Şu gün Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy boldy.
Bu maslahat beýik türkmen akyldarynyň we şahyrynyň doglan gününiň 290 ýyllygyny baýram etmek baradaky uly maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Bu maksatnama ýurdumyzda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem guralan köpsanly dabaraly çäreler girdi.
Hatarynda görnükli medeniýet we ylym işgärleri, döwlet toparlarynyň, abraýly halkara guramalarynyň wekilleri, umuman, 46 ýurtdan 230 töweregi adam bolan maslahata köpsanly gatnaşyjylar irden Ruhyýet köşgüne ýygnandylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Ruhyýet köşgüniň eýwanynda bu ýere ýygnanan ýokary derejeli myhmanlary, onlarça döwletleriň wekilleri bilen salamlaşyp, maslahatyň banneriniň öňünde olar bilen surata düşýär.Soňra milli Liderimiz mejlisler zalyna ugraýar.
Zala ýygnananlar ör turup, joşgunly er çarpyşmalar bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy garşylaýarlar. Döwlet Baştutanymyz we prezidiumyň agzalary sahna çykýarlar we öz orunlaryna geçýärler.
Milli Liderimiz “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatyny açyk diýip yglan edýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Zaldaky adamlar dik durup, çuňňur hormat bilen belent mukamyň owazyny alyp göterýärler.
Türkmenistanyň Prezidenti münberden akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahatynyň açylmagy bilen gutlap, wekilçilikli maslahata gatnaşyjylara, daşary ýurtlardan gelen hormatly myhmanlara ýüzlenip, öz çykyşyny: “Gadymy türkmen topragynda − beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň watanynda «Hoş gördük!» diýen sözlerden başlady.
Bu ylmy maslahata gatnaşýan halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryna, şeýle hem dostlukly döwletleriň resmi wekillerine, ylym, bilim, medeniýet we döredijilik ulgamlarynyň işgärlerine berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, milli Liderimiz bu halkara ylmy maslahatynyň dünýäniň dürli ýurtlarynyň we halklarynyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary sazlaşykly ýola goýmakda we ösdürmekde örän uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynam bildirdi.
Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy türkmen halkynyň edep-ekramyna, synmaz ruhuna öwrülip gidendir. Şahyryň bize goýan baý mirasy müdimi derýalar ýaly, bakylyk ummanyna tarap akyp ýatan durmuşyň özi kimin giňdir we joşgunlydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Magtymguly Pyragy özüniň ynsanperwer garaýyşlary bilen ynsan kowmuna elmydama kämilligiň, bütin adamzada söýginiň, ählumumy sazlaşygyň dogry ýoluny salgy berýär. Beýik şahyryň akyl gämisine atlanyp, pikir ummanynda ýüzeniňde Magtymguly Pyragynyň beýik ynsandygyna göz ýetirýärsiň diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Häzirki döwürde dünýä alymlary ony Gündogaryň beýik akyldarlarynyň biri hasaplaýarlar. Nusgawy şahyryň eserlerinde dünýä edebiýatynyň sütünleriniň biri saýylýan Şekspiriňki ýaly ýalynly hyjuw, Puşkiniňki ýaly mähriban halkyna bolan söýgi, Omar Haýýamyňky ýaly ynsan kalbyna gönükdirilen filosofik ündewleriň şahyrana çuňlugy öz beýanyny tapýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Türkmeniň beýik akyldary her bir adamy göwün erkinligine, ruhy kämillige, ahlak halallygyna eltýän ýollary gözleýär. Şahyr çeper sözüň adamyň paýhas duýgularyna oňyn täsir edip, ynsany özgerdip, hak işlere, dogry ýola gönükdirip bilýändigine pugta ynanýar.
Beýik akyldaryň geljek nesillere ýadygär galdyran baý edebi mirasy bu gün umumyadamzat gymmatlygyna öwrüldi we öz hakyky mirasdüşerlerine – şu günki bagtyýar nesillere gowuşdy. Häzirki döwürde, has takygy, diňe bir şu ýylyň dowamynda beýik şahyryň eserleri iňlis, ýapon, hytaý, koreý, urdu, arap, türk, fransuz, rus, belarus, ukrain, rumyn, tatar, ermeni, gazak, özbek dillerine we dünýäniň beýleki birnäçe dillerine terjime edildi we aýratyn neşir hökmünde çap edildi. Bu bolsa, Magtymguly Pyragynyň pikir ummanynyň, şygyr dünýäsiniň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem umumyadamzat gymmatlyklaryna öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Milli Liderimiz beýik akyldaryň eserleriniň Amerika, Ýewropa, Ýuwaş ummany we Aziýa, Orta Gündogar we arap ýurtlarynyň halklarynyň köpüsiniň dillerinde neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirilmeginde şu maslahata gatnaşýanlaryň her biriniň örän uly hyzmatynyň bardygyny aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nusgawy şahyryň eserlerini öz halklarynyň dillerinde kitap edip, çapdan çykaryp, beýik akyldaryň ruhuny şat eden adamlaryň ählisine türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkiýede, Ermenistanda, Hytaýda, Koreýada, Özbegistanda, Belarus Respublikasynda, Russiýa Federasiýasynyň Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerinde, Şweýsariýada, Awstriýada akyldar şahyryň eserleriniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Bu çäreler ýokary derejede guralyp, dost-doganlygyň, agzybirligiň, döredijiligiň özboluşly baýramyna öwrüldi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Tanyşdyrylyş dabaralary geçirilen wagtynda türkmen alymlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň, döredijilik işgärleriniň wekilleriniň şol ýurtlardaky kärdeşleri bilen bilelikde çykyş etmekleri bu çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrdy. Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň Magtymgulynyň sözlerine düzülen aýdymlar bilen çykyş etmekleri bolsa, bu çäreleri has-da dabaralandyrdy.
Ähli göwünleriň, ähli döwürleriň, tutuş ynsan kalbynyň şahyry hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň sarpasy, at-abraýy türki dilli döwletlerde hem belent tutulýar. Şoňa görä-de, TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan 2014-nji ýyl Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edildi. Beýik akyldaryň bu döwletlerde neşir edilen kitaplary doganlyk halklaryň örän gyzyklanyp, söýüp okaýan neşirlerine öwrülýär. Şahyryň eserlerine siňdirilen filosofik pikirler, ynsanperwer garaýyşlar özüniň örän giňligi we çuňlugy bilen türki dilli halklaryň kalbynda mynasyp orny eýeledi.
2014-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, türki dilli döwletlerde TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan ençeme ylmy-medeni çäreler geçirildi. Şeýle hem, TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan Magtymguly Pyraga bagyşlanyp ýörite medal döredildi. Geçiren işleri üçin biz bu halkara guramasynyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Magtymguly Pyragy öz döwürdeşlerine we geljekki nesillere Hakyň senasyny köňülden çykarman ýaşamagy, elmydama ynsanyň mertebesini belent tutmagy, Watany ýürekden söýmegi, halk bilen bir jan, bir ten bolup ýaşamagy, adamlary tanamagy, olaryň derdini paýlaşamagy ündäpdir we bu ýoly kämillik ýoly diýip hasap edipdir. Beýik akyldar:
Jeýhun bilen bahry Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň;
Gül gunçasy, gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň!
– diýip, ata Watana, ene topraga, mähriban halkyna bolan çäksiz söýgüsini we buýsanjyny, umyt-arzuwlaryny we guwanjyny şahyrana setirleriň üsti bilen çeper beýan edipdir. Adatça, beýik şahsyýetler öz halkynyň ykbalyny öňünden görýär. Halky bilen bagry badaşan akyldarlar il-ýurdunyň täleýini ýüzlerçe ýyl öňünden ýorup bilmäge ukyply bolýar. Magtymguly Pyragynyň türkmen ilini birleşmäge, bütewi döwlet bolup, agzybir ýaşamaga çagyrýan ündewleri bu gün aýratyn ähmiýetli, örän gymmatly çagyryş bolup ýaňlanýar.
Beýik akyldaryň erkin, Garaşsyz döwlet baradaky eden arzuwlary bu gün doly hasyl boldy. Bir döwlete, bir ojaga gulluk edýän türkmen halkynyň ruhy dünýäsine Magtymguly Pyragy şamçyrag bolup şugla saçýar. Erkana ýola düşen türkmen halky bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe asuda we abadan durmuşda ýaşaýar, döredýär, gurýar. Türkmen döwleti gün-günden berkäp, kuwwatlanyp, dünýäde abraýly döwletleriň birine öwrülýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilýän bu günki halkara ylmy maslahatynyň dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmekde, döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejelere çykarmakda örän uly ähmiýeti bardyr. Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetleriň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan halkara ylmy maslahatlaryň geçirilmeginiň orny barada aýdyp, milli Liderimiz onuň halklaryň arasyndaky dostluk köprüsini giňeltmäge mümkinçilik berýändigini, ylmyň, medeniýetiň we jemgyýetiň öňünde duran häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge giň ýol açýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu halkara maslahatynyň netijeli geçiriljekdigine, ylmy, medeniýeti we edebiýaty ösdürmekde, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, adamzada goýan baý mirasyny öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy has-da giňeltmekde möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynam bildirdi. “Sebäbi, türkmen halkyna elmydama açyklyk, myhmansöýerlik we hemme halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklar mahsus bolupdy” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Öz çykyşyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň meşhur şygryndan hemmelere ýene-de bir gezek öçmez-ýitmez bolan öňdengörüjilikli setirleri ýatlamagy teklip etdi:
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň!
Bu sözler dabaraly wasp hökmünde sazlaşykly ýaňlanyp, Ruhyýet köşgüniň zalyndakylaryň hemmesi tarapyndan bir agyzdan alnyp göterildi.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň /UNESKO/ baş direktory hanym Irina Bokowa söz berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň şu halkara maslahatyny geçirmek başlangyjy we oňa gatnaşmaga çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Irina Bokowa şeýle diýdi:
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 2-nji fewralynda Parižde UNESKO-nyň baş edarasyna sapary meniň oňat ýadymda. Ol biziň guramamyzyň ugur alýan gymmatlyklaryna we maksatlaryna Türkmenistanyň ygrarlydygyna ýene-de bir gezek şaýatlyk etdi. Bu ygrarlylyk häzirki wagtda Türkmenistanyň UNESKO-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy bolmagy bilen hem tassyklanýar.
Türkmenistan hemişe adamzat ösüşiniň strategik çatryklarynyň biri bolup durýar diýip, myhman belledi. Bu ýer ajaýyp paýtagtlary bolan beýik imperiýalaryň dörän ýeridir. Olar gadymy dünýäde uly täsir galdyran imperiýalaryň biri bolan Nusaý we Parfiýa döwletleridir. Merw XI-XII-nji asyrlarda Seljuk imperiýasynyň ozalky paýtagtydyr, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ösen şäherdir. Gadymy Köneürgenjiň täsiri sebitde has uzaklara ýaýrady we häzirki wagtda binagärlikde hem-de şol döwrüň hünärlerinde belent gazanylanlara şaýatlyk edýär. Bu üç şäher ajaýyp gymmatlyga hem-de umumadamzat ähmiýete eýe bolan ýadygärlik toplumlary bilen UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Türkmenistanyň baý mirasy türkmen halkynyň işjeň özara hereket edendigine hem-de sebitiň, şeýle hem onuň çäklerinden daşarda beýleki halklar bilen medeni gatnaşyklary alyp barandygyna şaýatlyk edýär. Şu mirasda medeni däpleriň hemme köpdürlüligi, mysal üçin, Repetek tebigy goraghanasy ýaly täsin meşhur tebigy gözelligi bolan ýurduň tebigy aýratynlyklary şöhlelenendir. Dünýä medeniýetiniň bölegi bolup durýan Türkmenistanyň gazananlary özünde Magtymguly Pyragynyň döredijildigini hem jemleýär. Biz şu gün bu ýere oňa hormatymyzy beýan etmäge ýygnandyk diýip, UNESKO-nyň ýolbaşçysy sözüni dowam etdi.
Türkmenler söýgüli şahyry barada: “Magtymguly—bagtyň buşlukçysy” diýip, ýöne ýere aýtmaýar Magtymguly türkmen nusgawy edebiýatynyň we şygryýetiniň esasyny goýujy hasaplanýar. Magtymguly türkmen şygryýet dilini örän üýtgedip, ony halkyň diline has ýakynlaşdyran söz ussatlarynyň ilkinjileriniň biridir. Muny onuň goşgularynyň sazlaşykly gözelligi we aýdymyň heňine geçirilmeginde ýeňilligi düşündirýär. Şahyr türkmen halky üçin kyn döwürde ýaşady. Bu zatlaryň ählisini duýup, ol raýdaşlyk hem-de umumadamzat gymmatlyklar esasynda jebisligi, özara düşünişmegi hem-de adamlaryň arasynda özara hormat goýmagy wasp etdi we şeýle bolmaga çagyrdy.
Magtymgulynyň şygyrlaryndan käbir setirleri mysal getirip, Irina Bokowa onuň döredijiliginiň belent ynsanperwer joşgunyny, şahyryň bütin ömrüni bagyşlan bilimlere we hakykata teşneligini belledi. Ol şygryýeti adamlaryň we halklaryň ýüregini birleşdirip biljek, dünýäniň döreýşiniň syrlaryna ýol salyp biljek köpri hökmünde görýärdi. Hut şoňa görä-de, ol özünde uly jogapkärçiligi duýýardy. Şol jogapkärçilik oňa beýik zehini bilen--adamlary galkyndyrmak, belende götermek we birleşdirmek zehini bilen bile berlipdi.
Bu gymmatlyklar we Magtymgulynyň göz öňüne getirişi UNESKO-nyň işinde wagyz edýän gymmatlyklary bilen kybapdaşdyr diýip, ýokary derejeli myhman nygtady.
Ikinji jahan urşy tamamlanandan soň, 1945-nji ýylyň noýabrynda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça Tertipnamasynda şeýle sözler bar. “Uruş baradaky pikirler adamlaryň aňynda döreýär, şoňa görä-de, adamlaryň düşünjesinde parahatçylygy goramak pikirleri ornaşdyrylmalydyr”. Bu setirler biziň parahatçylygyň esasynyň adamyň hukuklarynda hem-de her bir raýatyň mertebesiniň deňliginde ýatandygy baradaky ynamymyzy şöhlelendirýär. Häzirki wagtda düýpli özgertmeler döwründe men baky adamzat gymmatlyklarynyň aýratyn möhümdigine ynanýaryn diýmek bilen, Irina Bokowa şu babatda Magtymgulynyň mirasynyň ähmiýetini nygtady.
Öz çykyşynyň ahyrynda UNESKO-nyň ýolbaşçysy Magtymgulynyň “Nowruz” diýen goşgusyndan kiçiräk bölegini okap berdi. Onda tebigatyň täze durmuşyna galkyndyrýan ajaýyp setirler bar: “Geldi Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda...”.
Türkmen şahyrynyň bu sözleri özgertmelere, gözellige, sazlaşyga, ýagşylyga we bagta, Ýer ýüzünde parahatçylyga tarap ynsan ymtylyşyny şöhlelendirýär diýip sözüni jemlemek bilen, Irina Bokowa şöhratly öňdengörüji şahyryň hormatyna şeýle halkara maslahaty geçirmek baradaky başlangyjy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.
UNESKO-nyň ýolbaşçysyna manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz münbere Türki halklaryň medeniýet we sungat guramasynyň /TÜRKSOÝ/ baş direktory Dusanbaý Kaseinowy çagyrýar.
Türki dilli ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň adyndan maslahata gatnaşyjylary gutlap, myhman şu maslahatyň geçirilmeginde beren goldawy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we myhmansöýerligi üçin bütin türkmen halkyna hoşallygyny beýan etdi.
Türki dilli ýurtlaryň medeniýetiniň halkara guramasy, gysgaça atlandyrylyşy ýaly, TÜRKSOÝ Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň medeniýet ministrleri tarapyndan gol çekilen ylalaşyk esasynda 1993-nji ýylda döredildi. Şondan bäri, eýýäm 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistan türki halklaryň arasynda hyzmatdaşlyk etmekde, ýurtlarymyzyň döredijilik işgärleriniň we alymlarynyň bilelikdäki tagallalaryna uly goşant goşýar diýip bellemek bilen, Dusanbaý Kaseinow TÜRKSOÝ-yň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ähmiýeti we täsiri görnükli artan ornuny aýratyn nygtady.
Häzirki wagtda Türkmenistan TÜRKSOÝ guramasynyň iň işjeň agzalarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa medeni mirasyň aýawly saklanmagyna, türki dilli halklaryň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýän türkmen Lideriniň köptaraplaýyn işi bilen şertlendirilendir. Pursatdan peýdalanyp, halkara guramasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize TÜRKSOÝ-yň işine berýän goldawy, halklaryň medeni taýdan ýakynlaşmagyndaky saldamly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
TÜRKSOÝ döredijiligi bilen türki dilli ýurtlaryň medeniýetine ägirt uly goşant goşan ajaýyp şahsyýetleriň ruhy mirasyny wagyz etmäge uly üns berýär diýip, D. Kaseinow TÜRKSOÝ tarapyndan 2014-nji ýylyň Magtymgulynyň Ýyly diýlip yglan edilendigini ýatlady. Ol şu ýylyň fewralynda Ankarada türki halklaryň medeniýet we sungat guramasynyň baş edarasynda türkmen şahyrynyň şanly senesine bagyşlanyp başlanan çäreleriň Azerbaýjanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Tatarystanda /Russiýa Fedeasiýasy/ we beýleki ýurtlarda dowam etjekdigini aýtdy.
Myhman Aşgabatda geçirilýän medeni we ylmy çäreleriniň mazmun taýdan örän baýdygyny belledi. Bu halkara maslahatyna gatnaşyjylaryň, şol sanda UNESKO-nyň baş direktorynyň gatnaşmagyndaky wekilçilikli düzümi umumydünýä medeni işleri ösdürmek nukdaýnazaryndan onuň ähmiýetlidigine şaýatlyk edýär.
Magtymguly Pyraga bagyşlanyp aýdylan örän täsirli sözleriň biri meşhur ýazyjy Çingiz Aýtmatowa degişlidir. Ýazyjynyň: “Magtymgulynyň goşgulary baky sena öwrüldi...” diýip aýdan sözlerine ýüzlenip, TÜRKSOÝ-yň ýolbaşçysy Pyragynyň şygryýetini şahyryň arzuwlary amala aşýan häzirki eýýamda aýratyn belent ýaňlanýan simfoniýa meňzetdi.
Şahyr we pelsepeçi Magtymguly Pyragy, köp meşhur şahsyýetleriň döremegine, umuman, türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň kemala gelmegine uly täsirini ýetirdi. TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň azerbaýjan we türk dillerindäki eserleri neşir edildi, biz türkmen şahyrynyň goşgular ýygyndysyny beýleki türki halklaryň dillerinde hem çap etmegi meýilleşdirýäris. Şu ýyl Türkiýede hem-de TÜRKSOÝ-a agza ýurtlarda Magtymgulynyň döredijiligini giňden wagyz etmek boýunça işler dowam etdiriler diýip, D. Kaseinow hemmeleri beýik Magtymgulynyň doglan gününiň hormaityna geçirilýän baýramçylyk çäreleri bilen gutlady.
Döwlet Baştutanymyz TÜRKSOÝ-yň ýolbaşçysyna manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, wagyz etmekde we ýaýratmakda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem Türkmenistan bilen beýleki döwletleriň hem-de halkara guramalarynyň arasynda ylym we bilim ulgamynda, medeni hem-de ynsanperwer ugurlarda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge goşan uly şahsy goşantlary nazara alnyp, daşary ýurt raýatlarynyň birnäçesine “Magtymguly Pyragy” medalynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Permany okalýar.
Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň /UNESKO/ baş direktory Irina Bokowa hem-de Türki medeniýetleriň halkara guramasynyň /TÜRKSOÝ/ baş direktory Dusanbaý Kaseinowa medal gowşurýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz maslahatyň hormatly myhmanyna—Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkine döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin sylag gowşurdy.
Ýokary sylag hem-de mähirli we şatlykly kabul edlendigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aleksandr Žilkin Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk ruhunda dowam etjekdigine ynamyny tassyklady. Myhmanyň aýdyşy ýaly, Astrahanda Magtymgulyny oňat tanaýarlar we döredijiligini söýýärler, bu ýerde Magtymgulynyň rus diline terjime edilen eserleriniň köp neşirleri çykaryldy, türkmen şahyrynyň ýadygärligi bar. Ýakyn günlerde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň hormatyna dabaraly çäräniň geçirilmegi meýilleşdirilýär, oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşar. Sözüniň ahyrynda Aleksandr Žilkin Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge örän işjeň gatnaşýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şanly dabaralar bilen gutlady hem-de döwlet işinde täze uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasynyň Sinsýan welaýat uniwersitetiniň rektory Tasifulaty—Teýibe hem-de Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan döwlet uniwersitetiniň rektory professor Aram Simonýana “Magtymguly Pyragy” medallaryny gowşurdy.
Türkmenistanyň ýokary sylagy üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirmek bilen Aram Simonýan bu wakada ýolbaşçylyk edýän işgärler toparynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk, medeni we ylmy gatnaşyklary berkitmäge goşandynyň ykrar edilmegini görýändigini aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiziň elinden ýokary sylagy Koreýa Respublikasynyň Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça assosiýasiýasynyň prezidenti Li Ok Rýun, Rumyniýanyň Türkmenistandaky ozalky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Titulesku adyndaky Ýewropa gaznasynyň agzasy Ion Porožan, Türkiýe Respublikasynyň Uludag uniwersitetiniň professor-kömekçisi, doktor Hidaýet Peker kabul edýärler.
Döwlet Baştutanymyzyň hut özünden sylag almak hormatyna eýe bolan adamlaryň hatarynda Özbegistan Respublikasyndan ýazyjy Kurambaý Matrizaýew we Azerbaýjan Respublikasynyň Baku döwlet uniwersitetiniň türki halklaryň edebiýaty kafedrasynyň dosenti Firýuza Abdulla gyzy Agaýewa bar.
F.Agaýewa Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmäge we wagyz etmäge goşandyna berlen ýokary baha üçin hoşallyk bildirip, azerbaýjan we türkmen halklarynyň arasynda ylmy-medeni alyşmalaryň, milli edebiýatlaryň görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň şanly seneleriniň bilelikde baýram edilmeginiň, şu günki ýaly maslahatlaryň geçirilmeginiň bitewi medeni giňişligini döretmäge we milletara gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýändigini belledi.
Ýokary sylaga mynasyp bolanlar milli Liderimize ähli asylly başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw edip, halkara gumanitar hyzmatdaşlygyny ilerletmek, mazmun taýdan baýlaşdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar. Magtymguly Pyraga bagyşlanan şu günki maslahat hem hut şoňa täze itergi bermäge gönükdirilendir.
Soňra hormatly Prezidentimiz maslahata gatnaşyjylary ýetip gelýän uly baýramçylyk—Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlady, şeýle hem beýik akyldaryň gymmatly mirasyny öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň, medeniýetleri ýakynlaşdyrmagyň we baýlaşdyrmagyň, köpasyrlyk ruhy gymmatlyklary dikeltmegiň we aýawly saklamagyň bähbidine çeken ýadawsyz zähmetleri üçin “Magtymguly Pyragy” medalyna eýe bolan adamlara mähirli gutlaglaryny beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz sözüniň ahyrynda hemmelere berk jan saglyk, bagt, asuda we abadan durmuş, işde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Şu gün “Magtymguly Pyragy” medalyny gowşurmak dabarasy beýik türkmen şahyrynyň adyny göterýän Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda dowam etdi.
Ertir şu ýerde maslahatyň bölümleriniň biri – “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri we Magtymguly Pyragy” atly bölümiň işi geçiriler. “Magtymguly we onuň döwri” diýen mowzuga bagyşlanylan bölüm Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler zalynda maslahata gatnaşyjylary jemlär. Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Magtymgulynyň şygyrýet dünýäsi” atly bölümiň çäklerinde alymlaryň duşuşygy geçiriler. Türkmenimstanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriljek mejlisiň barşynda “Magtymguly we dünýä edebiýaty” diýen meselä garalar. Ylymlar akademiýasynda bolsa “Magtymguly we türki diller” diýen bölüm boýunça duşuşyk geçiriler.
Şu gün agşam Maslahat köşgünde Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy. Ajaýyp köşgüň zalynda ýygnanan köpsanly tomaşaçylaryň arasynda “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar hem bar. Konsertde ýurdumyzyň belli bagşylary we ýaş estrada aýdymçylary, döredijilik we tans toparlary, teatr artistleri we orkestr toparlary çykyş etdiler.
Konsertiň aýdym-sazly çykyşlary türkmen şygryýetiniň beýik akyldary, ynsan kalbynyň aýdymçysy Magtymguly Pyraga bagyşlandy. Onuň döredijilik mirasy türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleri üçin öçmejek ruhy-ahlak wesýet bolup durýar. Bu gün Garaşsyz Watanymyzy, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, ene topragymyzyň gözelligini we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ylhamyny wasp edýän ajaýyp aýdymlar ýaňlandy.
Konsertiň barşynda öz watandaşlarynyň adyndan birnäçe ýurtlaryň wekilleri tomaşaçylary mübäreklediler. Olaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň Ýazyjylar birleşiginiň sekretary, Russiýa Federasiýasynyň at gazanan medeniýet işgäri, “Moskowskiý literator” gazetiniň baş redaktory Iwan Golubniçi, ÝUNESKO tarapyndan “Ýaşaýan ynsan hazynasy” diýlip yglan edilen, Magtymguly Pyragynyň sözlerini dünýä ýurtlaryna ýaýyjy, Türkiýe Respublikasyndan gelen aýdymçy Şeref Taşliowa we beýlekiler bar.
Çykyş edenler türkmen halkynyň köpasyrlyk paýhasyny, onuň şygryýet diliniň gözelligini beýan eden, Ýer ýüzüniň her bir ýaşaýjysyna ýakyn bolan gymmatlyklary öz ähli zehini bilen wagyz eden Magtymguly Pyragynyň beýikligini nygtadylar.
Myhmanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işine ägirt uly guwanjyny beýan etdiler, milli Liderimiziň tagallalary netijesinde türkmen şahyrynyň mirasy bütin dünýäde barha giňden meşhurlyga eýe bolýar. GDA gatnaşyjy ýurtlaryň Ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň döwletara gaznasynyň başlygy Polad Bülbüloglunyň çykyşy örän täsirli boldy. Ol oguz halkynyň gadymy topragynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda ýokary sylagy--“Magtymguly Pyragy” medalyny alandygy üçin örän bagtlydygyny aýtdy.
Ýurdumyzyň myhmanlary hem-de halkara maslahata gatnaşyjylar üçin niýetlenen medeni maksatnamada Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda 16-njy maýda görkeziljek “Magtymguly” atly opera sahnasy we beýleki çäreler bar.

* * *