Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýetip gelýän tomusky dynç alyş günlerinde çagalaryň oňaýly dynç alşyny guramaga taýýarlyk işleri bilen tanyşmak maksadynda iş saparyny amala aşyrdy.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz dynç alyş gününe garamazdan, döwlet işlerini sähel pursat hem goýmaýar. Ine, şu gün hem hormatly Prezidentimiz medeni-durmuş maksatly desgalara baryp görmek bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gökderede ýerleşen çagalar sagaldyş merkezleriniň çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygynyň barşy, täze atçylyk toplumynyň gurluşyk meýdançasyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy, şeýle hem Halkara atçylyk sport toplumyna bardy.
Ir säher bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Gökderede ýerleşýän Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň “Altyn ýyldyz” çagalar dynç alyş merkezine gelip saklandy. Çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezi girelgesiniň öňünde döwlet Baştunanymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.
....Ýurdumyz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap öz ýaş raýatlary üçin amatly durmuş şertlerini üpjün etmek meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe nygtaýşy ýaly, olaryň abadançylygy durnukly döwlet ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki zaman Türkmenistany bagtly çagalygyň ülkesi diýip atlandyrmak bolar. Bu ýerde olaryň arzuwlary hasyl bolýar. Ata-babalarymyzyň “Çaga eziz, edebi ondan hem eziz” diýip aýdan parasatly sözlerinde öz beýanyny tapýan wesýetine eýermek bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda olary terbiýelemek we bilim bermek, ösüp gelýän nesilde kämil we döwrebap düşünjäni kemala getirmek, täze döwrüň ýaşlarynda türkmen halkynyň belent ruhy-ahlak ýörelgelerini ösdürmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär.
Biziň ýurdumyzyň her bir güni diýen ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beden taýdan berk, ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýelemek meselelerine berýän ägirt uly ünsüne, ýadawsyz aladasyna şaýatlyk edýän wakalardan doludyr. Döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň esasyny düzýän bilim özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemäge ýardam edýär. Bilim ulgamy üçin hünärli işgärleri taýýarlamak, çagalar edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, döwrebap, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, medeni we dynç alyş merkezleriniň gurulmagy häzir Diýarymyzda halkymyzyň abadançylygynyň we ýurdumyzyň eşretli geljeginiň bähbidine alnyp barylýan giň gerimli işleriň diňe bir bölegi bolup durýar.
Soňky ýyllarda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman kadalara gabat gelýän çagalar baglarynyň we umumybilim berýän mekdepleriň onlarçasy ulanmaga berildi. Çagalaryň bilim almagy we göwnejaý dynç almagy üçin niýetlenip gurulýan ähli binalardyr desgalar täze multimediýa enjamlary, sport zallary we meýdançalary bilen üpjün edilýär. Şunuň bilen bir hatarda, halkara standartlarynyň ýokary talaplaryna laýyklykda bina edilýän döwrebap çagalar sagaldyş merkezleriniň toplumlaýyn gurluşygy amala aşyrylýar.
Tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde çagalaryň 7095-siniň dynç alyp biljek ýeri bolan Gökderede, 1783 çagany kabul edip bilýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem 10478 çaganyň dynç alyp biljek ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri häzirki zaman talaplaryna doly laýyk getirildi. Merkezleriň ajaýyp toplumyna dolandyryş binalary, enjamlaşdyrylan pawilýonlar girip, olarda çagalaryň göwnejaý dynç almagy üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Bulardan başga-da, çagalar üçin kompýuter zallary, oýun oýnalýan merkezler, kitaphanalar, amatly naharhanalar, saglygy goraýyş bölümleri, sport we oýun medançalary, suwda ýüzülýän howuzlar, akwaparklar, amfiteatrlar hereket edýär.
Bu zatlaryň hemmesi Türkmenistanyň syýasy ugrunyň esasyny şöhlelendirýär, şeýle hem döwletiň beden we ruhy taýdan kämil ýaş nesliň ösüp ýetişmegine gönükdirilen ünsüniň we aladasynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladasy netijesinde çagalaryň arzuwlary amala aşýar.
...Döwlet Baştutanymyz “Altyn ýyldyz” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde ýaş türkmenistanlylar üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Bu ýerde bir wagtyň özünde çagalaryň 1000-si dynç alyp we saglygyny berkidip bilerler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşaýyş binalaryna baryp, çagalaryň dynç almagy üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy. Bu ýerde çagalaryň ygtyýarynda amatly mebeller, uly ekranly telewizorlar bilen üpjün edilen giň we ýagty otaglar bar. Teleýaýlym arkaly çagalar üçin gyzykly gepleşikler berilýär. Kitap tekjelerinde gyzykly edebiýatlar, ertekiler we goşgular ýygyndylary, düşünjäni artdyrýan gollanmalar ýerleşdirilipdir. Merkezde döwrebap naharhana, aýdym-saz, surat çekmek bilen meşgullanmak üçin gurnaklar göz öňünde tutulypdyr.
Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini diňe şu ajaýyp künjekde däl-de, eýsem ýurdumyzyň ähli çagalar dynç alyş merkezlerinde ýokary derejede guramagyň möhümdigini belledi. Dynç alyş döwründe çagalar üçin çäreleriň maksatnamasyny oýlanyşykly düzmek gerek. Diňe öwreniş häsiýetine eýe bolman, eýsem çagalaryň zehinini açmaga we ösdürmäge mümkinçilik berýän döredijilik sapaklarynyň geçirilmegini göz öňünde tutmak gerek diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz çagalar üçin kompýuter sowatlylygy boýunça sapaklary geçirmegiň ähmiýeti barada hem aýtdy. Öwreniş kompýuter oýunlary, elektron ensiklopediýalary çagalara boş wagtyny gyzykly geçirmäge we täze bilim almaga ýardam eder diýip, milli Liderimiz bu babatda birnäçe tabşyryklar berdi.
Çagalar dynç alyş merkeziniň abadanlaşdyrylan çäginde birnäçe meýdançalar bolup, olar sportuň dürli görnüşeri bilen meşgullanmak üçin enjamlaşdyrylypdyr. Döwrebap türgenleşik we zerur sport enjamlary bilen üpjün edilen sport zaly bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçiliklere eýedir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler bilen tanşyp, bu ýerde gyzykly ýaryşlary guramagy tabşyrdy. Şonuň bilen birlikde, konsertleri we beýleki medeni çäreleri geçirmek bilen bagly meseleler hakynda oýlanmak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Çagalar hakynda alada etmek bilen olar üçin ajaýyp köşkleri, dynç alyş merkezlerini gurup, ösüp gelýän nesli sazlaşykly terbiýelemek üçin şertleri üpjün etmek bilen, biz ata-babalarymyzyň wesýetlerini durmuşa geçirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara Gökderede, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän çagalar dynç alyş merkezlerinde ýaşlaryň tomusky dynç alyş möwsümini degişli derejede üpjün etmek bilen bagly bolan anyk tabşyryklary berdi. Dynç alyş merkezleriniň çagalara kabul etmäge taýýar bolmagy üçin zerur bolan çäreleri görmek zerur diýip, döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşdy we Halkara atçylyk sport toplumyna tarap ugrady.
Ýolugruna barşyna milli Liderimiz Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdere obasynda täze atçylyk toplumy onuň işgärleri üçin şäherçesi bilen bilelikde bina edilýän gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 27-nji aprelinde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky Gökderede işgärler üçin şäherçesi bolan täze atçylyk toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, bu ýerde 57 sany iki gatly iki öýli ýaşaýyş jaýlaryny, çagalar bagyny, dükanlary, sport we çagalar meýdançalaryny hem-de ýerasty geçelgeleri bolan atçylyk toplumynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Taslama laýyklykda 600 müň inedördül metr meýdany bolan atçylyk-tohumçylyk toplumynyň 200 müň inedördül metri ýaşaýyş jaý toplumy, 250 müň inedördül metr meýdany ýorunja ekmek üçin niýetlenendir. Toplum döwrüň ruhuna we atçylyk ylmy-barlag merkeziniň talabyna laýyk derejede dünýä ylmynyň we tehnikasynyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylar.
Bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen gyzyklanyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan binagärlik syýasatynyň ozaly bilen bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň we täzeçilik ýörelgeleriň ulanylmagyny, olarda adamlaryň amatly ýaşaýşy, döredijilikli zähmeti we döwrebap dynç alşy bilen baglanyşykly meseleleriň üpjün edilmegini nazarlaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara gurluşygyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi we onuň öz wagtynda tamamlanmagy bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işleriň ählisi toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydyr we olar täze taryhy eýýamda tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň wezipelerine, many-mazmunyna laýyk gelmelidir diýip belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşen Halkara atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutanyny Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.
Mälim bolşy ýaly, taryhy muňýyllyklara uzaýan adamzat ösüşiniň atçylyk medeniýeti öz gözbaşyny Köpetdagyň bu ajaýyp tebigy künjeklerinden alyp gaýdýar. Meşhur ahalteke bedewleri taryhy gözbaşyna hut türkmen topragynda eýe boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda milli Liderimiziň aladasy we goldawy netijesinde naýbaşy ahalteke bedewlerini köpeltmek, ýaýratmak we wagyz etmek boýunça uly möçberli köptaraplaýyn işler ýaýbaňlandyryldy. Apreliň soňky ýekşenbesinde her ýylda halkara derejesinde giň gerim bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy hem şöhratly behişdi bedewlere goýulýan aýratyn hormat hökmünde türkmen halkynyň öz gözbaşlaryna we täsin medeni mirasyna ygrarlydygynyň nyşanyna öwrüldi.
Soňky ýyllarda türkmenlere bütindünýä şöhratyny getiren atçylyk pudagynyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy. Häzirki wagtda maksada gönükdirilen döwlet goldawyna eýe bolan ýurdumyzyň atçylygy ösüşiň täze derejesine galdy. Muňa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zamanyň ähli talaplaryna laýyk gelýän, tehnikanyň iň soňky gazanylanlary bilen enjamlaşdyrylan, atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy hem aýdyň mysal bolup durýar.
Dünýä ösüşiniň bahasyz gymmatlygy hökmünde ahalteke bedewleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öz milli Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň belent taglymlaryny, maksatlaryny we okgunly ösüşini alamatlandyrýar. Şeýle hem gündogar senenamasy boýunça bedew ýyly diýlip hasaplanýan şu ýylda döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda häzirki zaman Türkmenistanyň abadançylygynyň we gülläp ösüşiniň täze belentliklerine bedew bady bilen barýandygyny, iň batyrgaý pikirleri we taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirip, durmuş-ykdysady ösüşini ynamly dowam edýändigini nygtamak gerek.
Häzirki wagtda şanyna “Ahalteleke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” ýaly ençeme kitaplary bagyşlan döwlet Baştutanymyzyň behişdi bedewlere mähirli söýgüsi we wepadarlygy diňe biziň ýurdumyzda däl, onuň çäklerinden daşarda-da giňden mälimdir. Bu kitaplar ýurdumyzda atçylygy ösdürmek, onuň gadymy däplerini dikeltmek we dowam etmek, atçylyk sportunyň milli hem-de beýleki görnüşlerini wagyz etmek boýunça milli Liderimiziň deňsiz-taýsyz uly möçberli işleri bilen tanyşdyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2010-njy ýylda baş edarasy Aşgabatda ýerleşen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi bütin dünýäde “behişdi bedewleri” has-da giňden ýaýratmaga ýardam edip, bu pudakda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açdy. Ahalteke bedewlerini ýaýratmak, oňa halkara häsiýetini bermek, özboluşly ahalteke bedewleriniň tohumyna we ähmiýetine ählumumy ünsi çekmek boýunça işleriň geriminiň giňeldilmegi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bellenen möhüm esasy guramaçylyk wezipeleriniň biridir.
Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zamanyň iň ýokary talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan atçylyk sportuny ösdürmegi işjeňleşdirmäge, milli at üstündäki oýunlaryň dikeldilmegine berilýän ägirt uly ünse şaýatlyk edýär. Şunuň bilen birlikde, Ýer ýüzünde ahalteke bedewleriniň şöhratyny giňden ýaýratmak, dünýä atçylygynyň gymmatly serişdesi hökmünde garalýan ajaýyp çapuw atlaryň genofonduny kämilleşdirmek we gorap saklamak boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şu ýerde ýurdumyzda behişdi bedewleriň her ýylda geçirilýän gözellik bäsleşiginiň ähmiýetini bellemek gerek.
Halkara kongresler, maslahatlar, forumlar, sergiler diňe türkmen topragynda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem bu täsin atlara gadyr goýulýandygyna we olaryň söýülýändigine aýdyň mysal bolup hyzmat edýär. Şeýle forumlaryň geçirilmegi halkara ýaryşlarynda we uly aýlawlarda özlerini ajaýyp tarapdan görkezen ahalteke bedewleriniň meşhurlygyny artdyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň aprel aýynda “Ahalteke bedewi—parahatçylygyň wekili” şygary astynda Pekinde geçirilen dabarany bellemek gerek. Bu dabara Hytaýyň atçylyk assosiasiýasy we Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasy tarapyndan guraldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Pekinde geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň göçme mejlisini belläp geçmek ýerliklidir. Milli Liderimiz bu çäräniň atçylygy ösdürmekde ähmiýetiniň uludygyny nazara almak bilen, ony taryhy waka diýip atlandyrdy. HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň hem şol forumda belleýşi ýaly, dünýäde meşhur iň oňat tohum atlarynyň biri hökmünde bedewleriň ahalteke tohumy türkmen halkynyň buýsanjy we şöhraty bolup durýar. Ahalteke atlary köp müňýyllykly taryhy, şek ýetmez asylly keşbi, ajaýyp gözleri, okgunlylygy we ýyndamlygy bilen diňe Türkmenistanyň däl, eýsem, bütin dünýä ösüşiniň bahasyz genji-hazynasy hasaplanýar.
Şol gün agşam Imperator köşgüniň Taýmýao seýilgähler toplumynda “Ahalteke bedewleriniň agşamy” ady bilen geçirilen uly dabara hem ahalteke bedewlerine bolan ägirt uly gyzyklanmanyň, olara bolan guwanjyň egsilmezdigini tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bu agşamyň hormatly myhmanlary boldular. Şeýle hem Pekin şäheriniň etraplarynyň birinde Ahalteke bedewleriniň seýilgähiniň düýbüniň tutulyş dabarasy türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky barha berkeýän dostlukly gatnaşyklarynyň nyşanyna öwrüldi.
Bir söz bilen aýdylanda, milli Liderimiziň HHR-e döwlet saparynyň çäklerinde dostlukly ýurduň paýtagtynda geçirilen dabaralar türkmen halkynyň milli baýlygy bolup durýan ahalteke bedewlerine bütin dünýäde nähili ýokary baha berilýändigini nobatdaky gezek görkezdi.
...Döwlet Baştutanymyz Halkara atçylyk sport toplumynyň athanalaryny we türgenleşikler üçin niýetlenen meýdançany gözden geçirip, çapuw ýodalarynyň döwrebap sintetik toprak – politrek örtügi arkaly döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Ulanylyş häsiýetleriniň gowulandyrylmagy islendik howa şertlerinde at ýaryşlarynyň netijeliligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz nygtady. Bu ýerde ulanylýan çägeden we daşdan bolan ýörite garyndyly düşekleriň hili bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz ulanylýan hemme materiallaryň atlaryň aýaklarynyň gurluş aýratynlyklaryna laýyk gelmelidigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, behişdi ahalteke bedewlerimiz halkymyzyň milli buýsanjymyzdyr. Syratly we ýelden ýüwrük bedewlerimiz biziň günlerimizde hem toý-dabaralarymyzyň bezegi, türkmenleriň kalbynyň ganaty, hakyky buýsanjymyz we ylham joşgunymyz bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Halkara derejesindäki dürli çärelere, şol sanda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelýän daşary ýurt wekiliýetleriniň wekilçilikli düzümi hem behişdi bedewlerimize bolan gyzyklanmanyň uludygyna şaýatlyk edýär. Şu ýerde UNESKO-nyň baş direktory Irina Bokowanyň aýdyn sözlerini ýatlamak gerek. Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna baryp göreninden soň, ýokary wezipeli myhman ajaýyp we syratly ahalteke bedewleri hakykatdan-da, özboluşly täsinlik bolup durýandygyna göz ýetirendigini nygtady. Şol ýerde myhmana “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlary toparynyň çykyşlary görkezildi. Behişdi bedewler bilen duşuşyk örän tolgundyryjy häsiýete eýe boldy diýip, hanym Irina Bokowa belledi.
Ady äleme dolan ahalteke bedewleri ýaly, türkmen halylary hem milletimiziň baýlygy bolup durýar. Ata-babalarymyzdan miras galan ajaýyp halyçylyk sungatynda halkymyzyň dünýägaraýşy, pähim-parasady, milli pelsepesi şöhlelenip, onda türkmenleriň ruhy dünýäsi jemlenendir. Behişdi bedewlerimiz we nepis halylarymyz gadymy döwürlerden bäri köpleriň ünsüni özüne çekýär.
UNESKO-nyň baş direktorynyň ahalteke bedewlerini we türkmen halylaryny UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda aýdan teklibi munuň subutnamasy boldy. Ýene bir aýtmaly zat, ol hem Irina Bokowa milli sungaty dünýä bileleşigine ýaýmak işinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Janly rowaýat” atly kitabynyň möhüm ähmiýetini belledi.
...Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa durky täzelenen çapuw ýodasynyň ýanynda içki çapuw ýodasynyň yzygiderli ulanylýandygyny, onda türgenleşik işleriniň, synag çapyşyklarynyň alnyp barylýandygyny, olaryň bolsa ýanaşyk ýerleşen döwrebap çapuw ýodasyna ýaramaz täsiriniň bardygyna üns berip, şunuň bilen baglanyşykly işlere jogapkärçiliksiz çemeleşilýändigi üçin nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz her bir işe girişilende oňa düýpli, oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyny, ornaşdyrylýan täze ýörelgeleriň, kämil tehnologiýalaryň gadyr-gymmatyny bilmegiň hökmany talapdygyny belledi.
Şeýle hem milli Liderimiz çapuw ýodasyna täze häzirki zaman we ylmy taýdan esaslandyrylan örtüginiň düşelmegi bilen onuň derejesi ýokarlanýan we atşynaslaryň, seýisleriň, çapyksuwarlaryň degişli bahasyna laýyk gelýän bolsa, onda bu işleri ösdürilmelidigini Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň we welaýatlardaky aýlawlaryň çapuw ýodalaryna degişli örtügiň düşelmelidigini tabşyrdy.
Wise-premýer A.Ýazmyradow şu ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Halkara atçylyk toplumynda guralan çapyşyklarda döwrebap politrek örtügiň çapyşyk üçin örän ýaramlydygy tassyk edildi. Atçylyk ulgamyna degişli hünärmenleriň tassyklamagyna görä, şeýle örtükli ýodalarda çapýan atlaryň wagt görkezijisiniň 3-4 sekunt ýokarlanýandygyny, munuň özüniň ýokary netijedigini belledi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyza atçylyk pudagyny ösdürmek, ýurdumyzyň atşynaslary, beýleki hünärmenleri üçin ähli amatly şertleriň döredilmegi ugrunda yzygiderli alada edýändigi, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli döwrebap örtükli häzirki zaman çapuw ýodasynyň ulanmaga berlendigi üçin ähli atşynaslaryň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, wise-premýer çäksiz hoşallygyň we ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň çuňňur sagbolsunlarynyň nyşany hökmünde hormatly Prezidentimizden ýörite niýetlenen toý donuny geýip, täze döwrebap çapuw ýodasynyň derejesini bedew münüp barlap görmegi haýyş etdi.
Milli Liderimiz ajaýyp milli lybas bolan toý donuny geýip, Adylhan atly bedewe atlandy. Hormatly Prezidentimiz çapuw ýodasyna çykmazdan öňürti, bedew bilen maýdalyna gezim etdi. Soňra döwlet Baştutanymyz Adylhanyň jylawyny çapuw ýodasyna tarap burdy. Çapyksuwaryň emrine maýyl bolan bedew çapuw ýodasyny külterläp başlady. Hormatly Prezidentimiz bedewiň jylawyny öz erkine goýberdi. Ahalteke bedewlerine mahsus görnüşde süýnüp barýan Adylhanyň aýak urşy, joşguny belent boldy.
Milli Liderimiz çapuwy tamamlap, täze çapuw ýodasynyň ozalkylardan rahatdygyny, atyň çapmagyna oňyn täsiriniň bardygyny belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Gökderede ýerleşýän “Keýik” restoranyna geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz restoranyň işgärleri bilen söhbetdeş bolup, onuň mümkinçilikleri, bu ýerde hödürlenýän hyzmatlaryň, tagamlaryň görnüşleri, olaryň taýýarlanyş aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Işgärler netijeli işlemek üçin hemme zerur şertler döredilen şunuň ýaly häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelýän binada netijeli işlemäge döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu ýere gelýänleriň buýurmasy boýunça taýýarlanýan tagamlar we myhmanlaryň oňat dynç almagyny gazanmak maksady bilen, olara edilýän hyzmatlar bilen tanyşdyrdylar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti hökümetiň agzalary hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen çaý başynda iş saparynyň jemlerini jemledi we döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilýän işleriň derejesine, umuman, kanagatlanma bildirip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşyň ähli ugurlarynda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň giň gerimli gurluşykda öz beýanyny tapandygyny nygtady. Milli ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistanyň düýpden täze keşbi –ösüşiň, rowaçlygyň ýoly bilen baş maksadyna – ähli ugurlarda adamlaryň, jemgyýetiň, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmek bolup durýan maksadyna tarap ynamly gadam basýan ýaş Garaşsyz döwletiň täze keşbi kemala gelýär. Häzirki döwrüň esasy aýratynlygy diňe täze binalary gurmakda däl-de, eýsem, şol gurluşykda adamlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy, hünär we döredijilik taýdan ösmegi üçin amatly şertleri döretmegiň täze ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmagynda jemlenýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer S.Toýlyýewe ýüzlenip, çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini guramak üçin ähli şertleri döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ähli çagalar dynç alyş merkezlerinde tehniki howpsuzlyk boýugça gözegçiniň wezipesini girizmek barada tabşyryk berdi. Goşmaça wezipe birliginiň girizilmegi mümkin bolmadyk ýagdaýynda tehniki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça işleri çagalar sagaldyş merkezleriniň direktorlarynyň ýa-da olaryň orunbasarlarynyň üstüne ýüklemek bellenildi.
Milli Liderimiz Gökderede, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli wleaýatlarynlda ýerleşýän sagaldyş merkezlerini tomusky dynç alyş möwsümine doly taýýarlamak üçin ähli çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtap, welaýatlara gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna ýerlere baryp, çagalar dynç alyş merkezlerinde işleriň ýagdaýy bilen tanyşmagy tabşyrdy.
Türkmenistanlylaryň medeniýetli dynç almagy baradaky meselä geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganowyň hasabatyny diňledi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de adamlaryň göwnejaý dynç almagy üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň höwes bilen dynç almagy üçin döwrebap düzümleri kemala getirmegiň möhümdigini belledi. Ähli meseleleriň – desgalaryň ýerleşjek ýerini seçip almakdan başlap, olaryň gurluşygyndan we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmaga çenli ähli meseleleriň çözgüdine oýlanyşykly çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, , hormatly Prezidentimiz bu işe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerini çekmegi tabşyrdy hem-de bu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz ilatyň amatly dynç alşy bilen baglanyşykly meseläni dowam etmek bilen, Giňdiwaryň eteginde gurlan seýilgähiň aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň köpçülikleýin dynç almagy hem-de wagtlaryny şatlykly geçirmegi üçin darlyk edýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara paýtagtymyzyň günorta künjegindäki Konstitusiýa binasy bilen “Älem” medeni dynç alyş merkeziniň aralygynda gurulmagy göz öňünde tutulýan seýilgäh toplumynyň taslama işlerini çaltlandyrmak barada zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, döwlet Baştutanymyz täze seýilgähde adamlaryň we körpeleriň amatly dynç almaklary, olaryň wagtlaryny peýdaly hem-de şatlykly geçirmekleri üçin ähli zerur düzümleriň üpjün edilmelidigini, seýilgähde söwda, hyzmatlar ulgamyna degişli düzümleriň, oýun merkezleriniň döredilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz şeýle hem halkymyzyň dynç alyş şertlerini döretmek, bu ugra degişli döwrebap desgalary bina etmek işleriniň Gökderede we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dowam etdiriljekdigini belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy Ş.Durdylyýewiň hasabatyny diňledi. Wise-premýer Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli durky düýpli täzelenen “Aşgabat” seýilgähiniň, şeýle hem türkmen paýtagtynyň nyşany boljak Sütüniň açylyşyna görülýän taýýarlyk barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ak mermerden paýtagty - “Ak şäher Aşgabady” alamatlandyrýan Sütüni atlandyrmak barada teklipleri Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze desganyň we durky täzelenen “Aşgabat” seýilgähiniň açylyş dabarasyna ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi we bu dabaralaryň agzybirlikde, maşgala agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilse maksada laýyk boljakdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak meseleleriniň üstünde durup geçdi. Hususan-da, milli Liderimiz bu ýere ýygnananlaryň ünsüni seýilgäh toplumlarynyň gurluşygyna, gök zolaklaryň döredilmegine çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet baştutanymyz ýer gurluşynyň dizaýny babatda dünýä tejribesini öwrenmegiň derwaýysdygyny nygtap, ony ýurdumyzda ornaşdyrmak mümkinçilikleriniň nazara alynmalydygyny aýtdy. Her bir taslama işlenip taýýarlananda we amala aşyrylanda ähli zatlara toplumlaýyn çemeleşmek möhümdir. Ozaly bilen, estetika we ekologiýa ugry we elbetde, täze guruljak desgalaryň niýetlenen maksady ýaly möhüm ýagdaýlara üns bermek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara türkmen paýtagtynyň durmuşynyň iş depginlerini we raýatlaryň amatly durmuş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen şähergurluşyk syýasatyny amala aşyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bu ugurda alnyp barylýan işler häzirki zamanyň ýokary talaplaryna gabat gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdanlaryny jemlemek bilen, şu günki gozgalan ähli meseleler eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi we türkmen halkynyň abadançylygy baradaky aladalardan gözbaş alýar diýip belledi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli giň gerimli işler aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.