynyň wekilleri, dürli döwletleriň diplomatlary, medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Olaryň hatarynda dünýä kinosynyň ýyldyzy, aktýor hem-de režissýor Jeki Çanyň hormatly myhman hökmünde gatnaşandygy ýatlap geçmeli.

Hytaýyň “Ženmin Žibao” neşiriniň habar berşi ýaly, Jeki Çan Taýmýao ybadathanasynda geçirilýän dabara atly geldi. Ol ýerde Halkara ahalteke atçylyk assosiasynyň göçme mejlisiniň, Hytaýyň Atşynaslyk medeniýetiniň ilkinji festiwaly geçirildi. Şeýle hem bu neşir ahalteke bedewleri HHR bilen Türkmenistanyň arasynda iki ýurduň üstünlikli ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlygynyň, dostluk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanydyr diýip belledi.

Pekiniň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň göçme forumynyň geçirilýän ýerine öwrülmegi tötänden däldir. Forum hormatly Prezidentimiziň we HHR-iň Başlygynyň ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça žurnalistleriň sowallaryna jogap beren metbugat maslahaty tamamlanandan soň geçirildi.

Hytaýyň Halk Ýygnaklar Öýüniň uly maslahat zalynyň eýwanynda mejlis başlanmazdan öňürti iki döwletiň Baştutanlary Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary bolup durýan guramalaryň ýolbaşçylary bilen resmi surata düşmek dabarasyna gatnaşdylar.

Soňra Türkmenistanyň we HHR-iň Liderleri maslahatlar zalyna geçdiler. Ol ýerde iki ýurduň hökümet agzalary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wekilleri, Hytaýyň we Türkmenistanyň atçylyk pudagynyň işgärleri, şeýle hem milli we halkara habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Wu Çansin Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpini we ähli myhanlary, dabara gatnaşyjylary ýene bir ýola gutlamak bilen, hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň şu günki göçme mejlisinde birnäçe meselelere serediljekdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz assosiasiýanyň agzalary we mejlise gatnaşyjylar bilen gadymy hytaý topragynda duşuşýandygyna örän şatdygyny aýtdy, şeýle hem men Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanda geçirilen dabaraly çärelere işjeň gatnaşandyklary üçin olara öz minnetdarlygyny aýtdy.

Milli Liderimiz atşynaslygy ösdürmekde ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny nazara almak bilen, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny şu gunki mejlisini taryhy mejlis diýip atlandyrdy. Bu assosiasiýany döretmek bilen, biz arassa ganly ahalteke bedewlerini saklamak hem-de kämilleşdirmek, onuň baş sanyny artdyrmak, şeýle hem nusgalyk hasaplanýan behişdi bedewleriň dünýä ýüzündäki abraýyny belende galdyrmak üçin oňaýly binýady emele getirdik – diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şu günki mejlise bu gadymy tohumdaky atlaryň gelip çykyş taryhyny gowy bilýän hem-de bedewlere hakyky gadyr goýýan hünärmenleriň köp sanysy gatnaşýar. Hut şonuň üçin hem dünýä ýüzünde meşhurlyga eýe bolan bedewlerimiziň taryhy barada jikme-jik gürrüň berip durjak däl. Diňe bu ugurda alyp barýan işlerimizi bellemekçi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanda, Hytaý Halk Respublikasynda we dünýäniň beýleki döwletlerinde ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýä ýüzündäki şöhratyny belende götermek üçin giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär. HHR-de we beýleki ýurtlarda şunuň ýaly mejlisleriň, sergi-ýarmarkalarynyň, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasy diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Biz mundan beýläk-de ahalteke bedewleriniň tohumçylyk işi bilen meşgullanýan köp sanly hünärmenleri çekmek babatda zerur işleri alyp bararys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ahalteke bedewleri ata-babalarymyzyň mundan bäş müň ýyl öň seýisläp, kemala getirip başlan Ýer ýüzüniň iň meşhur atlarydyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz türkmen - hytaý gatnaşyklarynyň kökleriniň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýändigini nygtady.

Gadymy döwürlerden biziň günlerimize gelip ýeten we häzirki bagtyýar nesillere miras galan behişdi ahalteke bedewleri türkmen halkynyň dünýä ýüzüne peşgeş beren mirasydyr diýip bellemek bilen, milli Liderimiz Türkmenistan bilen Hytaýyň gadymy we baý medeniýete eýe bolan ýurtlardygyny, biziň gatnaşyklarymyzyň Beýik ýüpek ýolunyň dünýä medeni ösüşine uly täsir eden döwründen gözbaş alyp gaýdýandygyny, şol döwürlerden bäri, türkmen we hytaý halklarynyň söwda we medeni ulgamlarda, şeýle hem atçylyk pudagynda ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip gelýändigini aýtdy.

“Men Türkmenistanyň Prezidenti we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde, siziň goldawyňyz bilen atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, atlary ylmy esasda öwrenmek, olaryň tohum arassalygyny saklamak, Ýer ýüzünde ahalteke bedewleriniň giňden ýaýradylmagyna ýardam bermek boýunça alyp barýan işlerimizi has-da güýçli depginler bilen dowam etjekdigimize berk ynanýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Assosiasiýanyň esasy wezipesi ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň we hünärmenleriň atçylygy ösdürmek boýunça alyp barýan işlerini utgaşdyrmakdan, atçylyga bagyşlanan duşuşyklary, dürli ylmy maslahatlary, bedew bäsleşiklerini hem-de behişdi bedewlere bagyşlanan halkara sergilerini guramakdan we geçirmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak, atçylyk sportunda çykyş edýän bedewleriň bäsleşige ukyply bolmagyny ýokarlandyrmak hem Assosiasiýanyň agzalarynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar diýip, bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz atlary ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek boýunça iş alyp barýan dürli ýurtlaryň we guramalaryň, şeýle hem şahsy hojalyklaryň arasynda ýakyn gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de giňeltmek üçin ähli zerur işleriň geçirmelidigini aýtdy.

Assosiasiýanyň agzalarynyň bu wezipeleri üstünlikli çözmek üçin öz tagallalaryny, ukyp-başarnyklaryny, yhlasyny we zähmetini gaýgyrman işlejekdiklerine berk ynanýaryn diýip, bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz döwrüň möhüm wezipesi bolan «Dünýäniň sap ganly ahalteke atlarynyň halkara derejeli tohumçylyk kitabyny» (Studbuky) döretmegi, dünýä ýüzünde ahalteke atlarynyň ykbalyna oňyn täsir etjek bu möhüm işe bu ugra dahylly hünärmenleriň mynasyp goşandyny goşjakdyklaryna ynanýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýişi ýaly, häzirki döwürde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna Hytaý Halk Respublikasyndan, Fransiýa Respublikasyndan, Şweýsariýa Konfederasiýasyndan, Bolgariýadan, Argentinadan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Awstriýa Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan we beýleki onlarça döwletlerden agza bolmaga isleg bildirýän abraýly atşynaslaryň we alymlaryň sanynyň barha artýandygy örän guwançlydyr.

Dünýä gymmatlygyna öwrülen, gözelligi bilen göreni haýran galdyrýan ahalteke tohum atlaryny ösdürip ýetişdirmek, ýaş nesillerde atçylyga bolan söýgüni artdyrmak ugrunda biz geljekde hem ähli zerur işleri durmuşa geçireris diýip, bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz çykyşyny tamamlap, mejlise gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk, şeýle hem olara atşynaslyk ulgamyny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratyny belende galdyrmak boýunça alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we foruma gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz HHR-iň Başlygy Si Szinpine söz berdi.

HHR-iň Başlygy öz çykyşyny hoşallyk sözleri bilen başlady.

Mejlisiň barşynda “Türkmen atlary” Döwlet birleşiginiň baş direktory Ý.Annaýew döwlet Baştutanlaryna Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň göçme mejlisiniň açylyş dabarasyna gatnaşýandygy üçin, tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy hem-de türkmen seýisleriniň ahalteke bedewleriniň täze nesilleriniň gadymy şöhraty mynasyp dowam etdirmegi, olaryň türkmen halkynyň buýsanjyny we guwanjyny artdyrmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz we HHR-iň Başlygy mejlise gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, maslahat zalyndan çykdylar.

Agşam döwlet Baştutanlary türkmen bedewiniň hormatyna şu gün agşam uly dabara guralýan ýer bolan Taýmýao seýilgähine tarap ugradylar.

Taýmýao (“Ýokary Miras Ybadathanasy”) Pekiniň merkezinde, Týananmen meýdançasynyň ýanynda ýerleşýän häzirki döwürde Gugun muzeýi hökmünde belli bolan Imperator şäher toplumyna girýär. 1926-njy ýylda ybadathana Parahatçylyk Seýilgähi diýlip atlandyrylýar we ol köpçülik üçin açylýar. Häzirki döwürde ol Halk medeniýetiniň köşgi diýlip atlandyrylýar. Tutuşlygyna alnanda bolsa, ybadathana-seýilgäh toplumy ajaýyp binagärlik keşbi, arçaly seýilgähleri we dürli ösümlikleri bilen baýramçylyk çäreleriniň, dabaraly köpçülikleýin çykyşlaryň guralýan ýeri hökmünde bellidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bu ýerde “Ahalteke bedewleriniň agşamy” at bilen geçirilýän dabaranyň hormatly myhmanlary bodular.

Döwlet Baştutanlarynyň ulag kerwenleri Taýmýao toplumyň merkezi girelgesiniň ýanynda saklandylar. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlary Hytaýyň Atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Wu Çansin garşylady. Döwlet Baştutanlary toplumyň çägine girýärler. Bu ýerde ähli zat açylyş dabarasyna taýýarlanypdyr. Türkmenistanyň Prezidenti we HHR-iň Başlygy ýolugra türkmen halkynyň zergärçilik sungatynyň sergisine syn etdiler. Onda bedew şaý-sepleri esasy orun eýeleýär. Ussat zergärleriň ellinden çykan altyn çaýylyp kümüşden ýasalan bedew şaýlary özleriniň dürli öwüşginli bezegi bilen ahalteke bedewleriniň görküni artdyrýar we olaryň beýik söýgä, çuňňur hormata mynasypdygyny ýene bir ýola subut edýär.

Döwlet Baştutanlary toplumyň münberinde özleri üçin niýetlenen ýere geçip oturýarlar.

Dabara başlanýar... Dürli yşyklar arkaly biziň ganatly bedewlerimiziň asmandan düşýän pursatlary şekillendirilýär. 3D görnüşli wideonyň kömegi bilen türkmen bedewi hakyndaky rowaýat janlandyrylýar.

Indiki şekil Beýik Ýüpek ýoly boýunça syýahatçylygy alamatlandyrýar we ol saz gurallarynyň owazy, tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşýar.

Soňra onda Magtymguly Pyragynyň keşbi janlandyrylýar we hor aýdymçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde “Türkmeniň” goşgusy okalýar.

Çykyşyň giriş bölümi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna agza ýurtlaryň döwlet baýdaklarynyň dabaraly “ýörişi” bilen tamamlanýar.

Soňra Hytaýyň Atçylyk assosiasiýasynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berýär.

Imperator köşgünde geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylary we myhmanlary gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gezekki saparyň baş maksatlarynyň biriniň Hytaý halkyny türkmen medeniýetiniň we sungatynyň iň gowy ugurlary bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem milli buýsanjymyza öwrülen şöhratly ahalteke bedewlerine bolan ünsi güýçlendirmekden ybaratdygyny belledi.

Medeniýet umumy adamzat taryhynyň möhüm bölegi bolup durýar diýip, sözüni dowam etmek bilen, milli Liderimiz bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň halklaryň we döwletleriň arasyndaky özara gatnaşyklarynda imöhüm orny eýeleýändigini we onuň hoşniýetli, dostluk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny şertlendirýändigini belledi.

Türkmennistanyň ýöredýän içeri we daşary syýasatynda medeniýet ulgamy ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlendi diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde maglumat tehnologiýalarynyň ýokary depginlerde ösdürilýändigini, aragatnaşygyň täze görnüşleriniň döreýändigini aýtdy we medeni hyzmatdaşlygy diňe bir giňeltmek däl, eýsem ony hyzmatdaşlygyň täze çemeleşmeleri we görnüşleri bilen baýlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Giň möçberli gatnaşyklary ýola goýmak bilen, biz döredijilik işgärleriniň arasynda ýygjam hyzmatdaşlygy ösdürýäris we açyklyk syýasatyny bütin dünýä äşgär edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Türkmenistanda dünýäniň dürli ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň, şeýle hem döredijilik äleminde ileinji ädim ädýän höwesjeň artistleriň gatnaşmagynda halkara festiwallary yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa dünýäniň beýleki halklary we ýurtlary bilen özara düşünişmek ýörelgesini alyp barmak üçin ygtybarly binýady emele getirýär.

Köp ugurly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň medeniýet işgärleriniň Türkmenistanda we Hytaýda geçirilýän dürli maslahatlara, festiwallara, aýdym-sazly çykyşlara yzygiderli gatnaşýandygyny belledi. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini, biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegini şertlendirýär diýip hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Magtymguly Pyragy özüniň gymmatly eserlerinde halklaryň arasynda birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan deňhukukly, dostlukly gatnaşyklary wasp edipdir. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň wesýetlerine eýermek bilen, biz Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Biz hytaýly dostlarymyzy Türkmenistanyň köp asyrlyk taryhy-medeni mirasy, onuň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdyrmaga şatdyrys. Çünki biziň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän baý medeni mirasymyzda türkmen halkynyň tämiz kalby aýdyň görünýär.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna we Hytaýyň zähmetsöýer halkyna myhmansöýerlik hem-de netijeli gatnaşyklar üçin döredilen mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Sahnada režissýorlaryň, artistleriň, bezegçileriň, yşyklandyryş sungatynyň ussatlarynyň sazlaşykly döredijiliginden adaty bolmadyk şowhunly çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar. Onda Şansi welaýatyndan gelen opera aýdymçylarynyň, Hytaýyň söweş sungaty boýunça milli ansamblynyň, Hytaý tasn toparlarynyň, sirk ussatlarynyň we beýlekileriň täsirli çykyşlary dowam edýär. Özboluşly atly tans tomaşanyň täsirini has-da artdyrdy.

Köp sanly tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan dünýä kino ýyldyzy Jeki Çan bilen Türkmenistandan gelen ýaş zehinli aýdymçy Liliýa Çurçaganyň bilelikde ýerine ýetiren Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Senasy konsertiň möhüm bölegini alamatlandyrdy.

Soňra çykyşy Hytaýyň döredijilik toparlary we aýdymçylary dowam etdiler. Olar milli sungatyň häsiýetli aýratynlyklaryny açyk görkezdiler.

Soňra Türkmenistanyň sungat ussatlaryna we folklor toparlaryna nobat berildi. Olar özleriniň belent ruha beslenen çykyşlary bilen tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Milli lybasdaky sazandalaryň, tansçylaryň, aýdymçylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy, joşgunly sazlar belent ýaňlanyp, seýilgähiň çäklerinden uzaklara ýaýylyp gitdi. Munuň özi uly dostluk baýramçylygynyň şowhunyna öwrüldi. Onda hytaý we türkmen artistleriniň bilelikde ýerine ýetiren gadymy “küşt depdi” tansynyň täsiri has-da güýçli boldy.

“Galkynyş” at üstündäki oýunlar toparynyň joşgunly çykyşlary tomaşaçylar üçin has-da gyzykly boldy. Çalasyn ýigitler we gyzlar yzy üzülmeýän el çarpyşmalaryň astynda ajaýyp bedewlerde gaýtalanmajak sungat görnüşlerini, ussatlyklaryny äşgär etdiler. At üstündäki oýunlar köp sanly tomaşaçylara köp asyrlar mundan ozal şöhraty dünýä dolan “behişdi bedewleriň” owadanlygyna, çeýeligine we kämilligine ýakyndan syn etmäge mümkinçilik berdi.

Atly jişitleriň atyň üstünde dik durmagy, birdenem çapyp barýan bedewiň aşagyndan geçip, eýeriň üstünde peýda bolmagy tomaşaçylara uly täsir etdi. Soňra olar çapyp barýan atlaryň üstünde bir-birinden ýokary çykyp, özboluşly binany emele getirdiler we Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň döwlet baýdaklaryny belentde parlatdylar.

Çykyşlar tamamlanandan soň, döwlet Baştutanlary sahna çykdylar we ahalteke bedewleri bilen ýadygärlik surata düşdüler. Şol pursatda sahna ajaýyp ahalteke bedewi getirilýär. Döwlet Baştutanymyz ähli türkmenistanlylaryň adyndan çuňňur hormatyň we ikihalklaryň arasyndaky ýürekdeş dostlugyň nyşany hökmünde ahalteke bedewini hytaýly dostlarymyza sowgat berýär.

Çuňňur hormat goýýan dostlaryna ajaýyp bedewi sowgat bermek däbi türkmenlerde asyrlar aşyp gelýär we ol türkmen döwletiniň täze taryhy eýýamynda üstünlikli dowam edýär. Şu pursatdan başlap, 2010-njy ýylda doglan Pudak atly mele bedew Türkmenistanyň we Hytaýyň berkeýän gatnaşyklarynyň we uzak möjhletleýin hyzmatdaşlygynyň aýdyň nyşanyna öwrüler. Hytaýda hem biziň ýurdumyzda bolşy ýaly, bedewe örän asylly we owadan jandar hökmünde uly hormat goýulýar we olaryň diňe bir ýyndamlygy ýa-da çydamlylygy däl, eýsem paýhaslylygy we edilýän aladany duýýandygy üçin hormaty ýokarydyr. Häzirki döwürde “behişdi bedewler” biziň ýurtlarymyzyň ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap okgunly ädiminiň aýdyň nyşanydyr.

Pekinde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň göçme mejlisi we Imperator şäherinde guralan agşamky çykyşlar iki ýurtlaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy alamatlandyrdy. Dabaralarda “behişdi bedewleriň esasy orun eýelemegi türkmen bedewiniň şöhratynyň asyrlar, müňýyllyklar aşyp geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyrýandygyny hem-de geljege bolan gyzyklanmalary äşgär etdi.

Döwürleri we menzilleri özüne boýun egdiren ganatly bedewler dünýä ýüzünde uly şöhrat gazanyp, döredijilik kuwwatyny, zähmet sazlaşygyny, döredijilik başlangyçlaryny, gözellili we hoşniýetliligi özünde jemleýär. Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp “behişdi bedewlerimiziň” kuwwat bilen beýik maksatlara, halklaryň abadançylygynyň, ýer ýüzünde dostlugyň we parahatçylygyň bähbidine tarap barýan ýolumyzy ýagtyldyp, belentliklere çykýar.