Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Bahreýn Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Raşid Saad Dhaffer Al Doseriden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentňi ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany öz ýurdunyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň baştutanlygyna bellenmegi bilen gutlady we iki ýurduü arasynda deňhukuklylyk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýaly asylly işde uly üstünlik arzuw etdi.
Türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, diplomat Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belledi.
Jenap Raşid Saad Dhaffer Al Doseriniň belleýşi ýaly, Bahreýn Patyşalygynda türkmen Lideriniň alyp barýan işjeň syýasatyna we parahatçylyk, durnuklylyk we ählumumy abadançylyk esaslarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýär we olar uly goldawa eýe boýlar.
Duşuşygyň barşynda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary we içeri syýasatynyň esasy ugurlary, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan we halkymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine hem-de işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň barşy bilen tanyşdyryldy.
Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady ugurda bolşy ýaly, medeni-gumanitar ulgamda uzakmeöhletleýin hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçilikleri esasynda iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki ýadaýy we geljegi barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
Parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygynyň geljegini nazara almak bilen kanunçykaryjylyk babatda tejribe alyşmak, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa iri halkara guramalarynyň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler gürrüňdeşligiň esasyny düzdi.
Şunuň bilen baglylykda, jenap Raşid Saad Dhaffer Al Doseri ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, iki ýurduň we onuň halklarynyň bähbidine hemmetaraplaýyn laýyk gelýän asylly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Şeýle hem şu gün ilçi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlaryndaky köp derejeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.