Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Latwiýa Respublikasynyň daşary işler ministri jenap Edgars Rinkewiçsi kabul etdi.
Belent mertebeli myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinşiň şu ýyl Latwiýa Respublikasyna gelip görmek baradaky çakylygyny gowşurdy we milli Liderimize hem-de tutuş türkmen halkyna bagt, parahatçylyk, abadançylyk we garaşsyz ösüş ýolunda täze ajaýyp üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda Latwiýada Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň okgunly ösüşine we ägirt uly üstünliklerine üns bilen syn edilýär hem-de dünýäniň köp ýurtlary ýaly, bu döwleti hem Türkmenistan bilen söwda-ykdysady we medeni- gumanitar ulgamlarda uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegiň meýilleri baglanyşdyrýar. Milli Liderimiz Latwiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyny mähirli garşylamak bilen, dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy, bu ýurt bilen bolsa umumy bähbitlere laýyk gelýän köpugurly oňyn gatnaşyklar ýola goýuldy.
Häzirki taryhy döwürde täze ösüşe eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Latwiýa Respublikasynyň daşary işler ministri ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň Ykdysady, senagat we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň netijeli işi bilen bilelikde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn – iri halkara guramalarynyň we sebit düzümleriniň, hususan-da, BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde üstünlikli ýola goýlan türkmen-latyş gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmäge hem-de pugtalandyrmaga kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy barha işjeň häsýetde ýola goýulýan Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde, şol sanda Latwiýanyň 2015-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşinde başlyklyk etmegi bilen baglylykda gatnaşyklarynyň geljegi baradaky meseleler söhbetdeşligiň aýratyn ugry boldy.
Latwiýanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň durnukly ýokary depginlerini görkezýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge ägirt uly gyzyklanma bildirýändigi barada aýtmak bilen, myhman strategiki ugurlaryň birnäçesi, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljegine ünsi çekdi, Türkmenistan kuwwatly ykdysady we serişdeler mümkinçiliklerine eýe bolmak bilen bu pudaklary ýokary depginlerde ösdürmäge ilkinji derejeli üns berýär.
Gury ýerde hem, deňizde hem häzirki zaman ulag düzümlerine eýe bolan Latwiýa Respublikasynyň baý tejribesi giň halkara ulag ulgamyny döretmek boýunça başlangyç bilen çykyş eden hem-de bu taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan üçin uly gyzyklanma döredýändigini nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlardan gelip gowuşýan ähli teklipleri içgin öwrenmäge taýýardygyny belledi.
Taraplaryň belleýşi ýaly, bilim ulgamynda, hususan-da, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamakda we iki ýurduň hünärmenleriniň tejribe alyşmaklaryny guramakda türkmen-latyş hyzmatdaşlygyny giňeltmek mümkinçiliklerine uly gyzyklanma bildirilýär.
Latwiýa Respublikasynyň daşary işler ministri Edgars Rinkewiçs hoşlaşanda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döreden mümkinçiligi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary belentliklere tarap ynamly öňe barýan Türkmenistanyň dostlukly halkyna ösüş we abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdy.
Duşuşyga Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Igors Appokins gatnaşdy.
*** Şeýle hem şol gün Latwiýa Respublikasynyň daşary işler ministri Edgars Rinkewiçs ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda Türkmenistanyň Hökümetinde, Mejlisinde we Daşary işler ministrliginde duşuşyklary geçirdi, olarda döwletara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümiknçilikleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Latwiýanyň Daşar işler ministrliginiň ýolbaşçysy saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň öňünde çykyş etdi.