Ï Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministrini kabul etdi

view-icon 654
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministri Abulfas Garaýewi kabul etdi. Ol beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara, şeýle hem “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň salamyny gowşurdy we pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy umumymilli baýram bilen gutlap, türkmenistanlylaryň ählisine bagt, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.

Dostlukly Türkmenistanyň soňky ýyllarda ähli babatda belent sepgitlere ýetendigini aýdyp, myhman türkmen topragynda bolmak we öz milli Lideriniň ýolbaşçylygynda ösüş hem-de rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan türkmen halkynyň häzirki gazananlaryny görmek mümkinçiligine şatdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, dostlukly Azerbaýjanyň Liderine hem-de halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Milli Liderimiz iki ýurduň halklaryny umumy taryhy kökleriň, medeni däp-dessurlaryň we ruhy-ahlak gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny belläp, Türkmenistan geljekde hem hoşniýetli goňşuçylygyň däplerini dowam etmek we medeni-gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygy berkitmek, umumy baý ruhy mirasyny öwrenmek we wagyz etmek babatda ähli tagallalary eder diýip nygtady.

Duşuşygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de myhman medeniýet we syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegine degişli meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, Türkmenistanda we Azerbaýjanda Medeniýet günlerini geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilýän halkara maslahatynyň ähmiýeti barada durlup geçilip, medeni – gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde bu çäräniň möhüm orun eýelýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Bu miras bolsa türkmen halkynyň ruhy genji-hazynasynyň, onuň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan özboluşly medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nusgawy türkmen şahyrynyň şygyrlary adamlary ruhy, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragynyň eserleri adamzadyň ruhy medeniýetiniň genji-hyzanysyndan mynasyp orun alyp, häzirki wagtda dünýäniň köp dillerine terjime edildi we adamlaryň kalbynda belent duýgulary oýarýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhman iki döwletiň arasyndaky deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.