Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, “Itoçu korporeýşniň” ýerine ýetiriji wise-prezidentini kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, “Itoçu korporeýşniň” ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ýoiçi Kobaýasini kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda ykdysady ulgamda türkmen – ýapon hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy, hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, senagatçylar we telekeçiler ugry boýunça netijeli gatnaşyklary berkitmek üçin amatly şertleriň bardygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka hökmünde hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylda Ýaponiýa bolan resmi saparynyň ähmiýeti nygtaldy. Taraplaryň hoşniýetli erk-islegi bilen häzirki wagtda bu gatnaşyklara täze kuwwatly itergi berildi. Bu saparyň çäklerinde bolan duşuşyklar we gepleşikler, şeýle hem gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar özara bähbitlilik we uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açdy.
Ykdysady hyzmtadaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň işi barada aýratyn durlup geçildi. Olaryň nobatdaky mejlisi Aşgabatda geçiriler. Günüň dogýan ýurdunyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, jenap Ýoiçi Kobaýasi bu gyzyklanmanyň, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty, Türkmenpistanda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy bilen şertlendirilendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň işjeň çemeleşmelerini makullap, Türkmenistanyň netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary çekmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda amala aşyrylýan we ýakyn geljekde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalar - polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň, karbamid, ýuwujy serişdeleri öndürýän zawodlaryň gurluşygy oňat mysal hökmünde görkezildi.
Iki dostlukly ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna ýardam edýän medeni-gumanitar gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak söhbetdeşligiň esasy meseleleriniň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, myhman türkmen döwletiniň Baştutanyna beýik türkmen akyldarynyň we şahyrynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.
Hoşlaşanlarynda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy, “Itoçu korporeýşniň” ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ýoiçi Koboýasi ykdybarly gatnaşyklaryň özara bähbitli türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili, ilçi Ýasusige Okimoto gatnaşdy.