Ï Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNESKO-nyň Baş direktoryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ÝUNESKO-nyň Baş direktoryny kabul etdi

view-icon 739
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky guramasynyň Baş direktory hanym Irina Bokowany kabul etdi. Ol “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Hanym Irina Bokowa döwlet Baştutanymyzy mübärekläp, türkmen Liderine milli we bütindünýä medeni mirasyny aýawly saklamak işinde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň orny eýeländigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda ädýän anyk ädimleriniň, ýurdumyzda bilim we ylym ulgamynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi. Bu gatnaşyklar bolsa ýyl-ýyldan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Ýokary wezipeli myhman belleýişi ýaly, Türkmenistanda bolup görýändigine hem-de beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýän halkara forumyna gatnaşýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ÝUNESKO-nyň Baş direktory milli Liderimize özüne Türkmenistanyň hormatly döwlet sylagynyň – “Magtymguly Pyragy” medalynyň gowşurylandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Hanym Irina Bokwanyň belleýişi ýaly, bu onuň üçin uly hormat¬-sarpadyr. Ol bu sylagy ÝUNESKO-nyň işine berlen ýokary baha we özüniň ýolabaşçylyk edýän guramasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny aýawly saklamagyň, hemmetaraplaýyn öwrenmegiň we wagyz etmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen däp bolan hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýändigini belledi. Bu hyzmatdaşlyk bolsa Türkmenistan–BMG gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda şol gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy hem tassyklaýar.

Duşuşygyň barşynda taraplaryň köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklap, hormatly Prezidentimiz we ÝUNESKO-nyň Baş sekretary hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary barada pikir alyşdylar we ylym-bilim hem-de medeni ulgamlarda, taryhy-binagärlik ýadygärliklerini aýawly saklamak babatda gatnaşyklary olaryň hatarynda görkezdiler. Munuň özi türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine saldamly goşant goşýandygyna şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän täsir ýadygärlikleriň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Olaryň hatarynda gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý bar. Bu ugurdaky işler dowam etdirilýär.

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanyp, Aşgabatda geçirilýän halkara forum bilen baglanyşykly mesele hem özara gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň şygryýet döredijiliginiň dünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilendigi bellenildi. Çünki onda bahasyna ýetip bolmajak ynsanperwerlik gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapdy. Ajaýyp türkmen nusgawy şahyrynyň eserleri dünýäniň dürli halklarynyň dillerine terjime edildi, beýik şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän dabaralar giň jemgyýetçilik gyzyklanmasyny döretdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we ýokary wezipeli myhman Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklara ýokary baha berip, ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.